20:20 Sürgün edileniñ ýatlamalary / satiriki hekaýa | |
SÜRGÜN EDILENIŇ ÝATLAMALARY
Satiriki hekaýalar
Meni alyp barýan žandarm ikimiz ahyry polisiýanyň bolýan ýerine baryp ýetdik. - Naçalnik ýok, sürgün edileni häzir kabul edip biljek däl... – diýip, nobatçy mälim etdi. Men arkamdaky düwünçegi ýere taşlap, derimi syldym-da, uludasn demimi aldym. Eger elimdäki zynjyram aýraýan bolsalar, özümi bagtly saýardym. - Ellerimem çişipdir, belki zynjyry biraz gowşadarsyňyz – diýip, men žandarma ýüzlendim. Žandarm haýyşyma jogap edip, zynjyryň halkalarynyň birini öňe süýşürip, has berkitdi... Bölümiň naçalnigi nahardan tiz dolanyp geldi. Men onuň ýüzüne seredip, öz gözlerime ynanmajak boldum. Eý Hudaý, meniň garşymda köne tanyşlarymyň biri Hoh Behçet duran bolsa nätjek. Seret bu bolýan zada!.. Behçeti görenimden, ernim bir ýere ýygnanmajak boldy. Mekdepde okan ýyllarymyz bu barada örän geň wakalar aýdardylar. ...Bir gezek geografiýa mugallymynyň Behçeti gara tagtanyň ýanyna çagyrany hiç wagt ýadymdan çykmaz. - Fransiýanyň nire bilen serhetdeş bolýanlygyny aýdyp ber hem ony kartada görkez. - Sagynda Germaniýa, çepinde deňiz, ýokarsynda Angliýa, aşak tarapynda ýene deňiz – diýip, Behçet jogap berdi. - Şeýle. Gün nirede dogup, nirede ýaşýar? Behçet penjirä tarap seretdi-de: - Ol Haýdarpaşanyň üstünde dogup, Samteýiň* aňyrsynda hem ýaşýar... – diýdi. Himiýadan onuň bütinleý gömükdigini hemmeler bilýärdi. Mugallym oňa iň ýönekeýje sowal berdi. - Suw nähili ýazylýar? Behçet uzak pikirlenip durman, gara tagtanyň ýüzüne s-u-w harplary ýazdy. - Men suwuň himiki formulasyny ýazmagy haýyş edýärin. – Mugallym gaharlandy. Behçet näderini bilmän, goýun gözlerini mölerdip äňetdi. Mugallymyň oňa rehimi inip, gara tagtanyň ýüzünde H2O görnüşde suwuň himiki formulasyny ýazdy. - Nähili edip goşanda suw almagyň tärini ýaz – diýip, mugallym ýene sorady. Behçet her näçe özüni gynasa-da, hiç zat tapyp bilmedi. Şondan soň mugallymyň ýene özi HOH (aş-o-aş) diýip ýazdy-da, oňa “oka” diýdi. Behçet uludan demini aldy-da: - Hoh! – diýip okady. Ine, şol günden bäri hem oňa Hoh Behçet diýen at galdy... Edil şu wagt hem elime salnan zynjyry jyňňyrdadyp, polisiýanyň ofiseri Hoh Behçete ýylgyryp ýöneldim. Hoh Behçet ýüzüni sowup: - Bu kim? – diýip, žandarmdan sorady. - Sürgün edilen, biz ony Stambuldan alyp geldik. Men Behçetden gözümi aýyrman: - Hoh, howanyň dymykdygyny – diýdim. O bolsa žandarmyň uzadan kagyzyna gol çekdi-de, maňa seretmän: - Ony howpsuzlyk uprawleniýesine äkidiň – diýdi... ...Şeýlelikde žandarmlar meni beýleki bir bölüme äkitdiler. Bu meniň üçin örän oňat boldy: bu ýerde elimden gandallary aýyrdylar. Indi elimi nähili edesim gelse edip, arkaýyn ýöräp bilýän. Her gün agşam hem irden Bursadan hiç ýana gitmeýänligimi tassyklamak üçin uçastoga gelip görünmeli hem gol çekmelidim. *** - Gazetde bu gün siz barada makala bar, okadyňyzmy? – diýip, myhmanhananyň hyzmatçysy meni gutlady. - Ýok. Ol maňa gazeti uzatdy. Men ony alyp öz ýerime gitdim. Birinji sahypada meniň Bursa sürgün edilenligim hakyndaky habary tapdym. Emme iň diňe meniň sürgün edilenligim hakda bolsa ne ýagşy, awtor bir topar gargyşlary meniň üstüme ýagdyrypdyr... Ýer ýüzündäki ähli erbet sögünçler bilen maňa gargap, dünýädäki beýleki haramzadalaryň paýyna bir zat hem goýmandyr. Makalanyň bir ýerini okap, saklanyp bilmän, bogazyma sygdygyndan ha-ha-haýlap güldüm. Žurnalist daşary ýurtlaryň gizlin hazynasyndan meniň alan örän köp pulumyň barlygy hakda ýazypdyr. Gülüp-gülüp içim gyryldy. Gülkim biraz köşeşensoň, gözlerimiň ýaşyny süpürip otyrkam, gapy kakyldy. Görmegeý bir ýigit içerik girdi-de: - Biziň Bursamyza hoş gelipsiňiz – diýip, elimi gysdy. Seredip otursam, ol meni gaýybana oňat görüp ýören ýigit bolup çykdy. Özi-de şu elimdäki hepdelik gazetimi Bursada çap edip çykarýan eken. Men birhili özümi ýitirip, stoluň üstünde duran gazeti görkezdim-de: - Şunuň bilen gutlaýarmyň? – diýdim. Onuň ýüzi burç ýaly gyzardy. - Meni bagyşlaň, siz bu zatlara gowy düşünýärsiňiz ahyry... Syýasy ýagdaý çylşyrymly zat... Ol şeýle bir müzzerildi weli, soňra ony özüm köşeşdirmeli boldum: - Aý, hawa-la, her zatlar bolýar-da... Gitjek bolanda, ol gapjygyny çykaryp: - Aýyplaşmaň – diýdi-de, eliniň aýasynda gysylan puly krowatyň üstüne taşlady. - Bolmaz, men ony alman! – diýip, garşy çykdym. Ol bolsa yzyna dolanyp, çykyp gitdi. Eger-de men bir bolmadyk waka hakynda roman ýazýan bolsam, öz gahrymanyma ýaňky puly düýt-müýt etdirerdim. Wah, häzir weli, beýle edip bilemok. Men ylgap krowatyň ýanyna baryp, ýaňky pullaryň näçedigini sanap gördüm. On lira eken. *** ...Siziň üçin üç-dört aýlyk sürgün edilmek ýönekeýje bir zat ýalydyr. Hawa-la, eger puluň bolsa Bursada-da oňatja ýaşamak boljak. Dogry, men köp pul barada gürrüň edemok, diňe günde iki sapar nahar edinmäge ýetäýjek pul barada gürrüň edýän. Men bolsa hemişe aç gezip ýörün. Haçan-da jübiňde puljagazyň jyňňyrdap dursa, “men aç” diýmek hem aýyp däl. Eger jübiňde puluň bolmasa welin, ýuwdunaňda sözler bogazyňda doňup galýar, özüňi bir ysnat görgüli ýaly duýýarsyň. Meniň diňe on kuruş töweregi ownuk pulum bilen ýaňyrak açylan bir gap sigaretim bar. Isgenderiň çişlikhanasyndan töwerege ýaýraýan oňat ys meniň edil janymy alyp barýardy. Men bir bulka satyn aldym-da, gapdaldaky çaýhana sowuldym. Jübimdäki bulkadan owunjak bölekleri agzyma atýan-da, çaý owurtlaýan. Şojagazy tamşananymdan soň, işdäm edil möjegiňkä döndi. Şol ikarada gapdalymdaky stoluň töweregine bir topar adam ýygnandy. Olar “bir oturşyňa näçe iýip bolar?” diýip jedelleşýärdiler. Şolaryň biri: “men peýnir bilen bäş çöregi, ýigrimi ýumurtgany we bir kilogram halwany iýerin” diýip öwünýärdi. Kim başarmasa-da elli lira pul bermelidi. - Eger gaýratyň çatmasa, senden ýüzje manat! - Razy! - Hemme iýilýän zatlaryň bahasynam sen tölärsiň... - Bolýa... Ajyň gözi doýmaýar. Meniň göwnüme bolmasa, bäş sany uly çöregi, on-ýigrimi sany ýumurtgany, bir kilogram halwany edil lak-luk ataýjak ýalydym. Olara garap, men neden: “Heý, adamlar! Eger men şu aýdýanlaryňyzdan iki esse artyk iýäýsem, maňa näme berersňiz?” diýip gygyrypdym. Bardy-geldi utulaýsamam, olaryň menden ýüz lira alyp biljek gümanlary ýok. Bar edibiljek zatlary meni ýençjekleri dälmi? Men jedele goşuldym. Olar maňa geňirgenişip äňetdiler. Men bolsa: - Eger şu gün ir bilen ep-eslije garbanmadyk bolsam, ertir naharynda iýen iki jam çorbam, goýnuň üç sany kellesi meniň işdäme az-owlak zyýan etmedik bolsa, siziň bu aýdýanlaryňyzdan has köpräk iýerdim – diýdim. Bu aýdanlaryma olar gözlerini tegeleşdiler, “munuň ýaly “gaýduwsyz” adam bilen jedelleşmek gorkuly” diýen wehime düşdüler. Has gatyrak öwnäýdim öýdýän. Edýän “söwdamyz” ýatmabilseýdir diýip, men hem az-owlak gorkman durmadym. Şonuň üçin-de olary birneme gamçylamak üçin: - Eger iýip bilmesem, bäş ýüz lira bererin! Eger iýäýsem, sizden bir köpügem alman. Emma meniň bir şertim bar... – diýdim. - Nähili şert? - Ýene-de iýýän zatlarymyň ýany bilen içer ýaly kyrk bulgur limonad getirdiň. Olaryň biri: - Eý Hudaý-eý! Munuň özi bir girdeneje adam ahyry, bu zatlar munuň niresine ýerleşsin! Ol hökman ýarylar!.. – diýip howatyrlandy. Soňundanam: - Bolýa, men kyrk bulgur limonady getirdýän – diýip gygyrdy. Peýnirdir bäş sany uly çöregi getirdiler. Men bu getirilen zatlaryň üstüne eňdim. Birini iýdim, soňra ikinjisini... Üçünjisini iýip başladym-da: - Gaty ýagly eken – diýdim. Bir bulgur limonad içdim. Indikisiniň çetinden girdim. Umuman men aslynda-da iýmegi oňat görbän. Öň şular ýaly çörekleriň birnäçesini gördümem etmezdim, emma häzir onuň ýaly bolanok, köp wagtyň açlygy zerarly garnym ýygrylyp, gasyn-gasyn bolaýypdyr öýdýän... çörekler gözümiň öňünde köpelip-köpelip, depe ýaly üýşdi. Çöregiň her bir ýuwdumy edil harsaň daş ýaly bogazymdan geçenokdy. - Ahaw, doganlar, bu çörekleri içýag bilen garyp bişiripdirler öýdýän... – diýip seslendim. “Doganlar” bolsa gülüşýärdiler. Belki, men gaýtmyşym ederin? - Çykar ýüzi... Men hamana pul çykaraýjak ýaly, jübülerimi sermeşdirýärin. - Gör, nähili betbagtçylyk! Men gapjygymy galdyraýypdyryn. Belki, ony ogurlandyrlar? Belli zat, onsoň meni öldir ýaly ýençdiler. Ýok... düýbünden beýla zat bolmady. Öwlüýä kessin! Bu zatlaryň hemmesini özümden tosladym. Haçan-da goňşy stolda kim näçe iýer diýip jedelleşip ugranlarynda, men edil bir ýere ýykylan ýaly bolup irkilipdirin. Jedelde utanyň öňünde çörek, ýumurtga, halwa goýdular. Ol-a symyşlaýar, menem tüýküligimi ýuwudýan, hatda nahardan düwnen ýaly bolupdyryn. Ukudan aýňalanymdan soň derrew çaýhanadan çykaryma howlukdym. Damaksow adamyň jedelde utanyny-utmanymam bilmedim. Eziz NESIN. Rusçadan terjime eden: Mäti KÖSÄÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1978 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |