SÖZE HEM SAZA SIŇEN ÖMÜR
...Ötlem-ötlem ýollar. Ol kä dogurlanyp, kä egrelip, birden ýapaşaga inip, garaşman durkaňam dik depä dyrmaşyp, özem ýylan yzyna meňzäp, şo-ol uzalyp gidip otyr. Bu ýollar kerwen öten menziller bolmaly. Alnyňdaky gerşi ala garly beýik daglaryň jülge-zawlaryny aralap gidiberseň, Gürgenden çykarsyň. Bir ýol bolsa seni Astrabada tarap äkider. Görseen bu ýerleriň gözelligini! Göýä onuň Alyhezretleri Tebigat Zemin üste barlygyny, berekedini, otuny-çöpüni, sahawat paýny peşgeş berip gelýärkä, şu ýere gelende „bolýa-la, besdir, galanynyň hemmesini şu ýere eçilip gidibereýin-le“ diýip, otene meňzeş. Şarlap akyp ýatan çeşme-çaýlar, olaryň iki ýakasyndaky gür jeňňeler, depesi bulutlar bilen emişýän dik gaýalaryň çstündäki arça, kerkaw, dagdan tokaýlary... garaz, görseň gözüň ganar ýaly däldir.
„Adam tebigat bilen bütewülikde ýaşaýar“ diýilýän gadymy sözäň dürsdügini biljek bolsaňam şu ýerlere geläýmeli. Dereleriň boýuny halka edinip oturan obalara syn kyl! Dag daşlaryndan ýonulyp salnan jaýlaryň oturyşy horaşaja bolsa-da, olardan girip-çykýan uly-kiçiniň şahandazlygyny görseň göwnüň galkyjyklaberer. Zähmet çekmänem şulardan öwrenmeli, şahandazlygam. Döşi giň gursagyny ýapyp duran jowur ak sakgally gojalary bilen söhbet etseň, dessan diňläne dönersiň. Nijeme gar depelän, ençeme agtyga-çowluga, käsi ýumuga, gowluga ýüzi düşen garryja eneleri gürletseň, gadymýetiň heňlerini-owazyny diňlärsiň...
Ine, professor Aleksandr Petrowiç Poseluewskiýniň hakyda depderine gadymy Nohur obasy şeýlekin görnüşde ýazylypdyr.
Gözi äýnekli, uzynakdan agajet, atýüzliden saryýagyz adam bolsa howlugupdyr. Bu ýere guran döredijilik saparynyň düýp maksady, gepleşik dilleriniň, şiwe sözleriniň aýratynlyklary bilen bir hatarda türkmen aýdym-sazalryny ýygnamak.
Haýran galaýmaly zat başga. 1914-nji ýylda Witebskiý guberniýasynyň Rejisk uezdinde oba mugallymynyň maşgalasynda doglan belarus adamynyň çolaja türkmen obasyndaky çomrydyr çarwalar bilen dil tapyşyşyny görseň, „bu asyl olaryň hut biri laly-la“ diýäýmeli.
Eýsem pelegiň haýsy şemaly ony bu ýerlerden çykardyka?! Aňyrsyna göz ýetmeýän, her agajynyň biline gujak ýetmeýän gök tokaýlygyň, aýna ýaly kölleriň arasynda doglup, jöwzaly türkmen topragyna düşmek üçin nijeme menzilleri külterlemeli dälmidir eýsem?
Ýetginjeňlige ýetenden Witebskidäki klassik gimnaziýany üstünlikli tamamlanam bolsa, okuwa-ylma teşnelik saçlary buýralanyp duran, gözleri dogum bilen ýanýan Saşany Moskwadan çykarýar. Lazarew adyndaky Gündogar dilleri institutynyň gapysyndan girýär. Şeýdibem türk, pars, arap dillerini özleşdirip ugraýar.
Okuwyny tamamlandanam Poseulewskini geçen asyryň 20-nji ýyllarynyň başynda Daşkende işe ýollaýarlar. Aslyýetinde muňa onuň özi döwtalap bolýar. Gujurlydan sowatly ýigit ýerli mekdeplerde okuw işlerini ýola goýmaga goldan geldik kömegini edýär, Türküstanyň (şol wagtlar orta Aziýznyň bu ýerleri şeýle atlandyrylypdyr) Gündogar institutynyň işiniň ugrugyp gitmegine ýardamyny ýetirýär, bu ýerdäki harby kurslarda gündogar dilleri, esasanam pars dili boýunça sapak berýär.
1923-nji ýylyň oktýabrynda ol Orta Aziýa demir ýolunyň bilim-aňyýet bölümine instruktor-metodist edilip işe çagyrylyp, Aşgabada ýollanýar. Bu ýerde A.P.Poseluewskiý dürli okuw jaýlarynda iňlis, fransuz, pars, türkmen dillerinden okadýar. Iň bellärlikli tarapam, bu mugallymyň rus mekdeplerinde türkmen dili sapagyny okatmagyň möhümdigini hemişe nygtanlygy hem-de bu sapagy hut özüniň geçenligidir. Şeýleikde türkmen diliniň metodikasyny-usulyýet okadylyşyny doly özleşdirmek tejribesini iklinji bolup rus mekdeplerinde ýaýradan pedagogaryň biridi bolandygyny minnetdarlyk bilen belläp geçmelidiris. Bu hakda Aşgabadyň 1-nji orta mekdebinde A.P.Poseulewskiniň okuwçysy bolan, soň Saratow uniwersitetiniň professory derejesine baran L.I.Barannikow şeýle ýatlaýar: „Bu adam ajaýyp pedagogdy, köp dilleri suwara bilşine haýranlar galardyk. Çaga dünýäsine has has ýakyn tarapam, okuwçylaryň edil mährem atasy ýalydy. Iň bellemeli tarapam, ol hemişe „Şeýle labyzly hem şireli türkmen dilini ürç edip öwreniň“ diýip sargardy.
1926-njy ýylyň iýunyndan Aleksandr Petrowiç Narkomprosyň-Respublikanyň aň-bilim Komissarlygynyň garamagyndaky döwlet alymlar geňeşiniň milli medeniýet seksiýasyna konsultant-ylmy işgär edilip alynýar. Ine,şu seneden hem etnografyny, dil bilimini, milli medeniýeti, saz dünýäsini öwreniji alymyň hakyky ylmy ädimleri başlanýar. Täze döredilen Türkmen medeniýeti institutynda, 1932-nji ýyldan Türkmen döwlet ylmy-derňew institutynda sektor midiri, hut öz gatnaşmagynda döredilen Dil we edebiýat institutynda hakyky ylmy agza... bu sanalanlar hakyky ylmy-döredijilik ýoly bolup, alys menzillere uzap gidýär.
1940-njy ýyldan Poseulowskiý SSSR Ylymlar Akademiýasynyň Türkmenistan filialynyň taryh, dil we edebiýat institutynyň sektor müdirligine bellenilýär. Şol bir wagtda hem zehini bilen tanalan alymyň 1931-nji ýylda döredilen Aşgabat pedagogik institutynda türkmen dili, türkologiýa hem0de umumy dil kafedrasyna hem ýolbaşçylyk edýär. Şu ýerde hem türkmen halkynyň dilini, däp-dessurlaryny, taryhy geçmişini öwrenmçge tutuş kalby bilen berlen guýmagursak zehinli alymyň döredijilikm gerimi giňäp ugraýar. Şeýleikde onuň galamyndan 1936-njy ýylda „Türkmen diliniň fonetikasy“, „Türkmen diliniň dialektleri“ diýen juda gymmatbaha, özem tarpdan başlanan ylmy-derňew işlri döreýär. Bu işleriň soňra 1943-nji ýylda türkmen diline terjime edilendigini-de bellemeli. Bu işler hem-de monografiýalar institutlarda okuw kursy hökmünde derwaýys peýdalanylýar. Sebäbi onuň mazmuny türkmen diliniň ses düzümleriniň ylmy jähtde eksperimental öwrenilenligi, etnologo-lingwistik ekspedisiýalarda toplanan maglumatlaryň işiň süňňüne siňdirilenligi babatdan diýseň gymmatlydyr.
Adamyň barlygy Watany. Watan hiç bir baýlyk bilen ölçäp bolmaýan, hiç bir baýlyk bilen çalşyp bolmaýan keramat. Malsyz-baýlyksyz kişi garyp bolýar, ata-enesiz kişi ýetim bolýar, ilinden-obasyndan jyda düşen kişi saýyl bolýar. Watandan aýra düşen adam bolsa biçäre bolýar. Ana, şondan aňry betbagtçylyk ýok. Çäräň gutaryp, petige diredi diýildigi. Watansyz baý bolybam, bagtly bolubam bolmaýar.
Bir gezek Dünýä Türkmenleriniň Ynsanperwer Birleşiginiň mejlisine goňşy ýurtlaryň birinden gelen Abdyljemil diýilýän 60 ýaş töweregi ýaşan adam şeýle bir ahwalaty edil hekaýa ýaly edip gürrüň berdi:
-Geçen asyryň 30-njy ýyllaryndaky tutda-baslykda, gaç-ha-gaçlykda kakam dagy tutuş maşgalasy, dogan-garyndaşlaryň käbiri bilen simden aňryk aşmaly bolupdyrlar. „Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölýänçä aglar“ diýlen günler başlanypdyr. Ýöne alajyň näme? Takdyryň salanyna kaýyl bolup, galanja ömri şu ýerde geçirmekden gaýry alaç barmy. Baran adamlara hemem şu ýerde doglan çagalara yştymagy gelip çykyşy hakdaky kagyzlar, iň esasam, başbilet-pasport berilmeli bolanda Babaguly atlandyrylýan kakalary şeýle resminamany öz adyna ýazdyrmaga kes-kelläm garşy bolupdyr.
-Hydaý bizlikdir, ynha görersiňiz, ahyry bir nesibeli gün ýene gelen ýerimizden aşarys-da, dogduk mekana dolanarys. Şonda bu kagyzlaň geregem bolmaz. Iň bärkisi, maňa-ha gerek däl. Özüň türkmen bolup, saýry bir ýurtda ýaşaýar diýdirip ýazdyrsaň aýyp bor.
Haýp, Babamyrat aganyň arzuwy gursagynda garrapdyr. Şol ýeriň ýaňky diýilýän hatyny-peteginem almandyr, bärigem aşyp bilmändir.
„Ahyr ýaşa ýetende weli, her gün gaýra garap oturardy-da, bir guş şol tarapa uçup gitse, gösüni ýaşlap, „Wah-h, şu guşam bizden bagtly. Häzir baryp ata Watanyň topragyna gonar. Şol bagtdan biz binesip galdyk“ diýip pyşyrdardy. Bir gün säherem didiwan nazary bilen ýene bir erkin parlap barýan guşy ugratdy-da, amanadyny tabşyraýdy.
Görýäňizmi, Watan diýlen mukadessligiň nähili ezizdigini, nähili arzylydygyny!
* * *
Haçan, nirede, kimden eşidenim ýadymda galmandyr. Ýöne derrew hakyda siňeni weli, çyn. Aýdyp bereýinmi!?
-Alaman soňy açlyk,
Bezirgen soňy borçluk,
Ekseň ekin, baksaň goýun,
Ine, saňa bereket!
Ata-babalardan galmadyk pend-u nesihat ýog-ow! Hemmesem mähek daşy ýaly.
* * *
Atam pahyr her gezek nämäniňdir etsem-petsemli gürrüňi gitse sesini çykarman diňlärdi-de, soňundanam şeýle diýerdi;
-Görüberiň, ýöne ahyrynda hesibiňiz bolmaz, nesibiňiz bolar.
Şol wagtam, häzirem şol gep irretsiz dogry çykyp dur.
* * *
Aga-gara ýaňy gözi düşüp ugran agtyjagymyza çilesi bolany üçin lukman mehek-menek edip göm-gök ýod- derman çaldy. Öýe getirildem weli, giräýen ýeriňdäki aýnada görünýän hebeşije gyza gözi düşüp, jykyr-jykyr gülyp ugrady.
Adam uly bol, kiçi bol, tapawudy ýok, özüni tanamasa kyn bolýar oguşýa.
* * *
Bahar geldi weli,guşlaryňam dili-owazy süýjäberdi.
***
Äri aýlyk getirdi. Häliden bäri ýok zatdan bahana gözläp hum ýaly çişip oturan keýwany şykyrdapjyk duran kiçijik kagyzlara gözi düşenden mum-helim bolaýdy.
***
Derýadan geçip barýarkaň doga-dileg etseň kabul bolýarmyş diýlen yrym köp halklarda ýörgünli.
Ýolumyz Amyderýanyň üstünden düşdi. Köprüden geçip barýarkak abtobusyň içinde oturanlaryň ýüzüne seretdim weli, hemmesiniň dodaklaryny gybyrdadyp bir zatlar okaýany görnüp dur. Olara menem goşuldym. Kalbyňdakyny sena edip,geriş-geriş tolkunlara seredeňde, göýä şolar edilen ýagşy doga-dilegleri gujagyna alyp, bitiriljek huzuryna alyp barýana meňzeş.
. Meger, däli derýanyň bir gudratam şundadyr.
***
Nurmyrat Saryhanowyň „Kitap“ atly hekaýasyny ýene bir öwre okap, pikire batdym.
Köneje kitaby guba düýä şalşan kişi şol wagt söwdasy öňanyň keýpinde guş bolup gidipdir. Şol düýe janawer birwagt ölüp-ýitip gidendir. Kitap bolsa henizlerem ýaşap ýör.
***
Peýwagtyna gezelenç edip ýördüm.Öň jangazymdan oguljagazynyň elinden tutup barýan adam birden sägindi-de, eglip, ýol ugrunda aýakastyna düşen çörek bölegini aýryp, gyrajykdaky salmanyň çiljagazynda goýdy:
-Nany depelemek günädir, oglum. Şujagaz ýerde goýaly, belki guş iýer.
Daş-töweregini dykgatlyja synlan oglanjyk ýaňy ätlän ädimani saklady:
-Kaka, ine, bärem birje bölejigi gaçypdyr, munam şujagaz ýerde goýaýjak, depelenmesin-dä.
Ýagşy görelde gör nähili gowy!
***
Belli ýazyjy Atajan Taganyň gulagy agyrrak bolansoň ýanynda gatyrak gürlemeli. Käte eşitmän, „näme diýdiň? “diýip soraýmasam bar. Şonda degşip „seni öwýäs“diýäýmämiz bar. Ilki bir üşerilýär-de, soňam „hä-ä, onyňyzam-a şeýledir weli, ýöne özümi öwseňiz öwüň weli, emma ýazan eserlerimi beri öwmäň!“ diýip, çyny bilen haýyş edýär.
Uly ýazyjy-şahyrlaryň edähedi şeýleräk borly.
* * *
Kabulhanada oturan gyz başlygyň otagyna urduryp girip barýan Atajan Tagana:
-Garaşaýyň, ol häzir telefonda gürleşýär-diýipdir.
Säginmändirem-de, gapyny açyşyna ol şeýle diýipdir:
-Zyýany ýok, näme gepleşende-de meň eşitjek gumanym ýok.
Yzyndanam ýalandan gatyrganan bolupdyr:
- Onsoňam sen keýgim, „keriňki binobat“ diýlen nakyly heniz eşitmänsiň öýdýän.
Gapydaky gyza ýylgyraýmakdan başga alaç galmandyr.
***
Käte-käte akly jöwher ýaly türkmeniň döredip giden hakyl-u-tymsallarynyň duýbuhe düşünäer ýaly ýagdaýlar-ahwalatlar döreýär weli, özüň üçin täzeden açyş edene dönýäň.
2008-nji ýylyň gyşynyň ahyrynda Kabula resmi iş saparynyň düzüminde baranymyzda, bir böwşeňlikde Abdyrahman atly türkmen meni şäheriň şetine gezelenje äkitdi. Ilki gözüme ilen zat köpüsi horaşaja, käbiri ganymadyrak, ýek-tüki göze gelüwliräk tamlaryň öňüne juda ykjamja basylyp goýlan odunlar boldy. Olar her öýüň agzynda dürli-dümendi: ýylgynam, çerkezem, borjakdyr sözenem, ak sazak, ýandak, hat-da kä gapynyň öňünde örülip goýlan sygyr tezeklerine-de nazaryň kaklyşýardy.
Abdyrahman aňkarylyp durşumy görüp, ýeňimden çalaja çekdi:
-Bärde her öýüň gurby-öwzary gapysyndaky odunyna laýyk kesgitlenýändir. Görýämiň, güzerany ganymadyrak jaýyň öňüne ak sazak ýa gandym basylandyr, egbarlyrak maşgala tezek, iň gowusy bolanda, ýylgyn bilen öňňut edýändir. Uly mallar örä kowlanda şoň guýrugynyň aşagyna kiçeňräk halta daňyp goýberýäler. Gözüňi tegeleme dogan, sebäbi sygyr tezeklände şoň maçjasy ýere gaçdygy özgäňki, derrew odun üçin diýip daşy gatamanka garbap alýalar. Ynanmarsyň, hut sygyrdyr öküz haçan tezeklärkä diip garaba-gara garawullap gezýärler bärde. Iň gaýgy-gam iýdirýän mesele gara gyşdan doňmany çykmak, üçäniň hiç...
Sermi-sal bolup durşuma derhal ata-babalaryň „Garyp nämä garyp-odun bilen suwa“ hemem „Yrsgyňy satyp röwşen al“ diýen nakyllaryny ýatladym. Iň esasam, özümizde gazyň, toguň, suwuň mugtdugy ýada düşyp, Hudaý bar, bokurdagym dolup gitdi.
Ýat-alys illerde öz Watanyňdaky gowy zatlary ýatlamakdan, şolary degşirip, deňeşdirip görmekden uly bagt ýokdur. Ine, şonda ýene şeýle nakyl seriňe gonup geşýär: „Ýagşyny gör-pikir et, ýamany gör-şükyr et“.
* * *
Türkmenistanyň Halk suratkeşi Durdy Baýramow bir gezek şeýle diýdi:
-Göz ýüregiň aýnasy. Men muny öz iş tejribämden, durmuşda gören zatlarymdan aýdýan. Ynha, biriniň suratyny çekjek bolýaň weli, ýüregindäki sähelçe hasrat ýa gam-gussa gözünden görnüp dur-da. Beýle keşbi nädip kagyza geçirjek? Onsoň osmakladyp, eýdip-beýdip, göwün kiltini açdyrýaň weli, çeniň dogry bolup dur. Ara az-u köp wagt düşürip, täzeden gelýär ýaňky adam. Ine, ýüregindäki gubary dökülehsoň gözi gülüp, ýüzi ýagtylyp durandyr. Onsoň kistiň öz-özi ýöräp barýandyr kendiriň ýüzünde.
* * *
Nakyllary, atalar sözüdir tymsallary halk döredipdir diýýäs. Islendik döwürde, islendik jemgyýetde halk zamanabap zatlary degşipip-deňäp, sünnäli edýär weli, göwnüňe jüňk bolup dur.
Belli şahyr Atamyray Atabaýew şu meseleden gürrüň çykanda „Bizem halkyň bir ülüşi-dä, jaý bolup duran bir zat tapsaň şoňa öwrüler gidiberer“ diýdi.
Dogrudanam, onuň “Çekilýän zatlaryň içinde iň peýdalysy zähmetdir“ dien setirlerini nakyl etseňem, tymsal etseňem gelişmän durjak däl.
* * *
Juda köpigýren adamlaryň biri bir gürrüňde şuny aýtdy:
-Görüp,bilip ýören bir zadyňyza heý, üns edýäňizmn? Şu dünýäsinde iki bende has betbagt bolýandyr.Olaryň biri hassa kişidir, beýlekisem dul adamdyr. Dertli bir ýerde şoňa em bar diýilse, hany-manyny harç etjek, saplanjakdandyr.
Dul adam bolsa ýeriň aňry ujunda bir başyboş bar diýilse gitmäge, tapmaga taýyndyr. Ine, şeýleräkdir görüp otursaňyz.
* * *
Ynsanyň durmuşa goşulyşyp gidişine haýran galmasaňam, şeýlekin täsin sazlaşygyň bardygy weli belli. Üns etseň, dünýä inen çagajyk ilki emedekläp, soň durjan-durjany öwrenip, ilki ädimini gorka ädimläp, onsoň ynha, aýagyny batlandyryp gidýändir. Durmyşa ymykly goşulmak üçin hökman ýykylyp-çürçüp görmelisiň, başga ýol ýokdur.
* * *
Mahal-mahal Nury Halmämediň adyny göterýän köçäniň ugrundaky alleýada meçhur kompozitora dikilen ýadygärligiň alnynda esli mahal eglenýän. Gözden ir uçan durna meňzäp oturan guýmagursak zehin ynha-häzir podstamentden düçüp, mähellä goçulyp gidäýjek ýaly bolup dur. Arman, bu arzuw boçlugyna galýar. Uly ussat indi biziň aramyzda daça öwrülip ýaçap ýör. Delmunyp seredip dursuň. Juda ümsümlik bolanda, göýä çol daşa öwrülen ýadygärlikden gulagyňa sazyň sesi gelip duran ýaly. Beýikler ýogalansoňlaram gudrat görkezip bilýän borly.
* * *
Her gezek tudana bişende bir waka ýadyma düşýär.
Ömrüniň ahyrlarynda belli alym Soltanşa Atanyýazow bilen tirkeşmek, duz-emek bolmak miesser etdi. Ine, bir gezegem bahar ortalary gijaralar tirkeşip barýardyk weli, ýolumyz ulu balhy tudyň üstünden düşdi. Hersi başam barmak ýaly sary tudanalar bulduraşyp bişipdir. Sallanan şahalar çagalaryň hezil edip iýeninden habar berip dur. Sakga säginen Soltanşa aga bol getiren agaja gözüni dikdi:
-Gel, inim şundan ýygaly-la!
Ýaşuly adamyň raýyny gaýtarmak birhili boljakdy.Ýogsam uly adamlar bolup, özem titi geýimde şahalara ýapuşyp ýörmek gelşiksizräk ahyry. Myhmahçylyga gagyrylan ýerimizem taýak atym diýilýäni. Gapydan eliňi çyr-çyrşak edip barmagam uskyp däl. Soltanşa aga bolsa göwhübir ýaly ilki agzyny dolduryp iýdi, şöňam kisesinden çykaran elýaglygyna ýygyp ugrady. Meniň geň görüp, gözümi tegeleüänime ünsem bermedi. Ahyry boldum edensoň üaglygyň dört burçuny düwdi:
-Ýör gitdik!
Eýýäm şiresi daşyna çykan elýaglyga käte bur nazar aýlap, gapdallaçyp gidip otyryn.
Barjak ýerimize ýetip, içerik girenimizden soň ol ýaňky düwünçegi saçagyň ortasynda goýdy:
-Hany, adamlar, dadyň şundan!
Kim keýpihonluk bilen, kim „bi näme etdigikä?“ diýen terzde hödüre el uzatdy. Az salymdan bu boluçynyň sebäbuni Soltanşa aga şeýle düçündirdi:
-Meň çagalyk döwrimiň ganym urça gabat gelenini siziň-ä köpiňiz bilýänsiňiz.Galyň bende kekirtmekden ýapyşan „açlyk“ diýen beladan sypmak üçin çem gelen zady bokurdakdan ötürmäge kaýyl. Urşuň üçünji ýylynda eňek atyp zordan bahara ýetdik. Ýorunjamydyr selme-hä beýlede dursun, ýerden gögerip çykan gök çöpi maldan-garadan öň sümürip ýör yra-dara ýöreýän uly-kiçi. Şeýdip iýmesiz ot-çöpi iýip, ýa bolmasa şondan aşa düşüp amanadyny tabşyran bendelerem boldy. Ine, yzýanam tut bişdi. Töweregi gyzyl el ýöne miwesi ýaňy süýjän agajyň. Mekdepden gelýärkäm ýolum birwagt ýaşalyr, soň harabalyk bolan ýeriň üstünden düşýärdi Ejemiň aýdýany ýadymda, şu howlyda ýaşan bir barjamly, özem uly hojalygyň tutha-tutlukdan gaçyp, owgana geçip gitdi diýip. Ine, şol ýerde bir düýp balhy tut uzakdan seredeňde telpekli adama meňzäp, seleňlär oturardy. Her gezek mekdebe geçemde şoň çaltrak tudanalarynyň bişerine howlugyp, gözümi çarhlap giderdim. Sebäbi bu çolaja ýerdedi. Oba içindäkileri maňa ýetirjek däldiler.Kanikula çykylmagyna-da az galypdy. „Şundan ilki doýsam birküç gezek, soňam hiç kim tälkew bermese, ählijesimi çöplesem, öýüň üçegine seribem kiçde etsem.Şonda ejem baý, begener-ow. Geçen gyşda göňşymyzdan diläp alan birje käse tut kişdesi gözümize degmedimi näme. Nesip bolsa, ony hökman iki käse edip gaýtararyn...“
Ine, aç garnyma şeýle süýji „bolsada“ çümüp gelşime ýaňky tuduň düýbünde aýak çekenimi bilmänem galypdyryn. Şahalarda eýýäm bişenlerini görüp, agzym suwaryp gitdi.Süzülip ýyrtylara gelen mata päpgämi taşlap, nädip şahalara ýapyşanymy duýmandyrynam. Ýaňy agzyma iki-üç sanysyny atdymmy-atmadymmy, çasly çykan:
-Dur, iýme-eý!-dilen ses elimi-aýagymy baglady. Depäme seretsem,ýokardan bir degenek oglan düşüp gelýär. Eýemseklik bilenem sesine ýene bat berdi:
-Dadan bolsaň, bar göteril şu taýdan!
Meniňem gitmejegim ýaman çynym. Eňek atyp ýeten zadyňdan kowulanyň bilen el göterip gaýdyberseň ýene äçlygyň penjesine düşersiň-dä!
-Öziň gidiber, men-ä gitjek däl-diýip, birden ekezlendim-de, ýene tudanaly şahalara ýapyşdym. Ýaňky gelip özalam ýyrtyljak bolup duran ezenegimden tutdy:
-Kim-eý sen gitmäni? Bu tudy men birwagtdan bäri belläp ýörün.Özem bu biziň obamyzyňky. Düçnüklimi indi saňa?!
-Bu tut hiç obaňkam däl, aralykda. Meneň her gün okuwa geçemde şuny belläp gidýädim. Şoň üçin ikimize-de deňlik bolýar.
Bu sözümi tamamlamankam dulugymyň düýbi gyzyp gitdi.
-Ihe saňa deňlik!
Menem azzatda-mazzat ýapyşdym.Horaz jüýjeler ýaly ýagşy birsellem ýolmalaşdyk. Ýumruksaýynam meňki asgyn bolup barýar. Menden göwresem, ýaşam ulurakdygy aňdyryp barýa el salgaýşyndan. Aslyýetinde-de men çepiksiräk, müçesi kiçiräkdim oglan wagtym.
-Senjagazy entek görerin-diýip,gözýaşyma garyşan sümügimi süpürip, içi kitap-depderli bukgamy kakyp alyp, öýmüze ýüzümi tutdum. Aýagymdan daş asylan ýaly. Basylanyma namys edip, içim-içime syganok. Endamym gyzyp, göwräm titir-titir edip, kelläm pyr-pyr aýlanýar.
Öýe etäýmänkäm uly ýapdan el-ýüzümi ýagşylap ýuwdum, gyzyp duran içimi sowujak suň bilen sowatdym. Hyýalym öň ilden gizledim edip ýören tudyma tarap ertir obamyzyň urşagan oglanlaryny ýalbar-ýakar edip äkidip, ýaňkydan ar almak. „Gowy bişen tut bar“ diýsem yzymyň uzyn tirkeşik boljagyny bilipjik durun.
Ýüzümi sallap öýe gelsem, ine, babam otyr çaý içip. Meni görenden diklenip, ýeňsesindäki horjunynyň aňyrsyna el uzatdy-da, ullakan golçany maňa uzatdy:
-Ulalýamyň, balam, haý berekella.Ine, saňa süp-syýji tudana-da getirdim, al hany, iý doýýançaň!
Bokurdagym dolup gitdi. Möňňüräýmekden saklanjak bolup,dodaklarymy şeýlebir dişledim weli, äňimiň şakyrdysy gulaklaryma eşidilip gitdi. Babamyň alnynda otyrkam, hany bal ýaly tudana dokurdagymdan ötse?
Babam iki golça tudana getiren eken. Birini iýdik, beýlekisini ejem em ýaljak edip kişdä serdi. Urşuň eýmenç açlygyndan alyp çykan bir hörek tudana bolupdy diýsem ýalan bolmaz. Ine, bişen tudana görsem deňinden ötübilmeýänim şonuň üçindir, iniler...
Her gezek tudana bişende Soltanşa aga ýada düşýär.
* * *
„Towşana- dogduk depe“ diýlen nakyly meger, diňe türkmen döreden bolmaly. Dogry, özge milletlerde- halklarda-da şeýle manydaş nakylyň- tymsalyň bardyna gürrüň ýok. Ýöne, türkmeniň örküniň ýokarky nakyl bilen şeýle berk baglydygyna weli , haýran galyp oturmaly.
Bir gürrüňdeşlikde Türkmenistanyň halk lukmany, ýaşy ýetmişden aňryk ätlän Ata Resulow öz ykbaly bilen bagly bir wakany aýdyp berdi:
- Harby lukman bolsaň, ýeriň aňry ujuna ugratjak diýselerem diňe bir söz aýtmaly: “Bolýar!“. Meňkem şeýle boldy. Öňki döwür bolansaň, türkmen aýtmyşlaýyn, kül dökmedik ýerim galmady diýen ýaly. Aýlanyp- dolanybam, Samarkandyň etegindäki harby gospitala lukman edip ugratdylar. Dili bir, dini bir, howasy bir, özem goňşy ülke, Habarowskide ýa-da Germaniýada işlän ýaly däl. Şonda-da derýasynyň boýuna barsaň öz Murgabyň, palawuny iýseň öz tüwiň, nanyny agzyňa salsaň ejeň tamdyryhyň ysy ýadyňa düşüp dur. Ýogsam men oglan-oglangyk däl, özbaşdak höwürtgede mesgen tutmaga endik edinen kişi, ejemogullyk ýigrenýän zadym. Harby bölüme gulluga türkmen oglanlary dagy düşýse guşum uçýar, ene dilimizde sözleşip-sözleşip ganybilemok. Garaz, göwräm şol ýerde bolsa-da, ýüregim Watanda. Ine, bir günem „Hudaý dýene Hudaý ýetirer“ diýleni boldy duruberdi. Şol wagtky Türküstsn harby okrugyndan gelen ýokary çinli ýolbaşçylaryň biriniň çagyrýandygyny aýtdylar. Bardym.
- Seň ýaly tejribeli reanimatolog lukman käbir gospitallarymyza gerek. Zerurlanýan adam hökmünde ygtyýary özyňe berýän. Saýlabergin, Almaata gitseň , şäheriň iň gözel ýerinden jaýyň taýyn. Eger-de Guşga (häzirki Serhedabat) gitseňem meýliň,ýöne häzirlikçe umumy jaýda oňňut emeli borsuň...
Men özüm bilmezden, kadadan çykyp, onyň sösüni bölenimi bilmändirin:
-Isleseňiz Garagumyň içindäki bir oýa-guýa ugradyň, ýöne Türkmenistana gitsem bolýar.
Onyň gaşlary gerlip gitdi:
-Geň zat. Beýlekiler-ä Almaata ýaly paýtagt şähere etibilse armany ýok. Senem iň iň çet gyrakdaky harby şäherjigi saýlaýaň...
Tas içimden „Türkmen topragynyň bir küngüne ýetsem telpegimi göge zyňjak“ diýipdim.
Bu gürrüň ene toprak, ata Watan hakda köňülde ýaşap ýören aýdyma meňzeýär.
* * *
2013-nji ýylyň martynyň başy „beh, geçen ýazdan bir gün galaýdymyka?“ diýdirdi. Ýöne ynha, 7-nji mart güni ir bilen şeýle bir ýagyşa tutup, agşamara-da, aýaza ýazdyrdy-da, yzýanam bulut bürän asmandan gar guýup ugrady. Ulalmaga howlugýan gyz ýaly irgözünden güllän käbir ýaşajyk erikdir iljeleriň ak gülüne ak gar gondy. Ertesi irden şol näzijek güller üstünde doňan ak garyň aşagynda hem-ä owadan, hemem ýürekawadyjy bolup görünýärdi.
8-nji Martyň öýlänem ýaňky garyň eke damjasam galman eredi-de, ýalbyrap Gün çykdy. Howanyň ýeke günüň içinde diýen ýaly eden bu täsin oýny Kerim şahyryň gyz-gelinlere bagyşlan şu setirlerini hökman ýatladýardy:
Ýalkasa-da öz elinde,
Gargasa-da öz elinde,
Gyş elinde, ýaz elinde,
Ýazynyň gurbany bolsaň!
Haýran galmaly, tebigatam şolar bilen deň gopaýýamyka!? Hernä Zenan atly owadan hem keramatly dünýäniň, hemem keremli Tebigatyň baharyndan-ýazyndan aýyrmawersin. Şolaryň gurbany bolup ýaşamak gör nänili lezzetli!
Edebi makalalar