23:54 "Şeýtanlaşdyrmak" näderejede dogry? | |
“ŞEÝTANLAŞDYRMAK” NÄDEREJEDE DOGRY?
Publisistika
Ilki sorag: Edil "demokratiýa" ýaly liberallaryñ dar gözýetimli syýasy düşünjeleri ömürlerini tamamlamadymy? Meselem: Bu makalamy öz-özüñe tankyt hökmünde okap bilersiñiz. Populizm-populist adalgasyny hemişe "aýyplama" ýaly otrisatel manyda ulandym. Düşünjek bolup durmadym. Sebäbi bellidi: Populýar syýasy hereketler ilkibaşda ekstremistik sagçy hereketleriñ binýadynda döreýärdi. Çepçiler populizm düşünjesine "ekstremistik sagyñ banal ýaragy" hökmünde baha berdi. Liberallar ony "demokratiýanyñ patologiýasy" hökmünde gördi. Dogrusyny aýtmaly bolsa, “şeýtanlaşdyrdy!” Ýöne bu garaýyş wagtyñ geçmegi bilen gowşady: Soñky döwür syýasatynda populizm "rewolýusiýa" geçirýär: Trampdan Wiktor Orbana, Hawýer Mileýden Zelenskä, "Italiýanyñ doganlaryndan" Fransiýanyñ Nasional frontyna çenli dünýäde göz gamaşdyryjy beýgelişini dowam etdirýär, uly-uly sarsgynlaryñ öñüni açýar. Isleýşiñiz ýaly intellektual ýarlyk ýelmäñ, hakykat-a şular ýaly... Hem indi "çepçi populizm" hem bu tolkunyñ içinde! Şol sebäpden Žan-Lýuk Melanşon bilen Fransıýanyñ “ekstremist sagçysy” diýilýän Marin Le Pen “birmeñzeş dili-şygary” ulanyp bilýär: “Sözi halka beriñ, halkyñ haky bar!..” Soñky saýlawda üstün çykan çepçi Melanşonyñ sözüni ýatladaýyn: "Populizm aýyplamasyna garşy özümi aklajak bolamok. Elitalar isleseler, bu sözden ürküp biler. Näme etseler edibersinler; maña "populist" diýýärlermi? Goý, şeýle bolsun!" Fransiýada "täze Robespýer" soñky saýlawda şeýdip üstün çykdy! Latyn Amerikasyndan soñ Ýewropada hem çepçi populizmiñ şemaly öwüsmäge başlady... * * * Diýmek isleýänim: Globallaşma oýnundan utulanlar kowçum-kowçum bolup populizme bakan ýönelýän bolsa, muny gyraklatmak, äsgermezlik etmek arkaly analiz edip bilmeris. Eger ortada bir hakykat bar bolsa, oña arkamyzy öwrüp bilmeris. Çepçi ýa-da sagçy populizme çynlakaý seretmeli bolarys... Sany gün geçdigisaýy artýan populist saýlawçylary döreden prinsiplerdir faktorlaryñ üstünde düýpli durup geçmeli. Meselem: Populizmiñ baş prinsipi "olar" we "biz" bölünişiginiñ üstünde gurulandygy. Bu arany açyjy dartgynlylyk duýgulary doly oýandyryp bilýär: “Dost” we “duşman!” Howpsuzlyk gerek: "Kesekiler duşmandyr we milli häkimiýet gurulmasa, soñumyza çykyp bilerler!" (Soñky saýlawda "Dersimli Kemalyñ" añ ýetirip bilmedigi-de şudy). Demokratiýany indi aldawçy režim hökmünde görýän gahar-gazaplylardan düzülen populizm şahsy hak-hukuklardan has köp kollektiwleýin maksat üçin hereket edýär: Halkyñ we raýatyñ bähbidi, il-ýurduñ bähbidi üçin araçysyz syýasy režimiñ gurulmagyny tapap edýär. Mysal üçin: Şweýsariýanyñ syýasy ýörelgesinde bolşy ýaly referendumy demokratiýanyñ iñ ajaýyp görkezijisi hasaplaýar. Raýatyñ oñlamaýan, ýöne parlamentiñ kabul edýän kanunlarynyñ güýje girmegi "syýasatçy gatlaklara" garşy gahar-gazaby güýçlendirýär. Şygarlary belli: - Halkyñ ýagyrnysyna hopba bolanlary ýere düşürmeli, taryhy buýsanjymyzy dikeltmeli! * * * Adalatsyz saýýandyklary üçin saýlawlara gatnaşman "göze görünmän" gezýänler - äsgerilmeýänler wagty-sagady gelip toparlanmaga başlansoñ, alternatiw güýje öwrülensoñ, merkezi häkimiýetleri-partiýalary gorky gurşap aldy. (Muharrem Injäniñem düşünip bilmedik zady şudy!) Galyberse-de, hudaýlaşdyrylan global bazara duşmançylyk edip, hemaýatkär ykdysadyýetiñ tarapyny tutmalary mediýa arkaly olar barada "ekstremist sagçy" diýen ýaly çişirilen ýarlyklar dakylmaga, komplimasiýa teoriýalary toslanmaga başlandy! Her orta çykan herekete "ekstremistik sag" ýarlygyny dakanlardan soramak gerek: sosialist Žan-Lýuk Melanşona näme diýip bilersiñiz? Olam birmeñzeş ykdysadyýet modelini öñe sürýär... Fransiýada birnäçe aýlap ünsden düşmeýän protestçi "sary ýelekliler" hereketine" nähili baha berýärsiñiz? Sagçymy, çepçimi? Näme diýilse diýilibersin, populizm aşakdakylary - Gýugonyñ "sepil-sergezdanlaryny" üýşmäge çagyrýar, global oligarhiýa garşy toparlanýar, ulalýar... Syýasat arenasyna "täz gan" gelýär we gürrüñsiz muny imperializm hem ulanjak bolýar. Ýagdaý şeýle bolsa: Dilujy çepçi hereketlere ýüzlenip aýdýaryn: muny ýok saýyp, garalap, ürküzup halk bilen dil tapyşyp bilmersiñiz. Düşünmeli bolarsyñyz. Ýeke mysal bereýin: Fransiýada Le Pene 1974-nji ýylda ses berenleriñ 3%-i işçilerdi, häzir bu görkeziji 50%-den geçdi! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 24.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |