ŞEÝTAN ŞÜBHESI
Auzibillähi şeýtany r-rajim,
Bissimillähi rahmany-r-rahym!
Oňa şeýtanlaryň kethudasyndan buýruk geldi: 1993-nji ýylyň soňky aýynyň 31-ine çenli Ýerdäki sapary jemläp, horaz gygyrmanka, dowzaha gelmeli, Täze wezipäni kabul edip almaly. Bu şeýtan – biziň şeýtan şu çaka çenli Aşgabadyň ähli künjünde – „Nahalstroýynda-da“, „Hitrowkasynda-da“, 1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8, 9, 10, 11, 30-njy mikroraýonlarynda-da ýaşap hem işläp görüpdi. Indem bir arzuwy – täze gurlan dokuz, on iki, on alty gat jaýlarda bäş gün döwran sürmek, „Şonam bir göreýin, soňra baraýyn. Hem-ä saňa golaýrakda bolaryn, hem uçmaly ýerimiz şo jaýlaryň biriniň depesinde“ diýip, aşgabatly şeýtan kethudadan haýyş etdi.
Emma, şeýtanara kanuna laýyklykda, hakyky niýetiňi hiç haçan daşyňa çykarmak, diliňe çolamak bolanok. Bu şeýtanyňam hakyky niýeti başga. Mundan köp asyr ozal, Nusaý galasynda, derwüş sypatynda aýlanyp ýörkä, ony bir eleşan oglanjyk tanapdy. Şeýtan üçin bolsa tanalmakdan uly aýyp ýok. Ol her gezek tanalanda, bir emeli kemelýär. Şol gezekki tanalmasynyňam oňa ýedi ýerde kössi ýetdi, içinde abyrsyz ahmyr goýdy.
Şeýtan özüniň tanalanyny bada-bat aňarmyş, tanan adamyň gözünden bilermiş. Şol tanan adamam şeýtan bagyşlamazmyş. Ýa däliredip düze çykararmyş, ýa-da amanadyny tabşyrdarmyş.
Emma şo gezek şeýtan ýetişmedi. Päsgel berdiler. Bir ýerden şaglap inen akja bela tas şeýtanyň öz başyna ýetipdi. Zordan gutuldy. Armanly gitdi.
Şeýtan başga bir zadam bilýär: birwagt ýaşap, dünýäden giden adamlaryň köpüsi, telim asyr geçirip, ýene täzedenem doglaýýar. Elbetde, öň söwdagär bolan bolsa, soňky ýaşaýyşda başga bir kär, wezipe edinýär. Öňki watanynda däl-de, düýpden başga bir ýurtda doglubam bilýär. Öň aýal bolup ýaşanyň soň erkek bolup doglaýmasam (ýa-da tersine) bar. Ýöne öňki ýaşaýyşdan käbir alamat, käbir häsiýet, barybir, galýar. Ylaýta-da, adamyň zehini, ukyby hiç ölmez eken, ýok bolmaz eken.
Şeýtanyň hasabyna görä, şol nusaýly oglanjyk şu töwerekde ýene dünýä inen bolmaly. Emma onuň nähili sypatda, näçe ýaşda, haýsy kärdedigi, haýsy jynsyň wekilidigi entek nämälim.
Elgaraz, biziň şeýtan kethudasyndan razylyk alyp, peşeneli dokuz gatlaryň biriniň üçegine göçüp bardy. Käte üçegiň eýlesinden girip-beýlesinden çykýan hazlawuk şemalyň gerşine atlanyp, käte-de adam sypatyna girip, gatma-gat aýlanyp ugrady.
* * *
Jaý toýy. Goňşusynyň bol tagamyndan beleň alan Baýram ýeke dyza galyp, eline doly bulguryny alyp göçýärdi:
– Adamlar, goňşular! Şeýdip, dost-ýar, dogan-garyndaş, goňşy-golam – bir saçagyň başyna üýşüp, allanäme bolşup oturanyňy görse, şeýtan öýkelärmişin. Geliň, şeýtany tiz-tizden öýkeledeliň!
Şeýtan ýylgyrdy. Göze görünmän uçup, Baýramyň bulguryna buşugyp geçdi-de, öz ýoluna gidiberdi, Birsalymdan, Baýramam saçagyň üstüne kese ýykyldy-da, düýşünde aýakýoluna çykdy. Yzyny hudaý görkezmesin…
* * *
Oglanyň derdi – oýun. Şeýtanyňkam. Şonuň üçinem, şeýtan diňe çagalardan gorkýardy. Olaryň özlerindenem beter, eginlerine münüp oturan perişdelerinden eýmenerdi.
Ýöne, näme, çaga-da ýerden ýeke çykanok. Onuňam asgynjagy – ata-enesi bar. Şeýtan, ine, şol asgynjaklardan asylardy, şolary oýnardy.
Bu adam bedibagtlary oýnamakdan aňsat zat barmy. Ine, mündüň lifte. Iki sany goňşy gelniň ýanyna. Görgüliler, dünýäň gybatyny edip, dünýäden bihabar. Liftiň orta ýolda togtanynam birbada duýmadylar.
– Wiý, bu atyb-a bozulaýdy öýdýän – diýip, birden gelinleriň biri diňşirgendi.
– Jaňyny bas, jaňyny! – diýip, beýleki maslahat berdi.
Şeýtan bu maslahatçynyň oguljygynyň düýn lifte beren azaryny birinji gelne ýatlatdy.
– Wiý, jaňyny sen bas, ýerçeken ogluň bassyn. Düýn liftden çykmady, anha-da edeni.
– Gysyp otur-a, darsdaban, seniň gyzlaryňdyr liftden çykmaýan.
– Seniň äriňdir.
– Seniň myhmanlaryň…
Ýaka bolsa ýyrtyldy, gara saçlar çözlendi. Daryşgan ýerde uruşmanyň jebrinem özüňiz bilýäňiz. Garaz, bu galmagalyň ilki nireden – ýeriň astyndanmy ýa arşyň üstündenmi – gelýänini aňybilmän aljyran goňşy-golam ahyrsoňy bu syr bilen bilelikde liftiňem gapysyny eýdip-beýdip açanlarynda, ýüz-gözi pers-ala iki gelne arwahdyr öýdüp, hasam gorkdular.
– He-he-he-eý… – diýip, biri kikirdedi. Iki gelin ikisi birden ýaňky güleniň üstüne topulmak üçin, gaýtadan häzirlendiler welin, üýşenleriň arasynda hatda dodagy ýylgyrýany ýa gözi gülýänem görmediler.
* * *
Daşarda, tapçanyň üstünde başga iki gelin mesawy gürrüň edişip otyr.
– düýn birki sanjak gawun diýdim welin, getiripdir bir maşyn gawuny. „Aý, oglan, munçany başyma ýapaýynmy!“ diýsem, „Wah, mähriban, başyňa ýapma-da, iý! Indiki ýyl tomsa çenli iý-de ýat“ diýýä haýran.
– Meňkiň un alşy ýaly-da. „unumyzam-a baýaberipdir“ diýäýmenmi, halta-halta getirip otyr, getirip otyr.
Onýança aňyrdan iki sany pyýada göründi. Iki sany pyýada – ikisiniňem keýpi zyýada. „Anha, gelýä ýerçeken!“ diýip, şeýtan gawundan doýan gelniň gulagyna pyşyrdady.
– Anha, gelýä ýerçeken!
Ikinjiň gulagyna: „Gapdalyndaky ýerçekenem-ä…“.
– Hä, gapdalyndaky erçekenem-ä…
Ýerçekenleriň ikisem gelip, tapçanyň gyrajygyna çökdi.
– Mähriban, nähil-ow! Saňa döneýin. Açary ber.
– Ýit, ýok bol, meýdi ýanan! Seniň ýalaka açar berlermi? Nirede doýan bolsaň, şo ýerde ýatyber.
Açar dilän pyýada gözlerini gyrpyldadyp, ýoldaşynyň ýüzüne seretdi-de, müýnlüje ýylgyrdy:
– Nädýär-aý…
– Äý, Aman jan, ikimizem oňmandyrys heleýden. Tur, gitdik! – diýip, ýoldaşy tarsa ýerinden galdy.
– Wiý, masgara, sen nirä! Seni kowýan barmy? – diýip, onuň başdaşy geňirgendi.
– Menimi! Senmi! Kowubam gör, depäňi deşmeýänmi!
– Bä-ä-äý, hany-hany, ýeri-ýeri, göreýin deşip bilşiňi! Göteril şu taýdan, ülpediňem al-da! Heý, sypatyň gursun, gadyrbilmez gara nejis.
Iki pyýada bu gije düşekde däl-de, üçekde ýatdy. Şeýtan olaryň sahylyk bilen eçilýän porsy ysyny kowmagy şemala buýrup, bir çetde gyşardy. Ertir irdenem, aýaklarynyň ýanynda güýlünip, usurgap ýatan şemaly gördi. Iki pyýada bolsa eýýäm ýeňsesini el ýaly edipdir.
* * *
Dokuzynjy gatda bir şahyr ýaşaýar. Gije ýaşaýar, ýazýar, gündizine-de ýatýar. Gijelerine ýüregi gysanda, şeýtan onuň bilen pelsepe otaryşmany halaýar. Galyberse-de, şeýtan „Şahyr ýüregi duýgur bolarmyş“ diýip eşiderdi. „Şu bir zat duýarmyka ýa duýmazmyka?“ diýerdi.
Şahyr işigaýdan bolsa, öz-özüniň kalby bilen gürleşýändirin öýdüp, şol samrap otyr:
– E-eý, dünýe – diýýär. – Senden Magtymguly näme gördi, Görogly näme gördi, gel-gel, indi men näme görjek!
– Hawa, bu dünýede seniň gadryň ýok. Öleňden soň bilerler.
– Ölemden soň bilip-bilmänlerini men näbileýin!
– Äý, irde-giçde bilinse bolýa-da. Ýazyber, şahyr!
– Eý, dünýe, eýmenç dünýe,
Häý, dünýe, haýýar dünýe,
Gowluga gysganç dünýe,
Şer işe taýýar dünýe!
– Haý, berekella!
Şahyryň bir ýerden gelýänini görse, şeýtan lifte atlanyp, aşak gaýdýar. Şahyr liftiň düwmejigine elini uzadan badyna-da, liftiň gapysy öz-özünden açylaýýar. Munuň nädip beýle bolşuna şahyram haýran, liftem.
Şahyr ilki öz elinde biotok bardyr öýtdi. Ýöne beýle tok diňe lifte däl, adama-da täsir etmelidir-ä. Şahyryň öýünde biri bar – aýaly. Bar bilýänem: „Öýde o ýok, öýde bu ýok!“. Şonda şahyr penjelerini gerip, bar toguny aýalyna gönükdirýär, ony köşeşdirjek bolýar welin, eger-eger. Ol-a biotok eken, öküz öldürýän, sygyr serreldýän ulurak toguňam oňa täsiri ýok.
– Näme eliňi serip dursuň, utançsyz! – diýýär gaýtam.
Bäş çaga-da bäş ýerden şahyr kakalarynyň eline seredýär.
Öýlenmeli däl eken, öýlenmeli däl eken! Ylham aty ýeke özüňi ýedi gat arşyň üstüne-de çykarjak welin, janawar, munça adamyny nädip götersin.
Şahyr bagryny paralap goşgy okap berýär velin, „Nähili, bir zatlar düşýärmi munyňdan?“ diýip soraýarlar. „Hawa, saçym–a düşyä“ diýýär şahyr pahyram.
Bu kelle, bu heleý, bu jübi bilen ýedi gat ýeriň astyna gidäýmeseň, ýedi gat arşa-ha galma ýok.
„Pýesa ýaz, pýesa!“ diýip, şeýtan pyşyrdaýar.
„Näme hakda ýazjag-aý pýesany?“
„Ynha, al bir ýigit bilen bir gyzy, ikisini söýüşdir-de ýazyber!“
„Öz öýüňde, öz ýüregiňde söýgi bolmasa, nädip ýazjak söýgi hakda?“
„Senem söýýän bardyr. Men söýýän-ä seni! Her gün öňüňden lifti iberýänem men“.
„Sen kim?“.
„Ony aýtmagam bolmaýar, görünmegem. Aýdylan güni, ýüzüni görkezen güni söýginiň ömri tamam“.
„Wah, menem şonuň üçin aýdýan-da, öýlenmeli däl eken diýip“.
„Onda aýrylyş-da …“
Şeýtan soňky pyşyrdysyny ýarpylamanka, bäş çaganyň perişdesi bäş ýerden şaglap indi-de, şeýtany atan-satan edip, üçege eltip geldiler.
Ýöne şahyr pahyrda „ Şu jaýda meni bir gowy görýän-ä bar“ diýen umyt galdy. Ol ýene ýazyp ugrady.
Şeýtana bolsa ol indi geregem däl, sebäbi ondan howp ýokdugyna şeýtanyň gözi ýetdi. Ýazybersin ýazsa! Şeýtan onuň öňki ýaşaýyşda kim bolanlygynam, eger şäherdenem, şahyrlykdanam geçip çöle gitse, çopançylyk etse, tütjar baý, abyrsyz abraýly bir adam boljagynam bilýär. Emma adam ogluna bir peýdasy deger öýdýän zadyny şeýtan ömür aýtjakmy! Onsoňam, çöl diýlen ýerde şeýtanyň gyr ýagysy – Hydyr ata-da bardyr. Bu işigaýdan ikisi sataşarmy-nädermi.
* * *
Dünýäniň ähli uruşlarynyň içinde şeýtanyň iň gowy görýäni – är-aýallar urşy. Uzak gije bir düşekde bir jan bir ten bolup ýatan iki ynsan ertir irden itde-pişige öwrülip turarlar. Öýüň içinde tupan turýandyr. Çagajyklar ýaşajyk agaçlaryç tupan wagty aşak-aşak ýapyrylyşy ýaly ýapyrylyp, bir burça dykylarlar. Dokuz gat jaýyň galan sekiz gatynda dym-dyrslykdyr, edil häzir uruşmaýan är-aýallar, demini alman, ýaňky galmagaly diňleýändirler. Her kimiň diňleýşem başgaça. Bir-biriniň ýüzüne köpmanyly seredýäni haýsy, göz gypyşýany haýsy, sessiz gujaklaşýany haýsy, ýaňky uruşýanlaryň biri jaýdar söz tapyp sugşuranda „ Häýt, aldyň!“ diýip bökýäni haýsy, şol jaýdar sözi depderine belläp alýany haýsy.
Şeýle urşuň şeýtan üçin iň peýdaly tarapam – onda heniz aýdylmadyk geplerem aýdylaýýar, bilinmeýän zatlaram bilinäýýär. „Samsykdan sorama– özi aýdar“ diýip, şeýtan şonda, adamyň tapan iň gowy nakyllarynyň birini ýatlardy. Urşulan halaty iň akylly adamam käte diri samsyga öwrülýär ahyryn.
Bularyň uruşlaram dürli-dürli. Dokuz gat jaýy sarsdyrýany bar, pyşyrdaşyp uruşýany bar, ýaka tutuşýany bar, biri-biriniň ýakasyndaky gyljagazlary aýryşdyryp, biri-birine „Ezizim!“, „Gadyrdanym!“ diýip uruşýany bar.
Şol käte üçekde ýatýan iki pyýadanyň birinjisi uruş wagtynda „Mähriban, beýtme, beý diýme, meniň abraýymy dökme!“ diýip, bazzyklap ýalbarýar.
Ikinji pyýadanyň gorkýany–milise. Şonuň üçinem ol aýalyna turuwbaşdan „Bar, getir milisäňi!“ diýip, haýbat atyp ugraýar. Şeýtanyň ilk-ä bir milise geýimine girip, onuň gapysyny kakaýmak hyýalam ýok däldi. Ýöne soň biderek wagt ýitireniňe, göze dürtüleniňe degenok diýen pikire geldi. Onsoňam bardy-geldi, çyn milise geläýse-de, ýaňky pyýada „Siziň maşgala urşundan başga işiňiz ýokmy, anha, köçe kezzapdan doly, bar-da şolary tutuň˝ diýip, gopgun baryny turuzýar. Gorkanyň gykylygam uly bolýar-da.
Başga bir är-aýal bar. Adamsy sesini gataldyp ugradygy, aýaly „Hatym bardyr“ diýýär. Onsoň äri dymaýýar. Aýaly öýden çykdygam, içerini dörjeläp, şol haty gözleýär. Birwagt aýalyny çalarak çalanda, o-da dogtora baragada hat alypdyr. Alypmy ýa-da aldym diýäýýämi. Ine, şondan bärem, barlygy-ýoklugy näbelli şol hat bu äre ynjalyk berenok. Eger şo ýok bolaýanda-da, gaty içiň gysanda, şeýle haty ýasap, ilki ärine görkezdirip, soňam ony aýalyna ýitirtdirip, birtopar tomaşa gurasa boljak welin, owunjak oýun-da.
Üçünji gatda bir ýuwaş ýigit ýaşaýar. Gelni welin… öwf! Ine, bir gün ýaňky ýigidiň gaty gahary geldi-de, bogazyna sygdygyndan gygyryp duran gelniniň bilinden tutagada, dik depä göterdi. Şo wagt şeýtanam ýetişip, „Oklasan-aý!“ diýip, ýigidiň böwrüne bir dürtdi welin, ýaňky açyk aýnadan gelni aşak oklap goýberdi. Elbetde, ýuwaşyň gaharyndan hudaý saklasyn! Ýöne birsalymdan ýigit „Wah, nädäýdim-ä…“ diýip diňşirgense, daşardan ýene aýalynyň sesi gelýär. Aşak seretse, aýalynyň etegi hol aşakdaky agajyň şahasyna ilteşip galypdyr-da, betibagtyň özem başaşak sallanyp dur. Şol durşuna-da:
– Eý, binamys, gaýratly är bolsaň, çagalaryňam okla-da – diýip gygyrýar.
Şeýle erjel gelinleri şeýtanam sylaýardy. Ol gelnem şonda şeýtandan bir berekella aldy.
Şeýtanyň dişiniň ötmeýän, hiç ebeteýini tapmaýan ýerem bar. Äý, ol maşgala gaty berk. Är-aýalyň ikisiniňem mydama eli işde, gözem bir-birinde.
– Kakasy, senem dynjyňy alaý käte!
– Äý, keýwany, dynç bolmaz. Dek duranyň eline şeýtan taýak tutdurarmyş.
– Kakasy, goňşular-a ýene uruşýar öýdýän.
– Häý, bedibagtlar. Bir günlük galmagalyň kyrk günlük yrsgala zeper ýetirýänini bilenoklar-da.
„Sizem käte bir urşup-sögüşip görüň ahyryn!“ diýip, şeýtan pyşyrdaýar.
– Kakasy, bizem käte bir urşup göreli ahyryn. Men-ä goňşularyň ýanynda birhili utanýanam ýogsa.
– Bor, keýwany, häzir şujagaz işi gutaraýyn.
– Onda menem naharymy ataraýyn oňa çenli.
Şeýtan onuň naharynyň duzuny goraba etdirip görýär, düýbüni ýakdyryp görýär.
– Keýwany, şu gün-ä bir zadyň pikirini köpräk edipsiň. Ýene men hakdadyr-la.
– Wah, kakasy, men-ä haýran. Häzir sen çaýyňy içýänçäň, başga bir zat bişirerin.
Käte aýaly soňy uruşlyrak gürrüňleriňem üstünden baraýjak bolýar welin, adamsy ýene öňürdýär:
– Keýwany, gel, düýplüräk, peýdalyrak zadyň gürrüňini edeli-le.
– Nämäniň?
– Ine, meselem, häzir dünýäniň, käbir ýurtlar arasynyň ýagdaýy gowy däl. Gel, şony nädip düzetmäň maslahatyny edeli.
Beýle gürrüňde gülüb-ä bolýan däldir welin, ýöne gaharlanybam bolanok-da.
Başga bir aýal barmyş, asyl, ýer astynda ýylan gäwüşese-de aňýarmyş, düýe görse-de, içinde näçe gumalagy baryny bilýärmiş, Arapda-Şarapda bir täzelik bolsa, habarlymyş diýip şeýtanyň gulagyna degdi. Şony bir synlap, diňläp bolaýsa diýip ýörkä-de, bir gezek ol aýalyň adamsynyň daşardaky telefon kümejiginde:
– Alýo, alýo! „Tiz kömekmi? Geleweriň! Aýal ýaranok. Özünden gitdi-how! – diýip, gygyryp duranyny eşitdi.
Şeýtan derhal dogtor geýmine girip, bularyňkyda peýda boldy. „Tiz kömegiň“ şeýle çalt geläýşine ýaňky äriň agzy açyldy. Aýalynyň welin, dogrudanam, haly teň eken. Şeýtanyň bilmeýän emi barmy. Aýal derrew gözüni açdy, tirsegine galdy, dilem açyldy:
– Wiý, ýaňy huşumy ýitirmänkäm aýtjakdym, ýetişmedim. Pylanyň gyzy pylany bilen gaçanmyş-a, eşitmediňmi?
Adamsy:
– Gaçan bilen näme işiň bar, ýat-da hudaý diý-de!
– Pylany bilen pylanylar sögüşenmiş-ä, onam eşitmediňmi, näme üçinkä?
– Aý, seň sögüşen bilen ne işiň, ýat! – diýip, adamsy „dogtordan“ utanjyna, ýüzüni sapajak-supajak etdirýär.
– Ýatjak däl.
– Tur-da onda!
– Turjak däl.
„Äý, ýok, bu zenanam bizden bihabar, gözýetimi dar“ diýip, şeýtan oýlandy-da, hoşlaşdy. „Onsoňam, bar gep-gürrüňiň, ähli habaryň şu aýalyň üstünden geçýänligi çyn bolsa, biz hakdaky gepem muňa hiç ýerden ýetmedik bolsa, diýmek, onda entek hiç kimiňem habary ýokdur“.
Şeýtan şondan soňam kän ýerlere, kän öýlere aýlandy. Ýaş-u-garry, erkeg-u-aýal – köp adamlaryň agzyny ysgap gördi. Birtopar oýunlaram turuzdy. Olaryň baryny ýekeme-ýeke ýazmaly bolsa, tutuş bir roman dörejek. Emma… Bir gezek şeýtandan soranmyşlar: „Şeýtan aga, saňa erbet-erbet diýýäler welin, sen şeýle erbetm-aý!“ diýip. O-da „Wah, men beýle erbet däl-le. Ýöne galam duşmanyň elinde!“ diýenmiş. Bizem şo gyjalata galaýmaz ýaly, häzirlikçe bary bilen oňşuk edeliň.
* * *
Hemme zat uçuşa taýýar. Ganatlar ýaglangy, tüýler daralgy, türre düwülgi, dyrnaklar syh-syh. Şeýtan biriniň penjiresinden boýnuny uzadyp, sagada seretdi. Edil gyrba-gyrat, minutma-minut, häzir uçsa, ýetişjek. Ýolam ýakyn däl. Barybir, bular tanamady. Kütelipdirler. Muňa şeýtan bir tarapdan begense, şol birwagtky oglanjykdan derek tapmanlygyna gynandy. Zyýany ýok, belki, şu gezek tanalmanlygyny dowzahdaky täze wezipe paýlanyşykda göz öňünde tutarlar. Telim asyr mundan öňki günäsini geçerler.
Şeýtan jaýyň ýokarsyndaky uçuş meýdançasyna bardy. Ilki eýläk-beýläk ylgap, aýaklaryny mazaly ýazdy. Gapdalyndan pişikmi – bir zat zymdyrylyp geçdi. Geçse-de geçdi welin, zähresem ýarylan bolarly – göz açyp-ýumasy salymda zym-zyýat boldy. pişigem bolsaň, iki ýana at çapyp ýören şeýtana arkaýyn seredip durmak ýeňil iş däldir. Soň şeýtan dyrnaklaryny daşa çarhlap-çarhlap, olaram gyzan mise dönderdi. Içinden sanap ugrady:
– On, dokuz, sekiz, ýedi, alty, bäş, dört, üç, iki, bir, nol! Start!
Ol zarp bilen, gyzyl ot bolup göterildi. Şol pursadam biri çirkin ses bilen:
– E-eý, serediň-eý, şeýtan uçdy, şeýta-a-an! – diýip gygyrdy.
Şeýtan öňräk oýun edip, giden şäheriň yşygyny öçürende, ony erbet tok urupdy. Häzirem edil şondaky ýaly boldy. ol allaniçigsi bolup, aşak baksa, ýaňyja uçan ýerinde bir oglanjyk göge seredip, barmajygyny çommaldyp dur, dişiniň gädigini görkezip. Şeýtan bir ah çekdi. Başga zada wagt ýok. Ýermi-gökmi, adammyň ýa şeýtanmyň, parhy ýok, başlyk aýtdy – iş gaýtdy. Ýetişmeli.
Giç indi, gaty giç! Anha, eýýäm ýyldyzlaryň hersi döwüň gözi ýaly bolup, gitdigiçe ulalyp, ýakynlaşyp gelýär. Şeýtan ýene Ýere seretdi, dişini gyjyrdadyp, ýumrugyny gezäp, azm urdy:
– Ýene duşarys entek!
Kömek KULYÝEW.
Satiriki hekaýalar