GÖZLERINDE AÝ GÖRÜNÝÄN OGLANJYK
Oglankak iň bir garaşylýan günleriň, gelmegine howlugylýan gijeleriň biri ýaremezan aýlanylýan gijedi. Garaşylan bir ýylyň, umuman, nädip geçip gidenligini känbir aňşyrmasaň hem Oraza aýynyň gelenligini buşlaýan täze Aýy görjek bolup, kybla tarapa garap duran pursadyň welin soňy gelmejek ýalydyr. Dagdan aşyp, garasyny saýlap gidibermelidir welin, Günem çekilen suratdaky ýaly, asyl-asyl bolup durandyr asmanda. Hamana diýersiň, ol özüne garap duran çagalaryň bakyşyndan lezzet alýan ýalydyr. Olaryň gözlerinde ýaşamak isleýän ýalydyr. Sen welin, basymrak Aýy görüp, esli wagt bäri sahna perdesiniň arkasynda aýtjak sözlerini gaýtalaýan artist ýaly, gaýtalap-gaýtalap, ýat tutan ýaremezan goşgyňy aýdyp, ýörite tikilen torbaňy alyp, mukaddes aýyň başlanyny buşlap, goňşy-golamlara aýlanmaga gyssanýansyň. Ahyry gözüň bilen Günüň iň soňky çyrazlaryny hem ugradarsyň. Iňrik garalyp ugrar. Aý welin: «Ine, men bärde» diýip görnübermez. Görmeseňem: «Ýokarda bir Aý bar» diýip, belent sahnadan zowladybermäge ýaşulular rugsat bermez. Ahyry gözi ýiti çagalaryň biri görer-de: «Aý gör-ee-en!» diýip gygyrar. Onuň barmagyny uzadýan ýerine gararsyň, siňe syn etseň, dilkawja bir zat görünýänem ýalydyr. Emma onuň täze dogan Aýdygyna 100 göterim ynamyňam ýokdur. Onda-da deň-duşlaryňa goşulyşyp, senem ýaremezan aýlanmaga başlarsyň.
Bu bir ýöne gepbaşy — giriş boldugy-la. Bularyň ýazylmagyna, ýagny oýlanma hyrlysynyň peltesini otlap goýbermäge, ine, şu aşakdaky sözler sebäp boldy. Ony gündeligimde edilen senesi bilen bile getireýin: «30.11.13. Düýn Mähek ejesine: «Eje, gözlerimiň içinde özüňi görýäňmi?» diýip sorag berdi. Ýaňy bu tema gaýdyp geldik. Gyzym: «Kakamyň gözünde kitap görünýär» diýýär. Ol ýaňy Puşkiniň goşgular kitabyny alyp gelip: «Okap ber!» diýdi. Men bir-iki sany goşgy okaýançam, gözüme sereden bolmaly-da... Umuman, «gözleriň içinde kitap görünýär» diýen jümläniň uly bir eseriň girişi bolup bilmegi hem mümkin...».
Munuň esere giriş boljagyny-bolmajagyny-ha bilemok, ýöne ol kiçijik ýazgynyň ýazylmagyna-ha sebäp boldy. Bu gürrüňiň yzy kitap bilen bagly söhbede-de sapyp gidip bilerdi. Emma beýnimiň içinde okkessirme geçýän pikirler kellämiň diwarlaryny sarsdyryp, başga heňde ýaňlandy. Näme üçindir, şol birwagtky Aý görjek bolup, kybla garap durşumyz ýadyma düşdi. «Wah, şol wagt biri-birimiziň gözümize sereden bolsak, belki, kybla garap duran oglanlaryň biriniň gözünde Aý görnerdi» diýen bir geň pikir döredi. Emma ol döwürler mekdepde uzakdaky asman jisimlerini-de ýörite gurallarsyz, ýöne göz bilen görmegiň mümkin däldigini öwredýärdiler ahbetin. Emma asmanda aýlanyp ýören Aýy, aňyňda üşügiň bolmasa, haýsy ýana garamalydygyny bilmeseň, ýaraglanan göz bilen hem görüp bolmasa gerek. Teleskopa nähili çemeleşmelidigini bilmän, uzakdaky asman jisimini il ugruna «görýän» diýen okuwçylar ýaly. Haýsy okuwçylar diýýäňizmi? Tymsaldaky okuwçylar. Ony men «Üstünlikli adamlar nähili pikirlenýärler?» atly kitapdan okapdym:
Kolone uniwersitetiniň genetika bölüminiň mugallymy Benno Mýuller-Hill mekdep okuwçysyka bolup geçen bir ýagdaýy ýatlaýar. Ol mekdebiň howlusynda 40 adamdan ybarat nobatyň iň ahyrynda duran eken. Fizika mugallymy okuwçylaryň planetalaryň birini we onuň hemralaryny görüp bilmegi üçin teleskop gurnapdyr. Nobata duran çagalar ýeke-ýekeden teleskopda täsin asman jisimlerini synlamaly eken. Ine, okuwçylaryň ilkinjisi teleskop arkaly asmana garaýar. Mugallym okuwçydan görenini-görmänligini soranda, çaga gözüniň kütekligini bahanalap, görüp bilmänligini aýdypdyr. Mugallym oňa teleskopy nädip sazlamalydygyny düşündiripdir, onsoň oglanjyk ahyry planetany hem onuň hemralaryny görendigini aýdypdyr. Okuwçylar biri-biriniň yzy bilen teleskop arkaly göge bakyp, hemmesi görülmeli zatlary aýan görendiklerini aýdypdyrlar. Ahyry nobatyň iň yzyndan ikinji bolup duran okuwçy teleskop arkaly, näçe jan etse-de, hiç zat görüp bilmeýändigini duýdurypdyr.
– Ilki ony sazlamaly ahyry – diýip, mugallym oňa azgyrylypdyr.
Okuwçy mugallymyň öwredişi ýaly etjek bolsa-da başarmansoň, teý-ahyr boýun alypdyr:
– Barybir, men hiç zat göremok. Diňe gapgaraňky bolup dur. Gazaplanan mugallymyň özi iň soňunda teleskopyň ýanyna baryp, ondan asmana seredipdir: Ol başyny galdyranda, ýüzünden geň galmak alamaty duýlup duran eken. Asyl, teleskopyň öň tarapyndaky gapak aýrylmadyk bolsa nätjek!
Häli-häzirem meniň göwnüme şol oglanlyk döwrümizde Aýy ilkinji bolup görüp bilmezligimiziň sebäbi gözümizdäki güman perdesini aýyrmanlygymyz üçin ýaly bolup dur. Pikirlenip oturyşyma kompýuterimiň ýüzüniň garalyp gidenligini gördüm. Onuň ekranynda gözlerime gowy saýgartmaýan, kölege pisint şekilime garap pyşyrdadym: «Wah, şol wagt biri-birimiziň gözümize sereden bolsak, belki, kybla garap duran oglanlaryň biriniň gözünde Aý görnerdi. Umuman, gözlerde eje görünse, kitap görünse, Aý görünse, gör, nähili gowulyk! Onsoň gypynç etmän, «Aý gör-ee-en!» diýip zowladyberseňem bolar».
Orazmyrat MYRADOW.
Edebi makalalar