02:36 Suw ýеtmеzçiligi howpy gapyda | |
SUW ÝЕTMЕZÇILIGI HOWPY GAPYDA
Publisistika
Ilkinji çaphana 593-nji ýylda Hytaýda guruldy. Ilkinji gazet 700-nji ýylda Pekinde çap edildi. Ýewropada Iogann Gutenberg 1450-nji ýylda Germaniýanyñ Maýnz şäherinde metal harplar bilen çap ediş tehnikasyny ulandy we çaphana geçirdi. XIV asyrda Ýewropada azyndan 20 million kitap çap edildi. (Käbirleriniñ aýtmagyna görä 200 million!) Kapitalistik telekeçilik bilen neşirýatlar Ýewropanyñ çar künjünde şahamçalaryny açdy... Osmanlyda birinji çaphanany jöhitler XV asyryñ ahyrynda gurdy. Hristianlar XVI asyrda we ahyrynda türkler XVIII asyrda Ybraýym Mütefferika bilen durmuşa geçirdi. Mütefferikanyñ çaphanasy patyşanyñ rugsady bilen jemi 17 eseri 12 müñ 500 müñ ekzemplýarda çap etdi. Kitabyñ şular ýaly azlygyna garamazdan Osmanlydaky gozgalañlaryñ turuş nokady hemişe şu çaphananyñ üstünde boldy. Mysal üçin, täzelenme hereketi bolan "Nyzamy-Jedide" (jeditçilik) garşy bildirilen nägileligiñ nyşanasynda ýene şu çaphana bardy... Çaphana diñe XIX asyrda Tanzimat permanyndan soñ azatlygyna gowuşdy. Bu maglumaty nämüçin gepbaşy etdim?.. Ýurdumyzyñ üns merkezinde "Aýasofýa" metjidi, türbanly (bürenjekli) sudýa, harby döwlet agdarlyşygyna synanyşyk, bürenjekli witrina ýaly birgiden (dereksiz) jedeller barka men näme ýazyp otyryn? Osmanly añ-düşünjesinde kitap däl-de, "halwa gürrüñdeşligi" (çaý başynyñ gürrüñi) diýen ýaly söhbet däbi - meşwereti (konsultasiýasy) bardy. Wagtyñ geçmegi bilen ýerini "çaýhana muhabbetine" berdi. Häzir kitapsyz boş lakgyldylary, warsakylary teleýaýlymlarda köp görýäris. Köpüsi dereksiz adamlaryñ ýerliksiz boş gürrüñleri ýurdumyzyñ bar ünsüni özüne sowup bilýär. Şonsuzam taryhy tejribesi - kitap okama sany çäkli pikirlenme hilimiz ýyl geçdigisaýy peselýär. Şunyñ ýaly ýykgynçylykly düşünje göýdükligi sebäpli hakykat bilen ýüzleşip bilemzok. • 727-den 55-e düşdi Kitap bolmasa, Añ ýetirip bilme ukyby bolmasa... Pikir bolmasa... Özbaşdak pikirlenip bilmek ukyby-da bolmaýar. Öñüñizi görüp bilmersiñiz, ýakynlaşyp gelýän problemanyñ öñüni alyp bilmersiñiz! Häzir gaty uly howp bilen ýüzbe-ýüz bolduk we üns merkezimizde şu janagyryly problema ýok: Gurakçylyk! Suw ýеtmezçiliginden başga hemme temada lakgyldap, akyl satyp bilýäris. Her daýym bolşy ýaly problema özüni iñ agyr taraplary bilen görkezende, "Bu nireden çykdy!" diýip, agzyñyzy öweldip galarsyñyz, ýöne giç bolar. Ýa-da "Ýagyş ýagaram welin, suw ýеtmezçiligi çözüler!" diýip pikir edilýär. Ýalñyş. Birnäçe ýyl mundan öñ "CNN Türk" telekanalynda "Suwa urulan altyn bilezik" (“Suya Vurulan Altın Kelepçe”) atly dokumental filmini taýýarlapdyk. Hemmeler ýaly bizem ýurdumyzy suw gorlaryna baý hasaplaýardyk. Biz özümizi Ysraýyldan Kipre "suw satyp" biljek ýurt hökmünde görkezilýärdik. Barlap gördük welin, suw gorlaryna baý däldigimizi bildik... Mysal üçin, 2006-njy ýylda 67 mm bolan ýagyş, şondan öñki elli ýylyñ iñ pes derejesindedi. Häzir onuñ 55,1 mm bolandygyny ýatladýaryn. Bu gorkunç ýagdaýyñ parhyny bilýärsiñizmi? Pikir edip görüñ, ýurduñ ortaça ýagyş derejesi 726 mm-di. Mesele diñe agyz suwunda däl. Mesele ekerançylyk, mesele senagat önümçiligi... Hudaýyñyzy söýýän bolsañyz, siz şindizem nämäniñ jedelini edip otyrsyñyz, boş gürlemekden ýaña bokurdagyñyz guranda, içmäge bir owurt tapmarsyñyz! • Täret suwy Suw üpjünçiligi - döwlet syýasatydyr. Suw gуtçylygy gözbaşy ulanyşdaky ýeterlik gorlaryñ ýaramaz ulanylmagyndan - infrastruktura kemçiliginden gelip çykýar. Gynansak-da, ýurdumyzda häzire çenli gelip-geçen hökümetler suw gorlaryndan paýlanyşyna, ykdysady ulanşyga, suw arassalaýyşa, gaýtadan işlemäge, täzeden ulanmaga, arassa suwa çenli bir bitewi suw dolanşygynyñ meýilnamalaryny işläp düzmedi. Gördük: bar edilýän umyt diñe ýagyşda. Ýagyş ýaganogam welin, hemme problemalar ör boýuna galyberdi. Emma global klimat üýtgeşmesi we munuñ bilen baglanyşykly gurаkçylyk ýurdumyzyñ başyna kyn günleri saljaga meñzeýär. Türkiýe çaltlyk bilen dünýäniñ iñ gurak yklymyna eýe Ýakyn Gündogar ýurduna öwrülýär! Diñe ýagyş däl, iñ ýaman ýeri-de garyñ ýagmaýandygy! Dünýädäki ähli agyz suwunyñ ýarsyna golaýyny üpjün edýän ýerasty suw gorlary gardan iýmitlenýär. Ýurdumyzda ýakyn wagtlara çenli ýerasty suwlar köp ulanylanokdy. Soñky kyrk ýylda suwaryş pudagynyñ ösmegi bilen ýerasty suw gorlaryna şeýle bir çozdular welin: köller, derýalar, suwly dereler, kölçeler ýok boldy. Suwly ýerleriñ ýarsyndan gowragy gurady. Döwlet bulara diñe daşyndan syn edip oñdy. "Suw" diýmek, diñe halka näçe liradan satylýandygy bilen çäkli boldy... Erdogan "Aýasofýa" metjidine jumga namazyny okamaga gidende, "Sözcü" gazetinden gelenleri goýaýmañ!" diýipdir. Bolup biler, bu onuñ öz şahsy pikiri! Emma olam, erte musulmanlar täret kylmaga suw tapmajagyny bilse gowy bolar. Ýakyn wagtda prezident ýerli häkimiýetler bilen üýşüp gyssagly suw meýilnamasyny durmuşa geçirmeli. Hernä umydymyz, boş sözlere jogap berjek bolup wagt ýitirmezler-dä. Ýewropanyñ 1 mm suwy-da yrýa etmän ýygnamagynyñ kitap okamak bilen dahyly ýokdur öýtmäñ... • Haos ýakynlaşýar Düýnem dünýädr ýurdumyz ekerançylykda özüni özi ekläp bilýän ýedi ýurduñ biridi. Häzir suw gorlarynyñ azalmagy netijesinde gurakçulykdan we çölleşmekden iñ köp täsirlenýän ýedi ýurdyñ biri. Bir seredýäñ, suw-sil joşgunlary bolup geçip, bar ýeri weýran edip taşlaýar. Bir seredýäñ, gurakçylyk janyñy alyp gelýär... Hem tebigaty harap edýäris, hem ajy netijelerini başdan geçirip, näme etjegimizi bilemzok! Ösümlik örtügini zaýalamak (tokaý zolaklaryny çapmak, otluk meýdanlary ýok etmek we ş.m.) çem gelen ýeriñden ekin meýdanlaryny açmak, meýilnamasyz ýer ulanyşygy, çakdanaşa himiki dökünleri bermek ýaly başga-da birnäçe işler eroziyalara (ýer çökmelerine), ýangynlara, suw-sil joşgynlaryna getirýär. Tebigy sazlaşygyñ bozulmagy bilen ýerden alynýan peýdalaram azalýar. Bulam gurakçylyk ýaly daşky gurşaw-klimat betbagtçylyklaryna ýol açýar. Göýdük döwräniñ girdabyndan çykyp bilemzok. Biziñ günlerimizde - ýetmişinji ýyllarda okuw maksatnamasynda oba hojalygyny öwreniş sapagy bardy. Okuwçylara ýeriñ we suwuñ ulanylyşy boýunça bilim berlerdi. A häzir? "Içýän suwumyzyñ" nähilidigini näçe adam bilýär? Her gün iýýän zatlarymyza sarp edilen suwuñ içýän suwumyzdan has köpdügini näçe adam bilýär? Bir adam tarapyndan sarp edilen azygy öndürmek üçin 2000-5000 litr suw gerekdigini näçe adam bilýär? Suw ýеtmеzçiligini öýüñüzdäki krandyñyzdan arakesmeler bilen suw berilmeginden ybaratdyr öýtmäñ... • Gymmatlaşyklar artar Dünýäde her ýyl 4 müñ 600 milliard kub metre golaý suw ulanylýar: Munuñ 70%-i ekerançylykda... (Türkiýede 77%). 20%-i senagatda... (Türkiýede 13%). 10%-i hem ýaşaýyş jaýlarynda ulanylýar. Serediñ: Birnäçe günläp ýagjak ýagyş siziñ gözüñizi gapmasyn, ýurdumyz suwa baý ýurt däl. Häzir adam başyna ýyllyk 1.400m³ ulanarlyk suw mukdary bulen suw ýеtmеzçiligi bolan ýurtlaryñ arasyna girýäris. Erte adam başyna ýyllyk 1.120 m³ ulanarlyk suw mukdary bilen suw ýеtmеzçiliginden kösenýän ýurduñ ýagdaýyna düşeris. Bu diñe krandymyzdan akýan suwa täsirini ýetirmez, ekerançylyga-da uly zarba urar! Şeýdibem ýaşaýyş hasam gymmatlar!.. Käbir mysallary bersem gowy bolar: Bir litrlik baklaşka suwy öndürmek 12 litr suw sarp edilýär. Bir käse çaý gaýnatmak ücin 28 litr suw sarp edilýär. Bir çaşka kofe gaýnatmak üçin 40 litr suw sarp edilýär. Bir sahypalyk ak kagtzy öndürmek üçin 100 litr suw sarp edilýär. Bir kilogram pomidor öndürmek üçin 180 litr suw sarp edilýär. Bir kilogram kartoşka öndürmek üçin 900 litr suw sarp edilýär. Bir kilogramlyk merjimek ýetişdirmek üçin 1250 litr suw sarp edilýär. Bir kilogram çörek öndürmek üçin 1300 litr suw sarp edilýär. Bir gap doñdurma taýýarlamak üçin 1500 litr suw sarp edilýär. Bir kilogram tüwi üçin 3400 litr suw sarp edilýär. Bir kilogram peýnir üçin 5000 litr suw ulanylýar. Bir kilogram goýun etini öndürmek üçin 6100 litr suw sarp edilýär. Bir laý penjek-jalbar üçin (1 kg pagta) 10800 litr suw sarp edilýär. Bir aýakgap üçin (1 kg deri) 16600 litr suw sarp edilýär. Industrial önümlerde hasam köp suw sarp edilýändigini çak ediberiñ... • Howatyrlandyryjy ýagdaý Fatih Soltan Mämmet Stambulyñ alkymyna gelip dirände, wizantiýalylaryñ perişdeleriñ jynsynyñ nämedigini jedel edişleri ýaly, dini-medeni temalardaky ýüzleý temalar bilen günümizi geçirýäris. Eýsem-de bolsa... Ýurdumyzy gurakçylygа garşy çydamly hala getirmek gerek. Gynansak-da, häkimiýet bu boýunça oñlarlykly işleri ediberenok. Döwletiñ islendik maglumatnamasynda şeýle setirler bar: "Ekerançylyk önümçiligiñ artdyrylmagynda ýer-suw gorlarynyñ dogry we ätiýaçly ulanylmagy iñ esasy zatdyr". Eýse, bu aýdylýanlara amal edilýärmi? Suw gorlary akylly-başly ulanylýarmy? Ýok. Ekerançylyk önümçiligi suw ýеtmezçiliginiñ hem baş sebäbi, hem isripçiligiñ düýp sebäbi... Baş maksat - has az suw bilen has köp önümçiligi ýola goýmak! Ýagny, işlenen suwdan maksimum peýdany gazanmak... Suw syýasatyny işläp düzen ýurtlar haýsy önüme näçeräk suwuñ gerek boljakdygyny hasaplap, ýere näme ekiljekdigini kesgitleýär. Türkiýede bolsa häkimiýet beýle meýilnamalaşdyryşa garşy çykýar! Meýilnamalaşdyryşy kommunistlikdir öýdýär! Ýogsam bolmasa: Düýn, segseninji ýyllaryñ başynda 28 million gektar ýer (ýurduñ ýerlerinin üçden biri) ekerançylyk meýdanlarydy. Häzir ekin meýdanlarynyñ ululygy 4,5 million gektar azaldy. Özem ekilýän 8,5 million gektar ekin meýdanynyñ zordan 74%-ni suwaryp bilýäris! Ekin meýdanlarynyñ kiçelendigine garamazdan suw ýetenok. Aýylgançlygy duýup bilýäñizmi özi? Mesele diñe krantdan kesilip akýan suwda däl. • Problemanyñ düýp çeşmesi Birnäçe günläp ýagyş ýagdy welin, suw ýеtmezçiligi problemamyz çözülendir öýdülýär. Hamana, ýurdumyzyñ gurakçylygy-da, çölleşmegi-de gutaran ýaly. Ýene geleñsizlige, halpañ-salpañlyga ýol berilýär. Çünki kynçylyk krantdan ýa çeşmelerden akýan suw bilen çäklendirilýär! Käşgä suw ýеtmezçiligini bular ýaly añsat çözïp bolýan bolsa! Meseläniñ birden köp tarapy bar. Mysal üçin, ykdysady tarapy... 1994-nji ýyl. Döwlet Suw işleri edarasy (DSI) kyrkynjy ýylynda "suw müdiri-suw bentleriniñ patyşasy" diýlen prezident Süleýman Demireliñ gatnaşmagynda Ankarada ýygnanyşyk gecirdi. Hünärmenler ýurtda suw ýеtmezçiligiñ ýokdugyny aýtdy. Zalda oturanlar DSI-niñ işgäri, oba hojalyk boýunça ýokary hünärmen doktor Nüwit Soýlu sorag bermek üçin söz gezeginiñ berilmegini haýyş etdi. Ol: - Elimde 1987-nji ýylda NASA-nyñ dünýäde suw boýunça maglumatnamasy bar, ýakynda suw ýеtmezçiliginiñ başlajakdygynu duýdurýar. Türkiýäniñ mundan iñ köp täsirlenjek ýurtlarynyñ biri boljakdygy ýazylan. NASA ýalñyşýarmy, ýa biz? Soragynyñ yzyndan Nüwit hanym ýerasty suwlaryñ meselesine ünsi çekdi (Onuñ doktorlyk dissertasiýasy-da "Ýer-suw kooperatiwleriniñ ekerançylyha we önümçilige täsirleridi"). Çykyş edip bolandan soñ ýygnagyñ alypbaryjysy "bu ogurlyk bildiriş boldy" diýdi, zalda gülki sesleri ýañlandy, gürrüñ şol ýerde gutardy. Şol ýygnakda bolup geçenleriñ çuññur manysy bardy. Şeýle: • Düýp mesele Neoliberalizm tarafından häkimiýete getirilen Turgut Özal hususy eýeçilige geçmegiñ başyny başlan syýasatçy boldy 1984-nji ýylda Ankarada, Stambulda, Izmirde Suw we kanalizasiýa edaralarynyñ dolandyryşy modelini durmuşa geçirdi. Emma. Sowet Soýuzynyñ dargamagy we munuñ netijesinde sosial döwletiñ towsa göterilmegi bilen azgynlaşan neoliberalizm 1992-nji ýylda geçiren Dublin konferensiýasynda şu karary güýje girizdi: "Suw ähli önümçilik ugurlarynda ykdysady gymmata eýedir, şonuñ üçinem ykdysady emläk hasaplanmaly..." Şeýdibem, ýaşaýyş hak-hukugy bilen gönüden-göni baglanyşykly suw globallaşmaçy täze dünýä düzgüni bilen metalaşdyryldy. Sosial tarapy gözden salnyp, suwuñ we suw hyzmarlarynyñ hususylaşdyrmagy ýola goýuldy. Adamyñ iñ gerek zady bolan suw şahsy baýamagyñ serişdesine öwrüldi. (Dünýäniñ iñ baý suw firmalary "Suez", "Veoliave", "Saur" häzir global hususy suw bazarlarynyñ 70%-ne golaýyna eýeçilik edýär. Bütindünýä Suw Kongresine "Suez" kompaniýasynyñ başlygy Žerom Monod ýaly adamlaryñ gatnaşandygyny ýazmagymyñ geregi ýok hasaplaýaryn). Her hususylaşdyrmada bolşy ýaly, ara Bütindünýä banky girdi. 1993-nji ýylda çap edilen "Suw gorlarynyñ işledilişi" atly maglumatnamasynda krediti diñe hususylaşdyrmagy kabul eden ýurtlara berjekdigini mälim etdi. Bulam az bolýan ýaly Bütindünýä Söwda guramasy-da suw kärhanalaryny erkin bazaryñ ygtyýaryna goýulmagyny hökmany şert edip goýdy. Türkiýe "ýaşyl neoliberalizme" boýun boldy! (1994-nji ýyldan başlap Meksika, Polşa, Malaýziýa, Argentina, Senegal, Filippinler, Wengeriýa, Marokko we başgalar bu "kerwene" goşuldy). Suw boýunça maýa goýumlary doly diýen ýaly daşarky maliýeleşdirijileriñ ynsabyna goýuldy. DSI böleklendi, "Suwaryş edaralary" açyldy. Bolýaram welin, suwuñ adalatly paýlanmagy üçin 1965-nji ýyldan bäri jemgyýetçilikçi "Ýerasty suwy suwy suwarma kooperatiwleri" öñdenem bardy. Bütindünýä banky bilen Bütindünýä Söwda guramasy "bazarçy garaýyşdan" başga edaralara, gurluşlara sowuk seredýärdi! Ýeke aýdýanlary-da şudy: "Suwuñ erbet dolandyrylyşyny diñe hususylaşdyrma bilen çözüp bolar!" Dogry ekenmi? Elbetde, ýok... Suwuñ metalaşdyrylmagy we suw hyzmatlarynyñ hususylaşdyrylmagy çözgüt bolmakdan zyýada suw ýеtmezçiligini has beter ötüşdirdi... • Göýdük çekişmeler Suw-gurakçylyk meselesinde-de garşymyza neoliberalizmiñ çykmagy geñ galdyranok. Ondan öñ adamzadyñ umumy mirasy bolan suw jemgyýetçilik gymmatlygy hökmünde döwlet tarapyndan amatly bahadan we adalatly ýagdaýda üleşdirilýärdi. Neoliberalozm ekerançykdan suw subwansiýalaryny-da aýyrdy. Ýerasty suw gorlary bilen birlikde ähli suw gorlaryny çaltlyk bilen eksplutatirledi. Suwy hapalady. Jemgyýetçilik ulanşygy isripçi gören bolýardy, özi ondan has isripçi bolup çykdy... Görlüşi ýaly, suw hyzmatlary hususy eýeçilik bilen däl-de, jemgyýetçilik eýeçiliginiñ garamagynda bolsa, has gowy bolýan eken. Hawa, hususylaşdyrma täsirlilik, hil, bäsdeşlik we hyzmat ugrunda garaşylan netijeleri bermedi. Häzir suw ýеtmezçiliginiñ esasy sebäpleriniñ arasynda bazara esaslanýan garaýyşdygyny aýtmadyk, ýazmadyk galmady diýen ýaly. Neoliberalizm suw boýunça-da ýykgynçylyga ýol açdy. "Bukudaky elita" (“Saklı seçilmişler”) kitabymda ýazypdym: GAP taslamasyny ýok etdi! Indem Türkiýede uly zyýanlara getiren "Suwaryş edaralary" ýatyrylmaga synanyşylýar. Uzatmatyn-la gowsy. Häzir dünýäde alternatiw suw hyzmat modelleriniñ üstünde pikir alşylýar. Biziñem kellämizi emeli we dereksiz çekişmelerden galdyryp, suw syýasatyny ara alyp maslahatlaşmagymyz lazym. Birküç günläp ýagan ýagyş derdimize derman bolup bilmez. Suw çeşmeleriniñ we strategiýalarynyñ ösdürilmegi üçin jemgyýetçilikçi amatly suw syýasatyny işläp düzmeli... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 14.01.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |