12:56 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Mälik Adyl bilen müsür flotunyň gelmegi | |
MÄLIK ADYL BILEN MÜSÜR FLOTUNYŇ GELMEGI
Taryhy makalalar
Ýokarda Soltanyň dogany Mälik Adylyň Müsür esgerleriniň başynda durup, Akka çagyrylandygyny aýdypdyk. Soltan Harruba karargähine gelensoň, uzak ýerlerden gelen esgerlere ülkelerine gaýtmaga rugsat berip, ýazda ýene jemlenmekleri üçin tabşyryk berdi. 1189-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Mälik Adyl Müsür goşuny bilen Akka geldi. Onuň goşunynda sudanlylardan we kyptylardan düzülen pyýada goşun bardy. Şeýle hem uly möçberde ýarag we azyk getiripdi. Mälik Adylyň gelmegi syrkaw ýatan Salahaddiniň we goşunyň ruhuny göterdi. Soltan şeýle hem Damaskyň pyýada esgerlerini we meýletinleri gulluga çagyrdy. Pyýada goşun bilen meýletinler duşmanyň üstüne üznüksiz hüjüm edýärdiler, duşmanyň karagähine talaň salyp, olaryň atlaryny we esgerlerini ürküzýärdiler, duşman çadyrlarynda olaryň esgerlerini hanjarlaýardylar. Olara duzak gurardylar. Ýöne duşman ähli kynçylyga döz gelip, orunlaryny terk etmeýärdi. 26-njy dekabrda Mälik Adyldan soňra Husameddin Lulunyň serkerdeliginde tejribeli deňizçiler bilen üpjün edilen 50 galereýalyk Müsür floty gelip, Akkanyň etegindäki duşman gämileriniň gabawyny ikä böldi we bir söweş gämisi bilen bir azyk gämisini tutup, Akkanyň portuna getirdi. Şol wagt gyş möwsüminiň gelen-digi üçin çaknyşyklar ýatyşypdy. Soltan flotdan peýdalanyp Akka azyk, ýarag we esger getirip şäheri güýçlendirdi, şähere manjanyk we nebit atýan gurallary saldy. Şol wagt haçlylaryň karargählerinde söweşiji aýallardan başga umumy aýallar, ýagny jelepler hem bardy. Akkadaky esgerler bir gijede duşmanyň meýhanalaryna çozup, jelepleriň käbirini şähere alyp geldiler. Hatda Ymadeddiniň aýtmagyna görä, 300 sany jelep bir gämi bilen Ýewropadan haçly karargähine gelipdir. Muny eşiden musulman esgerleriň käbiri duşman karargählerine gaçyp gitdiler. Şeýle hem Soltan Akka gabawynyň uzaga çekjekdigini aňyp, daş-töweregindäki hökümdarlara ilçi iberip, ýarag we harby taýdan kömek etmeklerini sorady. Ýöne bu ýörişe hem öz tabyn hökümdarlaryndan başga kömek beren tapylmady. 1189-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Akka karargähin-de, Soltanyň ýakyn serkerdesi Fakyh Zyýaýeddin Isa wepat boldy. ____________________ feth Kussi, 247-248 s. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |