14:56 Siñek / hekaýa | |
SIŇEK
Hekaýalar
Şol ýyllar uly senelere gabatlap, uly ýaşulularyň çykyşlaryny merkezi telewideniýeden görkezmek kada öwrülipdi. Olar respublikalaryň gazanýan ajaýyp üstünliklerini ajaýyp sözler bilen beýan ederdiler. Uly ýaşuly diýilse, sakgaly döşüni ýapyp duran gojany göz öňüne getirmek hökman däl. Muny aýtmanyňda-da, soňky ösdürimler kime ýaşuly diýilýändigini bilýändirler-le. Bir adam wezipe eýelän oglunyň kabinetine baranda oňa ýaşuly diýip ýüzlenenmiş diýýärler, geň görýän ýok. Uly ýaşulynyň bu gezekki telewizion ýazgysy güýze gabat geldi. Güýz pasly-da siňegiň möwç alyp örýän mahaly bolýar, bu ýyl-a ady ýitmişleriň güni geldi, maýylgançylyk, ygalam ýok, agşamlaryna çigregem düşenok. Studiýanyň sesýetim gapdalam zibilhana. Güneşli güýz gününde zibilhanada ýagyrnysy gyzan sinekler agşam studiýanyň jaýyna enýärler. Penjirelere tor çekildi, şonda-da yş tapylýandyr-da, siňeksiz-ä bolup bolanok. Uly ýaşuly çykyş etjek bolsa, studiýanyň başlygy Merdanow ýaga depjek ýaly ýaýdanyp dur. Adamlar bilen oňuşsa boljak, ol siňekden ätiýaç edýär. Tomsuň başynda-da uly ýaşulynyň çykyşyny ýazypdylar. Ýazgyny ikinji ýola gaýtalamaly bolupdy, siňek sebäpli. Ganaty gyrylmyş çaga siňek belent mertebeli adamy iki gezek studiýa getirdi-dä! Adamlaryňam arasynda siňege menzeşleri az dal, her näme-de bolsa, olar öz jynsyňdan. Ýalbar, buýruk ber, döşünden it. Ýaşulularyň biri çykyş etmäge gelende operator maý tapyp ondan jaý sorapdyr. Bu gün jaý soran bolsa, ertir wezipe sorar. Merdanow bi biabraýçylyk bilen bagly birgiden çäre gördi. Ýaşulularyň ýazgysyna gatnaşmaly adamlar saýlap, seçildi. Esasy göz öňünde tutulan şertler: pensiýa ýaşyna golaýlan, wezipe hantamaçylygyndan dynan, jaýdan, maşyndan üpjün adam bolsun... Zürýatsyz bolsa-ha, oňa ýetesi zat ýok, ýogsa ogul-gyzynyň bähbidini ara sokar. Adama gezek gelende bir alajy boljak, gep siňekde bar. Siňek gursun, ady ýitmiş, olary gyranyň bilen gutaryp bolýarmy. Ýörite bir adam belläp, seň işiň-pişäň siňek gyrmak bolsun diýildi. Oň adyna Gurt diýýärler. Siňekçe ýok ogul dogrup, onuň adyna Gurt dakýan ene-ataň ýüzüne köz degsin! Gurz täze işe bellenilenine bäş gün geçmänkä Merdanowyň ýanyna baryp: — Hojaýyn, siňek janawarlaňňam peýdaly ýeri barmyş — diýdi. — Hojaýyn, biziňem sözümize gulak as-a... bir ýerde siňegiň tohumyny tükedipdirler, erbet kesel döräpdir, ýene siňegi ýaýratmasalar bolmandyr. Kesel tapba kesilipdir. Siňek janawar şo erbet keseli döredýän mikroby iýýän ekeni. Studiýada şo erbet kesel döräýse näderis? Soňky gün siňegiň tohumyny tükeden şü diýip meň ýakamdan tutjak bolsaňyz-a, karam bor, öňünden duýduryp goýmakçy men şuny, hojaýyn. — Sen siňegiňe jogap ber, adamyň garamaty meň boýnuma düşýä. — He-he, siňekleň işi haýyr-la, hojaýyn. Bu adamyň ýylgyryşam gepi ýaly içýakgyç. Şu adam öňki başlykdan galan miras, könäniň zyýanly galyndysy. Operatora assistent diýip işe alypdyrlar. Ozalky kärini sorasaň, surat alýadym diýýär. Suratçy operator bolup bilýä diýip eşidipdir. Režissýorlar dat edýär. Şol adam kameranyň başynda durjak bolsa, gepleşigiň hiline jogap beremzok diýýärler. Uly mejlisleri alyp eşitdirmeli bolsa, bi adam oýun görkezýär. Režissýoryň görkezmesi bilen işi ýok. Zaldan gözläp tapýan adamlarynyň biri uklap ýatyr, beýlekisi burnuny dyrmalap otyr. Pallap agzyny hatap ýaly açýany görse güni gelýär, derrew uly planda berýär. Käbir saýlap tutýan kadrlaryna özi hikirdäp gülýärmiş. «Men märekä tankydy göz bilen garaýan, durmuşy real görkezmeseň bolmaz-a, men telewideniýe — sungat dňen pikire uýýan» diýip, etmişini aklaýar. Ýeser ýeri Merdanow ony işden kowup bilenok. Bäş çagasy bar. Kowaýdygy, çagalaryny heleýiniň yzyna. tirkäp, ýaşulularyň ýanyna arz etmäge iberer. Bialaçlykdan çignine agyz salybermek derejesine ýeten Merdanow ýigrenç bilen Gurda seretdi. Başlygyň kabinetinde otyr weli, başyndaky murdar tegelek papagyny çykaranok. Öň bir gezek çykar diýip gördi. «Kelläm üşeýä, hojaýyn, ynanmasaň-a, doktardan sprawka getirip biljek» dýýdi. Häzir bu adam Merdanowyň gözüne uly siňek bolup göründi. Siňekleriň patyşasy diýseňem boljak. Öz raýatlarynyň adyndan töwellaçy gelipdir. Merdanow soňky sözüni aýtdy. — Efirde ýeke siňek görünäýse, premiýadan pat dynýaň. Özüne adamdan başga garşydaş bardyr öýtmän ýören Gurt siňegi äsgermedi, derrew aerozol bilen alaryn öýtdi. Aerozol siňegem gyrdy weliň, çykyş etmäge gelenleriňem üç-dört sanysyny seňseletdi. Oňa aerozolyňy güm et, adamlara zyýansyz bir usul tap diýdiler. Ýanyma kömekçi beriň diýdi, oňa ştat açyp berdiler. Uly ýaşulynyň geljek güni studiýanyň içi elek-soky edildi. Bäş-on siňek aparyldy. Potologa dürbi bilen seretdiler, adamdan gaýry jandar galmadyk bolsa gerek. Gurt ganatlylaryň ýok edilýändigini Merdanowa buýsanç bilen aýtdy. Gurduň sözüne Merdanowyň ynanmajagy hak, özi barlap görmekçi. Ýupiterleri ýakdyryp, ýarym sagat siňege garaşyp oturdy, ýekesi görünmedi. Uly ýaşuly studiýa girip, ýazgyny geçirjekler bilen göwünjeň salamlaşdy. Ýagdaýyňyz ýagşymy, oglanlar? — diýdi. Olara derek Merdanow jogap berdi: — Bylaň durmuşda kem zady ýokdur, ýaşuly. Uly ýaşulynyň keýpiniň köklügi studiýanyň içindäki dartgynlygy gowşatdy. Ol taýýarlanyp goýlan giň stoluň başyna geçip, tekstini öňünde goýdy, soňra äýnegini çykaryp, dakynmazyndan öň aýnalaryny süpürmäge oturdy. — Biziň edermen ýaşlarymyz bar, biz şolara guwanmagy başarmaly — dýýdi. — Şu pikiri subut etmäge bizde gowuja faktlar bar, ýoldaşlar. Şu günüň özünde studentler uly syýasy çäräni amala aşyrdylar. Olar pagta ýygymyna gatnaşmak isleýärler. — Bize düýn habar etdiler, ýaşuly, ýüzlenmäniň kabul ediljekdigini bilýädik, tekstini aldyk. — Halka okap bermek gerek ony, ýaşlarda gowuja watançylyk höwesi döresin. — Üç gezek gaýtalap berýäs, aýtdylar eýýäm. — Dabaraly heň bilen gowuja bir okalsa boljak özi. Plan dolýança pagta meýdanynda bolmagy ýaşlar kasam etdiler. Ýoldaş Merdanow, pagta frontunda gazanylýan üstünliklerden bi ýigitler bihabar bolmaly däldir. Biziň edermen pagtaçylarymyzyň düýnki günde gazanan netijeleri ýyllyk planyň iki prosentine barabar boldy. — Biz muny irden ýygnak edip habar berdik, ýaşuly. — Bi günki gazanyljak ösüş ýigrimi sotuk artyk bolar, raýonlara gowuja tabşyryk berildi. — Ynanýas, ýaşuly, ynha, oglanlaram siziň sözüňizi eşidip dur, ýöriteläbem aýdarys. Merdanow gabat garşydaky operatoryň üm bilen bir zatlar diýýänini görse-de, birbada many, alyp bilmedi. Operator barmagy bilen stoluň üstüne seret diýýär. Seredýär. Mikrofondan, ter gül çemeninden başga zat ýok, bolmalam däl. Halys düşünip bilmedik Merdanow operatora studiýadan çyk diýip yşarat etdi, özem onuň yzyna düşdi. Dälize çykdylar. Operator: — Siňek giripdir — diýdi. — O nähili giripdir, men görmedim-le? — Gülüň üstünde otyr, goçak siňek özem. Merdanow aljyrady. — Ahyry bizi şü siňekler alyp ýatar. Gurdy çagyr... dur, dur entek... ýaşula bildirmän almaly ony. Gurdy tap-da, şu taýda duruň, gözüm bilen görmesem... Butnamaň! Merdanow ýasama arkaýynlyk bileň studiýa girdi, hamala, ýazgy gidip duran ýaly assa basyp, uly ýaşula golaý bardy. — Ýaşuly, birje sekunt ünsüňizi bölmek mümkinmi... ýaşuly, ed-dil şu mahal üýtgeşik pilýonka getirdiler, daşary ýurtdan ýörite gyzyl pula alnan pilýonka-da... Bäş-üç minut eglenmeli bolaýsa. — Ol soňky sözlerini çemeniň depesinde öň aýaklary bilen ýüzüni ýuwup oturan ýigrenji ýaşyl siňege seredip aýdýardy. — Arassa-ha düşerdiňiz, ýaşuly, daşary ýurduň pilýonkasy... Eger, ýok, başlaň diýseňiz... Ýaşyl siňek gaýta-gaýta başyny atdy. Uly ýaşuly howlukmady, gara saçlaryny göwnühoş daraklady. — Gyzyl pula alnan gowuja plýonka bolsa, şoňa düşsek ýagşy bolmazmy? — diýip güldi. Soňra çyn äheňde dowam etdi. — Aragatnaşyk serişdeleriniň käbir görnüşleri boýunça günbataryň kapitalistik ýurtlarynyň käbirinde ýagdaý ganymat diýsek-de boljak. Pagtada weli, biz olardan öňde. Jan başyna öndürilýän pagtanyň mukdary boýunça, ýoldaşlar, biziň respublikamyz dünýäde birinji orunlarda barýar diýsek-de bolar. Merdanowyň höwesi artdy. — Şeýdip çykyşyňyzda-da aýdyň, ýaşuly. Uly ýaşuly barmagyny tekstine urdy. — Şu ýerde-de ýazdym şony. Tak çto bäş-üç minudyň aýby ýok, garaşarys, oňa çenli bi tekste gowuja bir göz gözdirip çykaýyn. Merdanow üm bilen içerdäki üç adama gapyny görkezdi. Gurdy tapypdyrlar, ol eli hlopuşkaly söweşe taýýar bolup dur. Merdanowyň otly demi onuň ýüzüne çabyrady. — Ýagşam bir siňek gyran ekeniň! — Hojaýyn, studiýany kabul edip alan özüňiz, garamaýak diýip-de üstüme gygyryp durmaň-a, hojaýyn. Häli göreniňizde siňek bamydy? —Ol oturan ýaşyl siňek näme onda? — Ýaşuly bilen gelen bolaýmasa... — Gapyl! Şo siňek seň özüňe meňzeýä. — Merdanow beýleki duranlara ýüzlendi. — Ýaşula bildirmän ýok etmeli, bäş minut wagtymyz bar. Teklip... teklip gerek! Operatorlaryň arasynda boýunyň uzynlygy hem tejribesiniň köplügi bilen tapawutlanýany bardy, ana, şol adam aýtjak pikiriniň wajyplygyny öňünden mazamlaýan şekilde agras gürledi. — Bi taýda özboluşly bir taktika ulanmaly bolar: siňegi ýeňsä kowup, zadnigiň önünde almasak ýaşuly duýar. — Ýeňsä geçdigi özüm apararyn! Gurt hatasyny düzetmäge pursat arap, hlopuşkasyny asmanda galgatdy. — Güm et onyňy, goltugyňa sal! Uzyn boýly operator: — Şo sinegi ýeňsä kowmak meselesini men öz üstüme alýan — diýip, özem maslahat tamam diýen äheňde kesgin aýtdy. Duranlar Merdanowyň öňbaşçylygynda assa basyp studiýa girdiler. Jogapkärli operasiýa ýolbaşçylygy Merdanow öz üstüne aldy. Uly ýaşuludan üç ädim ýeňsede durup, üm bilen serenjam bermäge başlady. Ýazga taýýarlyk mahaly režissýorlaryň, operatorlaryň çykyş etmeli adama görkezme bermäge, kadra düşjek zatlary rejelemäge haky bolany üçin uzyn operator gypynç etmän uly ýaşulynyň ýanyna bardy. Siňek henizem çemeniň üstünde oturan ekeni. Operator çemeni gozgady. Siňek uçdy, ýöne hasam biamat ýere — ýaşulynyň çep egnine gondy. Häý, şü ganaty gyrylmyş önem bir gepleşikde ýürege düşen siňege meňzeýär diýen ätiýaç operatory bimaza etdi. Studiýanyň ýagdaýyna öwrenişen bolsa, muny almak kyn düşer, bi edilýän emellere beletdir. Herne siňegiň agramynyň ýoklugam bir gowy zat, ýaşuly egnine siňek gonanyny duýmady. Merdanow eýýäm başyny ýaýkap, nätmeli bolar diýen naýynjar garaýyş bilen operatordan, töwerekden dalda gözleýär. Birden Gurt hlopuşkasyny galdyryp, siňege bakan hüjüme ugrady. Ämärtdir, barşyna ýaşulynyň egnine patladyp urar, adam barynyň işini gaýtarar. Merdanow başyny ýapyryp oňa topuldy, golundan tutup ony yza çekdi, studiýanyň törüne alyp gitdi, hlopuşkany gaňryp aldy, otlukly garaýyş bilen buýrugyny mälim etdi: butnaman dur şu ýerde! Ýaşuly başyny galdyrman otyr, bu saparky okajak teksti ummadan gyzyklydyr dýen pikir Merdanowy begendirdi, gyzykly çykyşy häzir ilkinji bolup özüniň diňlejekdigine buýsandy, ýöne şol oturan ýigrenji siňegi ýok edip arkaýyn, gaýgysyz diňlemek miýesser edäýsedi!.. Siňek gonan ýerinden butnaman, öň aýaklaryny galdyryp, çapak çalýan ýaly hereketler edýär, onuň diliniň ýoklugyna şükür etmeli, ýogsa siziň tutan guşuňyzy men ütüp goýandyryn diýip heşelle kakmagam ähtimal. Operator: — Ýaşuly, oturgyjyňyzy biraz saga süýşürmeli boljak — diýdi. Uly ýaşuly göwünjeň ýerinden turdy. Siňek uçdy, ýupiterleriň ýagtysyndan ýokardaky garaňkylyga çümüp gidene döndi, zym-zyýat bolaýdy. Merdanow ony yzky dekorasiýanyň ýüzünden gözleýärdi. Uly ýaşuly soňky görkezmä laýyklykda jaýlaşyp, ýene tekstini eline aldy. Operatoram siňegi gözleýär, ahyry tapdy. Siňek indi ýaşulynyň sag egnine gonupdyr. Önküsi ýaly heşelle kakýar. Operator alaçsyzlygyny duýdurýan hereket bilen Merdanowa ýüzlendi, Merdanow gaýrat et diýýär. Operatora mikrofony gozgamakdan başga çäre ýok. Gozgady, siňek uçmady. Hernä, ömri uzak bolmuş ýaşulynyň özi kömege ýetişäýdi. Ol garaşylmadyk möhüm pikir serine dolan ýaly höwes bilen başyny galdyrdy: — Biz gowuja işlesek, plany bellenen möhletinden bäş gün öň ýerine ýetirip biljeg-ä! Şü möhüm çäräni häzir men aýtmaly boljak, ýoldaşlar. Ol ruçkasyna ýapyşanda siňek uçdy. Merdanow uly ýaşulynyň üstüne abandy. — Wagtyny bilsek, bize-de amatly boljak, ýaşuly — diýdi. — Gepleşikleri, uly ýeňşiň gepleşiklerini taýýarlap ýörüs, üç adamyň çykyşyny ýazyp goýduk, şahyrlar waspnama okajaklar... Çemeniň üstünde oturan siňege gözi düşen badyna Merdanowyň dili tutuldy. Ellerini galgadyp, ýaşula çemen tarapdan golaýlaşdy. Siňek ýene ýaşulynyň sag egnine gondy. Merdanow ýeňseden hüjüm etdi. Siňek mikrofonyň depesinde oturyberdi. Indi nätjek diýýän ýaly alaçsyz duran Merdanowa sepedýär. Ýaşulynyň öňüne geçip bilmejegiň-ä belli. Geç gaýratyň bolsa!.. Geçäýdigiň göni ýaşulynyň maňlaýyna gonjak! Uzyn operator paýhasy, emeli gapdala zyňdy. Uly güýç bilen almasaň, hile bilen bi siňegi atuw meýdanyna getirmersiň. Ol agyr kamerany itip, mikrofona tarap sürnüp gelýär. Şu badyna geçip gitse, tankdan enaýy bolmaz, ýaşulyny stoly bilen agdarar! Siňek hüjümiň äpetdigini aňdy öýdýän, janhowluna ýaşulynyň önündäki ak kagyzyň üstüne gondy. Kamera togtady. Merdanow doňdy. Iş gaýtdy! Adyň ýitsin, Gurt, alan hakyň haram bolsun! Öňki başlyk seni hasap bilen alan ekeni, sen meniň aýagymyň astyna goýlup gidilen mina ekeniň. Häzir ýarylýaň, häzir ýarylýa... Uly ýaşuly siňegi görse-de, oňa aýratyn üns berip, tekstden başyny galdyryp oturmady. Sag eliniň aýasyny kagyzyň üstünden bir aýlanda siňegi kakyp aldy, soňam gysymyny ýokary galdyrdy-da, bat bilen siňegi ýere urdy. Ýaşyl siňek poluň üstünde seňseläp ýatyr. Merdanow Gurda üm bilen buýruk berdi, galdyr, güm et! Gurt siňegiň ganatyndan tutup gapa eňdi. Merdanow ýaýdandy, ýaşulynyň söz aýdaryna garaşdy. Ýaşuly eýýäm siňegi ýatdan çykaran ýaly, tekstine düzediş girizip otyrdy. Merdanow dälize çykyp, essi aýylan ýaly, diwara söýenip esli durdy. Özüni dürsände uzyn operatoryň studiýadan çykanyny gördi. — Ýaşuly bir zat diýdimi? — Oktýabr baýramynda pagtaçylar raport berer diýdi. — Ä-äý, bi adam zor-how... siňegi dagy nätdi? Gurt: — Öldüripdir — diýip gygyrdy, edermenligiň nyşany hökmünde öli siňegi ýokary galdyrdy. Merdanow oňa azgyryldy. — Siňegiňem al-da, gözüme görünme! — Hojaýyn, bir siňek üçin premiýadan goýaýmagyn-how... 1990 ý. | |
|
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |