22:32 Şorta sözler. Henekler. Degişmeler | |
ŞORTA SÖZLER. HENEKLER. DEGIŞMELER
Degişmeler
Bir ýaşuly ogly bilen arak içip otyrka gapydan dosty belli satirik Pyhy Tagan gelýär. Saglyk-amanlyk soraşylandan soň, bolan gürrüň: - Şeýdip, ogluň bilen şerap süzüp, gam serpip otyrmyň? - Hawa, dost. - Oňarmansyň, bu kesp-käri çagalaryň ejesine öwretmeli ekeniň. - O näme üçin? - O dünýäde hemmäňiz bir ýerde bolardyňyz-da. * * * Iki söwdagäriň gürrüňinden: - Dört gyzym bar diýdiňmi? - Hawa, atlaram bir geňsi: Altyn, Kümüş, Göwher, Tylla. - Tüweleme, onda sen söwda etmeseň boljak ahyry. - O näme üçin? - Gyzlaryň atlary hem bir maşgalany eklejek ýaly-la. * * * Ýaşuly kakasynyň halyndan habar almaýan ýigidiň kakasy bilen gürrüňi: - Oglum, ýaşaýan ýeriň uly şäherdir, heý, bir tanyş suratkeşiň dagy ýokmy ? - Bar, ol näme üçin gerek? - Köp gatnaýan köçäňde meniň portretimi çekdirip goýsana! - Onuň näme zerurlygy bar? - Sen bir işli adam, gelmäge eliň degmedik wagty suratyma salam beräýerdiň-dä! * * * - Inim oňarmansyň, heý-de garantga erkek kişiniň eşigini geýdirerlermi? - Dagy nähili eşik geýdirmeli? - Aýal eşigini geýdirerler-dä. - O näme üçin? - “Ýaman aýaldan döwem gaçarmyşyn“ diýip eşitmänmidiň? * * * Bir oglan aglap duran soň dözmän jigisini hem ata mündiripdir. Aty çapyp barýarka jigisi ýykylyp, kellesini çişiripdir. Dogany jigisine atdan ýykylanyny ejesine aýtmazlygy tabşyrypdyr. Jigisi öýlerine gelensoň, ejesine şeýle diýipdir: - Eje, aý eje, men atdanam ýykylamok, kelläme-de hiç zat bolanok. * * * Belli ýalançy buşluk habary bilen gelýär: - Ýaşuly, buşluk, ogul agtygyňyz boldy. Telpegiňi göge zyň! - Gowy zat. Buşluk paýyň taýyn-la. Ýöne seniň sözüňe ynanyp, telpeksiz galaýmasam... * * * - Oglum, agzym orazada weli, bilmän naharyň duzuny dadaýypdyryn-da, indi näme borka? - Eje, Hudaýjan bilse-hä, işiňi suda geçirer. * * * - “Bilemok“ müň belany başdan sowar diýýärler. Şu dogrumyka? - Bilemok. * * * Restoranda: - A-how, inim, bu menýudaky “Palygul” diýen naharyň nähili nahar bolýar? - Şüleden goýurak, palawdan suwugrak nahar-da. * * * Telekeçiniň okuwçy ogluna sargydy: “Mekdepde öwredilýän dört amaldan köpeltmegi, goşmagy gowy öwrengin. Şonda harydyňam, puluňam köp bolar. Aýyrmagy hem bölmegi durmuşyň özi öwreder”. * * * - Aý inim, tüweleme, dawa dagy etseň ýeň bereňokla! - Ýeňiňi uzatsaň, eşigiňi sypyryp, etene serçä dönderýärler-dä. * * * - Dost, näme üçin köpçülik öýüňe ýygnansa, aýalyňy öwüp başlaýarsyň. - Aý, nätjek. Gerek bolsa doňza hem daýy diýmeli bolýar-da. * * * - "Akmak aýak üstünde garrar" diýipdirler. Oturaly. - Garrany-ňa çyn. Ýöne akmaklygyňy şu ýaşdan soň boýun alýaňmy? * * * - Öýde iň köp işleýän haýsyňyz? - Telewizor. * * * Para almagy başarmaýan wezipeli adamyň aýalynyň ilgenji: “Jüýje bagtly bolsa towuk emjekli bolardy”. * * * Iki ogly, kakasy, ejesi saçak başynda maşyn almak barada maslahat edip oturan. Birden iki dogan "maşyny men sürerinde, men sürerin” bolşup dawalaşyp başlapdyrlar. Bu dawany halamadyk kakasy: - Getir, açary. Maşyn hiç biriňize hem ýok. Domkyrada galdyryp goýaýjak - diýipdir. * * * - Aý keýwany men-ä şu horazymyzy öldürjek. Özem gygyrmaly wagtyny bilenok, käwagt daňdan, kämahal günortan gygyrýar. - "Mal eýesine çekmese şumluk” diýipdirler. Sen içen wagtyň, wagty- biwagty ýok, gije ýa-da gündiz diýmän gygyryp dursuň-a. - Şol horazyň saňa çekmänen gowy. Ýogsa, eňegine dynuw bolmazdy. * * * - Kempir, aý, kempir. Men pasport üçin surata düşmäge gitmeli. Oňat telpek bilen ädik taýýar edeweri. - Bä, başga eşik gerek dälmi? - Aý, iki başy düzüw bolsa arasynyň gitjek ýeri bolmaz. * * * - Ýowaryma on bir adam geldi diýýäň. Iki adam bar-a. - Biri Bäşim biri Alty. Onsoň on bir bolar-da. * * * - Alty agany iberjekdirin. Gowuja saklagyn. - Goýaweri, zaluwat! Bir Agany zordan ekleýän. * * * - Men saňa bazardan sogan getir diýipdim-ä. Sen-ä sogan tohumyny getiräýipsiň. - Nämä howlukýaň? Ýaz ekseň güýz hasylyny alarsyň-da. * * * - Öten agşam toýda aýakgabymy ogurlatdym. - Aý sölite, zadyňa ykjam bolarlar-da. - Başujymda ýassygyň aşagynda goýdum. Dagy nädeýin? - Wiý, aýakgabyň bagjyklymy? - Hawa, näme tapdyňmy? - Ýok-la, ýöne oňarmansyň. Bagjygyňy boýnuňa daňyp ýatmaly ekeniň. * * * - Aýagyň agyrýarmy? - Hawa. - Men onuň näme üçin agyrýandygyny bilýän. - Näme üçin? - Agyr göwre bilen ýeňil kelläňi göterýänine namys edýändir. * * * Bir ýigit bir zada gahary gelip daşarda çişip oturan. Köçeden motory oňly işlemeýän maşyn “park-purk” edip geçip gidýär. Şol pursat öýden gybaty söýýän, etli-ganly daýaw gelin haşlap gelýär. Şonda bolan gürrüň: - Bu ses näme? Näme boldy? - Ýet, birin-ä tüpeňlediler. * * * - Eje aý eje, maňa gopuz alyp bersene! - Ýok, gyzym, onsuzam bir jaýda ýaşamyzsoň gykylygymyz azlyk edenok. - Eje, alyp beräý. Men gupuzy diňe sen ýatan wagtyň çalaýaryn. * * * Bir ýaşuly, "r” diýip bilmeýän ogluny öýeripdir. Gelin atasy öýüne gaýtarylypdyr. Bir gün ýigidiň ýanyna klasdaşlary gelipdirler. Şonda ýigit ejesine "Eje, çöýek beýsene” diýip ýüzlenipdir. Çaý içip oturan ýaşuly ýylgyryp ogluna şeýle diýipdir: - Oglum gelniň gaýdyp gelýänçä "r” diýmegi öwreneweri. * * * Çaga gürrüňlerinden: - Gel, aşyk oýnaly! - Çyndanmy ýa-da ýalandan? - Utsam çyndan, utulsam ýalandan. *** Mugallymyň okuwçy bilen gürrüňi: - Sen ýalta. Öý işleriňem işlemän gelýäň! Görä, dostuň Meret öý işlerini her gün işläp gelýär. - Mugallym, olaryň telewizorlary işlänok-da. *** - Kaka, maňa bir wagtda hem sen, hem ejem ýumuş buýursa, haýsyňyzyň diýenini edeýin? - Onda iki bolup ejeň diýenini etmeli bolarys. *** - Kaka, ejem şäherden geldimi? - Hawa, geldi. - Näme getirdi? - Bir günlük gybat. *** - Alty daýym saňa gelsin diýýär. - Alty sany daýyň bardygyny bilýän. Haýsysy çagyrýar? * * * Ogly kakasynyň ýanyna pil sorap gelýär: - Kaka, otag eder ýaly pil bersene! - Oglum, iki hili pil bar. Kiçi pilde oturyp işlemeli, uly pilde dik durup işlemeli. Saňa haýsy pil gerek? - Dik durup işlemelisimi ýa-da oturyp işlemelisi? - Kaka, tapsaň maňa ýatyp işlenýänini bersene! *** Bir meýlisde bagşyň aýdymy diňlenip otyrka, gürrüň gyzyşanda, bir awçy töweregindäkilere gezek bermän sakyrdapdyr. Aýdýan gürrüňleriniň mazmuny meňzeşräk eken: atýar, ütýär, atarýar, üýşüp iýýärler. Diňleýjileriň biri sypaýyçylyk edip gürrüňi başga ýere sowmakçy bolanda, wäşiräk biri şeýle diýipdir: - Dursan-a haw, biraz garaş. Ýaňy atdy, ütdi. Üýşüp gaýnatmadan doýmaly bolanda beýtmed-ä. * * * Biri myhman ýerinde elektrik päkisi bilen sakgal syrmakçy bolupdyr. Päki näsazlyk tapyp, gowy işlemändir. Gahary gelen myhman päkini diwara urup, ýene toga sokup işletjek bolup başagaý bolup duran. Şol wagt öý eýesi: - Myhman, näme päkiňi diwara urýaň? - diýipdir. - Urjak, öz zadym - diýip, myhman jogap beripdir. Şonda: - Ýöne päki seňki bolsa-da diwar meniňki. Şony weli, unutmaweri - diýip, jany ýanan öý eýesi dillenipdir. *** - Eliňi daňyp boýnuňdan asypsyň welin, näme boldy? - Hiç zat. - Onda näme üçin sag eliňi boýnuňdan asdyň? - Aý sag tarapymdaky jübim ýyrtykda. Ýalňyşyp pul salsam gaçyraýarmykam diýýän. * * * Aýaly: - Öten agşam içip gelip meni urduň. - Aý, ýoga. Özüň bilýäň, men gaharym gelse seni gazet bilen urýana? - Gazetem bolsa, degende- hä ýaman agyrtdy. - Onda gazediň arasynda özüň oklaw goýansyň- da. *** Toýa gelen içgili keýpi kök myhman gelip toý eýesiniň goňşusyna ýüzlenýär: - Ýatar ýaly ýer ýokmy? - Ýer ýok, üsti- üstüne ýatyrlar. - Üsti boşy ýokmy? *** Bir gelin eline çümen tikeni baldyzyna aýyrdyp oturan. Şol wagt horaz gygyrypdyr. Gelin baldyzyndan soraýar. - Nähili, görünýärmi? - Sesi hä gelýär. *** - Çöregiň turşyla?! - Ýuwanjyk gatyk bar, şonuň bilen iýäý, bildirmez. *** - Aýbibä öýlendim diýdiňmi? - Hawa. - Onsoň neneň bir oňşuk barmy? - Aý, käwagt "Waý bibi” diýdirýär diýäýmeseň, oňuşmazça-da däl. *** - Kakasy dükana üç ýüzli aýna gelipdir, alaýsak nädýär? - Ýok bir ýüzli Aýnanyň dilini zordan tapýan. * * * Är-aýalyň gürrüňi: - Wah, saňa öýlenip ýalňyşypdyryn. Otuz ýaşamankam saçymy agardyp, bilim-ä bükdüň sen! - Şol wagt-a “Bolýar diýseň bolýar, men ähli zada kaýyl” diýýädiň? - Äý dil bir öl ýerde biten zatdyr-da. *** Öten agşam köp içipdirin. Irden ýene içdim welin, gözüm ýerine geläýdi. - Bäh, bu zährimaryň oýny köp how. Köp içseň gözüňi dagam ýerinden üýtgedäýýän borly... *** - Kakasy, mal ýatagyň gapysyny düzetsene! - Howlukma, bu wagt bejersek, gyşa çenli ýene-de döwüler. *** - Sen toklumy ýa taý? - Ýok, men-ä guş. - A sen düýemi ýa-da guş? - Ýük götermeli bolsa guş, uçmaly bolsa düýe. *** Gaýybana okan “ýaşuly talyp” bilen ony okadan mugallymyň arasynda bolan gürrüň: - Ýaşuly, saňa näçe baha goýaýyn? - 2-lik goýmajagyňy bilýän, 3-lük maňa gerek däl. 5-ligem sen goýmarsyň. Onsoň näçe goýsaň goýaý! Düşbi mugallym "ýaşuly talyba” 4-lük goýupdyr. *** Iki aýalyň gürrüňinden: - Bizem garrapdyrys. - Goýaweri, heniz näme ýaşyň bar? - Maňa çagalarym “Eje” diýýär, il-günem ”daýza” diýýär. - Şol garradygyň bolarmy? - Goňşy aýalyňam öýeren ogly bar. Saçy agaryp başlapdyr. Ýaşam menden uly. Onda hem çagalary-da, goňşy-golamam “gelneje” diýýärler. * * * Iki adamyň gürrüňinden: - Bir adamyň aýaly ýaltarak eken. Çörek bişireninde, hamyryny bir gyzy alyp gitmeli, bişende, ýene biri alyp gaýtmaly. - Şükür etsin! - Nämesine şükür etmeli? - "Özümem arabaly äkidip getiriň” diýäýse nätjek? *** Iki dost duşuşýar. - Ýör, öýe baraly! - Ýok, öýe barmaly! - Hä, näme üçin ? Aý, özüm öýden gaçyp gelýän- dä. *** - Ulalypsyň öýdýän, adam tanaňog-aý! - Wah, heniz adam dälsiň, ýogsa tanardym. * * * Ýowar edilip duran ýere dilawar ýaşuly gelip şeýle diýýär: - Goňşy armaweriň! El kömegini berip bilmesegem, dil kömegini berib-ä biljek! Onda goňşusy ýylgyryp: - Goňşy, sag bol! El kömegem, dil kömegem ýeterlik.Ýagdaýyň bolsa pul kömegini beräý - diýipdir. *** Saçy düşüp kel bolan biri aýal doganynyňka myhmançylyga barýar. Aýal dogany aglap duran çagasyny köşeşdirjek bolup şeýle diýýär: - Goýaweri oglum, ýogsam daýyň kellesi kel bolar! Daýysy bolsa, durup bilmän kel bolan kellesini sypap: - Ýegen arkaýyn aglaber! Kel bolunjagy bolnandyr - diýip dillenýär. *** Gijäň ýary horaz gygyrýar. Biwagt ukudan oýanan horaz eýesi hüňňürdeýär: “Sag-aman daň atsyn, saňa haçan daň atýanyny, haçan gygyrmalydygyny öwrederin!’’. Horaza näme öwredileni belli däl, ýöne ertesi gün şol öýde horazyň etinden bişirilen palaw iýipdirler. * * * - Bazardan ýeňsiz köýnek aljak boldum weli, gowusyny tapmadym. - Oňarmansyň, ýeňli köýnek alaýarlar. - O näme üçin? - Ýeňin gysgaltsaň, ýeňsiz köýnek bolar-da?! *** - Mal lukmany bilen bolan gürrüň. - Buzaw gyrýan dermanyň ýokmy? - Tutup getir, sanjym edip öldüräýeris. *** - Kaka, maňa welosiped alyp beräý-dä? - Sen pyýadakaň gözläp tapyp bilemzok, kowup ýetip bilemzok, welosiped alsaň dagy näderis... Toplan Amanberdi ALLABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |