09:53 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Kudusyñ eýelenmegi | |
KUDUSYŇ EÝELENMEGI
Taryhy makalalar
Şol wagt Kudusda haçly ýolbaşçylardan Hyttyndan halas bolan Balian d’Ibeli (ibn Barzan) bilen Patrik Geraklis bardy. Bula-ryň ikisi Hyttyndan halas bolan, beýleki eýelenen şäherlerden gelen templiýer we gospitaliýer tarykatlaryna we beýleki toparlara degişli rysarlar bilen şäherdäki esgerleri we meýletinleri şäheri goramak üçin taýýarlaýardylar. Beýleki eýelenen şäherlerden gelen halklar bilen şäheriň ilat sany has köpelipdi. Soltanyň Kudusa ýöriş edýändigini eşiden zahytlar we meýletinler hem gelip goşun hataryna goşuldylar. Soltan Kudusa golaýlan wagty onuň öň hatarky güýçlerinden has öňe giden Jemaleddin Şerwin bil Hasan Zerzanyň serkerdeligindäki bir harby bölüm Kubeýbat diýen ýerde duşmanyň hüjümine sezewar boldy. Emir Jemaleddin şehit edildi. Soltan 1187-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda, ýekşenbe güni, Kudusyň etegine gelip, şäheriň günbatarynda karargäh gurdy. Şäheriň daş-töwerek bilen aragatnaşygyny kesensoň, şäheriň daşyny gabamak üçin 5 günläp taýýarlandy. Galanyň demirgazyk tarapynda hüjüm etmäge mynasyp ýerde ýerleşdi. 25-nji sentýabrda juma güni bolsa karargähini ol ýere geçirdi. Şenbe güni manjynyklar bilen şäheriň galalaryny oka tutmaga başlady. Şäherdäki goragçylar hem gaýtawul berýärdiler we gorag diwarlarynyň öňüne çykyp musulmanlar bilen çaknyşýardylar. Iki tarapyň arasynda aýylganç çaknyşyklar we başa-baş söweşler bolup geçdi. Bu başa-baş söweşlerde Jaber galasynyň öňki häkimi Mälik Ukaýlanyň ogly Yzzeddin Isanyň birnäçe garyndaşyny ýeňensoň, iň soňky döwüşinde hem şehit bolmagy bilen musulmanlar depgini has-da güýçlendirdiler. Galanyň bir burçunyň aşagyny gazyp ýykdylar. Haçlylar ýeňlişe tarap barýandyklaryny aňyp, öz aralarynda mejlis geçirdiler we näme etmelidigi barada maslahat geçirdiler. Şäheriň ýaşlary näme bolsak şol bolaly diýip, soňuna çenli söweşeliň diýdiler. Balian bilen patrik bu hereketiň erbet netijelere alyp geljekdigini, aýallaryň, çagalaryň we halkyň ýesir düşmegine alyp geljekdigini maslahat berdiler we Soltandan aman dilemeli diýen karara geldiler. Soň Soltana ilçi iberip aman dilediler. Soltan olara aman bermedi, ilçä bolsa: "Haçlylar 91 ýyl mundan ozal Kudusy nädip basyp alan bolsalar, men hem şeýle edip basyp aljak" diýdi. Soňra hut Balianyň özi Soltanyň ýanyna geldi. Soltan ýene öňki jogabyny berdi. Onda Balian: "Eý Soltan, sen şuny bil. Biz bu şäherde gaty köpdüris. Bu ynsanlar senden aman umyt edýändikleri üçin gowşak söweşýärler. Olar ölmek däl, ýaşamak isleýärler. Ýöne eger ölümden başga çäräniň ýokdugyny görsek, onda çagalarymyzy, aýallarymyzy öldüreris, mal-mülklerimizi ýakarys, size olja alara hiç zat goýmarys, ýesir alar ýaly ynsan goýmarys. Soňra Kubbaatyl-Sähra we Aksa metjidi ýaly mukaddes ýerleri ýykyp-ýumrarys, elimizde ýesir bolan 5000 musulmany we atlarymyzy öldüreris, soňra bolsa hemmämiz bilelikde siziň garşyňyza çykyp diňe öz janyny we ganyny goraýan kişi hökmünde siz bilen söweşeris. Şonda her bir adam özi üçin birnäçe kişini öldürmezden özi ölmez, ýa abraý bilen öleris ýa-da ýeňiji bolarys" diýdi. Soltanyň ýanyndaky emirler "Bular aýdanlaryny ederler" diýdiler. Mundan soň Soltan emirleri bilen maslahatlaşyp, fidýe tölemek şerti bilen duşmana aman bermäge razy boldy. Iki tarapyň arasynda geçirilen gepleşiklerden soňra, Soltan 1187-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda (583-nji ýylyň rejep aýynyň 27-si) juma güni Kudusy aman berip eýeledi. Şäherdäki haçlylar 40 günüň içinde erkek başyna 10, aýal başyna 5, çaga başyna 2 dinar (altyn) fidýe tölänlerinden soň şäheri terk edip, islän ýerlerine gidip biljekdiler. Şeýle hem Soltan olara bu fidýäniň tölenmeginde käbir ýeňillikler berdi. Käbirlerini fidýe bermekden halas etdi. Kyrk günüň içinde şäherdäki haçlylar fidýelerini tölänsoňlar şäherden çykyp, Sur şäherine gitdiler. Soltanyň aýallara, çagalara we beýlekilere hoşniýetli gatnaşyk etmegi hut haçlylar tarapyndan gowy garşy alnypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |