ERTIRIÑ IŞIGI / pikir ýöretme
Aforizmde şeýle diýilýär: «Düýn — seniň galan ömrüň ilkinji güni, ertir — galan ömrüň üçülenji güni». Ýeri, men bu sözleri nireden okaýypdyryn?! Bir enaýy halym bardy. Öň men öz monolojygym bilen gümra bolar oturardym. Indi welin, ine, galdym bir derde. Ol monologlarym hem indi dialoglara öwrülip barýar. Söhbetdeşim hem anyk keşbe aýlanyp barýan Onuň Alyjenaby Aforizmler.
«Düýn sen «Ertir» diýipdiň. Seniň ol diýýän ertiriň eýýäm-haçan şu gün boldy. Basym ol düýn bolar. Sen bolsa entegem şol ýaýdanjyrap, garaşyp ýörsüň. Sen indi «ertirsiz» «şu güne» ýetýänçäň şeýtjek ýörjekmi?»
Käýinmesene-how! Ýumruk ýaly bolup, üç sözüň başyny çatýaň-da, depämden injek bolup dursuň-aýt! Seni emele getiren hem meniň özüm ahbetin, ýeri, seni okamadyk bolsam, sen beýle şekile gelip, ekezlenmezdiňem, meni beýdip, burja gabap, gysaja-da salmazdyň. Menem-ä şol ertiriň gelerinden bihabar galmajak bolup, dert-azar, onuň işigi açylaýýança-ha başymy ýassyga goýamok. Kakylýan gapynyň tyrk-tyrkyny eşidip, ondan soňra birneme arkaýynlaşýan.
«A-how, onda kakylyp-kakylmaz ýaly, asla gapy ýapylmasa näme, açylyp-açylmaz ýaly, hiç hili işik bolmasa näme?!»
Onda-da her gezek ukudan oýanyp, gözümi açyp, aýna garasam, kimdir biri gelip, ýüzüme bir gasyny artyk salyp giden ýaly, saçymyň tarlaryny aga boýap giden ýaly bolup dur. Her saba örenimde bedenimiň kem-kemden garraýyş hadysasyny hem duýýaryn. Mürşerýän hamymyň jyzlanyň sesinden hem müňlerçe esse pessaý, ölügsije çykýan «jytyrdysyny» hem eşidýärin. Ýylak ýalyjak bolup dürterip çykýan, sakalymdaky ak tüýjagazlarym hem, göwnüme bolmasa, ýygrylýan hamymy böwsüp çykmak üçin çytraşmaly bolýanlygy zerarly agarýan ýaly.
Bu dialoga meňzeş sessiz monologdan, ýagny içgepletmeden ünsümi sowjak bolup, gijeki hemdemim gündeligimden haraý isledim. Ony elime alýaryn welin, pelegiň çarhy yzyna aýlanýan ýaly duýgy döreýär mende. Baryp-ha 2011-nji ýylda şu aşakdaky maglumaty okap, ony özüm üçin täsin bir zat hökmünde bellik edip goýupdyryn: «Üç alma biziň dünýämizi özgertdi:
1. How enäniň behiştde agyz uran almasy.
2. Nýutony hyýallardan aýňaldan alma.
3. Stiw Jobsuň gözüne ilen alma».
Bu ünsümi sowmakdan geçen, gaýta içgepletmeleriň has-da möwjemegine getirdi. Beh, diňe şu üçüsi bilen çäkleniläýjekmikä?! Belki, dördünji alma-da bardyr. Ähtimal, şu pursat sapagyndan tänjek bolup durandyr (Ham-hyýallara has çuňňur çümäýdim öýdýän. Hamala, alma agajynyň aşagynda oturan ýaly bolup, ýalt edip ýokaryma garandym). Belki-de, «geljek» manysyndaky ertiriň işigini açjak ýagdaý hem şol dördünji almanyň tapylmagyndadyr?!
«Alma alma agajyndan daşa düşmez» diýen nakyl ýadyma düşüp, Stiw Jobsuň oýlap tapan almaly kompýuterinde şu ýazgylary ýazyp oturyşyma, «Dördünji alma barada çynlakaý oýlanmaly» diýen karara geldim. Gör-ä bu bolýan zady?! Şeýle netijä geldimem welin, taýagyň ikinji ujy ýadyma düşdi (Bu ýere taýak nireden geldi diýsene, ýaňky alma agajyndan alnaýdymyka? Hälki bir ýöne metafora-la bu), ýagny almaly ikinji bir maglumat öňümden çykdy: çaganyň eline bir alma berseň, begenýär, ikinji, üçünji almany berseň, has-da begenýär. Emma dördünji almany berseň welin, ol onça zady elinde saklap bilmän, hemmesini elinden gaçyryp, izläp aglamaga başlaýar.
Ýa-da dördünji alma artykmaç bolaýarmyka?! Garşylyklaýyn şu pikirler aljyradyp ugrady welin, hernä, wagtynda Bernard Şou kömege geläýdi (Özi däl, ol «geçmiş» manysyndaky düýnde galdy. Onuň aýdan bir aforizmi öňümden çykdy): «Eger sizde bir alma, mende-de bir alma bolup, biz almalarymyzy çalyşsak, onda sizde-de, mende-de bir almalygyna galýar. Emma eger-de sizde bir pikir we mende-de bir pikir bolup, özara pikir alyşsak, onda biziň her birimizde iki pikir bolýar». Belki-de, bu üç ýa-da dört pikiriň peýda bolmagyna getirer. Şu maksat bilen hem bu pikiri size ýetireýin diýdim. Islendik ýetilen dereje hem owalynda pikirdi diýilýär ahbetin. Ähtimal, dördünji alma hakdaky pikirlerimiz hem maddylaşar... Pikirlerden çykalga tapyp berenligi üçin ýazyja minnetdar bolanym hem şoldy welin, ertiriň işigi kakyldy. Aslynda, bu babatda kakylyp-kakylmaz ýaly, ol asla ýapylmaýan hem bolmagy mümkin. Açylyp-açylmaz ýaly işigiň hem ýok bolmazlygy-da mümkin. Garaz, ertekilerdäki ýaly bir jadyly güýç bilen, galan ömrüň üçülenji güni bolan ertir şu güne öwrülip başlady — daňyň golaýlanlygyny bildirip, gijäni alma agajynda irkilip geçiren guşlar jürküldeşip ugradylar...
Orazmyrat MYRADOW,
«Nesil».
Sözler