08:51 Selaheddin Eýýuby we döwlet: German haçlylary | |
GERMAN HAÇLYLARY
Taryhy makalalar
Şol mahal German imperatory Frederik Barbarossyň gury ýerden 100 000 kişilik goşun bilen gelýändiginiň habary geldi. Soltan halypa we töwerekgindäki hökümdarlara hatlary ýollap, kömek isledi. Emma özüne tabyn hökümdarlardan we käbir meýletin toparlardan başga kömek alyp bilmedi. Halypa iberilen Ibn Şetdat 1190-njy ýylyň 2-nji aprelinde eli boş geldi. Halypa Papanyň görkezýän gaýratlarynyň zerresini hem görkezmeýärdi, üstesine-de Salahaddine bahylçylyk edýärdi. Barbaross 1189-njy ýylyň maý aýynda goşunynyň başynda durup, Regensburgdan çykyp, Wen-griýanyň üstünden geçensoň, 23-nji iýunda Wizantiýa mülklerine girmegi netijesinde agyr ýolagçylyk başlapdy. Soltan bilen Wizantiýa hökümdary Isaakios Angelosyň arasynyň örän sazdygy üçin oňa Imperator german haçlylary baradaky habarlary ýetirýärdi. Germanlaryň bu agyr ýolagçylygynyň kynçylyk çekýändigini habar berýärdi. Anadoly Seljukly Soltany Gylyç Arslan II we onuň ogullary Soltana haçlylaryň özleriniň ülkelerinden geçmeklerine rugsat bermejekdiklerini aýdýardylar. Ýöne şol döwürde Gylyç Arslanyň garrandygy sebäp-li, Anadoly Seljukly döwleti syýasy pese düşmäni başdan geçirýärdi. Anadoly Sel-juklylary ägirt uly German goşunynyň öz ülkelerinden geçmegine böwet bolup bilmediler. Anadoly Seljukly goşuny we Uç türkmenleri bilen bolan söweşlerde peselen German haçlylary, ahyrsoňy 1190-njy ýylyň 10-njy iýunynda Silifke şäheriniň golaýynda Göksuw derýasynda Barbaross gark bolansoň has-da güýçden gaçdylar. Barbarossyň ýerine geçen ogly Frederik won Şwaben diri galan esgerleriň başynda durup, bolan ýoluna dowam etdi. Ýanyndaky esgerleriň köpüsi Halap we Lazykyýe topraklaryndan geçip barýarkalar musulmanlar bilen söweşlerde öldürildi. Ahyrsoňy, 1190-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Frederik won Şwaben Akkanyň etegindäki haçlylaryň karargählerine gelip ýetdi we bu ýerdäki haçlylaryň arasynda uly iş görkezip, hassalap öldi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |