17:32 Şorja gurduñ tagamy / hekaýa | |
ŞORJA GURDUŇ TAGAMY
Hekaýalar
Her sapar şeýle bolýar: öýe ýakyn gelýärin welin, meni galpyldy basmarlaýar. Bu, megerem, näçe wagtyň aýraçylygyndan soň ata-enemi görjekdigim, çagalygymyň, oglanlygymyň geçen ýeriniň ýüregime has ýakynlygy üçindir?! Belki-de, adamsy uruşdan dolanyp gelmänsoň, onuň adyny maňa – agtygyna dakan garry enemiň saglygyny tizräk bilesimiň gelýänligi üçindir?! Ýakynda kakam maňa enemiň meni göresiniň gelýändigini, mümkinçilik bolsa gelmegimi sorap hat ýazypdyr. Ynha-da geldim. Galpyldy ýene meni öz galagoply ygtyýaryna aldy. Men bosagadan ätläp, birhaýuk sägindim. Öýde hiç kim ýok ýaly – ümsümlik. Köne edehädime eýerip, ýuwaşja gygyrdym: – Eje, eje-e!.. – Agtygymyň sesi ýaly-la bu? Bizi ýatlap gelendir meniň Arslan janym! Şoldur! – diýip, içerden enemiň ysgynsyz, sandyrawuk sesi eşidildi. – Hany sen?! Enemiň sesi eşidilen gapa tarap gönükdim. Hasasyny söýget edinip gelen enem meni görüp, sakga saklandy: – Arslan jan, senmi bu, balam? – Men, ene, men! – Gel onda ýanyma, balam! Wah, gözlerimiz ýoluňda galdy. Dolanmalydyram öýdeňok. – Enem meni gujaklady-da, gözlerine ýaş aýlady. – Öňki gelip-gidenimden bäri bary-ýogy iki aý geçdi ahyryn, ene. – Meniň üçin-ä juda kän wagt geçdi. – Enem egnimden söýünç bilen sypady: – Wiý, biz näme üçin aýak üstünde durus, balam? Hany, geç! Heläk bolman geldiňmi, Arslan jan?! Şeýdip, gel ahyryn. Ýeke özüň geldiňmi? Çagalaryňy alyp gaýtmadyňmy? Olaram alyp gaýtmaly ekeniň-dä. – Çagalar mekdebe gatnaýar. – Gelnim Maral sagmy? – Köp-köp salam aýtdy. Işde bolansoň, gaýdyp bilmedi. Ol saňa köýnek tikip iberdi. Häzir berjek. Çaýa salyp içeriňiz ýaly nabadam iberdi. – Azara galmaly däl ekeniňiz-dä. – Onuň azary bolmaz. – Enemiň ýagdaýynyň gowy däldigi ýüz-gözünden duýlup durdy. Men ony düşekçede oturtdym-da, howsalamy daşyma çykardym. – Ýagdaýyňyz nähili, ene? – Ýaşyň segsene ýetende saglyk sende myhman bor eken. Indi birki hepde bäri-hä ol mende myhmanam bolanok. Bir mydar-a edip ýörüs. – Enem birneme demini dürsäp gürledi: – Kakaň dagy işde. Ynha, olaram hä diýmänkäň geler. Hany, sen töre geç, balam! Oňa çenli ikimiz çaý içer oturarys. Men töre geçdim. Enemiň ökjesi ýeňledi. Ol haýdan-haý düşegini ýygnaşdyryp, çaý oturtdy. Oglankam enemiň bar aladasy mendim. Gurt taýýarlap bererdi. Onuň taýýarlaýan gurtlary beýlekileriňkiden biçak tagamlydy. Şorjady. Men hemişe ondan hezil edip iýerdim. Häzirki ýaly ýadymda. Birinji klasa onuň özi alyp gidipdi. Tä okuwymyz gutarýança, mekdebiň tallarynyň aşagynda oturyp maňa garaşypdy. Soň öýe bile gaýdypdyk. Ýolda ol meniň nämeleri öwrenendigimi sorapdy. Wagt geçdi, instituta okuwa girdim. Muňa enem biçak begendi. Okuwy tizräk gutaryp gelmegimi dileg etdi. Ýöne okuwy gutaryp şäherde işe galandygymy eşidende welin, ol gyýyldy. Onuň ähli ogullarynyň, agtyklarynyň başyny jemläp, bir saçak ýazasy gelýärdi. Men her gezek oba baranymda enem ogullaryny, agtyklaryny çagyrýardy. Bize seredip ýylgyrar oturardy. Ynha, bu gün hem şeýle bolaýmalydyr. – Arslan jan! – diýip, enem ýanyma gelip oturdy. Aýtjagyny-aýtmajagyny öz ýanyndan ölçerýän ýaly, birsalym böwrüne diň saldy. – Ýaşaýan ýeriňiz bizden juda uzakdamy? – Samolýotly gitseň, bir ýarym sagatlyk ýol. – Siziň ýaşaýan ýeriňizi, ýaşaýşyňyzy göresim gelýär. Meni äkidäýseň-ä gowy boljak. – Hökman äkiderin, ene. Birigün gitmekçi. Bileje gidibiris. Sen barsaň, gelniňem, çowluklaryňam begener... Men obada iki gün boldum. Enem ysgynsyzlykdan ýene düşegine geçdi. Ol meni ýanyna çagyryp, kagyza dolangy pasportyny uzatdy. – Ynha, Arslan jan, bilt alsaň... Enemiň pasportyny alyp, daşaryk çykdym. Kakam bilen ejeme enemi öýe – şähere alyp gitjekdigimi aýtdym. – Äkitseň oňa ýetesi näme bar?! Ol öňräkden bäri: «Meni agtygymyň ýanyna äkidiň» diýip ýördi. Onda ahyr ýüregini daşa baglapdyr – diýip, kakam dymdy. – Ýöne, ogul, özüň görüp dursuň. Onuň gezelenje giderlik ýagdaýy ýok. Samolýota-ha ol entek ömründe münübem görenok. Eneň juda heläk bolar. Ony gozgamadykdan gowusy ýok. – Onda men nätsemkäm?! – Sen... – diýip, ejem sözüne agram berdi. – Sen, oglum, ümsüm ötägit. – Bu gelşiksiz bor, eje. – Gelşiksiz bolsa-da, etjek alajyň ýok. Ony özümiz köşeşdirjek bolarys. «Gyssagly işi çykdy-da gitmeli boldy» diýeris. Sen, oglum, gaýdyber. Başga alaç ýok. Men şeýle hem etdim. Enemiň pasportyny kakama berip, öýe ýeke özüm gaýtdym. Yzymdan enem: «Näme üçin meni goýup barýaň, balam? Menem äkit ahyryn. Kakaň o sözüne ynanma. Men kesel däl. Tut ýaly sag men. Jan Arslan, äkit meni. Heläk bolar öýtme. Saňa ýük bolmaryn. Gaýdyşyn samolýota mündürip goýberseň, yzymy taparyn men. Dur, dur!» diýip gygyrýan ýaly duýuldy. Bu meniň aňymda ýaňlandy durdy. Öýe gelip işe başlanymdan soň hem ünjim aýrylmady. Ondan bäri näçe gün geçen hem bolsa, oňaýsyzlyk menden daşlaşmady. Nirede bolsam-da, enem beýleräkde maňa bakyp duran ýaly. Şondan soň mende enemi ýaşaýan ýerime getirmek, şähere aýlamak islegi döredi. Bu gün hem şol isleg bilen öýe gaýtdym. Daşişikde çagalykda bile ulalan dostum Aky durdy. Ol meni görüp, kineli gürledi: – Ýeri, gaçyp geljek ýeriň şu ýermidi? Onuň ýylgyryp duran keşbinden erbetligiň ýokdugyny aňdym. Enemi alyp gaýdandyr diýen pikir aňymda at çapdy. Arkamdan uly ýüki ýere düşüren dek, demimi uludan aldym. Ýylgyrjakladym: – Enemi alyp gaýtdyňmy? – Ýok. – Hä? – Eneň saňa sowgat iberdi. – O nähili sowgat? – Nähili bor öýdýäň? Şo öňki alyp ýören sowgatlaryň ýaly sowgat. Ýa eýýäm olary ýadyňdan çykardyňmy? – Düşnükliräk gürlesene, Aky! Biziňkä baryp gaýtdyňmy? – Ýok. Meniň şähere gaýtjagymy eşidip, eneň öten agşam biziňkä geldi. Özüniň-ä ýagdaýy ýok eken. Ony kakaň ulagly getirdi. Ogulgeldi eje: «Aky jan, Arslanymyzyň ýanyna şähere gidýärmişiň. Gitseň, şu zatlary agtygyma gowşur» diýip bäş-alty sany süýtli külçe, bir haltajykda hem gurt iberdi. «Elinje gowşur. Ol gurdy gowy görýändir. Çagalary bilen iýsin oturypjyk. Meni bolsa gaýgy etmesinler» diýdi. – Arada oba baranymda, heläk bolar öýdüp, enemi alyp gaýdyp bilmedim... – Hä, aýtdy Ogulgeldi eje. «Agtygym meni ýanyna äkitjekdi. Ýöne yzyndan telegramma gelip, gyssagly gitmeli bolupdyr» diýdi. * * * Çagalarym süýtli külçe iýýärdiler. Men olaryň ýanyna baryp, enemiň taýýarlan gurtlarynyň birini elime aldym. Enemiň ysgynsyz sesi gulagymda ýaňlanan dek boldy: «Al, balam, dadyp gör! Seniň isleýşiň ýaly, şorja etdim. Entek onçakly gatanogam welin, şonda-da, gyssagly bolansoň, iberäýdim». – Kaka, enem gurt iberipdir. Biz diňe birini iýdik. Galanyny saňa goýduk. Sen gurdy gowy görýärsiň-ä. Al, kaka, al! Näme üçin iýeňog-a, kaka? – Iýerin, oglum, iýerin! – Ogulgeldi daýzany alyp gaýtjakdym welin, onuň özi göwnemedi. – Näme üçin? – diýip, Aka tarap ýalpa öwrüldim. – «Olary azara goýup ýörmäýin. Ýolda heläk bolaryn. Näme janym bar meniň? Iň gowusy, öýde oturybereýin. Barsaň, köp-köp salam aýt! «Öý-içerleri gurgun» diý» diýdi. Onuň öz-ä, näme diýse-de, gaýdasynyň gelýändigi duýlup dur. Sen onuň mydary ahyryn. Ataň adyny saňa dakyp, ýagşy görüp bildi-le seni. Seniňkiden hezili bolmady... Şondan bir hepde geçip-geçmänkä aýalym Maral meni salyk ýüz bilen garşy aldy: – Arslan, oba baryp geleli... – Hä? – diýip, men howsalalandym. – Eneňiz agyr ýatyrmyş... – Kim aýtdy? – Telegramma iberipdirler... – Hany? Maşgalamyz bilen şol gün giçlik samolýota mündük. Enemiň keşbi göz öňümden gitmedi. Ony ýatladygymça bogazym doldy. Soňky gezek baranymda onuň bilen hoşlaşman gaýdyşym, enemiň garaçyny bilen meniň ýaşaýan ýerimi görmek isleýşi, ony alyp gaýtjak bolşum, Aka aýdan sözleri, iberen külçeleri, gurtlary ýadyma düşüp elewredim. Enemiň perişan keşbi göz öňümde janlanýar. Ol maňa bakyp ýuwaşja pyşyrdaýan ýaly duýulýar: «Sag-gurgun işläp ýörmüň, balam?! Gelnim, çowluklarym gurgunmy?» Samolýotda oturşyma müýnli pyşyrdadym: «O sapar gyssagly işim çykmandy, ene. Seni aldapdyk. Ýagdaýyň gowy bolmansoň, ýolda heläk bolarsyň öýtdük...» Her sapar şeýle bolýar: öýe ýakyn gelýärin welin, meni galpyldy basmarlaýar. Bu, megerem, näçe wagtyň aýraçylygyndan soň ata-enemi ýene görjekdigim, çagalygymyň, oglanlygymyň geçen ýeriniň ýüregime has ýakynlygy üçindir?! Belki-de, adamsy uruşdan dolanyp gelmänsoň, onuň adyny maňa – agtygyna dakan garry enemiň saglygyny tizräk bilesimiň gelýändigi üçindir? Galpyldy, mümkin, enemiň şol umydyny, söýgüsini otuz bäş ýyllap göterip ýörenligim üçindir?! Belki-de, bularyň hemmesi üçindir?! Men jübimden enemiň iberen gurdunyň soňkuja bölegini çykaryp, agzyma atdym. Enemiň iň soňky gurdy. Enemiň iň soňky yhlasy. 1982 ý. Osman Öde | |
|
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |