22:42 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Selaheddiniň jihady | |
SALAHADDINIŇ JIHADY
Taryhy makalalar
SALAHADDIN WE HAÇLYLAR (HYTTYNA ÇENLI) Nureddiniň ölüminden soňra Salahaddiniň haçlylar bilen bolan söweşlerini iki döwre bölüp öwrenmek mümkindir. Birinji döwür Kudusyň ýeňşine çenli bolan söweşleri. Bu döwürde Soltanyň günbatar haçlylary bilen arasy gowudy. Diňe gündogar haçlylary we olara kömege gelen käbir günbatar toparlar bilen söweş halynda bolupdyr. Ikinji döwür bolsa Kudusyň ýeňşi bilen başlaýan III Haçly ýörişi mahalyndaky söweşlerdir. Bu ikinji döwürde Salahaddin hem gündogar hem-de günbatar haçlylaryň hemmesi bilen söweş ýagdaýynda bolupdyr. Bu söweş ýagdaýy 1192-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda sişenbe güni güýje giren gury ýerde we deňizde 3 ýyl 8 aý möhlet bilen ýörän ýaraşyk şertnamasy bilen gutarandyr. Birinji döwürde Soltanyň italýan şäher döwletleri bilen bolan gatnaşyklary barada ýokarda degip geçipdik. Onuň latyn dünýäsindäki beýleki döwletler bilen gatnaşyklarynyň örän az bolandygy äşgärdir. Ikinji döwürde bolsa italýan şäher döwletleri hem-de Günbatar Ýewropanyň uly-kiçi hemme döwletleri bilen söweş içinde bolupdyr. Günbatar Ýewropa bilen Ýakyn Gündogarda yslam dünýäsiniň arasyndaky gatnaşyklar bu döwürde täze görnüşe eýe bolupdyr. Ýokarda Nureddin dirikä Salahaddiniň jyhadyna we onuň ölüminden soň Amaurynyň Banýas gabawyna garşy durandygy barada hem durup geçildi. Amaury-nyň ölüminden soňra haçlylar özaralarynda häkimýet ugrundaky söweşleri bi-len meş-gul boldular. Ahyrsoňy Trablus grafy Raýmond III howandarlygynda Amaurynyň ogly Boduin IV (pis keselli Boduin) korol bellendi. Amaurynyň ölüminden soňra haçlylar bilen musulmanlaryň arasyndaky ilkinji möhüm waka 1175-nji ýylyň fewral aýynda Soltanyň birinji Halap gabawy mahalynda Trablus grafy Raýmond III Hamanyň üstüne çozmagydyr. 1175-1181-nji ýyllar aralygynda Şamda guraklyk boldy. Şonuň üçin ägirt uly goşuny ýöriş wagtynda saklamaga mümkinçilik ýokdy. Soltan 1175-nji ýylyň iýul aýynda Kuruny-Hama ýeňşinden soňra Damaska gaýdyp gelýärkä, haçlylar Soltana ilçi iberip, ýaraşyk baglaşygy islediler. Iki tarapyň arasynda ýaraşyk şertnamasy baglaşyldy. Ýöne bu şertnama uzaga çek-medi. Soltan 1176-njy ýylda Halaby ikinji gezek gabawa alanda korol Boduin IV şertnamany bozup, ýöriş taýýarlykla-ryny görüp başlady. Soltan Şyhyl-Jebelin karargähi bolan Masýaf galasynyň daşyny gabanda, haçlylar korol Boduiniň serkerdeliginde Saýda tarapyndan we Trablus grafy Raýmond III serkerdeliginde Jubeýl tarapyndan hüjüme geçdiler. Baal-bekiň häkimi Şemseddin bin Mukaddem olaryň bir bölegini Belka deresinde derbi-dagyn etdi we 200-den hem köprägini ýesir aldy. Soň Boduin bilen Raýmond birleşdiler we Da-maska tarap ýörediler. Aýnyljer diýen ýerde Turan şanyň serkerdeligindäki Damask güýçleri bilen haçlylaryň arasynda ýüze çykan söweşde Turan şa ýeňildi we onuň esgerleriniň käbiri ýesir düşdi. Soltan haşhaşylar bilen ylalaşyp, Hama gaýdyp gelenden soňra haçlylar yza çekildiler. REMLE ÝeŇLIŞI Soltan Şam serhetlerinde zerur gorag çäreleri geçirensoň, 1176-njy ýylda Müsüre gitdi. Müsürde birnäçe edara we harby işleri ýola goýdy. Ortaýer deňzindäki serhetýaka galalaryny berkitdi. Kairiň we Fustatyň daşyna gala aýlanmagyna we Kaletil-jebeliň gurluşygyna girişmäge görkezme berdi. Bu gurluşyk derrew başlady. Ol bu işleri ýerine ýetirip birýüzli edilensoň, Müsürdäki Kudus korollygyna garşy 1177-nji ýylyň 14-nji noýabry bilen 9-njy dekabry aralygynda täze ýörişe girdi. Bu ýöriş Nureddiniň ölüminden soňra Kudus korollygynyň topraklaryna garşy edilen ilkinji uly ýörişdi. Bu ýörişiň esasy sebäbi, belki-de Müsürde bolan Soltanyň ýanyna gelen Mardin we Hysny-Keýfa ilçileriniň 1177-nji ýylyň aprelinde Kudus korollygynyň topraklaryndan gelýän wagty ýesir alynmaklary bolmaly. Soltan bu ýörişi diňe hüjüm görnüşinde amala aşyrdy. Ol esasy goşuny weziri Kazy Fadylyň ýanynda Arymda goýup, özi duşman topraklaryna kürsäp girdi. Kudus esgerleriniň ýarysy şol mahal graf Flandreniň serkerdeliginde demirgazykda söweşip ýördi. Soltan Darumy we Gazzany talap, soňra Askalanyň üstüne çozdy. Korol Boduin IV bu ýerde birnäçe günläp gabawa aldy we duşmanyň öňlerinde durup bilmejekdigini görüp, şäheriň içine kürsäp urdy. Ätiýaçlygy elden berip esgerleriniň olja üçin töwerege dargamaklaryna rugsat berdi. Özi hem Takyýeddin bilen Remlä tarap gitdi. Pursatdan peýdalanan Boduin Askalandan çykyp, Kerek patrigi Reno de Şatillonyň serkerdeligindäki Kudus güýçleri bilen birleşdi. Soltan 1177-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Remläniň golaýyndaky Tel Safýa diýlen ýerde gezip ýörkä, duýdansyz duşmanyň hüjümine sezewar boldy. Soltanyň ýanyndaky esgerleriň üstlerinde sowutlary ýokdy. Bu we käbir esgerleriň alan oljalaryny gorajak bolup derde galmaklary sebäpli duşmanlaryň atlylarynyň uly zarbasyna duçar boldular. Takyýeddiniň we özüniň bölüminiň mertlerçe goramagy netijesinde Soltan ölümden we ýesir bolmakdan halas boldy. Söweşe-söweşe yza çekildi. Ýöne esgerleriň daş-töwerege dargandygy we aradaky uly Sina çöli sebäpli bu yza çekilme derbi-dagyn bolmaga alyp geldi. Esgerleriň köpüsi ýollaryny ýitirdiler. Mallaryň köpüsi suwsuzlykdan heläk boldy. Ýerli çarwalar esgerleriň käbirini tutup, haçlylara pula satdylar. Bularyň arasynda Soltanyň ýakyn adamlaryndan Fakyh Zyýaýeddin Isa we dogany Zahyreddin hem bardy. Esgerleriň derbi-dagyn bolandyklaryny eşiden Kazy Fadyl çöle Kinana araplardan ýolbeletler iberip azaşan esgerleriniň köpüsini ýygnatdy. Duşmanyň duýdansyz hüjümi gaty agyr bolupdy. Takyýeddin duşman bilen mertlerçe söweşipdi, olary yza serpikdiripdi. Bu söweşde Takyýeddiniň Ahmet atly ogly bilen birnäçe adamlar şehit bolupdy. Soltan soň-soňlar bu wakany gürrüň berýärkä: "Bir rysaryň naýzasyny maňa tarap gönükdirip, atyny üstüme sürüp gelýändigini gördüm. Onuň ýanynda ýene-de iki sany rysar bardy. Olar hem üstüme sürnüp gelýärdiler. Olara garşy biziň tarapymyzdan üç kişi çykdy. Ony we ýanyndakylary ýere serip, meniň ýanyma golaýlaşdyrmadylar. Bu üç kişi Ybraýym bin Kanabir, Fadyl Feýzi, Suweýd bin Gaşym Müsridi" diýip, başyndan geçiren hadysasynyň nähili howpludygyny beýan edipdir. Remle ýeňişiniň iň howply tarapy Soltanyň we ýanyndaky güýçleriň gapyllykda hüjüme sezewar bolmaklarydyr. Hüjüme sezewar bolanlaryndan soň Soltan we ýanyndakylar duşmanyň ýeňiş gazanmagyna pursat bermän, tertipli görnüşde yza çekilipdiler. Bu ýeňlişiň netijeleri käbir taryhçylaryň ulaldyp aýdyşy ýaly bolan däldir. Duşmandan hem Sina çölünde has köp ýitgi çekildi. Golaýda bukular ýaly galanyň ýokdugy üçin gaçanlar uly çölden geçmeli boldular. Şeýle hem Soltanyň çeken zyýanlary barada ne yslam, ne-de haçly çeşmeleri maglumat berýär. Kazy Fadylyň iberen ýolbeletleri sebäpli ýitgi azaldy. Bu ýeňliş Soltana sapak boldy we ol şundan soňra Müsürden Palestina tarap ýörişe çykmady. Emma Soltan ýeňlişiň öjüni tiz aldy. Haçlylaryň Şamda ýygnanyşýandyklaryny eşidip, iki aýdan soňra Şama ýörişe çykdy. Bu ýagdaý sebäpli Kazy Fadyl tarapyndan ýazylan bir hatda: "Remle wakasy göräýmäge biziň, emma hakykatda bolsa duşmanyň zyýanyna bolandyr. Bize onuň unudylan ýatlamasy, duşmana bolsa täsirli zyýany galandyr. Biziň güýçlüdigimiz barada bu hadysanyň ýüze çykmagyndan iki aý soňra, uly goşun bolup haçly ülkeleriniň içine girip, Şama gitmegimizden has uly delil ýokdur" diýilýär. MERJI-UÝUN ÝEŇIŞI WE BEÝTIL-AHZAN GALASYNYŇ EÝELENMEGI Soltan Askalan we Remle ýörişine çykan wagty haçlylar Şamda gezip ýör-diler. Iki tarapyň arasynda ylalaşygyň bardygyna garamazdan, gündogara gelen Flandriýanyň grafy Filipp d’Alsakyň hem goşulmagy bilen haçlylar Hamanyň üstüne hüjüm etdiler we 14-nji noýabrda Hamany gabadylar. Şol wagtda şäheriň häkimi Şyhabeddin Mahmyt Harymy we ogly Tokuş syrkaw ýatyrdy. Golaýda bolan Seýfeddin Aly bin Meştup şähere girip, goragçylaryň serkerdesi boldy. Dört günläp dowam eden aýylganç çaknyşyklardan soňra haçlylar ýeňilip yza çekildiler. Hamada ýeňilen haçlylar bu wakadan soň Kümüştegin bilen Mälik Salyhyň arasyndaky düşünişmezlikden peýdalanyp, dekabryň başlarynda Halaba degişli Harym galasynyň daşyny gabadylar. Üç aýdan hem uzaga çeken gabawdan hiç hili netije almadylar we Soltanyň Şama ýörişinden soňra gabawy aýyrdylar. Mundan soňra Hums häkimi Nasyreddin Muhammet olja bilen meşgullanyp ýören bir haçly bölümini duzaga düşürdi. Haçlylaryň Harymy gabamaklary uzaga çekensoň, Soltan Müsürde gerekli çäreleri geçirip, 1178-nji ýylyň 23-nji martynda Şama ýöriş etdi. Müsürde naýyp hökmünde goýan dogany Mälik Adyla we weziri Kazy Fadyla ülkäniň goragy üçin gerekli işleri etmegi tabşyrdy. Mälik Adyl haçlylaryň Remle ýeňişinden güýç alyp Müsüre hüjüm etmeklerine böwet bolmak üçin 1178-1180-nji ýyllarda haçlylaryň araçäklerinde gözegçiligi güýçlendirdi. Şamda guraklyk bolandygy üçin Soltan hem ýanyna kän goşun alyp, gelmändi. Guraklyk sebäpli we Baalbek meselesinde Şemseddin bin Mukaddem bilen ýüze çykan düşünişmezlik zerarly Soltan bu ýyl haçlylara garşy ýöriş etmedi. Ülkelerinde gurakçylyk höküm süren haçlylar hem diňe käbir ownuk olja işleri bilen çäklendiler. Şol mahallar Hama taraplaryna talaňçylyga çykan bir haçly bölümini Abu Kubeýsiň häkimi Nasyreddin Mengubars bin Humartegin derbi-dagyn edip, serkerdeleriniň we esgerleriniň köpü-sini ýesir aldy. Haçlylar Remle ýeňşini we Soltanyň Baalbek meselesi bilen gümra bolup ýörme-gini amatly pursat hasaplap, Remle fron-tuny güýçlendirdiler. Olar Öli deňziň günortasyndaky Mahazat Beýtil-Ahzanyň golaýynda we Damask ýolunda berk gala galdyrdylar. Soltan bu galany gurdurmajak bolup hernäçe jan çekse-de, başarmady. Hatda haçlylara eger bu galany ýaksalar 60 000-den 100 000 dinara çenli kontribusiýa tölemegi hem teklip etdiler. Soltan hem şol wagta çenli Baalbek meselesini birýüzli edipdi. Indi haçlylar bilen iş salşyp biljekdi. Ol Damask güýçleriniň serkerdesi Ferruh şany Kudus korollygynyň frontuny, Nasyreddini Trablus graflygynyň frontuny, Takyýeddini hem Antakyýa patrikliginiň frontuny goramaga bilen tabşyryk berdi. Soltanyň duşman için-däki içalylardan haçlylaryň talaňa çykjak bolandyklarynyň habary geldi. Soltan hem Ferruh şany 1000 kişilik bölümi bilen serhede iberdi. Ferruh şanyň bu esgerleri 1179-nji ýylyň 10-njy aprelinde, çarşenbe güni Tell Harra diýen ýerde korol Boduin VI we Onfroi de Toron serkerdeliginde talaňa çykan 100 kişi töweregi haçly rysarlaryna duş geldi. Furruh şa ýagdaýy kepderi arkaly Soltana habar berdi, özi bolsa söweşe başlady. Türkmen okçulary korolyň üstüne hüjüm edip, onuň atyny we ýanyndakylaryň bir näçesini öldürdiler. Nasyra şäheriniň häkimi bilen Onfroi koroly halas etmek üçin öňe okduryldylar. Nasyra häkimi öldürildi. Korol bilen Onfroi ýaralanyp gaçmagy başardylar. Agyr ýaralanan Onfroi iki günden soňra ýogaldy. Damaskdan Ferruh şanyň kömegine gelýän Soltan ýolda ýeňiş buşlugyny aldy. Dogrudan hem bu söweşde duşmanyň sany azdy, ýöne saýlama rysarlary öldürilipdi, korol hem ýaralanyldy. Şonuň üçin gazanylan ýeňiş uludy. Bu ýeňişden soň Soltan halypanyň ilçisi Fadyl Hademi ýanyna alyp, Beýtil-Ahzan galasyna aňtawa çykdy. Müsürden 1500 kişilik atly goşuny Şama çagyrdy, Şamdaky artykmaç esgerleri hem Müsüre iberdi. 1179-nji ýylyň 17-nji maýynda, penşenbe güni Müsürden çagyran bölümi gelensoň Beýtil-Ahzan galasynyň üstüne ýöriş etdi. Banýas golaýyndaky Tell Kafyda düşledi. Gurakçylyk we gytçylyk sebäpli çarwa türkmenleri we araplar daş-töwerege hüjüm edýärdiler. Soltan bulary ýanyna çagyryp haçly topraklaryna talaňa girdi. Türkmenleriň we çarwa araplaryň kömegi bilen Saýda we Akka şäherlerine çenli hüjüm edip, duşmanyň ekerançy-lygyny we hasyllaryny taladylar. Soltan bu talaň wagtynda 1179-nji ýylyň 9-njy iýulynda (575-nji hijri ýylynyň muharrem aýynyň 2-si), ýekşenbe güni Bandu häkimi Samsameddin Ejuk we esgerleri bilen atlanyp ýörkä, tokaýda otlap ýören sygyr we goýun sürülerini gördi. Şol wagt bir çopan gelip, talaňçylyga çykan Ferruh şanyň serkerdeligindäki goşuna tarap giden duşman esgerlerini görendigini aýtdy. Soltan hem özüniň içalylaryndan habar almandygy üçin muňa ynanmady. Soň beýleki esgerler gelip, bu habary tassykladylar. Soltan hem karargähine gelip, atýatakdaky atlary memluklara berip, duşmanyň üstüne ýöredi. Ol wagta çenli Ferruh şa eýýäm duşman bilen tutulşypdy. Soltan hem gelip ýetişensoň, iki tarapdan aýylganç söweşe girdiler. Öňürti duşman güýçli hüjüm etdi. Bu hüjümde Samsameddin Ejuk şehit boldy. Ýöne musulmanlaryň berk durmagy netijesinde duşman yzyna serpikdirildi we agşama çenli söweşden soň ýeňiş gazanyldy. Duş-manlaryň köp rysarlary öldürildi we ýesir alyndy. Ýesir edilenleriň arasynda Boduin d’Ibelin, templiýer rysarlarynyň serker-desi Hugo we Jubeýl knýazy bolup, 70 rysar we 200-den hem gowrak ýesir bardy. Korol bolsa ýene gaçmagy başarypdyr. Rysarlar ýeňlensoň, duşmanyň pyýada goşuny hem derbi-dagyn bolup gaçdy. Gazanylan ýeňiş dogrudan hem örän uludy. Duşmanyň täzeden hüjüm eder ýaly güýji galmandy. Soltan Merji-Uýun ýeňşinden soňra Beýtil-Ahzan galasynyň gabawy üçin taýýarlyklara başlady. Türkmenlerden täze goş-maça güýç aldy. Duşman ülkesinden alan agaçlaryndan gabaw gurallaryny ýasatdy we 1179-nji ýylyň 24-nji awgustynda, şenbe güni galanyň daşyny gabap, ýagdaý barada emirleri bilen maslahatlaşdy. Emir Yzzeddin Çawly Esedi: "Topa tutmazdan öňürti galanyň hüjüm bilen alnyp-alynmajakdygyny barlap göreli" diýdi. Soltan hem muňa rugsat berdi. Netijede, agşam düşende edilen hüjüm netijesinde gorag diwarlary bilen galanyň arasyndaky meýdan eýelendi. Ymadeddin şeýle diýýär: "Hüjüm edenleriň iň öňünde üsti köne köýnekli, arslan ýaly edermen bir ýaş ýigit bardy. Ol bir elinde gylyç, beýlekisinde galkan alyp söweşip galanyň gorag diwaryna dyrmaşdy. Onuň yz ýany bilen beýleki esgerler hem dyrmaşdylar. Duşman gaçyp gala girdi." Ertesi gün Soltan çukur gazmak üçin galanyň diwarlaryny esgerleriň arasynda paýlady. Günorta bölegi Ferruh şa, bir bölegini Nasyred-din Muhammede, ýene bir bölegini Anadoly Seljuklylaryna garşy ýörişden gaýdyp gelen Takyýeddine berdi. Özi bolsa demirgazyk bölegini aldy. Galanyň diwarlary örän berk bolandygy üçin duşenbe, sişenbe, çarşenbe, penşenbe günleri hem işleseler-de gazyp bilmediler. Şol mahal haçlylaryň koroly Boduiniň serkerdeliginde Tabaryýa ýygnanýandygynyň habary gelip gowuşdy. Ahyry penşenbe güni partlama geçiren-lerinden soň, diwaryň bir bölegi çökdi. Haçlylar böwet bolmak üçin bu açylan ýeriň öňünde odun üýşürip uly ot ýakdylar. Galanyň diwary ýykylansoň ýel hem ösüp ýanyp duran ody galanyň içine ýaýradyp, içindäki öýleri hem ýakdy. Musulmanlar bu gädikden girip, galany eýelediler. Ymadeddin şeýle diýýär: "Galanyň içine girenimde rysarlaryň biri ýesir düşmejek boldy, aty bilen ýanyp duran oduň içine girendigini gördüm. Bu namysa, bu mertebä serediň!" Galanyň zabt edilmeginden soňra, Sol-tan ýesirleriň getirilmegini buýurdy. Ola-ryň arasyndan özlerine garşy söweşip, ok atanlary öldürdi. Galanlaryny hem Damaska ýollady. Şeýle hem galanyň gurluşygynda işledilen 100-den hem köpräk musulman ýesir azat edildi. Soltan Merji-Uýunda ýesir al-nan haçly serkerdeleri bilen Remle ýeňşin-de ýesir düşen Fakyh Zyýaýeddin Isa bilen dogany Zahyreddini çalyşdy. Ertesi gün galany doly ýykyp-ýumrup, Damaska tarap gaýtdy. Yzly-yzyna birnäçe ýeňlişe sezewar bolan haçlylar ilçi iberip, Soltandan ýaraşyk baglaşmagyny islediler we Merji-Uýun söweşinde ýesir düşen emirleri azat etdiler. Soltan hem öz bähbidine laýyklyk-da, iki ýyllyk şertnama gol çekdi. Soň bolsa Anadoly Seljuklylaryna we ermenilere garşy eden ýörişlerinden gaýdyp gelensoň, Müsüre gitdi. Soltanyň haçlylar bilen baglaşan şertnamalary uzaga çekmedi. 1181-nji ýylyň iýulynda haçlylar Tinnise hüjüm edip, müsürli täjirlere degişli bir gämini ele saldylar. Yzyndan bolsa oktýabr aýynda Aryşyň golaýynda talaňçylyk iş-lerini amala aşyrdylar. Noýabr-dekabr aýlarynda bolsa Kerek-Şewbek patrigi Reno de Şatillon Eýle we Teýma ýörişine çykdy. Ýöne Damask naýyby Ferruh şanyň onuň yzyndan kowalamagy netijesinde Reno yzyna gitdi. Emma onda-da Renonyň Eýlä hüjümi dowam etdi. Ol Eýläni basyp alandan soňra Gyzyl deňziň açylmagy bilen täze ýagdaý gazandy. Salahaddin Müsürdäki işlerini düzedenden soňra 1182-nji ýylyň 11-nji maýynda ýene-de Şama gitdi. Bu gezek Şamda guraklyk ýokdugy üçin Müsür esgerleriniň ýarysy töweregini ýanyna aldy. Şeýle hem onuň ýanynda Şamdaky gurakçylykdan Müsüre gaçan halkdan we täjirlerden hem birnäçe kişi bardy. Onuň gelýändigini eşiden haçlylar Kerekde ýygnanyşyp, onuň ýoluna böwet bolmak islediler. Emma Soltan olaryň üstüne çozup, olary Kerege gabady we Keregiň daş-töwereginiň talady. Haçlylaryň Kerege gabalandygyndan peýdalanan Ferruh şa Kudus korolynyň topraklaryna girip, Tabaryýa, Deburiýa we Akka ekerançylygyny talady. Soň bolsa Jöwlanyň günorta-günbataryndaky Sewat deresindäki Habysy Jeldek (Şakyf) atly berk galany eýeledi. BAÝSAN WE BEÝRUT ÝÖRIŞLERI 22-nji iýunda duşenbe güni Damaska gelen Soltan, 1183-nji ýylyň 11-nji iýulynda Tabaryýa we Baýsan ýörişine çykdy. Baýsany, Jinini we Lajuny eýeledi. Köwkep galasyny gabady. Köwkep galasynyň golaýynda haçlylar bilen aýylganç çaknyşyk boldy. Köp sanly pyýada goşunlaryny ýitirmegine garamazdan, haçlylar yza Afrbela galasyna çekildiler. Soltan duşman ülkesinde uly gyrgynçylyklar edensoň, 18-nji iýulda Damaska gaýdyp geldi. Soltan duşmana Şam tarapyndan hüjüm edýän wagty, dogany Mälik Adyl hem Müsür tarapyndan haçly topraklaryna gir-di. Müsüriň öň hatarky goşunlary duşmanyň bir aňtaw toparynyň üstünden geldi we olary derbi-dagyn etdi. Soltan flotuň hem gatnaşmagy bilen Beýruta gury ýerden we deňizden ýöriş etmegi ýüregine düwdi. 40 bölümlik Müsür floty Beýruta tarap ýola çykdy. Bu flot ýolda sataşan haçly gämilerini ele salyp, Beýruty deňizden gabady. Flotuň Beýruta gelendigini eşiden Soltan esasy güýçlerini ýanyna alyp Beýruta çozdy. Dört günläp Beýrutyň daşyny gabady. Haçlylardan şähere kömek gelensoň yza çekildi. Ferruh şany Damaskda naýyp bel-läp, Mälik Adyla hem Müsür tarapyndaky duşmana hüjüm etmegi tabşyrdy. Özi bolsa ikinji gündogar ýörişine çykdy. Ýokarda hem beýan edilişi ýaly, mosullylar bilen haçlylaryň arasynda gizlin ylalaşyk bardy. Soltanyň Mosula gidendi-gini eşiden haçlylar, Şama zeper ýetirip başladylar. Ferruh şa olaryň öňünde mertlerçe durdy. Emma bu gahryman 1182-nji ýylyň oktýabr aýynda wepat boldy. Soltan onuň ýerine Şemseddin bin Mukaddemi belledi. Şemseddin tejribeli bolsa-da, Ferruh şa ýaly ugurtapyjy däldi. Mundan soňra korol Boduin we Trablus grafy Raýmondyň serkerdeliginde ýörişe çykan haçlylar Damask we Sewat sebitlerine hüjüm etdiler. Olar Habysy Jeldek galasyna eýelediler we Damaskyň golaýyndaky Dareýa çenli talaň etdiler. Olaryň maksatlary Soltany ýörişinden yza öwürmekdi. Emma Soltan olaryň bu talaňçylyklaryna kän bir üns bermedi. Soltan Mosula ýetende, emirleriň biri oňa haçlylaryň üstüne çozmagy maslahat berdi. Onda Soltan oňa: "Goý, olar obalary weýran etsinler, yzymyza gaýdyp gelip dikelderis. Biz şu wagt ülkeleri basyp almak bilen iş salyşýarys. Haçlylaryň üstüne çozmak üçin güýçlerimizi artdyrýarys" diýipdir. Soltan şeýle hem Sinjary eýeländen soňra Takyýeddini we Nasyreddin Muhammedi Hama we Humsa iberip, haçlylaryň Damaska gysyşyny ortadan aýyrdy. MÜSÜR FLOTUNYŇ ORTAÝER DEŇZINDÄKI WE GYZYL DEŇZINDÄKI HEREKETI Salahaddin 1176-1177-nji ýyllarynda Müsürde gezip ýörkä, floty güýçlendirmek üçin täze işleri amala aşyrdy. Bu seneden soňra flotuň 1177-1181-nji ýyllarda Wizantiýa adalaryna we haçlylaryň gündogar kenarlaryna üstünlikli ýörişler edendigi görülýär. 1179-njy ýylyň ortalarynda flotdaky galereýalaryň sany 60-a, tardalaryň (haýwan we ýük gämileri) sany 20-ä ýetýärdi. 1179-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda flotdan bir eskadra Akka portuna hüjüm edip, iki günläp porty öz gabawynda saklady. Başga bir eskadra hem Antartus portuny weýran etdi. Beýrut ýörişi mahalynda flotuň alyp baran işleri barada ýokarda gürrüň edilipdi. Soltanyň gündogara birinji ýörişi mahalynda Ortaýer deňzine ýene-de iki eskadra hem açyldy. Bularyň biriniň eskadrasy Stambulda rumlylar bilen haçlylaryň arasynda ýüze çykan söweşden gaçyp Palestina gelýän bir gämini ele saldy. Ikinji eskadra hem porta gaýdyp gelýärkä, gämi gurluşygynda ulanmak üçin Akka agaç esbaplary we ussalary alyp gelýän bir haçly gämisini ele saldy. Şol wagt flot tarapynda gazanylan iň uly üstünlik bolsa, 1183-nji ýylyň baş-larynda Kerek-Şewbek patrigi Reno de Şatillon tarapyndan başlanan Gyzyl deňiz ýörişiniň derbi-dagyn edilmegi boldy. Reno bu ýörişe iki ýyllyk taýýarlykdan soňra başlady. 1170-nji ýylda Reno hem eplenýän gämiler gurdurdy. Iki gämä bu galanyň gabawyny tabşyrypdy. Beýleki gämiler bolsa garakçylyk etmek üçin Gyzyl deňziň içine girip, Hyjazyň we Müsüriň Gyzyl deňiz kenaryndaky söwda portlaryna topulypdyrlar, ýoldaky söwda gämilerini eýeläpdir. Diňe Müsüriň Gyzyl deňiz kenaryndaky iň möhüm söwda porty bolan Aýzaba oguz bölümi tarapyndan goralandygy üçin zeper ýetmändir. Renonyň bu garakçylygyny eşiden Müsür naýyby Mälik Adyl sökülip-düzülýän gämilerden ybarat bir eskadranyň serkerdeligine uly admiral Husameddin Lulu Hajyby belläp, duşman gämileriniň yzyndan kowgy iberipdir. Husameddin Lulunyň serkerdeligindäki bu gämiler ilki galany gabawa alan gämileri basyp alyp, soň bolsa Gyzyl deňze girip duşman gämilerini Hyjazyň açyklyklarynda ýeňensoňlar, gury ýere çykan duşman esgerlerini tutupdyrlar. 1183-nji ýylyň fewral aýynda duşmanyň ýörişi bütinleý basylyp ýatyrylypdyr we Gyzyl deňiz söwda ýoly bilen Hyjaz bu uly howpdan halas edilipdir. Bu deňiz ýolundan duşman tarapynyň habarsyz bolmagy üçin alnan ýesirleriň hemmesi öldürilipdir. Munuň yz ýanyndan Dimýatdaky eskadra hem 1183-nji ýylyň maý aýynda bir haçly galereýasyny ele salypdyr. Şeýle hem, 1183-nji ýylyň maý aýynda Darumdaky haçlylar Sadryň üstüne ýöriş edipdirler. Mälik Adyl bulara garşy Sagdeddin Kümüşaba Esedi bilen Alameddin Kaýsar Salahyň serkerdeliginde ýö-rite bölüm iberipdir. Duşmany Useýle suwunyň golaýynda tutan bu bölüm olaryň hemmesini gylyçdan geçiripdir. SALAHADDINIŇ BAÝSAN SÖWEŞI WE KEREK GABAWLARY Soltan 1183-nji ýylyň tomsunda Halaby eýelemek bilen Şamdaky häkimýetini has-da berkleşdiripdir we onuň güýçlerine täze güýçleri goşupdyr. Indi onuň Damaskda ýok wagty haçlylara garşy durup biljek güýç bardy. Soltan Halapdan Damaska gaýdyp gelenden soň, esgerlerine rugsat beripdi. Ol 1185-nji ýylyň 28-nji sentýabryndan 9-njy noýabry aralygynda Baýsana ikinji ýörişine çykdy. Ol Nablusyň golaýynda duşmanyň bir bölümini derbi-dagyn etdi we Aýny-Jalut diýen ýerde haçly goşunynyň daşyny gabady. Duşman pyýada we atly goşunyny özüniň daşyna aýlap, ýerinden hem butnamady. Meýdan söweşine hem girmedi. Musulmanlar bir tarapdan duşmany gabaw alyp, beýleki tarapdan bolsa duşman ülkesini talady. Soltan esgerleriniň elleri oljadan dolansoň yzyna gaýtdy. Soltan bu ýörişiniň yzyndan 1185-nji ýylyň 22-nji oktýabryndan 3-nji dekabry aralygynda Kerek ýörişine çykdy. Ol Kerek şäherini gabady. Haçly goşunynyň kömege gelmegi bilen Soltan gabawy goýbolsun edip, duşmanyň üstüne çozdy. Duş-man ýene öňki usulyny ulanyp, meýdan söweşine girmedi. 1184-nji ýylyň 13-nji iýulyndan 4-nji sentýabry aralygynda Soltan Keregiň üstüne ýene bir gezek ýöriş etdi. Bu gezek içki galadan özge şäheriň beýleki bölümlerini ele saldy. Içki galany hem eýelemäge az wagt galanda haçly goşuny kömege geldi. Salahaddin duşman bilen meýdan söweşinde tutluşmak üçin gabawy goýbolsun edip, duş-manyň üstüne ýöredi. Duşmanyň ülkesine girdi. Nablus, Jinin şäherini talap, weýran edensoň Damaska gaýdyp geldi we mundan soňra gündogara ikinji ýörişine çykdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||