09:44 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Hyttyn ýeňşi we Palestinanyň halas edilmegi | |
ULY JYHAT
Taryhy makalalar
HYTTYN ÝEŇIŞI we PALESTINANYŇ HALAS EDILMEGI Soltan 1180-nji ýyldan başlap Kudus korollygyna garşy harby taýdan artykmaçlyk gazandy. 1183-nji ýyldan başlap bolsa Halap we Mosul meselesiniň çözülmeginden başga, käwagt haçlylar bilen söweşmegiň ýollaryny hem agtarýardy. Ahyrsoňy, 1186-nji ýylyň başlarynda Mosulyň hem Soltanyň häkimýetini ykrar etmeginden soň indi onuň öňünde ýeke-täk maksat, Kudusyň ýeňşi galypdy. Beýleki tarapdan Kudus korollygynda hem üýtgeşmeler bolup geçdi. 1185-nji ýylyň 11-nji aprelinde korol Boduin IV ýogaldy. Onuň ýerine geçen alty ýaşly doganynyň ogly Boduin V ýaşy kiçi bolandygy üçin Trabus grafy Raýmond III oňa howandar bellenildi. Raýmond ýaraşygyň tarapdarydy we ol Tabaryýa grafinýasyna öýlendi. Ol ülkesinde guraklyk bolandygy üçin Soltan bilen täze ylalaşyk şertnamasyny baglaşdy. Bu ylalaşykdan peýdalanan Soltan, gündogara ikinji ýörişine çykdy we Mosul meselesini çözdi. Şol wagt Kudus korollygynda häkimýet göreşi dowam edýärdi. Ahyrsoňy, 1186-njy ýylyň awgust-sentýabr aralygynda Gui de Lusignanyň we Reno de Şatillonyň topary döwleti ele aldy. Gui de Lusignan korol saýlandy. Muňa razy bolmadyk Raýmond III 1186-nji ýylyň tomsunda Soltan bilen ylalaşyp, özüniň korol saýlanmagy üçin goldaw bermegini isledi. Soltan hem oňa gerekli kömegi berjekdigini wada berdi. Tabaryýa graflygy Raýmonda tabyndy. 1186-njy ýylyň aýaklarynda Soltanyň çapawulçy bölümi Tabaryýa topragyndan Kudus korollygyny çenli çapawullyk etdiler. Ýöne iki tarapyň arasynda uly çaknyşyk bolmady. 1186-nji ýylyň aýakla-rynda Gui de Lusignanyň korol saýlanma-gynda uly rol oýnan Kerek-Şewbek patrigi Reno we Şatillon iki tarapyň arasyndaky şertnama garamazdan, patrikligiň üstünden geçip, Müsürden Şama gelýän bir kerweni talady. Kerwendäki goragçy esgerleri ýesir aldy. Salahaddin onuň bu hereketini iki tarapynyň arasyndaky şertnama ters gelýändigini duýduryp, kerweniň we ýesirleriň azat edilmegini hem Renodan, hem-de korol Guiden talap etdi. Onuň talaby kanagatlandyrylmansoň, 1187-nji ýylyň başynda Keregiň üstüne ýöriş etmäge karar berdi we esgerlerini jyhada çagyrdy. Soltan 1187-nji ýylyň 13-nji martynda (583-nji hijri ýylynyň başy) Damaskyň günortasyndaky Ragsylma diýen ýerde karargäh gurdy. Bu ýerde birnäçe gün bolansoň, gelýän uly goşuny garşylamak üçin özüniň uly ogly Mälik Afdaly goýup, özi ýörite goşunyny alyp Busra gitdi. Ol haçlylaryň haja gidýänleriniň ýoluna böwet bolmazlyklary üçin, tä, hajylar gaýdyp gelýänçä ol ýerde boldy. Soň bu ýerden Kerege ýöriş edip, Reno degişli topraklary talady. Reno bolsa Kerekden daşary çykmaga milt edip bilmedi. Soltan soňra Karýeteýn diýen ýerde Müsürden gelen bölüm bilen birleşdi. Şol wagt daş-töwerekden gelen esgerler Ragsylmada ýygnandylar. Mälik Afdal Tabaryýa hökümdary Raýmonddan rugsat alyp, Muzaffereddin Gökböri, Sarymeddin Gaýmaz Mejlem we Bedreddin Dildurum Ýarukyň serkerdeligindäki ýörite atly bölümini 1187-nji ýylyň 10-njy maýynda Safuryýa we Akka taraplaryna aňtawa iberdi. Bu bölüm Safuryýa golaýynda Raýmond tarapyndan bu razwedkadan habarly edilen templiýer tarykatynyň ýolbaşçysy Gerard de Ridefordyň serkerdeligindäki haçly goşunynyň hüjümine sezewar boldy. Bolup geçen çaknyşykda haçlylar uly ýeňlişe sezewar boldular. Bu kiçi ýeňiş, beýik ýeňşiň başlangyjy boldy. Soltan bu ýeňşi eşidensoň, Kerekden yzyna gaýtdy. Aştere diýen ýerde karargäh gurdy. Bu ýerde bir aýlap Mosul, Diýarbekr we Eljezire esgerleriniň gelmegine garaşdy. Iýulyň aýaklaryna Antakyýa patrikligine gözegçilik üçin iberilen Takyýeddin esgerleri bilen geldi. 24-nji iýunda esger depderlerine görä ýygnanan esgerleriň sanawy we derňewi geçirildi. Öň islegi bilen gelenlerden we pyýada goşundan başga 12000 sany yktaly we aýlykly atly goşun bardy. Soltan 25-26-njy iýunda goşunyny tertip-düzgüne salansoň, Tabaryýa taraplaryna ýöredi. Dogany Mälik Adyla hat ýazyp, Müsürdäki esgerleriň başynda durup duşman ülkesine girmegini buýruk berdi. Şol mahal haçlylar Raýmond bilen Gui de Lusignanyň arasyndaky düşünişmezligi çözüp, Darumdan Antakyýa çenli habar ýollap, ýygnap bilen goşunyny ýygnap, maý aýynyň başynda Safuryýanyň golaýynda karar-gäh gurdular. Aýdylyşyna görä, haçlylaryň 1200 bilen 2000 aralygynda rysarlary, 20 000 töweregi türkopol we pyýada goşunlary bardy. Soltan Ukuwaniýa diýen ýerde söweş mejlisini ýygnady we maslahat geçirdi. Netijede, duşman bilen meýdanda söweşmeli diýlen karara gelindi. Soltan esasy goşunyny bu ýerde goýup, 1187-nji ýylyň 1-nji iýulynda, penşenbe güni, irden Tabaryýanyň günbataryndaky dagyň eteginde Lubwa deresindäki Kefrsybt diýen ýerde düşledi. Bu ýeri meýdan söweşine laýyk ýerdi. Öň hatarky goşunlary Safuryýadaky duşman esgerlerini üstüne ok atyp, olary herekete getirdiler. Ýöne duşman meýdan söweşine taýýar däldigi üçin, ýerinden gozganmady. Soltan goşunyny söweş nyzamynda goýup, ýanyna ýörite goşunyny, atyjylaryny, nebit guýujylaryny, daşçylaryny we beýleki gabaw esgerlerini alyp, agşamara Tabaryýany gabady. Şäheriň galasyndan özge käbir ýerleri eýeledi. Galadaky Raýmondyň aýaly grafinýa Ehiwe haçlylardan kömek isledi. Haçly goşuny 2-nji iýulda, juma güni, irden Safuryýadan Tabaryýa tarap ýörişe çykdy. Salahaddin bu habary eşidip, ýyllar boýy özüniň garaşýan pursatynyň gelip ýetendigini gördi. Alla öwgi aýdyp, derrew goşunynyň başyna gaýdyp geldi. Haçly taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, ýörişe çykylmagyny Reno de Şatillon bilen Gui de Lusignan hem isläpdirler. Ymadeddiniň aýtmagyna görä, ýöriş etmek isleýänleriň hatarynda kont Raýmond hem bardy. Haçlylar ortada atlylar, olaryň daşynda bolsa pyýada goşunlaryny goýup diwar ýaly bolup gelýärdiler. Bu usul olaryň öň hem birnäçe gezek synap gören we özlerine peýdaly bolan usullarydy. Ýöne bu usul bu gezek hiç hili netije bermedi. Soltanyň goşuny olaryň öňünde durdy. Haçlylar ýene-de öňe ýöräp, bir guýynyň başyna ýetdiler. Soňra bu ýerden Tabaryýa tarap gitmek islediler. Ýöne musulmanlar olaryň daş-töweregini gabapdy. Soltany Takyýeddiniň we Gökböriniň serkerdeligindäki bölümleri duşmanyň eýelän guýusynyň ýerleşýän ýerine iberip, olaryň ýene-de yzyna, şol ýere barmaklaryna böwet boldy. Duşman hemmetaraplaýyn gabalypdy, ne öňe, ne-de yza gidip bilýärdi. Emma onda-da olar hatarlaryny düzüp, nyzamlaryny gorap saklaýardylar. Iki tarap gijäni duran ýerlerinde geçirip, erteki söweşe taýýarlanýardylar. Duşman suwsuzdy we biçäredi. Ertesi gün irden 3-nji iýulda, şenbe güni duşman ýörişiniň dowam etdirmek isledi. Emma ok ýagyşynyň aşagynda ýöräp bilmedi. Heniz gutarnykly söweş başlamandy, şol wagt Soltanyň memluklaryndan Mengubars atly bir gahryman duşmana ilkinji zarbany urdy. Duşman ony şehit etdi. Onuň bu şehitligi esgerleriň gahar-gazabyny getirdi we esgerler duşmana garşy hüjüme geçdiler. Gökböri hem ol ýerdäki gury otlary ýakdy, haçlylar halas bolmak üçin hüjüme geçdiler, ýöne uly ýitgä sezewar boldular. Duşmanyň hatarlary böwsüldi. Aralaryndan gaçmak isleýänler öldürildi. Trablus grafy Raýmondyň serkerdeligindäki bir atly bölüm rejäniň geň däldigini aňyp, Takyýeddiniň hatarlaryna duýdansyz hüjüm edip gaçmagy başardy we Saýda geldi. Käbir kiçi bölümler hem gaçyp töwerekdäki galalarda bukuldylar. Iň soňunda korol Guiniň töwereginde jemlenen 150 töweregi rysar yza çekilip hyttynyň depesinde ol ýerde saklamaga synanyşdy. Rysarlar atlaryndan inip korolyň gyzyl çadyrynyň töwereginde ýygnandylar. Muny gören musulman atlylary hem atlaryndan düşüp, olaryň we korolyň üstüne hüjüm etdiler. Rysarlar koroly gorajak bolup her näçe jan çekseler-de, netije bermedi. Akkanyň ýepiskopy öldürildi we hakyky haç musulmanlaryň eline düşdi. Goranýanlaryň bir topary öldürildi, bir bölegi bolsa ýesir alyndy. Ýesir alnanlaryň arasynda korol Gui, Reno de Şatillon, korolyň dogany Godefroi, Jubeýl häkimi Hugo II, Onfroi IV, templiýeriň ýolbaşçysy Gerard de Ridefort hem bardy. Ymadeddin şeýle diýýär: "Öldürilenleri gören kişi hiç kim ýesir alnan däldir öýderdi. Ýesir alnanlary gören kişi hem hiç kim öldürlen däldir diýerdi. Haçlylar gündogar kenarlaryna geleli bäri musulmanlar şeýle ýeňiş gazanmandyrlar. Beýleki hökümdarlaryň oňarmadyk işini Allatagala Soltana nesip etdi. Geň galaýmaly zat, eger atyny öldürmeseň üstündäki rysary öldürmek mümkin däldi. Olaryň üstibaşy durşuna demir sowutdy." Söweş gutaransoň Soltanyň otagy guruldy. Soltan şükür namazyny okady we atly-abraýly ýesirleriň getirilmegini isledi. Korol Gui bilen Reno de Şatillony getirdiler. Soltan koroly ýanynda oturdyp, onuň gorkusyny ýok etmäge synanyşdy. Suwsuz bolandygy üçin oňa suw berdi. Korol suwy içdi we galanyny Reno berdi. Soltan Reno özüniň suw içendigini aýtdy. Soňra terjimeçi getirip, Renonyň şertnamany bozandygyny ýatlatdy, we ony hut öz gylyjy bilen öldürdi. Gospitaliýer we templiýer tarykatynyň rysarlaryny hem öldürtdi. Beýleki ýesir alnan rysarlara zat diýilmedi. Olary Damask galasyna iberdi. Galan ýönekeý ýesirler bolsa ýesir edenleriň ellerinde galdy. Halypa we beýlekiler ýerlere iberilen hatlarda ölen we ýesir düşen duşmanyň ýitgi sany 23.000 bilen 60.000 aralygynda üýtgeýärdi. Kazy Fadylyň ýazan hatynda bolsa, duşmanyň 40.000-den hem köp esgerini ölendigini, Ymadeddiniň hatynda bolsa 30.000-den gowrakdygy nygtalýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |