22:36 Sen hakdaky goşgular | |
■ ŞAHYRA
Goşgular
Şahyrlara dil baýlygy bol ýeten, Ýiti duýgurlygam, güýçli duýgusam. Sözlerine burçy, duzy bol gatan, Artyk düşen nabat, şeker, söýgüsem. Gülkä bogup ýykar, özem deň güler, Seň degişmäň bolar käte tersine. Kä söz duzsuz, kä şerebä deň geler, Şahyr sazlap tagam berer hersine. Başgalardan görgürligem zyýada, Duýmanam başarýar duýmanka özge. Berimsiz dogana, dosta, uýa-da, Özündenem ökde düşüner özgä. Dilindenem süýji şerbet sozular, Waspyny ýetirse güllär demirem. Daşdan gaty, perden ýumşak söz olar, Ak ganda öwrüler gara kömürem. Ýagşylyga ýaran, mätäje hossar, Aňlamadyk üçin ol köpüň biri. Şahyr dünýäsinden bu jahan has dar, Zeminden has giňdir ýüregniň töri. ■ BESDIR Besdir, daşdan kesekleşme, Çen dälmi bir ýana syrsaň. Bisabyrlygym kösänok, Ýadadym, nämälim syrdan. Zeýrenmesem-de takatdan, Çydamym ýok gümürtige. Kejigýärin kümsüklige, Howpurgaýan ümürlige. Aýdyňlyk bu janyň ujy, Parhy ýokdur täsiriniň. Duman, güman ýigrendigim, Näm bolsa şol ahyrynyň. Besdir, daşdan kesekleşme, Pytraýar zyňylan kesek. Gowusy daş bilen daşla, Kesekleme, garaz, bes et. ■ ERK Göwnüme degseler dymdym, Gaýtawul ýok, ýokdy dilim. Öýkämi ýaşyryp gömdüm, Ýürek bolsa dilim-dilim. Kynçylykda eňremedim, Çuňňur guýa atdym gussam. Ünsi çekip eglemedim, Ýansam-da çykmady tüssäm. Ejiz ýerim bar, aňlaýan, Gowşaklygmy aýp etmäň. Erkim ýitirip aglaýan, Gyzgyn mähre çydam etmän. ■ SEN HAKDAKY GOŞGULAR Goşgularmyň köp bölegi sen hakda, Ýöne men olary gizledim ilden. Gabandym olary müň dürli gözden, Goradym olary müň dürli dilden. Gymmatly zatlaryň aýalşy ýaly, Aýawlap, arzylap sakladym eziz. Gizlin syrym ýok bolsa-da arada, Özüňem bileňok, göreňok heniz. Olar juwan gyzyň utanç-haýasy, Ýaş gelniň edebi deňelen genje. Ene süýdi deýin mukaddes saýan Päkize söýgimden sanlyja damja. ■ DUŞURJAK ÝOL Uzak eken tükeniksiz, Seni maňa duşurjak ýol. Serhet eken tikeneksiz Seni maňa duşurjak ýol. Kä ylgap, kä ädim ädip, Men ýoly, ýol özüm gädip, Kör söýgimi barýar idip, Meni saňa duşurjak ýol. Gördüm tozanyn, topuryn, Ýollardan saýlap tapanym, Soňy görünmez saparym, Ikimizi duşurjak ýol. Owal-ahyr pikir-oýum, Oýun salan, däldir oýun, Hemme zada eden boýun, Seni maňa duşurjak ýol. Surnuksam-da aýtmadygym, Serpiksem-de gaýtmadygym, Dem kesilmän gaýtmajagym, Ikimizi duşurjak ýol. ■ AÝDYŇ ET Sebäbine düşünmedim, Ýakyn saýsam, görünýäň ýat. Gaýtalaýaň, ýadamadyň, «Söýýän» sözün tutupsyň ýat. Ýyly sözüň sowuk degýär, Etmesem-de ynamsyzlyk. Umyt gaşap ýeňsesini, Barýar barha ynam süzlüp. Aýtmaz ýaly ünjiň barmy, Jana batýan bir hossaly. Göwnüňde böleklik görýän, Görmesem-de hiç päsgeli. Ynanjaňlyk aldansa-da, Üşüksiz däl duýgur duýgym. Ýa aýdyň et gümanymy, Ýa-da adyn tutma söýgiň. Rozygül ÝAZHANOWA. | |
|
√ Mollanepes / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Ömrümde / Goşgular - 05.07.2024 |
√ Ýene göz öýünde mä’wa kylyp sen... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Gitmek / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |