21:28 Düşünişmek | |
DÜŞÜNIŞMEK
Edebi makalalar
Bir kitapda-ha okapdym: bolgarlar ylalaşýandyklaryny aňlatjak bolanlarynda, başyny atmaga derek, kelle ýaýkaýarmyşynlar… Bagşy diňläp oturyşyna, gaba telpekli kellesi bilen tükeniksizlik alamatyny (∞), ýagny, kese ýatan sekizligi yzygiderli ýazyp oturan gojanyň keşbi ýokarky maglumaty ýadyma saldy. Bu janköýerlik diňe bir sessiz, kese sekizlik ýazylmasy bilen aňladylman, eýsem, mahal-mahal «wah», «hymmm» diýen ýaly ümlükler, «How diýdim, bagşy!», «Ömrüň uzak bolsun!» ýaly alkyş sözleri bilen hem aňladylýardy. Men öz ýanymdan: «Düşünýäniňki bir başga-da» diýip oýlandym. Soňra ýene şol başky baş ýaýkaýan bolgar sebäp boldumy, nämemi, bu jümläniň bir-iki bognuny artdyryp hem içimden gaýtalap gördüm: «Düşünişýänleriňki bir başga-da». Dogrudan-da, düşünişmek, bir-birege düşünmek bilen garamak gowy zat bolmaly. Aňladylan alamatlara dogry düşünmek, manysyny dogry tirmek üçin, diňe bir dil babatda däl, eýsem, ähli zat babatda hem dilmaç gerek. Meniň aýdan pikirime garşymdakynyň baş ýaýkamagy, asyl, hemme kişi babatda inkär etmek bolmaýar eken. Munuň ylalaşmak hem bolup bilýändigini düşündirýän dilmaç lazym. Birinji jümledäki maglumaty okan kitabym hut şu babatda dilmaç — terjimeçi bolupdy. Niýetim düşünişmek barada ýazmak ýalydy welin, terjimeçilige syrygyp barýarmy? Barybersin bakaly, belki-de, bir dilmaç jümle tapylar-da, temany ýene öňki ugruna terjime eder goýberer... Aşyrberdi Kürt-ä: «Käbir zady türkmençeden türkmençä-de terjime etmeli bolýar» diýipdi bir ýola. Ol muny tagaşyksyz edilen terjime babatda aýdypdy. Arada belli ýazyjy Atajan Tagan bilen söhbetdeş bolanymda, aramyzda terjimeçä zerurlyk ýüze çykdy. Onuň gulagy agyrrak bolansoň, söhbet diňe bir taraply bolaýýar köplenç: ol aýtjagyny aýdýar-da, sen aýdyp ýetişmänkäň ýa-da aýdanyňy eşitmän, gürrüňi jemläp goýberýär. Şol gezek welin, men janygyp bir sowaly 3-4 gezek gaýtalanymdan soň, öz ýagdaýyna maňa görä has beledräk bolan Aýdogdy aga garap: «Terjime edip ber!» diýdi. Terjimeçi meniň aýdanlarymy dilden-dile däl-de, sesiň zarply äheňinden pessaýja äheňe öwürdi welin, goja bilen düşünişdik oturyberdik. Oýun — oýun, çyn — çyn bolýar. Gulagy agyr adam bilen düşünişip bolar, emma käte ýüzi agyr adam bilen düşünişmek çetin bolýar. Şonuň ýaly ýagdaýlaryň hem käbirinde ýakymly ýylgyryş terjimeçiniň roluny ýerine ýetirip, söhbetdeşiň ýüzünde-de ýylgyryş döredip biler. Ýöne ýüzi ajylyk bilen suwalan ýaly käbir kişi babatda bolsa beýle terjimeçiden delalat ýetmez. Hatda «Salam» sözi hem oňa barýança «samahylla» öwrülip biler. Emma çynymyz bilen içki dünýämizden gözlesek welin, her birimizde-de janly-jandarlaryň diline düşünen Süleýman pygamberiň bu ukybyndan belli bir ülüşjik bar bolsa gerek. Bir gezek şaýat bolan bir ýagdaýymy aýdaýyn: oglankak, tomus paslynda Gäwersiň düzüne garpyz ýygmaga gidipdik. Birdenkä uzalyp gidýän joýalaryň aňry başyndaky bagyň töwereginde serçeleriň howsala bilen jürküldeşip, ýokary galyp, aşak inip, pelesaň kakýanyny gördük. Şol ýerde duranlaryň hiç biri üçin guş dilinden adam diline öwürýän dilmajyň hyzmaty zerur bolmady. Olaryň: «Howp abanýar, kömek ediň!» diýen çagyryşy hemmämize düşnükli boldy… Şahyr Azat Rahmanow bilen bir redaksiýada işleşmek nesip edipdi. Bir gezek ol gazetiň täze çapdan çykan sanyna syn bermek bilen bagly geçirilýän ýygnakda gürrüňiniň arasynda özüniň synap gören hem-de hakykatdygyna göz ýetiren şeýle bir maglumatyny aýtdy: «Säher bilen ýaňy açylyp barýan bägül gunçasyny mähir bilen öpseň, ol edil adam diline düşünýän ýaly, emaý bilen açylyp başlaýar». Men muny synap gördüm diýsem, ýalançy bolaryn. Ýöne miwe getirmedik erik agajyna palta görkezip, abaý-syýasat etseň, geljek ýylda miwe getirmäge başlaýarmyş (Beýle usul bilenem erik iýip, agzyň süýjemese gerek. Ajydäne erik hem, belki, şeýle ajaşmagyň miwesidir) diýen gürrüňi-hä eşidipdim. Ýöne bagy bilen ümmüldeşip, onuň tarypyny hem idegini ýetirip ýören bagban hakdaky gürrüň gulagyma has ýakymly eşidilýär. Daragt üçinem şeýle bolsun gerek. ...Çagakak, bir multfilm bolardy. Soň görüp otursam, ol Jelaleddin Rumynyň bir tymsaly esasynda taýýarlanan eken. Ony men dolulygyna getirmäýin. (Sebäbi ol daşky sahabyna «Jelaleddin Rumy» diýlip ýazylan, hemişe çep gursakdaky jübiňde göterseň hem, agram bermejek kitabyň 79-njy sahypasynda bar). Onda hersi bir milletden bolan dört adam ortalyk pula diňe özleriniň iýesi gelýän zadyny almak isleýändiklerini aýdyp dawalaşýarlar. Emma olaryň ählisiniň hem isleýäni şol bir zat. Dilleri başga-başga bolansoň, düşünişip (hälki barybereli bakaly, bir dilmaç jümle tapylarda diýýän sözlemim öýdýän şu) bilenoklar. Wah, şol wagt käbir zady türkmençeden türkmençä hem terjime etmeli bolýanlygyny aýdýan Aşyrberdi Kürt ýaly, Atajan aga ikimizi düşünişdiren Aýdogdy aga ýaly, serçäniň diline düşünip, kömege ylgan şo-ol oglanlar ýaly, bägül bilen düşünişip bilen Azat aga ýaly, hiç bolmanda, baş ýaýkaýan bolgar hakynda okan kitabym ýaly dilmaç bolan bolsady... Orazmyrat MYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |