13:36 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Akka, Saýda, Gaza, Beýrut... şäherleriniň eýelenmegi | |
TABARYÝA, AKKA, NASYRA, HAÝFA, NABLUS, SAÝDA, BEÝRUT WE BEÝLEKI ŞÄHERLERIŇ EÝELENMEGI
Taryhy makalalar
Hyttyn söweşinde Kudus korollygynyň we beýleki haçly graflyklarynyň ýaragly güýçleriniň uly bölegi ýok edilipdi. Soltan bu pursatdan peýdalanyp, beýleki ýerleri eýelemek üçin howlukmaç ýörişlere başlady. Soltan 4-nji iýulda Tabaryýa, 9-njy iýulda juma güni bolsa ülkäniň iň uly porty we söwda merkezi bolan Akka şäherlerini halkyna aman berip aldy. Hyttyndan gaçyp Akka giden şäheriň hökümdary Žoskelin de Kort III şäheriň galasy we diwarlarynyň berk däldigi üçin olaryň öňlerinde durup bilmedi. Bu ýerdäki halkyň we esgerleriň köpüsi Sur şäherine gitdiler. Akka şäheri özüniň baýlyklary, binalary bilen meşhur şäherdi. Bu şäheriň eýelenmegi bilen esgerleriň elleri oljadan doldy. 4000-den köpräk musulman ýesir halas edildi. Şol wagt Müsür tarapyndan Kudus korollygynyň topraklaryna giren Mälik Adyl hem Mejdel Aba bilen Ýafa şäherini eýeledi. Soltan Akkanyň töweregindäki Kaýsaryýa, Nasyra, Fule, Deburyýa, Jinin, Zerin we Tur ýaly galalara we şäherlere harby bölüm iberip, ol ýerleri basyp aldy. Soň bolsa Haýfa, Sabastyýa, Nablus şäherlerini eýeledi. Şol wagt Takyýeddin Tybnin galasyny eýelemek üçin iberilipdi. Takyýeddin ol ýere gelen wagty galanyň berk goralýandygyny gördi. Şonuň üçin Soltandan kömek sorady. 1187-nji ýylyň 17-nji iýulynda juma güni Soltan Akkanyň işleri birýüzli edensoň, Tybnine gitdi. 19-njy iýulda ol ýere bardy. Ýedi günlük gabawdan soňra 26-njy iýulda gala aman berlip basylyp alyndy. Galadaky haçlylar mallaryny we çaga-çugalaryny alyp Sur şäherine gitdiler. Soltan Tybninden soňra Saýda şäherine ýöredi. 29-njy iýulda şäheri Reno de Sidondan aman berip aldy. Reno hem özüne degişli bolan Damask-Sur ýolundaky Şakyf-Arnun galasyna gitdi. Salahaddin 30-njy iýunda Saýdany zabt edensoň, Beýrut şäherini gabady. Sekiz günlük gabawdan soňra 1187-nji ýylyň 6-njy awgustynda, penşenbe güni şähere aman berip eýeledi. Şeýle hem ýesir düşen Hugo de Embriaky III degişli bolan Jubeýl hem basylyp alyndy. Şäheriň eýelenmegi üçin eden kömekleri sebäpli Hugo azat edildi we ol Sura gitdi. • ASKALANYŇ, GAZZANYŇ WE DARUMYŇ EÝELENMEGI Beýrut eýelenenden soňra Sur şäheri bilen iç tarapdaky käbir galalardan başga, Kudus korollygynyň topraklarynyň demirgazyk böleginiň ýeňşi doly gutardy. Soltan mundan soňra Askalana tarap ýöredi. Ýafany we Mejdelýabany eýeläp, dogany Mälik Adyl bilen goşulyşansoň, Remle, Ýubna, Beýtillahm we Halyl galalaryny eýeledi. Soňra bolsa 1187-nji ýylyň 23-nji awgustynda kenarda Kudus korollygynyň elinde galan Surdan soň Müsür ýolunda iň möhüm port şäheri bolan Askalan gabawyna başlady. Soltan şäherdäki goragçylary şäheri tabyn etmäge razy etmek üçin ýesir saklanýan korol Gui bilen templiýer tarykatynyň ýolbaşçysy Gerardy getiripdi. Ýöne goragçylar korol-şäheri bermeli diýen sözlerine, ol muny kyn ýagdaýda bolandygy üçin aýdýandyr diýip boýun bolmadylar. Mundan soň Soltan şäheri gabady we oka tutup başlady. Iki tarapyň arasynda aýylganç çaknyşyklar boldy. Ahyrsoňy goragçylar ýeňiljekdiklerine gözleri ýetip, korollaryna adam iberip, ýagdaýy maslahatlaşdylar. Korol hem şäheri bermeklerini we aman dilemeklerini maslahat berdi. Netijede 1187-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda şenbe güni şäherliler aman diläp, boýun boldular, mallaryny we çaga-çugalaryny alyp Kudusa gitdiler. Şäherlileriň bir bölegi bolsa Isgenderiýä gidip, ol ýerde gämiler bilen Ýewropa gitdiler. Askalan basylyp alnandan soňra Gerardyň maslahaty bilen Gazza, Darum, Katrum, Beýti-Jibril we Mud ýaly templiýerlere degişli galalar boýun boldular. Gerard hem azat edildi. Korol Gui bolsa bir ýyllap Nablusda we Damaskda zyndanda ýatdy. Kenarda Kudus korollygyna degişli Sur şäherinden başga şäher we gala galmandy. Soltan Askalanda gerekli işlerini ýerine ýetirensoň, Hajyp Husameddin Lulunyň serkerdelginde bir flot bilen deňiz tarapynyň howp-suzlygyny alansoň Kudusyň üstüne ýöriş etdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |