15:24 Sedasyz söýgi / goşgular | |
SEDASYZ SÖÝGI
Goşgular
Meňzäp göz çen bilen biçilen dona, Dört tarapym kerepläpdir wadalaň. Pikirlerim kalba berýär göwünlik, Entek zyýan çekeni ýok sadalaň. Soňlanmadyk sabyrymyň dowamam Boldy oksuz ýaýa dönüp perwaýsyz. Şumy, seniň synaglaryň ölçegi, Ýyllaň gujagynda gaýýaň perwaýsyz. Typyp tapmaçalar meýdançasynda, Bildim, dosty bolmaz eken dogrynyň. Näm üçin jepany diňe men çekýän, Jezasy bolmazmy jiger ogrynyň?! Tigirlenip Güneş arşyň ýolundan, Şol ýanyp ýör keçpelege edip syn. Düýşlerimem suwsaýar seň mähriňe, Geçýär armanyma güwä günler kyn. Saýawanym dürtüp oýnan ýagyşam Talaň salýar tala daňlan tamama. Alyslardan güýz bulaýar gollaryn, Ýene sensiz gelmek üçin salama. * * * Peýdasy ýok, kalpda soltan bolanyň, Ýürekdäki sargydymy okap git! Kesmek üçin boş hyýally arzuwym Çitip başlan halyň doly dokap git! Dönüp galma ýüzi güllän çörege, «Haý» diý, kejirligi boýlan ynsaba. Güýz gelipdir, a sen näme geleňok, Näçe wagt sabyr gerek ynsana?! Güýz günleri dörüp köne süreni, Küýsänimi guýup gaýtsyn aňyňa. Has uzaldy aýralygyň tymsaly, Dolanara wagt boldy ýanyma. Güýz günleri geleriňe garaşyp, Has süýjedi dadylmadyk terneler. Gyş älemde höküm sürýän mahalam Güýz barybir ýüregimde eglener. Bar bolsa-da, güýzüň tylla jygasy, Bijaý özün görkezenok ulumsy. A sen kalp güzerne dolanman ýörsüň, Birgeňsi... ■ GEL! Dolaýyn mähirden gaýnan dünýäňe, Reňki solan kalp Güneşiň ýakyp gel! Entäp ýörmän hyýalymda gaýbana, Sabalarda yşk işigin kakyp gel! Utanjaň dil sedasyz dil ýarypdyr, Ozal akan ýerden akýan arykdyr, Duýgular nätanyş, sabyr arypdyr, Ykbal aýnasyna göni bakyp gel! Dünýäm, dünýäň düňdermesin dünýäni, Geň däldir-le, çasly çabgaň diňýäni, Bölüp maňa ýowuz kalbyň deň ýaryn Soramazlyk şerti bilen alyp gel! Söz berseler her dem döretjek oda, Suwa garşy goýup bolýar-a odam, «Geçer gider, ykbal öwrümi o-da» Diýmän, geçenleri yza atyp gel. Durmuş çarkandakly, göýä, alaja, Göz intizar gözleriňe garaja, Bir tükenmez söýgi bilen sadaja Arşyň şemlerini gizlin ýakyp gel! * * * Aý gaçypdyr tiz kepejek atyza, Tümlüge ýanyny berensoň säher. Synçy ýyldyzlaram daşyn gurşapdyr, Suwa çümjek ýaly gozgansa sähel. Birsellem jyklaýan gara gijeleň Saba-säherlerde sowulmasy bar. Aý bilen ýyldyzlaň käte gijeler Gündizden bukulyp ýuwulmasy bar. Düýnüm yzlar gijeleriň görnüşi, Göýä, Ülkerini ýitiren ýaly. Ýatlamalar kalba nobatma-nobat Galan bergisini ötüren ýaly. Düýrülip galypdyr indi düýnümde «Söýýär-söýenogy» oýnan ýaşlygym. Göýä, ýyldyzlary egsiljek ýaly, Bermese gijeler kyn berdaşlygy. Berdaşlygy ýonar wagt çapary, Kalbymda döredip täsin sungaty. Biz ynsan — şoň üçin durmuş depderne Özümiz çekýäris ykbal suratyn. Ne hakyň bar goýmaga bar gussany, Paýlaşýarka pasyllaram gülleri. Eý, Aýly gijeler, aýyr ýüküňi, Hyýal bilen gundap ýörmän dilberi. Bibi SOPYÝEWA, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby. | |
|
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Nohuryñ / Goşgular - 11.06.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Watanym üçin şirin jan / Goşgular - 31.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |