19:44 Agdarylýan sahypalaryñ täsiri / esse | |
AGDARYLÝAN SAHYPALARYÑ TÄSIRI
Hekaýalar
Bir «başganyň sözüne» duş geldim: «Hiç bolmanda, sözleriň ýazylyş düzgünini bilmek üçin hem kitap okamaly». Agdarylýan sahypalaryň owazyna diň salyp gördüňizmi?! Onuň owazyna düşünmek sözleriň dogry ýazylyşyna akyl ýetirmekden alynýan lezzetden has ýokary. Öň estrada aýdymlaryny diňläp ýören oglanlaryň biri bir ýola gojalaryň pendine eýerip (Sahy Jepbary diňlemek pendi), Sahy bagşyny diňläp başlandygyny, oňa düşünmegiň düşürýän täsirini nähili düşündirjekdigini hem bilmeýändigini aýdypdy. Men onuň ahwalynyň juda çynlakaýdygyna düşünsem-de, onuň düşünen ahwalyna düşünemok. Ýöne sahypalaryň owazy hem meniň üçin iň bir ýakymly heňleriň biri. Gaýtadan okamakdan alynýan lezzet bolsa, esseläp artýandyr. Sekiz ýaşymda okan kitabymy gaýtadan okadym. Aňymda kitapdaky wakalar bilen sekiz ýaşymdaky wakalar, ýagny şol kitaby öňki okan wagtymdaky hem häzirki okaýan wagtymdaky ahwallar utgaşyp, üýtgeşik sazlaşyk döretdi. Sekiz ýaşda setirleri barmagym bilen yzarlap oturyşym, diňläp oturanlar ilki hyýalymda, soňra göz öňümde peýda boldy. Ondan soň, ilki kitabyň ýüzündäki barmagym sekiz ýaşly çaganyň barmagyna öwrüldi... Soňra onuň özi hem peýda boldy. Hawa, kitap wagtyň perdesini syrýar. Ynha, kyrk ýyl töweregi wagt aralarynda ýatan pursatlar bir müddete öwrüldi. Alty ýaşly jigim ol kitapdan ýat tutan goşgusyny aýdyp berýär: «Gyratymy nirde goýduň? Tap basym, deriňi soýdum...» Hawa, ol kitap «Görogludy». Kakam ýaňy bir hat okamaga ezberläp ýören oglunyň kitap okaýşyny diňläp otyr, belki-de, haýal agdarylýan sahypalaryň sesine gulak asýandyr. Bu-da ugrunda ýok däl. Ýöne ol gulak asyp oturyşyna, özüniň 16 ýaşyndaka «Göroglyny» okan döwrüne giden eken. Ýa-da başgaça aýtsak, wagtyň ýene bir perdesi syryldy. 8 ýaşly we 45 ýaşly men, şeýle-de 16 ýaşly kakam hem 50 ýaşly kakam bir ýere jemlenip, bir kitaby okap hem diňläp otyrys. Bir tarapky diwardaky senenamada — 2019, beýlekide — 1982, üçünji birinde — 1948, hawa, özem 5-nji oktýabr, giçlik. Ol gün 16 ýaşly kakam goňşulara «Göroglyny» okap berip, gije ýarymdan agansoň öýe gelip, daşarda salnan düşeginde ýatar. «Görogly» ony haýhat gününde halas eder... Kitabyň başynda uklap galyp, düýş görýändirin öýtdüm. Ýok. Ýüz göterim düýş-ä däl bu. Huşdaky düýş öýdýän. Belki, bu, hakykatdanam, kitapda jemlenýän güýjüň alamatydyr?! Ýene-de agdarylýan sahypanyň sesi... Diňe ses däl, täsirini diýsene onuň! Onda diňe göz bilen görülýän, barmak bilen duýulýan sözlerden, beýni bilen alynýan manydan başga-da aňladyp bolmaýan güýç hökman bolaýmaly. Wagtyň perdesini syrýanlygyna-ha özüm şaýat. Gör-ä muny, ýene-de ol meni çagalygyma alyp gitdi... Toý-tomgularda ulularyň «tur-otur, kersen getirine» ýarap başlan uçurlarymyz... Obada bir üýşmek bolsa, goňşy obalaryň birinden bir batyl adam gelerdi. Sapar kör diýýärdiler oňa ulular. Meniň üçin bolsa ol kitap okamagyň çyn ussady bolup aňymda galypdyr. Göz öňümden gidenok. Bir gezek ol märekäniň hyň berýän otagynda, adamlaryň haýyşy bilen, goşgy okamaga razylyk berdi. Ýöne munuň üçin oňa okar ýaly kitap bermelidi. Şol hojalykdan welin, birinji synpyň «Harplygyndan» başga kitap tapylmadyk borly. Ol «Harplygy» elinde başaşaklygyna tutup oturyşyna, ol kitapdan «Turgul diýdilerden» başlap, «Ýeldim tuta» çenli şeýlebir goşgulary okady. Heý, goýaý! Elinde kitap bolmasa welin, eger-eger, beýle şygyrlary diňlejek gümanyň bolmaz. Şondaky agdarylýan sahypalaryň sesi şindem gulagymda ýaňlanyp dur. Häli-häzirem şol «Harplyk» kitabynda Magtymgulynyň şygyrlarynyň dolulygyna ýerleşdirilendigine ynanasym gelip dur. Ýeri, onsoň munda gudrat bardygyna neneň ynanmajak?! ...Agdarylýan sahypalaryň owazy, gör, nämeler bilen sazlaşýar: «Kitaplar hem edil paraşýutlar ýalydyr, açylmasa olardan saňa hiç hili peýda bolmaz». Agdarylýan sahypalaryň täsiri barada ýazyp oturyşyma, ýene bir täsin ýagdaýa üns berdim. Kagyz ýüzünde ýöreýän galamyň hem maýyl ediji owazy hiç neneň däl eken. Galyberse-de, bu gudratly owaz ak kagyza aýratyn bir gymmatlyk bagyşlap bilýän ahwal. Ynanaňzokmy?! Onda häzirki goýuljak nokatdan soňraky tymsaly ýandepderçäňize göçürip görüň, ýöne şonda sahypanyň ýüzünde ýüzýän galamyň owazyna diň salyň. ...Iş stolunyň üstünde ak kagyzlar üýşüp ýatan eken. Ýöne günlerde bir gün olaryň biriniň ýüzi tutuşlygyna çyzgylardan, harplardan, belliklerden, nokatlardyr tersoturlardan dolupdyr. Kimdir biri eline hat ýazmak üçin niýetlenilen ýelegi alyp, ony hem syýa batyryp, kagyzyň ýüzüni sözlerden, çekilen suratlardan dolduran bolarly. — Meni görlüp-eşidilmedik beýle kemsidilmelere sezewar etmek seniň nämäňe derkar boldy? Seniň ýuwup aýryp bolmajak syýaň meniň päkligimi haraba çykardy. Bu halda men indi kime gerek?! — diýip, kagyz dert-eleme eýlenip, stoluň üstünde duran syýadana ýüzlenipdir. Syýadan oňa sypaýyçylyk bilen şeýle diýipdir: — Beýle darygyberme. Sen asla kemsidilen hem dälsiň, aklygyňa şek hem ýetirilen däldir. Saňa diňe gerekli ýazgylar edilendir. Indi sen eýýäm diňe bir bölek kagyz dälsiň, ýazylan namasyň. Mundan beýläk sen ynsanyň pikirini özüňde jemleýänsiň. Seniň asyl wezipäň we beýik gymmatlygyň hem hut şundadyr. Syýadan mamla-da bolupdyr. Iş stolunyň üstüni tertipleşdirip ýören adam başly-barat dagaşyp ýatan, saralyp ugran kagyzlary görüp, olary ýanyp duran peje atmak üçin üýşüripdir. Birdenkä hälki «hapalanan» kagyzda onuň ünsi eglenipdir. Beýleki kagyzlary zyňsa-da, adam ýüzüne syýa bilen bellikler edilen kagyzy, paýhasyň ýollan namasy hökmünde aýap saklamak üçin stoluň çekmesinde ýygşyryp goýupdyr. Orazmyrat MYRADOW. | |
|
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |