16:18 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Safad, Köwkep, Kerek, Şewbek... galalarynyň alynmagy | |
SAFAD WE KÖWKEP GALALARYNYŇ GABALMAGY
Taryhy makalalar
Köwkep galasy gospitaliýer, Safad galasy bolsa templiýer rysarlaryna degişlidi. Hyttyndan halas bolan gospitaliýer rysarlarynyň bir bölegi Köwkebe, templiýer rysarlarynyň bir bölegi bolsa Safada gelipdiler. Örän berk bolan bu iki gala köpden bäri özüni gorap gelýärdi. Emma daş-töweregindäki galalaryň eýelenendigi üçin bu galalar ortada ýalňyz galypdylar. Bu ýerlerdäki rysarlar daş-töwerekdäki halka zyýan berýärdiler we talaňçylyk edýärdiler. Soltan Beýruty eýeländen soňra Askalana barýarka, Seýfeddin Mahmyt Esedini Köwkebiň gabawyna, Seýfeddin Mahmyt Saltyny bolsa Safadyň gabawyna iberipdi. Köwkebi gabawa alan Seýfeddin Mahmyt bu ýere golaý ýer bolan Afrbela galasynda ýaşaýardy. Gyş gelende Köwkepdäki rysarlar gala girdiler. Muňa aldanan Seýfeddin duşmany äsgermän, ätiýajy elden berdi. 1188-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagyşly gyş gijesidi. Köwkepdäki rysarlar öz üstlerindäki gözegçiligiň gowşandygyndan peýdalanyp, şol gije Afrbela hüjüm etdiler. Olar nobatçylaryň uka gitmeginden peýdalanyp gala girdiler, Seýfeddin Mahmydy we birnäçe esgerleri öldürdiler. Soltan Suruň gabawyny goýbol-sun eden güni bu habary eşitdi. Derrew Tabaryýanyň häkimi Sarymeddin Gaýmaz Nejminiň serkerdeliginde 500 kişilik atly goşunyň Köwkebiň gabawyna iberdi. Soltan 1188-nji ýylyň mart aýyna çenli Akkada boldy. Şol wagt şäheriň gorag we gurluşyk işlerini amala aşyrdy. 1188-nji ýylyň martynda bolsa ýörite bölümi bilen Akkadan Damaska gitdi. Ýolda martyň ortalarynda Köwkebi gabawa aldy. Howa sowukdy, esgerler hem azdy. Şäheri bir aýlap gabandan soňra, gowy taýýarlyk görülmese alyp bolmajakdygyna göz ýetirdi. Ol Sarymeddin Gaýmazy galanyň gabawynda goýdy. Şeýle hem Safadyň gabawyna bellenilen Mahmyt Salty hem şehit bolupdy. Soltan onuň ýerine Togrul Jandary belledi we 1188-nji ýylyň 30-njy aprelinde Damaska gitdi. 5-nji maý güni damask halky Soltany uly şatlyk bilen garşy aldy. Şol wagt Şamlylaryň haj emiri we Soltanyň uly serkerdelerinden Şemseddin bin Mukaddemiň Arafatda halypanyň haj emiri Daştegin tarapyndan şehit edilen-diginiň habary gelip ýetdi. Soltan onuň ýerine ogly Yzzeddin Ybraýymy belledi. • ANTAKYÝA PATRIKLIGINIŇ TOPRAKLARYNYŇ BASYLYP ALYNMAGY Soltan Damaska gaýdyp gelensoň «Daryl-adylda» (Damaskyň lakamy) halkyň isleg-arzuwlaryny diňlemek, alymlaryň ylym we söhbetdeşlik mejlislerini gurnamak günlerini geçirdi. Onuň gaýdyp gelenine ýaňy 5 gün geçende, haçlylaryň Surdan çykyp, Jubeýl şäherine çozandyklarynyň habary geldi. Soltan dogany Mälik Adyla hat ýollap, Tybnine gelip haçlylaryň here-ketlerine gözegçilik etmegi tabşyrdy. Özi hem 1188-nji ýylyň 10-njy maýynda ýörite bölümini alyp Baalbeke gitdi. Ol ýerde hem Sinjaryň häkimi Ymadeddin Zeňňiniň esgerleri bilen Humsda garaşýandyklaryny eşitdi. Onuň ýanyna gitdi. Takyýeddine we ogly Mälik Zahyra Halap-Hama güýçleriniň başynda Antakyýa patrikliginiň toprakla-ryna girmeklerini buýruk berdi. Özi bolsa Ymadeddin Zeňňi bilen Trablus graflygyna degişli Arka galasyna hüjüm etdi. Bu ýörişde Soltanyň ýanynda Ymadeddin Kätip, Ibn Şetdat we Ibn Esir ýaly üç sany uly taryhçy bardy. Bu üç taryhçy Soltanyň bu ýörişini giňişleýin beýan edýärler. Soltan Humsdan çykyp, Trablusyň derwezesi hökmünde bolan Arka galasynyň üstüne ýöredi. Şol wagt Raýmond III ýogalypdy, onuň ýerine Antakyýa patrigi Bohemund III kiçi ogly Bohemund IV geçipdi. Salahaddin daş-töwerekden meýletinleriň hem goşulmagy bilen gysga wagtdan soňra Kadas kölüniň golaýynda ýerleşensoň, 1188-nji ýylyň 30-njy maýynda Hysnyl-Ekradyň gündogarynda düşledi. Iki gün soňra Gökböri bilen Ymadeddin Zeňňi Trablus graflygyna aňtaw niýeti bilen çapawulçylyk etdiler. Olar Ýahmur galasyny eýeläp, yzyna gaýdyp geldiler. Şol wagt Jebele şäheriniň kazysy Mansur bin Nebil gelip, Soltanyň Jebele we töwe-regindäki galalara ýöriş etmegini haýyş etdi. Özüniň hem kömek etjekdigini aýtdy. Jebeläniň töwereginde musulmanlar köpdi. Haçlylar ylalaşyk boýunça bu musulmanlaryň içerki işleriniň dolandyrylyşyny Jebele kazysyna ynanypdylar. Şeýle hem şol mahal Jebeli-Bahranyň şyhlary gelip, tabynlygyny bildirdiler. Soltan olara sylag-hormat etdi. 1188-nji ýylyň 1-nji iýul güni Soltanyň goşuny söweş nyzamynda, sag ganatda Ymadeddin Zeňňi, merkezde Soltan, çep ganatda Gökböri ýerleşensoňlar, duşma-nyň topraklaryna girdi. Öňde sag ganat, ortada merkezi ganat, yzda bolsa çep ganat gidýärdi. Soltan 3-nji iýulda Antartusyň golaýyndaky kenara geldi. Bir sagat soňra Antartus şäherini eýeledi. Goragçylar templiýer tarykatynyň ýolbaşçysy Gerardyň serkerdeliginde galanyň içine gaçyp girdiler. Ähli güýçler sarp edilmegine garamaz-dan, templiýer rysarlary tarapyndan goralýan galany alyp bilmediler. Soltan soňra gabaw üçin birnäçe esger goýup, özi Marakyýýa gitdi. Şäherdäki haçlylar Markap galasyna gaçypdylar. Soltan şähere ýolbaşçy bellänsoň, Markap galasynyň öňünden geçýän ýoldan Jebele tarap gitdi. Ýol Markap galasy bilen deňiz kenaryndaky dar ýerden geçýärdi. Soltan bu ýere gelende 60 galereýalyk Sisiliýa flotunyň bu ýeri eýeländigini gördi. Markap örän berk ýer bolandygy üçin, bu ýerde wagt ýitirmedi. Ýoluň deňiz tarapyna germewaçlar goýup, garym gazdyrdy. Olaryň yzlaryndan nebit atýanlary ýerleşdirdi we duşmanyň flotuny kenardan uzaklaşdyrdy. Ýoluny dowam edip Banýasa bardy. Halk şäherden gaçypdy. Bu ýerde Takyýeddin bilen ogly Mälik Zahyr hem gelip oňa goşuldylar. Soltan 15-nji iýul juma güni Jebele bardy we şäherdäki musulmanlar tarapyndan garşy alyndy. Haçlylar bolsa portuň ýanyndaky diň bilen galada bukulyp, goranyşy dowam etdirdiler. Iki tarapyň arasynda aýylganç çaknyşyk boldy. Şäheriň kazysy Mansur bin Nebil olardan galany eger aman berilse tabşyrjakdyklaryna degişli söz alansoň, Soltandan olar üçin şepagat di-ledi. Haçlylar Antakyýada ýesir saklanýan Jebele musulmanlaryny hem azat etjekdik-lerine söz berensoňlar, Soltan olara hem aman berdi. 16-njy iýulda şenbe güni haçlylar mallaryny, ýaraglaryny, atlaryny we galany tabşyryp, özleri Mansur bin Nebiliň arada durmagy bilen Bikisraýyl galasynyň musulmanlara hem Soltana tabynlygyny beýan etdiler. Soltan bu ýerleriň dolandyrylyşyny Şeýzeriň häkimi Sabykeddin Osmana berdi. Soltan Jebeleden Lazykyýa geçdi. 21-nji iýunda şäheri eýeledi. Galada bukulan haçlylaryň daşyny gurşap aldy. Goragçy-lar galanyň elden gitjekdigine gözleri ýetensoň, 24-nji iýunda şenbe güni Jebele kazysy Mansuryň araçyllygy bilen şäheri bermäge ylalaşdylar. Soltan olara göterip bilen mallaryny we ýaraglaryny ýanlaryna alyp, galany tabşyryp Antakyýa gitmeklerine rugsat berdi. Ýerli hristianlar we ermeniler jizýe bermegi kabul edip, bu ýerde galdylar. Lazykyýa örän owadan şäherdi. Gabaw wagtynda uly weýrançylyk çekipdi . Soltan bu ýeriň dolandyrylyşyny mamlugy Husameddin Sungur Halata berdi. Soňra bolsa bu ýeri Takyýeddiniň topraklaryna goşdy. Takyýeddin bu ýeriň gurluşygyny täzeläp, berk gala ýagdaýyna getirdi. Ymadeddin bilen Ibn Esiriň aýtmaklaryna görä, Margaritos serkerdeligindäki Sisiliýa floty Soltanyň şäheri eýelemegine böwet bolmaga synanyşsa-da, hiç zat edip bilmändir. Margaritos Soltanyň ýanyna gelip: «Sen beýik, jomart we merhemetli Soltansyň. Adalatyň we abraýyň hemme ýere ýaýrady... Senden gorkan bu ynsanlara ülkelerini yzyna berseň olar saňa gul bolarlar. Emma eger olary kowsaň we ganla-ryny dökseň, deňziň aňyrsyndaky ähli hristianlar we hökümdarlar saňa garşy çykarlar. Sen olaryň öňünde durup bilmersiň» - diýipdir . Soltan Lazykyýadan Sahýuna geçdi. 26-njy iýulda bu örän berk galany gabamaga başlady. Aýylganç çaknyşyklardan we man-janyklardan atylan daşlardan soňra 1188-nji ýylyň 29-njy iýulynda juma güni, Soltan bu ýeri Kudusyň şertlerine meňzeşräk şert bilen aman berip eýeledi. Haçlylar bellenilen fidýäni töläp, şäheri terk etdiler. Mundan soňra Aýzu, Jemahiriýe, Balatanus galalary hem boýun boldular. Lazykyýa we Ihbele howpsuzlygy üpjün edilendigi üçin Antakyýa ýol açyldy. Soltan Sahýuny we töweregini Abu Kubeýs häkimi Nasyreddin Mengubarsa berdi. Bu ýer memluklar döwründe 1271-nji ýyla çenli onuň neberesiniň häkimýetinde galdy. Soltan bu ýerden demirgazyk-gündogara tarap gidip, 2-nji awgustda Asy derýasynyň töweregindäki Bakas galasyny gabady. Iki günden soňra hem bu ýeri eýeledi. Ýöne bu ýere degip duran we hüjüm bilen eýelemegi mümkin bolmadyk Şagr galasy goragyny dowam etdi. Soltan bu ýeri berk gabawa alsa-da, ýeňip bilmedi. Şol wagt galadaky goragçylar, Antakyýa häkimi Bohemund III rugsat alyp bilseler, galany berjekdikleri hakda habar ýolladylar. Netijede 11-nji awgustda Bohe-mundyň rugsady bilen galany terk edip, Antakyýa gitdiler. Soltan bu ýeri Garseddin Gylyja berdi. Garseddin bu ýerde ýakyn bolan ermenileriň elindäki Kefr-Debin galasyny hem eýeledi. Soltan bu ýerden ogly Mälik Zahyry Sermunyýe galasyny eýelemäge iberdi. Mälik Zahyr bu galany 18-nji awgustda juma güni eýeledi. Bulardan soňra Antakyýa galalaryndan Markap, Berzuýa, Kusaýr, Bag-ras, Suweýdiýe we Derbasyk galdy. Antakyýa patrikligi eli, aýagy atanaklaýyn kesilen bir ynsan ýaly ysmaz bolup galdy. Sermunyýäniň eýelenmeginden soňra Agfamiýa etegindäki Berzuýa galasy gabaldy. Soltan bu örän berk galany öňürti daş okuna tutsa-da, hiç hili netije bermedi. Mundan soň galadaky goraýjylaryň azly-gyndan peýdalanyp, hüjüm bilen zabt etmäge synanyşdy. Goşunyny üçe bölüp, nobatla-şyp yzygiderli hüjüme başlady. Netijede iki günlük çaknyşyklardan soňra 23-nji awgust güni galany gylyç bilen eýeledi. Bu ýer Antakyýa patriginiň aýaly Sibillanyň gyz doganyna degişlidi. Sibilla Soltanyň iça-lysydy. Soltan oňa sowgatlar iberdi. Galanyň eýelenen wagty Sibillanyň gyz dogany we ýakyn garyndaşlary hem ýesir alnypdy. Sol-tan olary azat edip, tä Antakyýa barýança goragçylar bilen eltdi. Sibilla Soltanyň bu hoşniýetliliginden hoşal boldy. Salahaddin bu ýerden Asy derýasynyň gündogaryna geçdi. 1188-nji ýylyň 2-nji iýulynda juma güni, templiýerlere degişli Derbasak galasyny gabawa aldy. Aýylganç çaknyşyklardan soňra Antakyýa patrikliginden rugsat alyp, 16-njy sentýabrda juma güni goragçylar galany terk etdiler. Olar kişi başyna bellenilen fidýäni töläp Antakyýa gitdiler. Soltan bu ýerden Bagrasyň üstüne ýöredi. Goşunynyň bir bölegini bolup biläýjek hüjümden habardar bolmagy üçin Antakyýanyň galalarynda ýerleşdirdi. Soňra bolsa templiýer rysarlaryna degişli bu berk galany gabamaga başlady. Goragçylaryň azlygyna garamazdan, bu ýeri bir hepdelik hüjümden soňra, 1188-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda eýeledi we bu galanyň dolandyrylyşyny Alemuddin Süleýman bin Jandara berdi. Soňra bolsa 1191-nji ýylyň aýaklarynda III Haçly ýörişiniň kyn günlerinde bu gala ýykdyryldy. Soň erme-niler bu galany täzeden dikeltdiler. Bu ýerden Halap topraklaryna çenli çapawulçylyk etdiler. Bagras şäheri ýeňilensoň, Antakyýa patrigi Bohemund III aýaly Sibillanyň gyz doganyny iberip, ýaraşyk isledi. Şol wagt Antakyýa patrikligine degişli Suweýdiýe, Markap, Kusaýr we Antakyýadan başga berk gala galmandy. Soltanyň niýeti bu iň soňky birnäçe galalary hem eýeläp ýörişini tamam-lamakdy. Ýöne esgerleri alan oljalaryndan razydylar we olar bu uzak ýörişden soň yzlaryna gaýtmak isleýärdiler. Soltan esgerleriň we serkerdeleriň haýyşy bilen ýaraşyk teklibini kabul etdi. Soltanyň wekili Şemseddöwle Abul-Harys Abdyrahman bin Munkyz bilen Antakyýa wekille-riniň arasynda geçirilen gepleşiklerden soňra, Antakyýadaky ähli musulman ýesirle-riň azat edilmek şerti bilen, 1188-nji ýylyň 26-njy sentýabryndan indiki ýylyň maý aýyna çenli gysga möhletli şertnama gol çekildi. Soltanyň şertnamanyň möhleti gutarandan soň Antakyýanyň üstüne ýöriş etmek meýli bardy. Ýöne III Haçly ýörişiniň başlanmagy bilen onuň Antakyýa eli hem degmedi. • KEREK, ŞEWBEK, SAFAD WE KÖWKEP GALALARYNYŇ EÝELENMEGI Antakyýa bilen şertnama gol çekilenden soň, Soltan gündogar esgerlerine rugsat berdi. Ol 5-nji noýabrda Halaba, ol ýerden hem Damaska bardy. Damaskda köp bolmady. Sebäbi Ýewropada ýene-de haçly ýöriş üçin taýýarlyk görülýändigine degişli habarlar gelýärdi. Ol Safad we Köwkep galalaryny alyp, ýanyndaky esgerleri bilen Safada ýöredi. Hunyndaky dogany Mälik Adyl hem oňa gelip goşuldy. Berk gabawdan soňra 1188-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Safady, 1189-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda Köwkebi aman bilen eýeledi. Bu ýerdäki goragçylar hem Sura gitdiler. Soltan Safady Togrul Jandara, Köwkebi hem Sarymeddin Taýmaz Nejmä berdi. Şol wagt Kerek we Şewbek galalary hem basylyp alnypdy. Reno de Şatillonyň öldürilmeginden soňra bu patriklik onuň aýaly Etiýennettäniň eline geçipdi. Etiýen-nette Kudusyň eýelenen wagty fidýe tölemekden azat edilenleriň arasyndady. Onuň ogly Onfroi IV bolsa Hyttynda ýesir alnypdy. Soltan Kudusyň ýeňişinden soňra Etiýennettä Kerek we Şewbek galalaryny boýun egdirmegi üpjün etse, ogluny azat etjekdigini wada berdi. Damaskda ýesir bolan Onfroi IV getirdip, ejesi bilen bile Kerek we Şewbege gitdi. Goragçylara galany tabşyrmagy teklip etdiler. Ýöne goragçylar muňa gaharlandylar we paýyş sözleri aýtdylar. Mundan soňra Soltan Kerek we Şewbegi gabamak üçin Sagdeddin Kümüş Aba Esedä görkezme berdi. Kümüş Aba galalaryň ikisiniň hem daşary bilen aragatnaşygyny kesdi. Galadaky goragçylar bir ýyllap gorandylar. Ahyrsoňy haçlylardan kömek gelmejekdigine gözleri ýetensoň we azyklary gutaransoň, 1188-nji ýylyň tomsunyň aýaklarynda Tybninda bolan Mälik Adyla ilçi iberip, käbir şertler bilen galany bermäge razydyklaryny habar ýolladylar. Geçirilen gepleşiklerden soňra galany we ellerindäki ähli ýaraglary tabşyrmak şerti bilen, özlerine degişli hususy zatlaryny alyp 1188-nji noýabr aýynyň soňunda Sura gitmeklerine karar berildi. Netijede haçlylar galany we ýaraglaryny tabşyryp, şahsy zatlaryny alyp Sura gitdiler. Kümüş Aba mundan soňra Kerek-Şewbek patrikligine degişli Hurmuz, War, Sal galalaryny hem eýeläp, Hyjaz-Müsür-Şam ýollarynyň çatrygyndaky bu kelleagyryly meseläni çözdi. Kerek-Şewbek begligi eýýuplylar we memluklar döwürlerinde hem syýasy we harby ähmiýetlerini saklap galandyr. Safad, Köwkep, Kerek, Şewbek galalarynyň eýelenmegi bilen Şakyfy-Arnundan we Surdan galan ähli Kudus korollygynyň topraklary birnäçe ýyllyk haçly häkimýe-tinden halas boldular. Antakyýa patrikli-giniň hem ýokarda agzalan, 4 şäherden galan ähli ýerleri eýelenipdi. Bu uly söweşden iň bähbitli çykan bolsa Trablus graflygydy. Ol Ýahmur we Antartus şäherlerinden galan ähli topraklaryny gorap saklaýardy. Soltan Köwkebiň eýelenmeginden soňra Ýemendäki dogany Togtegine hat ýollap, ony Şama çagyrdy. Ony Palestina häkim bellemek isleýärdi. Ýöne Togtegin Ýemende işiniň köpdügi zerarly gelip bilmedi. Soltan bu hatynda Isgenderiýedäki habarçylaryndan, Wizantiýa imperatoryndan we günbatar frontdan Ýewropada täze bir haçly ýörişi üçin uly taýýarlyk görülýändigine degişli habar alandygyny, özüniň hem bu ýylyň içinde Antakyýany, Takyýeddiniň hem Trablusy gabawa almakçy bolýandyklaryny, Mälik Adylyň hem haýsydyr bir bolup biljek haçly ýörişine garşy gorag hökmünde galýandygyny habar berýärdi. • ŞAKYFY-ARNUNYŇ GABALMAGY WE SURDAKY ÝÜZE ÇYKAN TÄZE HADYSALAR Köwkebiň eýelenmeginden soňra Soltan Damaska gaýdyp geldi. Niýeti Antakyýa garşy täze ýörişe çykmakdy. Ýöne Soltan şol wagt Ýewropadan Sura berilýän kömekleriň köpelýändigini, şeýle hem azat edilen Gui de Lusignanyň Trablusdan täze haçly esgerlerini alyp, Suruň etegine gelendiginiň habaryny aldy. Iň uly mesele Sur bolandygy üçin, ol ýerdäki haçlylar bilen iş salyşmaklyk has gowy bolar diýlen karara gelindi. Soltan 1189-njy ýylyň 21-nji aprelinde Damaskyň daşyna çykdy we 5-nji maýda daş-töwerekden gelen esgerler bilen Merji-Uýunda karargäh gurdy. Onuň maksady Banýas bilen Suruň aralygyndaky Reno de Sidona degişli Şakyfy-Arnun galasyny zabt edip, Suruň ýoluny howpsuz ýagdaýa getirmekdi. Soltan gabaw işleri bilen gümra bolup ýörkä, akylly we mekir adam bolan Reno de Sidon wagt utmak üçin Soltanyň ýanyna gelip, özüniň oňa goşulmak isleýändigini, Surdaky maşgalasyny getirensoň galany hem tabşyrjakdygyny aýtdy. Munuň üçin Soltandan 3 aýlyk möhlet isledi. Reno şol wagt galany berkleşdirmek işi bilen meşgul boldy. Käwagt hem Soltanyň ýanyna gelip gidýärdi we arapça gowy gepläp bilýändigi üçin onuň bilen iýip-içip, gürrüňleşip oturýardy. Şeýle hem özüne gerek ýaraglary goşunyň bazaryndan üpjün edýärdi. Bu ýagdaý käbir emirleriň ünsüni özüne çekdi. Ol emirler Soltana Renonyň özüni güýmeýändigini aýtdylar. Soltan hem olaryň maslahatyny alyp karargähini gala has golaý ýere göçürdi. Emma onda-da Reno Soltanyň ýanyna mahal-mahal gelip gidýärdi. Ylalaşylan möhlet ýakynlaşanda, ol bu möhletiň uzadylmagyny bir ýyla ýetirilmegini isledi. Mundan soňra Soltan ony göz astynda saklady we aňtaw üçin gala käbir kişileri iberdi. Netijede galanyň diwarlarynyň käbir ýerleriniň berkleşdirilendigi äşgär boldy. Möhlet gutaransoň, Soltan Renony galanyň ýanyna eltdi we goragçylara galany tabşyrmaklary üçin buýruk ber diýdi. Ol hem olara latynça bir zatlary aýtdy. Galadaky goragçylar goragy has hem artdyrdylar. Soltan hem Renony tussag edip, Damask galasyna iberdi. Hakykatda bolsa Reno de Sidon Surdaky haçlylar bilen gatnaşyk saklaýardy. Olar Akka çozan wagtlary, özi galanyň töweregin-de herekete geçjek eken. Renonyň hilesi äşgär bolansoň, Soltan 1189-njy ýylyň 22-nji awgustynda çarşenbe güni galany gabamaga başlady. Emirlerine hem galany tä eýeleýänçäler gabawda saklamaklaryny tabşyrdy. Özi bolsa 26-njy awgustda ýekşenbe güni ýanyndaky esgerleri bilen haçlylar Akkany gabaw edendikleri üçin Akkanyň kömegine gitdi. Şakyfy-Arnundaky haçlylar bir ýyl töweregi goranansoňlar, 1190-njy ýylyň 24-nji martynda ýekşenbe güni Renonyň azat edilmegi we özlerine aman berilmegi şerti bilen galany tabşyrdylar. Reno hem galadaky goragçylar bilen Sur şäherine gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |