01:15 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Nureddin ibn Mahmyt Zeňňi | |
NUREDDIN MAHMYT IBN ZEŇŇI
Taryhy makalalar
ZEŇŇILER BILEN EÝÝUPLYLARYŇ BILELEŞMEGI, ŞAM we EL-JEZIRE SEBITINDE GÜÝÇLI YSLAM BILELEŞIGINIŇ DÖREDILMEGI Ýokarda 1131-nji ýylda Seljukly Soltany Mahmydyň ölüminden soň ýüze çykan tagt ugrundaky göreşlere Zeňňiniň hem goşulandygyny we onuň halypa Musterşit bilen Garaja Sakynyň goşunyndan ýeňlendigini agzap geçipdik. Şol wagtlar Tikrit häkimi Nejmeddin Eýýup oňa kömek edip, duşmanyň kowgusyndan halas edipdi. Eýýuplylar taryh sahnasyna ilkinji gezek bu hadysa sebäpli hem-de Seljukly wezirlerinden bolan Ezizeddin Mustawfynyň garşydaşy Derguzini tarapyndan Tikritde zyndana salnyp, soňra öldürilmegi sebäpli girýärler. Eýýuplylar ilki-ilkiler Şetdadylaryň paýtagty Duwinda (Ýerewanyň töweregi) Şetdadylaryň hyzmatynda bolupdyrlar. Atalary Şady Seljukly Soltan Muhammet Taparyň we onuň ogly Soltan Mahmydyň döwründe ussatdar bolan Bähruz Hadymyň dostudy. Onuň maslahaty bilen Şady Tikrit şäheriniň häkimligine bellendi. Käbir taryhçylaryň onuň Yraga gaýtmagyny Duwindäki işleriniň dargamagy bilen baglanyşdyrmaklary nädogrydyr. Olar Yraga 1126-njy ýyldan öň gelipdirler. Bähruz tarapyndan Tikrite häkim bellenilen Şady uzak ýaşaman ýogalýar. Bähruz onuň ýerine uly ogly Nejmeddin Eýýuby geçirýär. Kiçi ogly Şirkuh hem agasynyň kömekçisi bolýar. Eýýup bilen Şirkuh 1131-nji ýyldan soň Zeňňi bilen dostluklaryny has hem ýakynlaşdyrdylar. Onuň bilen ylalaşyp Bähruzyň hyzmatyndan çykdylar. Olar Salahaddiniň dünýä inen ýyly bolan 1137-nji ýylda Tikritden çykyp Mosula gitdiler. Zeňňi olara Şährizurda we Mewzurda yktalar berdi. Eýýup bilen Şirkuh Tikritde häkim bolandyklary üçin ikisi hem emir (beg) hasaplanýardylar we olaryň golastynda esgerleri bardy. Olar Zeňňiniň ýörişlerine goşuldylar. Zeňňi 1134-nji ýylda Şam sebitiniň uly merkezleriniň biri bolan Baalbek şäherini basyp aldy we Nejmeddin Eýýuby bu şäheriň häkimligine belledi. Bu Eýýuby täze ýüze çykan bir şahsyýet hökmünde däl-de, haçlylar bilen börüleriň arasynda galan dartgynly we dawaly bolan ýere häkim bellenilmäge mynasyp, ynamdar, asylly we türkmenleriň arasynda uly abraýly emirdigini görkezýär. Eýýubyň dogany Esededdin Şirkuh hem Zeňňiniň uly serkerdeleriniň biri hasaplanýardy. Iki dogan golastlaryndaky memluklar we beýleki esgerler bilen Zeňňiniň haçlylara garşy söweşlerine goşuldylar. Şirkuh 1144-nji ýylda Urfa edilen hüjümde ýer alýardy, Eýýup bolsa haçlylara garşy söweşde Baalbek söweşindedi. Şol wagtlar Mälik Adyl bilen Takyeddin dünýä inýär. 1146-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Zeňňi Jaber galasynda öldürilenden soň, onuň döwleti ogullary Seýfeddin Gazy bilen Nureddin Mahmydyň arasynda ikä paýlaşyldy. Seýfeddin Gazy Zeýneddin Kiçi Alynyň kömegi bilen Mosuly, Nureddin Mahmyt hem Esededdin Şirkuhyň kömegi bilen Halaby eýeleýärler. Ymadeddin Yspyhanynyň aýtmagyna görä Şirkuh Nureddin Mahmyda Halaba eýe bolanyň Siriýa we Eljezirä hem eýe boljakdygyny aýdypdyr. Bu wakadan soň Şirkuh Nureddin Mahmydyň iň ýakyn kömekçisi we baş serkerdesi bolýar. Zeňňiniň ýogalan ýyly Urfada ýüze çykan gozgalaňyň basylyp ýatyrylmagynda, soňky ýyl hem Artah şäherini basyp alanda Şirkuh elmydama Nureddiniň ýanynda bolupdyr. Baalbek hökümdary Nejmeddin Eýýup hem Nureddiniň tarapyndady. Ýöne ol Zeňňiniň ölüminden soňra Damask atabegi Mugyneddin Uneriň Baalbegi gabawa almagy we Nureddiniň kömege gelmezligi sebäpli börüleriň hyzmatyna girmäge mejbur boldy. Ol Damaskyň uly emirleriniň hataryna goşuldy. Urfa şäheriniň Zeňňi tarapyndan basylyp alnyp, Fyratyň gündogaryndaky haçly döwletleriniň düýbünden ýok edilmegi, Ýewropada täzeden haçly ýörişiň başlanmagyna sebäp boldy. II Haçly ýöriş diýlip atlandyrylan bu ýörişe Germaniýa imperatory Konrad III bilen Fransiýa koroly Luis VI hem gatnaşdy. Gündogardaky haçly güýçleri bilen birleşen bu uly haçly goşuny 1148-nji ýylyň 24-28-nji iýulynda Damasky gabawa aldy. Haçlylar Halap häkimi Nureddine Mosul häkimi Seýfeddin Gazynyň kömege gelmegi netijesinde Damask galalaryndan çekilmäge mejbur boldular. Bu gabaw mahalynda Takyýeddin Omar bilen Yzzeddin Ferruh şanyň kakalary we Salahaddiniň kakasynyň dogany Şahyn şa şehit boldy. Ibn Abu Taýy bolsa onuň bu ýylyň rejep aýynda bolup geçen Ýagra söweşinde şehit bolandygyny aýdýar. Nureddin haçlylar Damask gapylarynyň eteginden yza çekilenden soňra, Uraýma galasyny eýeledi. 1148-nji ýylyň noýabr we 1149-njy ýylyň 2-nji iýul aýlarynda bolup geçen Ýagra we Innip söweşlerinde Demirgazyk Siriýada haçlylardan üstün çykyp iki sany uly ýeňiş gazandy. Innip söweşinde Antakyýa patrigi Raýmondy öldürdi, Afamiýe bilen Harym galalaryny yzyna gaýdyp aldy we Antakyýa topraklaryna hem zyýan ýetirdi. Bu söweşde Esededdin Şirkuh uly gahrymanlyk görkezipdi we Halap şahyrlarynyň biri tarapyndan wasp-landyryldy. Bu ýyl Sinjaryň Nureddin tarapyndan eýelenmeginde, Humsuň Rakka we Rahba şäherleriniň Mosullylar bilen çalşylmagynda Şirkuhyň uly roly bolupdyr. Nureddin bu wakalardan soň 1151-nji ýylda Halabyň demirgazygynda özüniň ganym duşmany bolan Žoskelin II ýeňildi. Ýöne aradan köp wagt geçmezden türkmenleriň kömegi bilen ony ýesir aldy we yz ýanyndan hem Dulukda haçlylary uly ýeňlişe sezewar etdi. Soň bolsa Fyratyň günbataryndaky Urfa graflygyna degişli galalary eýeläp, demirgazyk Şamdaky we Eljeziredäki häkimýetini berk ornaşdyrdy. DAMASKYŇ EÝELENMEGI Nureddin mundan soň kakasynyň hem arzuwlap amala aşyryp bilmedik we Şamdaky yslam bileleşiginiň amala aşmagy üçin esasy şert bolan Damask atabegliginiň mülklerini eýelemäge ýöneldi. Ikinji Haçly ýörişiň maksady Damask atabegligini eýelemekdi. Nureddin we haçlylar bu sebiti eýeläp, harby deňagramlylygy garşy tarapyň zyýanyna bozmak isläpdirler. Şonuň üçin iki tarap hem şäherde özlerine tarapdar gözläpdirler. Damask atabegi Abak özüniň häkimýetini goramak üçin käwagt haçlylar bilen ylalaşykly hereket edýär eken. Nureddiniň tarapdarlarynyň ýolbaşçysy bolsa Nejmeddin Eýýupdy. Ýokarda Nejmeddiniň ogly Şahyn şanyň Nured-diniň golastynda Ýagra söweşinde şehit bolandygyny agzapdyk. Ikinjiden Eýýup bilen onuň dogany Şirkuh biri-biri bilen ýakyn gatnaşyk saklaýardylar. Çeşmeleriň hemmesi diýen ýaly Nureddiniň Damasky eýelemeginde eýýuplylaryň uly hyzmatlarynyň bolandygyny nygtaýarlar. 1151-nji ýylda Nureddin Damasky gaban wagty damasklylaryň wekili Eýýup bilen Nureddiniň wekili Şirkuhyň arasynda geçirilen gepleşiklerde Damaskyň Nureddine tabyn bolmagy baradaky netijä geldi. Mundan soňra haçlylar bilen bolan söweşlerde Damask Nureddine kömek bermelidi. Bir çaklama görä, Salahaddin şol wagt Nureddiniň hyzmatynda eken. Ýöne aradaky ylalaşyga garamazdan, damasklylar Nureddine wepa bermändirler. Atabeg Abak haçlylar Askalany gaban mahalynda şähere kömege gelmeýär. 1154-nji ýylyň başlarynda haçlylar Askalany eýelänsoňlar, bar ünslerini Damaska dikdiler. Netijede, Nureddin Şirkuhyň serkerdeliginde 1000 esgerlik atly goşuny Damaskyň üstüne iberdi. Atabeg Abak we onuň tarapdarlary haçlylardan kömek islediler. Ýagdaýyň howpludygyny gören Nejmeddin Eýýubyň ýolbaşçylygyndaky Nureddiniň tarapdarlary Esededdin Şirkuh bilen gepleşik geçirip, Nureddini Damaska çagyrdylar. Esasy güýçleri bilen Damaska gelen Nured-din demirgazykdan, Şirkuh bolsa günortadan şähere girdi. Damask eýelenensoň, yz ýanyndan Baalbek, Hawran, Busra şäherleri hem zabt edildi. Netijede, Şam we Eljezire sebitlerinde Nureddin tarapyndan uly syýasy we harby güýç emele getirildi. Bu wakalardan soňra Halap bilen Damask Nureddiniň paýtagty boldy. Damask eýelenenden soňra, eýýuplylaryň güýçleri has hem artdy. Damask häkimi Nejmeddin Eýýup Nureddiniň mejlislerinde aýratyn orna eýe boldy. Şirkuha ykta hökmünde Rahba we Tedmur berildi we Damaskda Nureddiniň naýyby boldy. Ibn Esiriň «Daryl-adlyýa» (adalat köşgüniň) gurulmagy mynasybetli berýän maglumatlaryna görä, Şirkuhyň döwletiň içindäki güýji Nureddiniň güýjüne deňleşipdir. 1155-nji ýylda Nureddin Tell Başyry eýeledi. Soňra 1156-1157-nji ýyllarda Harymy bilen Banýasy gabady. Şol wagt onuň serkerdesi Şirkuh golastyndaky türkmenler bilen demirgazyk Siriýada birnäçe ýeňişleri gazandy. Nureddin Tabaryýanyň töwereginde Boduin III ýeňlişe sezewar etdi. Bu wakalardan soňra Nureddin iki gezek agyr kesele duçar boldy. Onuň düşen ýagdaýyndan peýdalanan haçlylar Harymy yzyna aldylar. Nureddin 1159-1161-nji ýyllarda mosullylar we Anadoly Seljuklylary bilen meşgul boldy. Ol günbatar Anadoludaky mülk ýerlerini giňeltdi. Şeýle hem, 1156-njy ýylda Eýýup, 1161-nji ýylda bolsa Şirkuh Şamyň adyndan hajy emiri bolup gitdiler. ____________________________ Zubdetul-Nusra, 210-211 s. Wefeýatul-agýan, II, 162 s, Rawzeteýn, I, 55 s. Ibn Esir, XI, 131, 134, 144, 149 c, Rawzateýn, I, 55 c. Rawzateýn, I, 94 s. Nureddin, II. 486-488 s.; Salahaddiniň döwrґnde eýýuplylaryñ döwleti, 34 s. Nureddin, II. 508-533 s. Ibn Asakir, Taryhy Damask, Damat Ybraýym, nr: 675, IV 376-377 s. Ibn Esir, XI 263 s. Mirgatuz-zaman, VIII. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |