23:03 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Uly çaknyşyk | |
ULY ÇAKNYŞYK
Taryhy makalalar
Şol wagt haçlylara täze kömekçi güýçler geldi. Konrad hem Surdan goşmaça güýçler bilen duşmanyň karargähine bardy. Çeşmelerde Ýewropadan gelen täze haçlylar barada giňişleýin maglumat berilýär. Ýöne bulara garamazdan, Ýewropa çeşmelerine görä, duşmanyň sany diňe 1.000 atly, 20.000 pyýada goşun diýilýär. Ymadeddin bu söweşde ýesir düşen templiýer tarykatynyň ýolbaşçysy Gerardyň aýtmagyna görä bolsa, Akkanyň etegindäki duşman güýji 110.000 esgerdi diýýär. Yslam äleminde jyhat ruhy ýaýramandygy üçin Soltan öz döwletinden galanlardan kömek alyp bilmedi. Müsüriň esgerleri heniz hem gelmändi. Söweşiň ertesi güni Soltan tarapyndan töwerekdäki hökümdarlara iberilen bir hatda: «Ýewropalylar, serediň, nirelerden gelip nähili uly güýç ýygnadylar. Bu ugurda nijeme mal sarp etdiler. Olaryň ýurtlaryndaky hökümdarlar we begzadalar kömege geldiler. Milletleriniň barlygyny goramak üçin janlaryny pida etdiler» diýilýär. Haçlylar şundan soňra täze güýçlere garaşman, musulmanlaryň üstüne zarba indermäge karar berdiler. Goşunlarynyň bir bölegini korol Guiniň dogany Godefroiniň serkerdeliginde karargähle-rinde goýanlaryndan soňra, 1189-njy ýylyň 4-nji oktýabry (585-nji ýylyň şagban aýynyň 21-i), çarşenbe güni, irden karargählerinden çykyp, harby nyzama durdular. Merkezi ganata korol Gui serkerdelik edýärdi. Musulmanlaryň bolsa duşmanyň hüjüm etjekdiginden habarlary ýokdy. Emma goşun harby nyzamda goýulan-dygy üçin söweş nyzamyna gelmek kyn bolmady. Duşman söweş nyzamyna girensoň, öňde pyýada, yzda atly goşun ýagdaýynda öňe tarap gitdiler. Bulary gören Soltan çawuşa ýüzlenip: «Yslamyň dadyna ýetişiň!» diýip gygyrmagyny haýyş etdi. Surnaý çalyndy. Esgerler derrew söweş nyzamyna durdular. Merkezde Soltan, Soltanyň sag tarapynda ogly Mälik Afdal, soň Mosul esgerleriniň başynda Zahyreddin bin Belengeri, Diýarbekir esgerleriniň başynda bolsa Amyt häkimi Kutbeddin Sökmen, Nablus häkimi Husameddin Omar bin Laçyn, Gaýmaz Nejmi we birnäçe bölüm, sag ganatyň iň soňunda bolsa deňiz tarapynda (demirgazykda) Takyýeddin Omar ýerleşýärdi. Soltanyň çepinde Seýfeddin Aly bin Meştup, Emir Mujella, mihraniýe we hakkaryýe bölümleri, Sinjar esgerleriniň başynda Dumanyň ogly Mujahydeddin Ýaranguş we käbir memluklar, Muzaffereddin Gökböri, çep ganatyň soňunda bolsa Seýfeddin Ýazgyç, Arslanbuga we gahrymançylyklary bilen meşhur bolan eset türkmenleri bardy. Merkeziň öňünde bolsa Fakyh Zyýaýeddin Isa bardy. Soltan esgerleriniň arasyda aýlanyp, olary söweşe höweslendirdi. Guşluk wagty iki tarap biri-birlerine ýakynlaşdylar. Duşmanyň çep ganaty Takyýeddiniň serker-deligindäki çep ganata hüjüm etdi. Takyýeddiniň maksady biraz yza çekilip, duşmany içeri çekip, soňra bolsa esasy zarbany urup, duşmany serpikdirmekdi. Soltan onuň yza çekilýändigini görüp, ol ýeňilýändir öýtdi. Oňa kömek iberip, merkezi gowşatdy. Ýöne duşmanyň çep ganaty yza çekildi. Merkeziň gowşandygyny gören duşman pyýada we atly goşuny bilen merkezde Eljezire, Mosul, Diýarbekr esgerleriniň ýerleşýän bölümine hüjüm etdi. Ýewropalylar bilen söweşde tejribesi az bolan bu esgerler derbi-dagyn edildi. Aradan köp wagt geçmänkä, bu ýeňliş gorkusy merkeziň çepinden galan bölümlere ýaýrady. Bu ýerde Soltanyň ýanynda bolan käbir alymlar we ýolbaşçylar öldürildi. Bar şäheriniň grafy Genrihtiň serkerdeligindäki duşmanyň rysarlar bölümi Soltanyň çadyry bolan Tell Ywazyýa çenli gelip ýetdiler. Soltanyň çadyryndaky alymlary we goragçylary öldürdiler. Goşun dargap, käbir esgerler aljyrap, karargähdäki zatlary talap, yzlaryna Damaska gaçmaga başladylar. Ýöne bu öňe çykan rysarlara arkadan kömek gelmänsoň, Soltan bulary yza serpikdirdi. Sebäbi duşman merkeze hüjüme geçen wagty musulman goşunynyň çep ganatyndaky estediler, Gökböri we Sinjar esgerleriniň başyndaky Mujahydeddin Ýaranguş, Arslan-buga, mihraniýe we hakkaryýe bölümleri hüjüme geçip duşmanyň çep ganatyny yza serpikdiripdiler. Takyýeddin, Gaýmaz Nejmi, Husameddin Omar bin Laçyn hem duşmanyň çep ganatyny dyr-pytrak edipdiler. Bu iki ganatdaky esgerler gapdaldan hüjüm edip, duşmanyň merkezini gysdylar. Duşmanyň merkeze edýän hüjümini sakladylar. Şeýle hem öňe gidýän duşmany yza serpikdirdiler. Netijede, merkeze hüjüm eden haçlylaryň köpüsi öldürildi ýa-da ýesir alyndy. Musulmanlar haçly goşunyny kowup, olary tä karargählerine çenli dykdylar. Duşman karargähde goýup giden ätiýaç goşunlarynyň, garymyň we diwaryň kömegi bilen saklandy. Soltan uly ýeňiş gazandy. Ibn Esir: «Eger ilkinji hüjümde esgerleriň käbiri gaçyp dargamadyk bolsadylar, musulmanlar ýewropalylaryň köküni goparardylar» diýýär. Bu çaknyşykda musulman serkerdelerin-den Emir Mujella, Fakyh Zyýaýeddiniň dogany Zahyreddin, Hapyz Aly Hakkary dagylar şehit boldular. Beýleki şehitler hem karargähde bolan goragçylar bilen alymlar bolup, jemi 160 şehitdi. Ýewropalylaryň ýitgisi Ibn Esiriň aýtmagyna görä 10 000, Ibn Şetdada görä 7 000, Ymadeddine görä 5.000 kişidi we birnäçe ýesir alnypdy. Ýesir alnanlaryň arasynda templiýer tarykatynyň ýolbaşçysy Gerard bilen üç sany aýal hem rysar bardy. Konrad bolsa korol Guiniň goramagy netijesinde ýesir bolmakdan halas bolupdy. Soltan çaknyşygyň dowam etdirip, duşmanyň dep edilmegini isleýärdi. Ýöne goşunda we merkeziň dargan wagty çapawulçy bolan meýletin esgerler dagapdylar. Gaçanlaryň arasyndan diňe yktaly esgerler yza öwrülip geldiler. Soltan olja alnan zatlaryň bir bölegini alyp yzyna berdi. Soltan karargähini düzgün-tertibe salansoň, Akkadaky bölümler bilen täzeden arabaglanyşygy sazlandygy üçin duşmanyň üstüne bilelikde hüjüm edip, dyr-pytrak etmegi maslahat berdi. Emma emirler täze goşmaça güýçler gelensoň hüjüme geçilmegini soradylar. Soltan bolsa olara: «Bize indi kömek geljek güýç ýok. Duşmana bolsa her gün kömek gelýär. Olaryň üstündäki gysyşymyzy azaltsak, has howply ýagdaý emele geler» diýdi. Ahyrsoňy goşunda ýokanç kesel ýaýransoň, 15-nji oktýabrda Soltanyň karargähi Harrubä göçürildi. Akkadaky goragçylar hem şähere dolandylar. Muny amatly pursat hasaplan duşman orunlaryny güýçlendirdi. Konrad hem şäheriň demirgazygyndaky musulmanlaryň taşlap giden ýerlerine ýerleşdi. Ýewropalylar gazan garymlaryny deňiz bilen birleş-dirdiler we gabawlaryny berkleşdirdiler. Gämilerdäki gabaw gurallaryny çykaryp, daş okuna tutmak üçin taýýarlyklary görmäge başladylar. Syrkaw bolandygy üçin Soltanyň hüjüm etmek niýeti ýokdy. Ol esgerleriň özi bolmasa üstün çykyp bilmejekdigini aýdýardy. Ýewropalylar gabaw üçin taýýarlyklaryny gutaransoňlar, şäheri daş okuna tutmaga başladylar. Şäher örän berkdigi üçin goragçylar hem duşmana deň derejede gaý-tawul berýärdiler. Iki tarapyň arasynda her gün çaknyşyklar bolýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |