14:52 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Suruň gabalmagy | |
SURUŇ GABALMAGY
Taryhy makalalar
Soltan Kudusda biraz wagt galyp, Aksa metjidini we şäheriň beýleki mukaddes ýerlerini düzedip tertibe salansoň, 1187-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda juma güni Sur şäherine tarap ýöriş etdi. Ýolda Akka bardy we 12-nji noýabrda Suruň etegine bardy. Şol mahal Surdan başga Kerek, Şewbek, Safed, Köwke, Şakyfy-Argun, Hunyn ýaly möhüm galalar henizem goranmagyny dowam edýärdiler. Ýöne bu galalaryň hiç biri hem deňiz bilen baglanyşykly bolmansoň, täze bir haçly ýörişi üçin düşelge bolup biljek däldi. Diňe Sur şäheri bu özboluşlylyga eýedi. Şeýle hem Sur şäheri kiçi ýarymadada ýerleşýärdi. Gury ýer bilen diňe gumluk kenarda birleşýärdi. Bu gumlukda berk diwar çekilip, öňüne hem gorag diwarlary gurlupdy. Daşynda bolsa garym gazylypdy. Bu ýerden geçen Ibn Jubeýr bu şäher barada şeýle diýýär: "Sur şäheri berklikde nusga hökmünde aýdylýar. Haçlylar kyn ýagdaýa düşenlerinde penalanmak üçin bu ýeri taýýarlapdyrlar". Şonuň üçin Hyttyndan soň halas bolanlaryň köpüsi aman berlenden soňra bu şähere gelipdirler. Şeýle hem Soltan Beýrut şäherini gabawa alanda Markas Konrad de Montferrant Sur şäherine gelip, şäheriň goragyny öz boýnuna alyp, şäheri gowy edip berkleşdiripdi we Ýewropadan hem täze kömek alypdy. Ymadeddin täze gelen haçlylardan german, fransuz, pizaly, genuýaly we wenesiýaly haçlylarynyň hem bu şäheri goramak üçin ýerleşendiklerini habar berýär. Kudusyň ýeňşinden soňra käbirleri, esasan hem Saýda we Beýruta bellenilen Seýfeddin Aly bin Ahmet Meştup Suruň howpludygyny duýdurypdyr we ýöriş etmegi maslahat beripdir. Mundan soň Soltan 12-nji noýabrda Suruň etegine geldi. Askalanyň we Kudusyň ýeňşi şeýle kyn bolandygyna görä, Suruň ýeňşi has hem kyndy. Soltan elinde ýesir bolan şäher häkimi Konradyň kakasy Wilýam III üsti bilen şäheri boýun egdirmäge üçin synanyşdy. Ýöne Konrad munuň ýaly zatlar bilen boýun boljak kişi däldi. Soltan gerekli taýýarlyklary geçirensoň, 25-nji noýabrda şähere hüjüme başlady. Konrad şäher bilen gury ýeri birleşdirýän ýerdäki garymy has-da çuňlaşdyrdy. Galanyň üstünde manjanykçylary, pružinçileri we çarhçylary (birnäçe ok atýan güýçli ok-ýaýçylar) ýerleşdirdi. Şonuň üçinem atylan toplara şol derejede jogap berilýärdi. Şäheriň gury ýer bilen baglanyşygy az bolandygy üçin esgerler nobatlaşyp söweşýärdiler. Umumy hüjüme geçmek mümkin däldi. Şeýle hem duşman özleriniň galereýalary, nebit atýan gämileri bilen gury ýer geçelgesiniň iki tarapyndan deňizdäki esgerlere uly zyýan ýetirýärdi. Bu ýagdaýy gören Soltan deňziň kenarlaryna germewaçlar goýdurdy we Akkadaky floty çagyrdy. Akkadan Farys Bedranyň serkerdeliginde 10 gämi, Beýrut we Jubeýlden hem birnäçe gämi geldi. Bu gämiler kenara golaýlaşyp, esgerlere päsgel berýän duşman gämilerini kowup porta gabadylar. Portuň agzynda zynjyr bardygy üçin içine girip bolmaýardy. Mundan soňra şäher gury ýerden we deňizden gurşaldy. Ýeňiş golaý ýaly görünýärdi. Edil şol wagt garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy. Duşman gämilerine gözegçilik edýän portuň öňünde gämilerdäki nobat tutan esgerleriň uklap galmagy netijesinde, 29-njy dekabrda irden duşmanyň gämileri portdan çykyp hüjüm etdiler. Nobatda duran 5 gämini porta alyp gitdiler. Netijede deňizden gabaw aýryldy. Soltan galan gämileri Beýruta iberdi. Duşman ol gämileriň birinden galanyny tutdular. Soltan gabawy dowam etmek isleýärdi. Emma gabawyň uzaga çekmegi esgerleri hem ýadadypdy. Soltan her hili ýol bilen esgerlere göwünlik birmäge çalyşýardy. Ýöne çykdajy gaty köp bolansoň, hazyna boşap barýardy. Netijede Soltan emirlerinden kömek sorady. Olar hem kän bir kömek edip bilmänsoňlar, 1188-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Sur gabawyny ýatyryp, esgerlerine rugsat berdi. Bu Soltanyň Sury ilkinji we iň soňky garaýşy boldy. Başda Ibn Esir we käbir beýleki taryhçylar Soltany we goşunyny Sur gabawyndanky gowşaklygy üçin tankyt edýärler. Ymadeddin bu ýeňlişiň sebäbini deňizçileriň ätiýajy elden berendigine we käbir emirleriň kömek etmändiklerine baglaýar. Bu wakadan soň Ýewropadan yzygiderli kömek alan Sur III haçly ýörişinde haçlylaryň merkez karagähi bolandyr. Soltan 1188-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Akka gaýdyp geldi. Ýolda gelýärkä Tybnin we Banýas aralygyndaky berk gala bolan Hunyn galasyny hem aman berip alypdy. Soltan Tybnine we Hunyna goşun ýerleşdirip, Surdaky haçlylara gözegçilik etmeklerini tabşyrdy. Şeýle hem Soltan Ýewropada III haçly ýöriş üçin alnyp barylýan taýýarlyklardan habarlydy. Haçlylaryň ilkinji maksadynyň Akka boljakdygyny hem bilýärdi, şonuň üçinem Kairiň galasynyň we Kalatyl-Jebeliň (Jebel galasy) gurluşygy bilen meşgullanýan uly emir Bahaweddin Garaguş Esedi Akkany berkitmek üçin iberdi. Garaguş 1188-nji ýylyň mart aýynda gurluşyk üçin gerekli ussalar, ýesirler, ulaglar we gurallar bilen Akka geldi. Derrew işe başlady. Sur gabawyndan soňra Soltanyň Ýemendäki dogany Togtegine iberen bir hatynda, şu ýylyň içinde bolup geçen wakalar barada şeýle diýilýärdi: "Sizi her möminiň hökman begenäýjek uly ýeňşi bilen buşlaýaryn. Bu ýeňiş 90 ýyl töweregi haçlylaryň elinde bolan Kudusyň ýeňşidir. Öňki hökümdarlar ony haçlylaryň elinden halas etmek umydy bilen bütin ömürlerini geçiripdiler. Allatagala bu uly üstünligi bize we bu nesle nesip etdirdi. Ýagny, biz 583-nji ýyly haçyň köküni gyrmak we yslamyň kömegine ýetişmek maksady bilen ýörişe başladyk. Muharram aýynda (ýyl başy) esgerlerimiziň başynda durup uly gaýrat we ynam bilen Damaskdan çykdyk. Haçlylar hajylaryň ýoluna böwet bolar diýen gorky bilen olaryň üstüne hüjüm edip, olary güýmedik. Kerege tarap ýola düşüp, Busranyň daşynda kararagäh gurduk. Guýylaryň ýerleşýän ýerine aňtaw bölümini iberdik. Hajylarymyz sag-aman gaýdyp geldiler. Biz hemme ýerdäki esgerlerimizi jyhada çagyrdyk. Olaryň jemlenmeklerine garaşmadyk. Oglumyz Mälik Afdala Ragsylma diýen ýerde garaşmagyny we ýygnanyşjak ähli emirleriň onuň galasynda jemlenmegine tabşyryk berdik. Ýanymyzdaky ýörite bölüm esgerlerimiz bilen Keregiň we Şewbegiň üstüne çozup, ähli binalaryny ýykdyk, ekinlerini ýakdyk, agaçlaryny çapdyk, halklarynyň asudalygyny bozduk. Şol wagt biz Karýeteýnde gezip ýörkäk, Müsürden çagyran esgerlerimiz geldiler. Ragsylmada Afdalyň karargähinde bolsa Şam, Fyrat, Eljezire, Mosul we Diýarbekr esgerleri ýygnandy. Oglumyz bu amatly pursaty ulanyp, haçlylaryň üstüne bir bölüm iberdi. Bular uly höwes bilen gitdiler. Talap olja we ýesir alansoňlar, yzyna gaýdyp gelýärkäler, kapyryň goşunlarynyň ýollaryna böwet boldular. Olar tüweleýleriň öňünde daglaryň durşy ýaly, kapyryň ýolbaşçylarynyň öňünde aýaklaryny diräp, olaryň ganlary bilen naýzalaryny boýadylar. Bu bölümiň serkerdesi Muzaffereddin Gökböri bin Zeýneddin Kiçi Alydy. Onuň ýanynda memluklarymyzdan Sarymeddin Gaýmaz Nejmi bardy. Esgerlerimiz bilen duşmanyň pyýada we atly goşunynyň üstüne hüjüm etdiler. Haçlylary heläk halkasyna aldylar. Erbetlik masgara boldy, dogry ýol bolsa ýeňiji boldy. Haçlylardan örän köp kişi öldürildi we ýesir edildi. Musulmanlar uly ýeňiş bilen dolandylar. Bu habar bize Kerek topragynda gezip ýörkäk geldi. Ilkinji ýeňiş üçin Allatagala şükür etdik. Bu habar soňraky ýeňişiň buşlugy boldy. Kerek topragynda etjek işlerimizi amala aşyranymyzdan soňra, Müsürden gelen dostlarymyz bilen goşulyşdyk. Bize üstünlik delilleri köpeldi, ýeňiş alamatlary göründi. Şama (Ragsylma) gaýdyp geldik. Ol ýerde yslam esgerleri ýygnanypdy, deňiz giňişligi olaryň baýdaklary bilen çaýkanýardy. Ol ýerden gidip, bir aý töweregi Aşterada çadyr gurduk. Haçlylar biziň ýygnanyşandygymyzy eşidensoňlar, ülkelerinde jar çekdiler we sapar aýynyň aýaklarynda Safuryýada jemlendiler. Hakyky haçy orta goýup, daşynda perwanalar ýaly pyrlandylar. Aňtaw gulluklary gezýärdi we bölümler gözegçilik edýärdi. Biziň ýygnanyşygymyz gutaransoň "barlag güni" diýilýän bir günde esgerlerimizi ýygnadyk we derňew etdik. Allatagala töwekgel edip, Iordaniýa (Şeriga) derýasyndandan geçdik. Şol wagt Mälik Adyl ýanymyzda ýokdy. Müsürde onuň ýanynda bölümlerimiz bardy. Biz Ukhuwana baran wagtymyz haçlylaryň üstüne ýöredik. Olaryň öňünde durduk. Olar ýerlerinden gozganmadylar, esgerleri we rysarlary bilen hereket etmediler. Mundan soňra duşman bilen söweşmek üçin Liwiýanyň golaýynda bir ýeri saýlap aldyk. Gahryman esgerlerimizi sag we çep ganatlar, merkez ganat hökmünde düzüp, ol ýerde gijäni geçirdik. Bu 23-nji rebigul-owwalda penşenbe güni boldy. Agşamara ýörite bölümimiz bilen gelip, Tabaryýany gabadyk. Nakkaplar çukur gazmaga başladylar. Gijara talaň üçin ynsanlar ol ýere girdiler. Gije tüm garaňkydy. Öýlere ot berlip, ýakyldy. Halk gala gaçyp girdi. Galany gabawa alyp ertire çykdyk. Şol wagt esgerlerimiziň ilçileri gelip, haçlylaryň hüjüme geçendiklerini habar berdiler. Tabaryýanyň eýelenmegine gynanypdyrlar. Ol ýeriň halkyny öz halyna goýýandyklaryna puşman boldular. Harby bölümleri öjügip, gämileri herekete geçip, ähli taýýarlykly atlylary we pyýadalary ýörişe çykypdy. Özlerini bela meýdanyna, ölüm meýdanyna atdylar. Haçlylaryň golaýlaşýandyklaryny eşidip, söweşmek üçin üstlerine ýöredik. Öňlerine böwet bolduk. Tozan-duman asmanyň ýüzüniň gaplady. Öň hatarlar herekete geçdiler. Tüýli oklar howada uçdy. Atlar ýel ýaly bolup uçdy. Uly goşun bolup olar bilen garşylaşdyk. Juma güni olary gymyldap bilmejek, ýaralaryndan ýaňa ýere çöküp bilmejek ýagdaýda duruzdyk. Olaryň saplary dargamaýardy, bir-birine baglaşyp, ýüp ýaly bolup durdular, ýöne ganatlary ýolnupdy. Ahyry gije sil geldi. Iki tarap hem ölüm halynda duran ýerlerinde gijäni geçirdiler. Şenbe güni irden musulmanlar öňki duran ýerlerindediler. Hüjümler yzly-yzyna geçirilýärdi. Naýzalar bir-birlerine garşy çaknyşýardy, gollar gylyç göterýär-di. Gylyç gylyjy gujaklaýardy. Biziň güýç-gaýratymyzy görýärdiler. Jokrama yssy hemme tarapy ýakyp-ýandyryp barýardy. Olar suw gözläp, köle tarap gitdiler. Biz öňlerin-den çykyp, olaryň suwa barmaklaryna böwet bolduk. Olar hem Hyttyn deresine gaçdylar. Biz olary gabadyk. Olaryň arasynda gylyç höküm edýärdi. Özlerini meýdana atdylar, ýere serildiler. Gan deňizi çaýkandy. Dereler ölüler we ýesirler bilen doldy. Korol, onuň dogany, Kerek patrigi we onuň kömek-çileri, Jubeýl häkimi, Onfroi bin Onfroi, Isgenderun häkiminiň ogly, Markiýe häkimi dagylar ýesir alyndy. Aralaryndan diňe Ibn Barzan (Balian d’Ibelin) we graf Raýmond halas boldy. Olaryň ikisi hem söweşde, çaknyşykda, gaçyş wagtynda hile etdiler. Graf Trablusda öldi. Ol gün olar perişan boldular. Hakyky haç ele salyndy. Şeýtanyň dostlary masgara boldular. Patrigi getirip, aýdanymyzy ýerine ýetirmek üçin kellesini aldyk. Onuň ähdine wepaly bolmadyklaryň barmaly ýeri bolan oda gitmegini çaltlaşdyrdyk. Templiýer we gospitaliýer rysarlaryny hem şeýle etdik. Gylyçlary olaryň ganlary bilen suwladyk. Sähradaky gurtlara oturlyşyk gurnadyk. Mundan soňra Tabaryýa gaýdyp gelip, galany eýeledik. Soňra Akka ýöräp, şähere aman berip eýeledik. Ol ýerde yslamyň adyny beýgeltdik. Yzyndan Surdan galan Jubeýl we Trablus serhedinden Doruma çenli kenarýaka ýerleri eýeledik. Sur şäheri berk galasy bilen gorandy. Biz beýleki şäherleriň ýeňşi bilen meşgullanýarkak Sur gabaw gurallaryny köpeldipdir. Rejep aýynyň 13-nji juma güni Kudusy gabawa aldyk. Kudus halky şäherlerini gorarys we biziň gazabymyzdan halas bolarys öýdýärdiler. Şäheriň galasyny manjanyklar bilen oka tutduk. Ahyry şäheriň galalarynyň diňleri sejde etdi. Manjanyklardan atylan daşlar Kubbatyl-Sähranyň kömegine ýetişdi. Diwarlaryň düýbüni gazdyk. Haçlylar biziň üstün çykjakdygymyzy görensoňlar, serkerdeleri şäherden çykyp, özleriniň boýun egýändiklerini habar berdiler. Ýalbaryp aman dilediler. Biz düýpden garşy çykdyk. Adamlaryny öldürip, aýallary we çagalary ýesir etjekdigimizi aýtdyk. Olar hem ellerindäki musulman ýesirleri öldürip, binalary weýran edip, öýleri ýakjakdyklaryny aýdyp haýbat atdylar. Bu haýbatdan soň göýä ýesir alnan wagtlarynda tölenmeli pula deň möçber fidýe tölemek şerti bilen aman berdik. Aralaryndan birnäçesi fidýesini töläp azat boldy. Birnäçesi bolsa tölemekden ejiz bolup, ýesirlik zynjyrynyň aşagyna boýnuna saldy. Beýtil-mukaddesiň eýelenmegi bilen yslam öňki mukaddesligine eýe boldy. Baby-rahmet eýelerine açyldy. Kubbetus-sähra öňki mukaddesiligine gaýdyp geldi. Dostlaryň elleri hezreti Pygamberiň aýagynyň yzyna sylyndy. Aksa metjidi sejde we rukug edenler bilen doldy. Bu diýar Gurhan okalmagy, hadys rowaýaty we dini dersleriň gaýtalanmagy bilen janlandy." Kudusyň işlerini birýüzli edip, soňra Sura bardyk. Goşunymyz bilen Sury gabadyk. Surda küpüriň uly adamlary, elimizden halas bolanlar bardy. Şäher bir galanyň we gämi ýaly deňziň içindedi. Manjanyklar bilen daşa tutduk. Bize garşy duran bolsalar-da, Allanyň kömegi bilen, oňa eýe bolarys. Oňa eýe bolanymyzdan soňra ähli haçly şäherlerini eýeläris. Soňra Suruň gabawynyň we esgerleriniň söweş ýagdaýynyň uzaga çekendigini görenimizden soň, bu şäheriň ýeňşiniň biziňki bolmajakdygyny gördük. Esgerler uzaga çeken söweşden ýadap-dylar, gyş gelipdi, howa sowapdy. Ýagyşlar ýagýardy. Suruň töweregindäki galalara gözegçilik etjek we ol ýere hüjüm etjek bölümlerimizi ýerleşdirdik. Nowruza çenli dynç almaklary üçin esgerlere rugsat ber-dik. Häzirlikçe haçlylardan at üstünde söweşen galmady. Şeýle hem şu ýylda şu galalar eýelendi: Tabaryýa, Akka, Zyb, Maleýa, Isgenderuna, Tybnin, Hunin, Nasyra, Tur, Safuryýa, Fule, Jinin, Zerin, Deburyýa, Afrbela, Baýsan, Sabastyýa, Nablus, Lejin, Eriha, Sanjil, Bire, Ýafa, Arsuf, Kaýsaryýa, Haýfa, Sarfend, Saýda, Kalgaty Abu Hasan, Jebeli-Jelil, Beýrut, Jubeýl, Mejdelýaba, Mejdel-Habap, Darum, Gazza, Askalan, Tell Safiýe, Tell Ahmar, Natrun, Beýti Jibril, Jebel Halyl, Beýtillahm, Ludd, Remle, Kartiýa, Kudus, Sube, Hurmuz, Sal, Afra, Şakyf. Bularyň arasynda obalary, ekerançylyklary, gala diňlerini sanamadyk. Aýdan bu ýerlerimiziň hemmesiniň obalary, ekerançylyklary bar. Musulmanlar bu ýerlere girip, miwelerinden we ekinlerinden peýdalandylar. Damaskdan çykyp, jyhat üçin esgerleri-mizi barlag eden wagtymyz, doganymyz Seýfeddin Adyla hat ýazyp, Müsür esgerleri bilen haçly ülkesine gitmegini tabşyrdyk. Esgerlerimiziň ýeňendigine degişli hata garaşmagyny buýurdyk. Haçlylaryň ýeňlendigine we Tabaryýa bilen Akkanyň ýeňişlerine degişli habary alan wagtlary, ol goşuny bilen Sewada geldi. Ýeňiş habaryny alansoň Aryşa geçen Darumyň ýanyndan Ýafa geçdi we bu şäheri gylyç bilen aldy. Soňra Mejdel-ýabany gabap, aman berip eýeledi. Mundan soň oňa ol ýerde galmagyny we daş-töweregini basyp almagyny sargadyk. Biz bolsa Nasyra, Safuryýe, Haýfa, Kaýsaryýe ýaly ýerleri eýelemek üçin goşun iberipdik. Allatagala bu ýerlerden Nasyra we Kaýsaryýa söweş bilen, galan ýerleri hem aman berip eýelemegi nesip etdirdi. Biz bolsa aýylganç söweşlerden soňra Tybnin we Beýruty aldyk. Saýda häkimi bolsa sag-aman çykyp gitmek şerti bilen şäheri bize tabşyrdy. Jubeýl häkimi hem şäherini bize tabşyryp, ýesirlikden halas boldy. Mundan soňra yza-Askalana gaýdyp gelip doganymyz Adyl bilen goşulyşdyk. Manjanyklar bilen galalaryny ýykdyk. Şäher halky bizden gorkup, aman diledi. Bu ýylky ýeňişleri Kudusyň eýelenmegi bilen soňladyk. Bu buşluknamany memluklary-myzdan Husameddin Sungur Halata berip, ýakyn adamlarymyzyň birinden ibermegini tabşyrdyk»*. _______________________________ Ibn Jubeýr, Rihle, 304-305 s. * Seret: Feth Kussi, 190-202 s. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |