22:46 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Anadoly seljuklylaryna garşy ýöriş | |
ANADOLY SELJUKLYLARYNA GARŞY ÝÖRIŞ
Taryhy makalalar
Nureddin heniz dirikä Anadoly Seljuklylara garşy ýörişinde Arabany (Raban) eýeläpdi we bu ýeri Şemseddin bin Mukaddeme beripdi. 1176-njy ýylda bolup geçen Mirýe Kefelan meýdan söweşinde Wizantiýa imperatory Manuýeli ýeňip, uly ýeňşi gazanan Gylyç Arslan II 1178-nji ýylda Malatyýany hem danyşmentlileriň elinden aldy. Soňra Soltan Salahaddin bilen Ibn Mukaddemiň arasynda Baalbek meselesi boýunça ýüze çykan düşünşmezlikden peýdalanyp, Arabany yzyna almak üçin goşun iberdi. Ibn Mukaddemiň galadaky serkerdesi Soltandan kömek sora-dy. Soltan Baalbek meselesini bir ýüzli edensoň, Takyýeddin bilen Seýfeddin Aly bin Meştubyň serkerdeliginde 1000 kişilik bölüm galany gabawdan halas etmek üçin iberdi. 1179-njy ýylyň başlarynda Takyýeddin Gylyç Arslanyň goşunyny derbi-dagyn etdi. Käbir taryhçylar bu söweşde köp sanly Anadoly Seljukly esgerleriniň öldürilendigini nygtasalar-da, bu dogry däldir. Hatda Takyýeddin alnan ýesirleri hem goýberipdi. Bu ýöriş mynasybetli Soltanyň Mosul naýyby Mujahyýeddin Gaýmaza iberen bir hatynda: «Alla şaýatdyr. Olaryň abraýyna zyýan ýetirmek, goýberen ýalňyşlyklary üçin olara jezalandyrmak bize gaty agyr degdi» diýilýär. Aradan uzak wagt geçmänkä, Soltan bilen Gylyç Arslanyň arasynda başga bir mesele ýüze çykdy. Mundan öň Gylyç Arslan öz gyzy Seljuka hatyny Artyklylardan Hysny-Keýfa hökümdary Nureddin Muhammet bin Gara Arslana durmuşa çykarypdy. Bu nika mynasybetli Gylyç Arslan käbir serhetýaka galalaryny gyzyna sowgat hökmünde beripdi. Aradan birnäçe gün geçenden soň, Nureddin Muhammet bin Gara Arslan aýaly Seljuka Hatyna kän üns bermän başlady we başga bir aýdymçy aýal bilen aýşy-eşretde ýaşap başlady. Gyzynyň abraýdan gaçyrylmagyna gynanan Gylyç Arslan, giýewsinden özüniň beren galalaryny yzyna bermegini ýa-da aýdymçy aýalyny taşlamagyny talap etdi. Eger talaby ýerine ýetirilmese, onda onuň üstüne goşun sürjekdigini aýdyp haýbat atdy. Bu talaby eşiden Nureddin Muhammet Soltan Salahaddinden kömek sorady we ondan özüni penalanmagyny haýyş etdi. Soltan onuň günäkärdigini bilýärdi. Ýöne özünden pena islän bir kişini başgasyna tabşyrmak hem nälaýyk bolardy. Şonuň üçin Soltan bilen Gylyç Arslanyň arasynda ikitaraplaýyn ilçiler we hatlar gatnady. Emma Gylyç Arslan özü-niň kararyndan dänmedi. Soltan haçlylara yzly-yzyna zarba indirip, olar bilen özüniň bähbitlerini laýyk gelýän şertnama baglaşandan soňra, 1180-nji ýylyň iýun aýynda Anadoly Seljuklylaryna garşy ýörişe çykdy. Ol Fyrat derýasynyň golla-ryndan bolan Göksuw kanalynyň kenarynda düşledi. Bu ýerde Nureddin Muhammet bin Gara Arslanyň esgerleri onuň ýanyna geldiler. Soltanyň Arabana gelendigini eşiden Gylyç Arslan ylalaşyk gazanmak üçin uly döwlet işgäri Yhtyýareddin Hasan bin Afrasy ilçilige iberdi. Yhtyýareddin Soltanyň gara çynydygyny görüp, Nured-diniň günäkärdigini, eger oňa kömek etse, onda taryhyň öňünde jogapkär boljakdy-gyny aýtdy. Soltan hem oňa: «Seniň aýd-ýanyň dogry. Ýöne men pena soran kişini goramasam, ol hem nädogry bolar. Sen git-de, Nureddin bilen ylalaş» diýdi. Soltanyň kömegi bilen iki tarapyň arasynda geçirilen duşuşyklardan soň, Nureddiniň aýdymçy aýal bilen bir ýyl ýaşandan soň, ony taşlap Seljuka Hatyna gaýdyp gelmegi, eger gaýdyp gelmese, onda Soltanyň hem ony öz penasyna almajakdygy barada karara gelipdi. Dogrudan hem bir ýyldan soň, Nureddin aýdymçy aýalyň talagyny berip we Seljuka Hatynyň ýanyna gaýdyp geldi. Netijede, iki tarapyň arasyndaky düşü-nişmezlik aradan aýryldy. Bu wakadan soňra Salahaddin bilen Anadoly Seljuklylarynyň arasyndaky gatnaşyklar gowulaşdy. 1188-nji ýylda Soltan Köwkep galasyny gaban wagty, Yhtyýareddin şertnamanyň täzelenmegi we haçlylardan üstün çykyp, gazanan ýeňişle-rini gutlamaga Soltanyň ýanyna geldi. Soltan ony gowy garşy alyp, hormat goýdy. Frederik Barbarossyň haçly ýörişleri mahalynda (1189-nji ýyl) Anadoly Seljuk-ly döwleti kyn günlerini başdan geçir-ýärdi. Gylyç Arslan ýurdy çagalarynyň arasynda bölüpdi we uly ogly Kutbeddin Mesgudyň penasynda ýaşaýardy. Ataly-ogul Salahaddine birnäçe hat ýazyp, german haçlylarynyň öz üstlerinden geçmeklerine ýol bermejekdikderini aýtsalar-da, olara böwet bolmagy başarmadylar. 1191-nji ýylda Mälik şa öz dogany Kaýsar şanyň elinden Malatýany almakçy bolanda, Kaýsar şa Kudusda bolan Salahad-diniň ýanyna geldi we ondan kömek sorady. Kaýsar şa Mälik Adylyň gyzlarynyň birine öýlendi. Soltan Salahaddin Gylyç Arslanyň ogullarynyň arasyndaky dawany çözmek üçin kazy-esger Şemseddin bin Ferraşy Kaýsar şa bilen bile iberdi. Şemseddin bin Ferraş Anadola gidip, olaryň arasynda Soltanyň adyndan eminlik etdi. Ol ilçilikden gaýdyp gelýärkä, ýolda Malatýada ýogaldy. Şeýle hem Mälik şa 1192-nji ýylda Soltana ilçi iberip, ony Anadola çagyrdy. Ýöne Soltan haçlylar bilen meşguldygy üçin bu çagyryşa gelip bilmedi. ERMENILERIŇ ÜSTÜNE EDILEN ÝÖRIŞ Nureddiniň döwründe ermeniler bilen musulmanlaryň arasy gowudy. Hatda ermeni koroly Mleh Nureddiniň penakärligine giripdi. Mleh Nureddiniň ölüminiň öň ýanyn-da, Kilikiýada Wizantiýa güýçlerini derbi-dagyn edipdi. Olardan alan ýesirleriniň käbirini Nureddine iberdi. Nureddin ol ýesirleri Apbasly halypasyna iberdi. 1179-njy ýylda Mlehiň janyna kast edilip, öldürilenden soň, onuň ýerine geçen Rupen III haçlylaryň bähbidine laýyk syýasat ýöretdi. Ol 1179-njy ýylda Çukuroba etrabynda mallaryny otlatmak üçin rugsat berlen türkmenleriň üstüne çozdy. Olaryň malla-ryny alyp, halkyny ýesir aldy. Onuň bu etmeşine gazaplanan Soltan Anadoly Seljuklylary bilen ylalaşansoň, derrew ermeni korollygynyň topragyna girdi. Daş-töweregi oljalap, ýykyp-ýumurdy we Menakur atly berk galany basyp aldy. Muny eşiden Rupen alan ýesirleriniň hemmesini goýberdi we türkmenleriň mallaryny yzyna gaýtaryp berdi. Ol Salahaddinden ýaraşyk baglaşmagy sorady. Netijede, iki tarapyň arasynda şertnama gol çekildi we mundan soňra ermeniler bilen Soltanyň arasynda düşünişmezlik ýüze çykmady. Diňe 1191-nji ýylda haçly ýöriş wagtynda Soltanyň serkerdelerinde Alemuddin Süleýman bin Jandar Bagras galasyny ýykdyrandan soň, ermeniler bu galany täzeden dikeldip, berk gala ýagdaýyna getirdiler. SALAHADDINIŇ GOŞUNYNA HALAP-MOSUL ÝaRANLYGYNYŇ WE ARTYKLY BEGLIKLERINIŇ BIRLEŞMEGI 1180-nji ýylyň 29-njy iýulynda Mosul atabegi Seýfeddin Gazy wepat boldy. Onuň ýerine geçen dogany Yzzeddin Mesgut ilçi hökmünde Fahreddin bin Dahhany Soltana iberip, agasynyň döwründe hem bolşy ýaly, özüniň Jezire häkimýetini ykrar etmegini sorady. Soltan hem Halypa Mustagzy tara-pyndan iberilen mülkiýetnamada bu sebitiň özüne berlendigini, agasyna bu sebitiň häkimýetiniň wagtlaýyn ynanylandygyny aýdyp, onuň islegini kabul etmedi. Soltan Şamda düzgün-tertibi doly kada-laşdyryp, bu goňşulary bilen şertnamalar baglaşandan soňra, Müsüriň dolandyrylyşyny täzelemek üçin, 1180-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Müsüre gitdi. Ol Damaskda Ferruh şany naýyp belledi. Salahaddin Müsürde gezip ýörkä, 1181-nji ýylyň 6-nji dekabrynda Halap hökümdary Mälik Salyh ýogaldy. Ol ölmezinden öň ülkesiniň dolan-dyrylyşyny Mosul hökümdary Yzzeddin Mesguda wesýet edipdi. Bu ýeriň dolandy-rylyşy hem Halypa Mustagzy tarapyndan iberilen mülkiýetnamada Soltana berlipdi. Ýöne Soltan ylalaşyk netijesinde bu ýeri Mälik Salyha beripdi. Mälik Salyh ýogalan wagty Soltanyň Müsürdedigi üçin Yzzeddin Mesgut Mosul-dan gelip, şäheriň dolandyrylyşyny öz eline aldy. Bu wakadan soňra Soltanyň Halabyň töweregindäki, hatda Şamdaky häkimýetine zeper ýetip başlady. Soltan Şamdaky emirlerine görkezme berdi, özi bolsa Apbasly halypasy Nasyra hat iberip, täzeden Halabyň mülkiýetnamasyny isleýärdi. Ýöne täze halypa nebisjeň kişidi. Ol Soltanyň islegine düşünmedik bolýardy. Şol sebäpli iki tarapyň arasynda hatlar we ilçiler köp gatnady. Soltan Salahaddin halypadan mosullylara Halabyň mülkiýetna-masynyň berilmezligini, özüniň hukugynyň goralyp saklanylmagyny isleýärdi. Olaryň özüne garşy haçlylar, haşhaşlylar we ajamlylar bilen bile iş alyp barýan-dyklaryny, eger olara Halap berilse, onda iki tarapyň arasyndaky öňki duşmançy-lygyň täzeden tutaşjakdygyny ýatladýardy. Şamdaky bolup geçýän hadysalar sebäpli Soltan Müsürdäki işlerini ýerbe-ýer edip, dogany Mälik Adyly naýyp belledi. 1182-nji ýylyň iýun aýynda Müsür goşunynyň ýarsyny ýanyna alyp, Şama tarap gaýtdy. Ol ýolda gelýärkä, Kerek şäherine hüjüm etdi we Damaska gelen soň bolsa Beýsan şäherine ýöriş etdi. Soňra Beýruta çozup, şäheriň daşyny gabady. Soňra bolsa gabawy aýryp, Halap meselesini çözmäge girişdi. Şol wagt Halabyň häkimi Yzzeddin Mesgudyň agasy (kakasynyň dogany) Ymadeddin Zeňňidi. Yzzeddin Mesgut Halaby öz golastyna geçirensoň bu ýerdäki ýaraglaryň we gymmatbaha zatlaryň bir bölegini Mosula daşatdy. Soňra hem agasy bilen Halaby Sinjar bilen çalyşdy. Öňden bäri Ymadeddin bilen Soltanyň aragatnaşyklary gowudy. Ikisi düşünişip biljek-diler, ýöne Halapdaky Soltana ters taraplaryň hem bu ýagdaý bilen ylalaşma-jakdygy äşgärdi. Şeýle hem şol wagtlar Salahaddiniň peýdasyna täze hadysalar ýüze çykdy. Mosullylara tabyn bolan Harran hökümdary Muzaffereddin Gökböri bin Zeýneddin Kiçi Aly, Hysny — Keýfa hökümdary Nureddin Muhammet bin Gara Arslan, Birejik hökümdary Şyhabeddin Mahmyt we Suruç hökümdary Ibn Mälik dagylar Soltan bilen ylalaşyp, ony Mosula çozmaga razy etdiler. Soltan haçlylara garşy gerekli goranyş çärelerini geçirensoň we Damaskda inisi Ferruh şany naýyp belländen soňra, Gündogara birinji ýörişine çykdy. Ol yzly-yzyna Birejik, Urfa, Rakka, Nusaý-bin, Dara ýaly berk galalary eýeländen soňra, 1182-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Mosu-lyň daşyny gabady. Mosul örän berk şäherdi we gowy goralýardy. Beýleki tarap-dan halypa bu gabawy oňlamaýardy. Şeýle hem halypanyň şepagaty we mosullylaryň goranyşy netijesinde Soltan hiç hili netije gazanyp bilmedi. Bu gabaw mahalynda Mosulyň günbataryndaky Sinjar galasynda ýerleşen Mosul güýçleri Soltanyň goşunyna gelýän goşmaça kömegiň öňüni kesýärdiler. Soltan munuň üçin Takyýeddini Sin-jaryň üstüne iberdi. Takyýeddin Sinjaryň kömegine gelýän Mosul bölümini derbi-dagyn edenden soňra Soltany Sinjara çagyrdy. SINJARYŇ EÝELENMEGI Soltan Mosul gabawyny goýbolsun edip, dekabr aýynyň ortalarynda Sinjary gabady. 1182-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Sinjary basyp aldy we Eljezirede eýelän ýerleriniň howpsuzlygyny üpjün etdi. Ol bu ýere giýewsi we gaýynagasy Sagdeddin Mesgut bin Unery belledi. Soltan Sinjary eýelänsoň gyşy geçirmek üçin Harrana gaýdyp geldi. Gyş möwsümi sebäpli esgerlerine özleriniň yktalaryna gitmeklerine rugsat berdi. Özi hem ýörite goşuny bilen Harranda dynç aldy. Soltanyň Mosula ýörişinden hederlenen we öz häkimýetlerine zeper ýeter öýden Ahlat häkimi Şa Ermen Zahyreddin Sökmen, Mardin häkimi Ilgazy we beýleki Artykly begleri mosullylar bilen birleşen Soltany Eljizereden daşlaşdyrmagy karar etdiler. Olar 1183-nji ýylyň mart aýynyň aýaklarynda Mardiniň Harzem (Gyzyldepe) diýen ýerinde goşunlaryny jemlediler. Muny eşiden Soltan Takyýeddini ýanyna çagyryp olaryň üstüne hüjüm etdi. Muny eşiden birleşen güýçler dargaşyp gitdiler. Soltan Harzeme gelip şol ýerde düşledi. Şol wagt halypa tarapyndan iberilen Diýarbekr (Amyt) şäheriniň mülkiýetnamasy gelip ýedi. Soltan Amydy eýelemäge karar berdi. AMYDYŇ EÝELENMEGI Nureddin Muhammet bin Gara Arslan Soltan bilen ylalaşan wagty bu ylala-şygyň deregine Amydy özi üçin basyp alyp bermegini-de haýyş edipdi. Soltan hem oňa bu meselede söz beripdi. Amyt şäheri özüniň berk diwarlary, mäkämligi bilen meşhurdy. Amyt şäherini şol döwre çenli ne Alp Arslan, ne-de Wizantiýalylar gylyç syryp, alyp bilmändir. Bu şäher Ynalogulla-ryndan Mahmyt bin Eýgeldiniň elindedi. Onuň adyndan şäheri dolandyran bolsa weziri Mesgut bin Nisan eken. Soltan Harzemde gezip ýörkä halypanyň mülkiýetna-masyny alandan soňra Amydyň üstüne ýöredi. Ol 1183-nji ýylyň 13-nji apre-linde şäheriň daşyny gabady. Aýylganç söweşlerden soňra, berk diwarlary bilen meşhur bolan bu mäkäm şäheri 1183-nji ýylyň 29-njy aprelinde eýeledi. Şertnama laýyklykda bu örän möhüm şäheri ähli baýlyklary bilen birlikde Nureddin Muhammet bin Gara Arslana berdi. Ol Nureddin Muhammedi ilata adalatly boljakdygy, ülkäniň gurluşygyny dikeltjekdigi we özüne tabyn boljakdygy barada kasam içdirdi. Amydyň ýeňşinden soňra Mardiniň hökümdary Ilgazy özüniň oňa tabynlygyny mälim etdi. HALABYŇ EÝELENMEGI Amyt şäheriniň eýelenmegi Salahad-diniň güýjüni görkezipdi we Eljezire üçin onuň häkimýetligini has güýçlendiripdi. Ol mundan soňra özüniň esasy maksady bolan Halap şäheriniň üstüne ýöredi. Ol 9-njy maýda Tel-Halydy, 13-nji maýda Aýntaby basyp aldy. Ol Halypa Nasyra hat ýollap, Halaby gabajakdygyny habar berdi we şäheriň mülkiýetnamasyny täzeden sorady. Ol 1183-nji ýylyň 21-nji maýynda Halaby gabady. Halap şol döwürde «Şäherleriň enesi» lakamy bilen tanalýan, berk, baý we gür halky bolan bir şäherdi. Wizantiýalylar we haçlylar ähli güýç-gaýratlaryny sarp etseler-de, şäheri alyp bilmändiler. Şäherde 10000-den hem köpräk ökde söweşiji esger bardy. Her gün goragçylar bilen Soltanyň esgerleriniň arasynda diwarlaryň öňünde çaknyşyklar bolup geçýärdi. Bu çaknyşyklarda Soltanyň özünden kiçi dogany şahyr we edebiýatçy bolan gahryman Täjilmülk Böri dyzyndan ýaralandy we bu söweş wagtynda alan şol ýarasyndan ýogaldy. Soltan Halaby basyp alýança gabawy aýrarman däldi. Şonuň üçin şäheriň daşynda çadyrlary we öýleri gurdurdy. Soltanyň kararynyň berkdigini gören we maddy kynçylyk çekip başlan şäheriň hökümdary Ymadeddin Zeňňi we goşunyň baş serkerdesi Tümen Ýaruky Salahaddin bilen ylalaşmaga mejbur boldy. Soltan bilen Tümeniň arasynda geçirilen geple-şiklerden soňra Ymadeddin Zeňňiniň Halaby berip, ýerine bolsa Sinjary, Habury, Surujy we Nusaýbini almagy, Soltana tabyn hökümdar hökmünde bolmagy, haçlylar bilen bolan söweşlerde esgerlerini Soltana kömege ibermegi ýaly meseleler barada şertnama gol çekildi. Hoşniýetliligi we araçylygy üçin Tümene Rakka şäheri berildi. 1183-nji ýylyň 12-nji iýunynda şertnama hakda ähli Halap emirlerine habar berildi. Salahaddine duşman bolan emirler bu habary hoş garşylamadylar we Ymaded-din Zeňňini şäheri satmakda günäkär-lediler. Ýöne ellerinden hiç zat gelmeýändigi üçin bu ýagdaýy kabul etmäge mejbur boldular. «Soltan olaryň howsalalyklaryny giderdi, gahrymanlyklaryny öwdi, köňüllerini awlady we özüne tabyn bolmaklaryny üpjün etdi». Şol ýylyň 13-nji iýunynda (579-njy hijri ýylynyň sapar aýynyň 18-i) şäheriň derwezeleri açyldy. 22-nji iýunynda Halabyň we Sinjaryň alyş-çalyş işleri gutaransoň, Soltan şäheriň galasyna girdi. Ol: «Bu ýeriň ýeňişine begenişim ýaly, hiç bir ýeriň ýeňşine begenmändim» diýdi. Soltan bu ýeri ogly Mälik Zahyra berdi. Başda taryhçy Ibn Esiriň durmagy bilen aşa Zeňňiler tarapdarlary bilen haçlylardan galan hemmeler bu ýeňişden hoşaldylar. Halabyň kazylygyna belleni-len Muhyýeddin bin Zeki bu ýeňiş mynasy-betli Soltana hödürlän bir waspnamasynda: «Sapar aýynda Halaby eýelediňiz. Rejep aýynda Kudusyň ýeňşi bilen sizi buşlaýaryn» diýipdir. Hakykatdan hem Kudus 1187-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda (583-nji ýy-lyň rejep aýynyň 27-si) basylyp alnandyr. Şahyr Ibn Senaul-mülkiň Soltana bagyşlap ýazan bir kasydasynda: Türkmenleriň döwleti bilen arap milleti beýgeldi. Ähli-salybyň (haçlylaryň) göreşi Eýýubyň ogly tarapyndan perişan edildi — diýýär. Ibn Esir hem: «Halabyň zabt edilmegi bilen Salahaddiniň häkimýeti gowy edip ornaşdy. Ol öň sarsyp durdy we uçurymyň kenaryndady» diýipdir. Hakykatdan-da Halabyň eýelenmegi bilen iň uly zyýan çeken haçlylardyr. Bu şäheriň eýelenmegi bilen haçlylar bilen ylalaşykly iş alyp barjak musulman häkimýeti galmady. Salahaddin Nureddiniň döwletiniň ýeke-täk hökümdaryna öwrülipdi. Şeýle hem şol wagtlar Soltanyň daş-töwerege iberen hatlarynda Kudusyň ýolunyň açykdygy aýdyň aýdylýardy. Haçlylaryň bu ýagdaýa anyk gözi ýetensoň Soltan her haçan Mosula ýa-da Halaba garşy ýöriş etse, ony bu işden galdyrmak üçin onuň yzyndan başga bir ýere hüjüm edýärdiler. Guillaum de Teýriň aýtmagyna görä, Halabyň eýelenmegi haçlylara garşy indirip boljak iň agyr zarbady. L‘Eraklesiň sözleri bilen aýtsak, indi haçlylar gury ýerden gabawyň içinde galypdyrlar. Halabyň ýeňşinden soňra Harym hem zabt edildi. Emma has anyk aýtsak Halabyň eýelenmegi bilen iň kyn ýagdaýda galan Antakyýa patrikligidi. Şonuň üçin Bohemund IV Sol-tana ilçi iberip, ýaraşyk baglaşmagy isledi we musulman ýesirleriň bir toparyny azat etdi. Ol Kudus koroly Boduin IV ülkesiniň goragy üçin kömek bermegini sorady, Tarsusy ermenlere berip, Rupen III bilen ylalaşyk gazandy. Soltan Antakyýanyň ýaraşyk teklibini kabul etdi. Soltanyň esasy maksady, iň uly zarbany Kudus korollygyna urmakdy. MOSULYŇ SOLTANYŇ HÄKIMÝETLIGINI YKRAR ETMEGI Soltan Halaby eýeläninden soňra halypa iberen hatynda Mosulyň özüniň tabynlygyna girmekliginiň ähmiýetini ýene bir gezek ýatlatdy. 1183-nji ýylyň sentýabrynda Mosul atabegi Yzzeddin Mesgudyň özüniň naýyby Gaýmazy işinden boşadyp, özüni hem tussag etmegi Mosul atabegligindäki syýasy agzybirligi gowşatdy. 1184-nji ýylyň başlarynda Mosula degişli Erbil, Jizre, Şährizur, Akyr Humeýdiýe, Dakuka, Hadise we Tikrit şäherleriniň häkimleri Damaska özleriniň ilçilerini iberip, Soltanyň häkimýetini ykrar edýändikle-rini habar berdiler. Bular Soltandan Yzzeddin Mesgutdan özlerini goramagy haýyş etdiler. Soltan olary gorajakdygy barada şertnama baglaşdy. Bu wakadan soňra howsala düşen Yzzeddin Mesgudyň baş kazysy Muhyýeddiniň ýolbaşçylygynda bir ilçi toparyny halypanyň ilçi toparyna goşup, Soltanyň ýanyna iberdi. Ilçilik işlerinden kän bir başy gowy çykmaýan Muhyýeddiniň özüni gaty ýowuz alyp baran-dygyny sebäpli, iki tarapyň arasynda ylalaşyk gazanylmady. Bu wakalardan soňra mosullylar bilen ylalaşan Hemedanyň hökümdary Gyzyl Arslanyň esgerleriniň Erbile hüjüm etmekleri we mosullylaryň Azerbaýjan atabegi Pälwan bilen ylalaşyk gazanmaklary Soltanyň ünsüni ýene-de bu şähere çekdi. Erbiliň hökümdary Zeýneddin Ýusup bilen agasy (kakasynyň dogany) Harranyň hökümdary Gökböri Soltany Mosulyň üstüne ýöriş etmäge razy etdiler. Bu ýagdaýlar sebäpli, 1185-nji ýylyň 4-nji aprelinde Soltan gündogara ikinji ýörişine çykdy we iýun aýynyň başla-rynda Mosulyň daşyny gabady. Bu gezek Mosula tabyn bolan hökümdarlaryň köpüsi Soltanyň tarapyndadylar. Howa örän yssy-dygy üçin söweşmäge hiç hili şert ýokdy. Şonuň üçin Soltan şäheriň daşary bilen gatnaşygyny kesip, mosullylara özlerine boýun bolmaga çagyrdy. Şeýle hem inžener Fahreddin bin Dehhanyň teklibi bilen Dijle derýasynyň akymyny üýtgetmäge we şäheri suwsuz goýup, olary bialaç boýun bolmaga mejbur etmek üçin taýýarlyklara başlandy. Edil şol mahallar hem Ahlat hökümdary Şa Ermen Sökmen wepat boldy. Soltanyň Ahlatdaky tarapdarlaryndan ony şähere çagyryjy hatlar gelip başlady. Ahlat hem örän möhüm merkez şäher bolandygy üçin Soltan 21-nji iýuldan soňra gabawy goýbolsun edip, Ahlata tarap ýola çykdy. Ol öňden doganoglany Nasy-reddin Muhammet bin Şirkuhyň serkerde-liginde bir bölüm iberdi. Bu goşun Bitlisi geçip, Tatwana bardy. Soltan bolsa ýolunyň ugrundaky möhüm gala bolan Myýafarykyny hem eýeläp, yzynda howpsuzlygy üpjün etmek isledi. Galanyň serkerdesi bolsa, geçen ýyl wepat bolan Mardiniň hökümdary Ilgazynyň emirlerinden Esededin Ýaranguşdy. Soltan bu gala bilen bir aýlap iş salyşdy. Ahyr soňy, 1185-nji ýylyň 29-njy awgustynda gala Soltana boýun egdi. Edil şol wagt Ahlaty Azerbaýjan atabegi Pälwanyň kömegi bilen merhum Sökmeniň memluklaryndan bolan we iň uly emirlerinden Begteýmir eýeledi. Soltan özüniň memluklaryndan bolan Husameddin Sungur Halatyny Myýafarykyna häkim belländen soňra, ýoluna dowam edip Ahlata golaýlady. Bu ýerde Soltanyň atabeg Pälwanyň we Begteýmiriň arasynda geçiri-len gepleşiklerden soňra, Soltan Begteými-riň Ahlat häkimligini we bitaraplygyny ykrar etdi. Soltan bilen Pälwan yzyna gaýtdylar. Pälwan şundan soňra uzak ýaşa-mady, ol 1186-njy ýylyň 23-nji martynda wepat boldy. Soltan bu ýörişden gaýdyp gelýärkä, Soltanyň giýewsi we gaýynagasy Sagdeddin Mesgut bin Uner ýogaldy. Soltan ondan dul galan aýal dogany Rabyga Hatyny Gökbörä durmuşa çykardy we Samsat şähe-rini oňa sowgat hökmünde berdi. Beýleki aýal dogany Sitteşşam bolsa agasynyň ogly Nasyreddin Muhammediň aýalydy. Soltan oktýabr aýynyň başlarynda ýene-de Mosula gaýdyp geldi. Eljezireden kömek alar ýaly amatly ýer bolan Kefr-Zemmarda düşläp Mosul mülklerine göz dikýärdi. Şol wagt atabeg Yzzeddin Mesgut Gaýmazy azat edip, şäheriň goragyny oňa ynanypdy. Mosullylaryň halypa we Pälwana iberen ilçileri elleri boş gelensoň, Atabeg Mes-gut bilen Mujahydeddin Gaýmaz atabeglik neberesiniň aýal-gyzlaryny iberip, Soltan bilen ylalaşmak isleýändiklerini habar berdiler. Iki tarapyň arasynda Sinjaryň hökümdary Ymadeddin Zeňňiniň araçy bol-magy barada karar kabul edildi. Geçirilen gepleşiklerden soňra, 1186-njy ýylyň 3-nji martynda (581-nji hijri ýylynyň zülhiçje aýynyň 9-y, arafa güni) Harranda iki tarapyň arasynda şertnama gol çekildi. Bu şertnama laýyklykda mosullylar Solta-nyň adyna hutba okadyp, zikge basdyrdylar. Uly Zap derýasynyň gündogaryndaky Mosula degişli topraklar Soltana berildi. Munuň öwezine Soltan iki Zap derýalarynyň ara-syndaky bir bölek ýer we Uly Zabyň günbataryndaky topraklary olara berdi. Şeýle hem şertnama laýyklykda mosullylar haçlylara garşy bolan söweşlerde Soltanyň golastyna esger bermegi hem kabul edýärdiler. Şeýdip, Tunisden tä Hemedana çenli bolan yslam topraklary Soltanyň belent häkimýetini ykrar edýärdiler we oňa tabyndylar. Nureddiniň ölümi bilen bölü-nen agzybirlik has-da güýçlenip, täzeden esaslandyryldy. Salahaddin indi hiç hili gep-gürrüňsiz Nureddiniň ýeke-täk miras-düşeridi. Şeýle hem Salahaddine köp günläp iş bolan Halap we Mosuldaky zeňňiler III haçly ýörişi mahalyndaky iň kyn günlerinde onuň iň wepaly kömekçileri bolupdyr. Soltan tarapyndan halypa iberi-len hatlarda hem şu aýdanlarymyz ýatlany-lyp geçilýändir. ÜLKÄNIŇ DOLANDYRYLYŞYNYŇ TÄZEDEN DÜZGÜN-TERTIBE SALYNMAGY Soltan Harranda gezip ýörkä erbet keselledi. Onuň saglygy has agyrlaşdy we onuň ýaşaýşyndan umytlaryny üzdüler. Emma ol soňra ýuwaş-ýuwaşdan aýaga galdy we sagaldy. Şol wagt onuň işlerini Halapdan gelen Soltanyň dogany Mälik Adyl ýöretdi. Şeýle hem bu ýyl ýaýran gyrgyn keselinden Soltanyň aýaly Ysmeteddin Emine binti Uner bilen doganoglany we Hums häkimi Nasyreddin Muhammet wepat boldular. Soltan Nasyreddiniň ýerine Hums begligine ýaşy kiçi ogly Şirkuh II bellendi. Arslan bugany bolsa oňa atabeg bellediler. Soltan 1183-nji ýylda Halaby basyp alan wagty Müsürdäki naýyby we dogany Mälik Adyl Halabyň özüne ykta berilmegini haýyş etdi. Bularyň öwezine ol özüniň Müsürdäki ähli yktalaryndan geçdi. Soltan Halaby ogly Mälik Zahyrdan alyp, dogany Mälik Adyla berdi. Adylyň ýerine Müsüriň naýyplygyna bolsa Takyýeddini belledi. Takyýeddin hem bu naýyplyk üçin Hamadan galan Şamdaky ähli yktalaryndan geçdi. Şol wagtlar Soltanyň uly ogly Mälik Afdal Müsürde, ikinji ogly Mälik Eziz bilen üçünji ogly Mälik Zahyr bolsa Şamda gezip ýördiler. 1184-nji ýylda çykarylan bir perman bilen Mälik Afdal agasy Mälik Adylyň kepilligi bilen Şamda, Eziz bolsa Takyýeddiniň kepilligi bilen Müsürde kakalarynyň naýyby bellendiler. Soltan 1186-njy ýylda Harrandan Damaska gaýdyp gelenden soňra, uly merkezlerdäki ýolbaşçylaryň arasynda täzeden wezipe bellenşigini geçirdi. Ol uly ogly Afdaly Damaskdan Müsüre çagyrdy. Ony Damask naýyby we mirasdüşer diýip yglan etdi. Müsüriň naýyplygyna bolsa dogany Adyly belledi we ony atabeg hökmünde Müsüre iberdi. Adyldan boşan Halaba ýene-de üçünji ogly Zahyry belledi. Şama gaýdyp gelen Takyýeddine ýene-de öňki yktala-ryny berdi we Myýafarakyn, Çapakçur (Müňköl), Muş, Lazykyýe we Jebel ýaly ýerleri hem onuň yktalaryna goşdy. TOGTEGINIŇ ÝEMENE BELLENILMEGI 1180-nji ýylyň başynda Turan şa Isgenderiýede ýogalandan soňra, onuň Ýemen-däki naýyplary özara oňuşman başladylar. Zebidiň naýyby Mübärek bin Munkyzyň ýerine goýlan dogany Hyttan bilen Adeniň naýyby Yzzeddin Zenjary häkimýet dawasyna başladylar. Bütin ülke dargap başlady. Soltan hem 1181-nji ýylyň aýakla-rynda Ýemeni dogany Togtegine berdi. Tog-tegin öňürti özüniň memlugy Sarymeddin Gutlyabany 1182-nji ýylyň fewral aýynda Ýemene iberdi. Gutlyaba Ýemendäki ýagdaýy kadalaşdyrdy. Ýöne 1183-nji ýylyň ortalarynda Gutlyabanyň wepat bolmagy bilen, Ýemendäki işler ýene-de dargady. Mundan soň Togtegin 1183-nji ýylda Ýemene özi gaýtdy. Togtegin şol wagt Kerek ýörişinde gezip ýören Soltana memlugy Il Abany iberip Ýemeniň mülkiýetnamasyny isledi. Il Aba Soltandan mülkiýetnama permanyny alandan soň, yzyna, Togteginiň ýanyna gaýtdy. Togtegin 1184-nji ýylyň başynda Hyjazy eýeläp, Zebide bardy. Şäheriň naýyby Hyttany öldürip, onuň mal-mülküni öz hasabyna geçirdi. Soňra Aden şäherine tarap ýöredi. Aden naýyby Yzzeddin Zenjary güýji ýeten hazynasyny göterip, alyp gaçdy. Togtegin Adene baryp, şäheri öz häkimýetine aldy we hazynany öz adyna geçirdi. Togtegin beýleki naýyplar we bir-näçe ýerli emirler bilen bolan söweşlerden soňra 1191-nji ýylda bütin Ýemene häkim boldy. Ülkäniň dolandyrylyşyny, ekerançylygyny we söwdasyny tertip-düzgüne saldy. Birnäçe gurluşyk işlerini geçirdi we 1196-njy ýylda, tä wepat bolýança Ýemeni we Hyjazy öz gözegçiliginde saklady. Onuň wepatyndan soňra ogly Mugyzzeddin Ysma-ýyl onuň ýerine geçdi. Eýýuplylaryň häkimýeti netijesinde Ýemende we Hyjazda Birinji Jahan urşuna çenli dowam eden türkmen häkimýetiniň döwri başlady. Bu wakadan soňra Hyjazda zeýdiýe mezhebiniň ýerine şapygy mezhebi ýaýrady. GARAGUŞYŇ WE TARAPDARLARYNYŇ DEMIRGAZYK AFRIKADAKY HEREKETLERI 1175-1177-nji ýyllarda Garaguş Demirgazyk Afrika birnäçe gezek ýöriş etdi. Ol iň soňky ýörişinden yzyna gaýdyp gelmedi. Onuň yzyndan Takyýeddiniň memluklaryndan bolan Ybraýym Silahdar golastyndaky esgerler bilen Trablusgalpa gelip, Garaguşa goşuldy. Bu iki emir bütin Liwiýany, Tunis bilen Günbatar Sudanyň bir bölegini öz ellerine aldylar. Garaguş 1185-nji ýylda Kabis şäherini basyp aldy. Bu şäheri merkez edip, Demirgazyk Afrikada eýýuplylara tabyn bolan bir emirlik (beglik) döretdiler. Şeýle hem şol wagtlar Garaguş bilen oňuşmadyk Ybraýym Silahdar muwahhytlylar döwletinden pena isläp, Ýakup bin Ýusup bin Abdylmömüniň hyzmatyna girdi. 1186-njy ýylda Müsür naýyby Takyýeddin Demirgazyk Afrika ýöriş etmek isledi. Ýöne Soltanyň Şama çagyrmagy netijesinde ol bu ýörişi goýbolsun etdi. Ýöne onuň öň hatarky goşunlarynyň başynda durup Demirgazyk Afrika giden memlugy Zeýneddin Boz Aba ýoluny dowam edip, Şerefeddin Garaguşa goşuldy. Bularyň ikisi birleşip Maýorka adasyndan gelen mulessimliler bilen ylalaşyp, Tunisiň we Aljiriň bir böle-gini muwahhytlylaryň ellerinden aldylar. Soňra bolsa Apbasly halypasyna ýüz tutup, onuň adyna hutba okadyp başladylar. Bu wakadan soňra özüni hem halypa hasaplaýan muwahhytlylaryň hökümdary Ýakup aýaga galdy. Ol Tunise baryp, doganynyň oglunyň serkerdeligindäki 6000 kişilik atly goşunyny duşmanyň ýerleşýän ýeri bolan Kafsa şäherine iberdi. Iki tarap duşuşanlarynda muwahhytlylaryň goşunyndaky oguzlar öz milletdeşleri bolan Garaguşyň tarapyna geçdiler. Netijede Muwahhytlylar ýeňildiler. Bu ýeňlişden soňra şol ýylyň sentýabr aýynda Ýakup hut özi goşunyň başyna geçip Garaguşyň üstüne hüjüm edip, Kabisiň töwereginde olary ýeňlişe sezewar etdi. Soň bolsa Boz Aba we mulessimliler tarapyndan goralýan Kafsa şäherini üç aýlap gabawa aldy. Netijede, Ýakupdan oguzlara degmejekdigine we olary özüniň hyzmatyna aljakdygyna söz alansoň Boz Aba we tarapdarlary şäheri oňa tabşyrdylar. Ýakup oguzlaryň edermen esgerdiklerini bil-ýärdi. Şonuň üçinem Boz Abany oguzlaryň serkerdesi belläp, olary Andalusdaky haç-lylaryň garşysyna iberdi. Çöle gaçan Garaguş hem maşgala agzalarynyň ýesir edilenden soň, onuň hyzmatyna girmäge razy boldy. Emma 1190-njy ýylda Garaguş ýene-de muwahhytlylardan aýrylyp, Kabisi, Trablu-sy we Liwiýa bilen Tunisiň uly bölegini basyp aldy. Ýöne şol ýylda mulessimlilerde Ýahýa Maýorka Zubabylar tarapyndan Trablusgalpyň günbatarynda derbi-dagyn edildi. Mundan soň Garaguş Weddan şäherine gitdi we 1212-nji ýyla çenli Fezzandaky Weddan ýaýlasynda garaşsyz hökümdar bolup ýaşady. Şol ýyl hem Ýahýa Maýorka we Zubabylar tarapyndan Weddanda ogly bilen bile öldürildi. Garaguşyň we tarapdarlarynyň bu ýörişleriniň iň möhüm netijesi muwahhytly-laryň goşunynda oguzlaryň täze bir güýç hökmünde ýüze çykmagydyr. Mundan soňra muwahhytlylaryň goşunynda möhüm güýç bolan oguzlaryň ady köp gaýtalandy. Şeýle hem Demirgazyk Afrika ýöriş eden bu emirler ikinji derejedäki emirlerdi. Boz Abanyň ýörişini we Garaguşyň ýörişleriniň käbirini Salahaddin maslahat ber-meýärdi. Soltan ýegeni Takyýeddini Demirgazyk Afrika ýöriş etmekden zordan alyp galypdy. Onuň asyl maksady Kudusyň we kenarýaka sebitiniň haçlylardan yzyna basylyp alynmagydy. Şeýle hem bu ýörişler eýýuplylar bilen muwahhytlylaryň arasyny açandyr. Sebäbi Soltan 1190-njy ýylda weziri Kazy Fadylyň garşy çykmagyna garamazdan, Şemseddöwle Abdyrahman bin Munkyzy muwahhytlylaryň hökümdary Ýakuba ilçi hökmünde iberip, haçlylara garşy harby flot kömegini isläpdi. Muwahhytlylaryň Andalusda haçlylar bilen söweşýändikleri üçin hiç hili kömek gelmeýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |