09:00 Süýji dünýä / powest | |
SÜÝJI DÜNÝÄ
Powestler
Bu dünýäniň az pursatlyk ömrüne Gylyç gowy düşünýärdi. Diňe bir düşünmegem däl, oňa ýüregi bilen ynanýardy. Şonuň üçin ol ýaşlygyny bagtyýar geçirmäge çalyşýardy. Ugruny tapsa, elini yssy suwdan sowuk suwa urmajak bolýardy. Göwnüniň islän zadyny welin, ölýärdi, tapýardy. Ol iýmek-içmekde-de özüni hor eden adam däldi. Mahal-mahal: ― Şu gün öýde-de süňitlije zat ýok bolmaly - diýip, işden soň restoranlaryň birinde mazaly naharlanardy. Diňe şondan soň öýüne gelerdi. Ýolboýam, özüňi hor etmeli däldigi barada oýlanyp, özüni pugta ynandyrardy. Ol maşgalasyny hor etmejek bolup, özüni har edip, bu dünýäden ir giden deňduşlarynyny ýatlap, olara gynanýardy. Özi welin ölmekden edil, otdan gorkan ýaly gorkýardy. Gylyç ölümiň-ä beýlede dursun, her dogan günden gorkýardy. Sebäbi onuň ýüregi ahyr bir gün adamyň garramalydygyny, soňam, aý, hawa-da, aýtmanyňda-da oňa düşnüklidi. ― Heý, beýdip, gurup-dikip, azap edip gidibermek bolarmy. Özem, bir gün däl, iki gün däl, ömürlik!... - diýip, gamly oýlanýardy. Ol häzirem şeýle oýlar bilen öýüne geldi. Dogrusyny aýtsaň, häzir bu oýlardan soň onuň dyzlarynyň rahaty gaçypdy. Ol öýüň işiginiň gapdalyndan asylyp duran garaja düwmäni gazap bilen basyp ep-esli durdy. Işik açylyp, gelni Senemiň mähriban ýüzi görünip gitdi. Gelin balajygy bakjadan gelen ýaly, enelik, zenanlyk mährini pyýala ýaly gözlerinde balkyldadyp Gylyjy garşylady. Emma Gylyç beýle mähir-muhabbeti duýardan häzir alysdady. Ol bu dünýäniň namart, biwepadygy bardaky gussaly oýlaryny göwnüniň aýtymynda dargadyp bilmän heläkdi. Ol şol gussalaryň ynjysy bilen öýüne girdi. ― Wah, bu günlere nädip ýetdim?! Nädipler… Indem gidibermelimi? Özem, hiç haçan, hiç haçan gaýdyp gelmesiz.. Wah, loly dünýä?!.. - Gara ýanyk bolupsyň Bu yssynyň ahyry gelmänler geçdi. Heý, adamam beýle köseme bolarmy. Senem owadan didelerini balkyldadyp zeýrendi. Gelniň bu sözünde adamsyna ýalynjaňlyk etmek, ony ýalan-ýaşryk hajyk-hujyk bilen aldamak meýli ýokdy. Onuň bar aladasy aryp gelen adamsynyň göwnüni awlamakdy. Emma Gylyç häzir aýalynyň mährini duýardan ejizdi. Gaýta bu sözler oňa ýalan, suwjuk bolup göründi. ― Dünýäň özi ýaly loly heleý! Men şu gün ölsem, ertiriň özünde başga birine äre baryp, şu sözleri şoňa-da aýtjaklardan sen - diýip oýlanandan soň, onuň salpy dodaklary öňküdenem beter sallandy. - Näme lakgyldap dursuň! Heý, şu laň-laňdan irmediňmi? Men-ä işden halys bolup gelýän, sen bolsa… Gelin adamsyna düşündi. ― Wah, bu yssyda öýde janyňy saklap bolanok. Ol-a güni bilen işläp, aryp, ýadap gelýär. Men weli adam ýaly garşy alybam bilemok. Dilim gursun, sakyrdamanyňda bolmadym — diýip, ol zenanlyk uýaljaňlygynyň hökümi bilen özüni gyssap oýlandy. Soňam, egilip, adamsynyň köwşüniň bagyny açyp, onuň tot-tozanyny süpürip, gapdalda goýdy-da, aşhana ýüwürdi. Ol gidişi ýalam bir eli çaýly çäýnekli, bir eli "Boržom" çüýşeli alňasap gelşine içki jaýda ýazylan owadan saçagyň üstüni ýene bir sapar süpürdi-de, getirenlerini tertipläp goýuşdyrdy. Soňra adamsynyň oturjak ýerine ýazylan düşegiň burçlaryny çekişdirip, ullakan ýassygy alada bilen sypalady. Gylyç aýalynyň bu bolup ýörşünde ýasamalyk, ýalym-ýulumlyk duýdy. - Oh, Şu işsiz heleý ýaly gaýgysyz, gamsyz bolaýsaň! Gör, heý dünýäni sil alanda şunuň topugyna çykarmy? — diýip, ýigrenç bilen oýlandy. -- Näme, çaýa gaçjak siňek ýaly, göze-başa düşüp ýörsüň?— Çaýly çäýnegi gorup onuň myrryhy atlandy.—Näme, bu adamlar özüň ýaly güni bilen garnyny otaryp ýörendir öýdýäňmi? Iýer ýaly zat getir… Gelin çaýly çäýnegini aýyrjagyny, aýyrmajagyny bilmän elendi. --Durubersin! Senem ýene-de aşhana ylgady. Göz açyp ýumasy salymda nahar alyp geldi. Gylyç özi üçin ýazylan ýumşajyk düşegiň üstüne süýndi-de, başyny agyr per ýassyga goýdy. Soňam, bu dünýäniň kerwen saraýdygy baradaky köne aýdymlaryň birini üzlem-saplaň sanady. Soňra howlukman oturdy-da, üstünden az-kem alnan arakly çüýşäniň gapagyny açyp, bulgura guýdy. Içdi. Howlukman nahar iýdi. Süýji naharyň eşreti, aragyň gyzygy onuň başyndaky bolgusyz gam-gussalary serpip goýberdi. Ol gapdalda iýmän-içmän adamsynyň ýüzüne garap oturan surat ýaly gelniň ýüzüne birneme ýumşaklyk bilen seretdi. -- Hä, name, ýylgyrýaň? Gelin adamsynyň birneme açylyşýanyna begendi. -- Näme, seniň geleniňe begenip ýylgyrýan. Güni bilen öýde ýeke özüm. Göresim gelip gitdi. Içerden çykýaň welin, dünýäm daralýar. Ine, geldiň, dünýäm doldy. Aýalynyň bu sözi Gylyjyň ýeňse damaryny gataltdy. -- Boldy, bes et. Men halys oýnatgydyr öýdýäň, sen… Gelin ynjyly ýylgyrdy. Onuň dili däl-de, balkyldap duran dideleri gürledi. Gylyç bu owadan gelniň ýüreginden syzylyp , gözlerine çaýylan ýaşy gördi. Emma görmezlige saldy. ―Haý, şu heleýlerem jögäý. Gör, sähel ýüz berdigiň seniň tutuş erkiňe dawa edýär. Aglan bor, suwjuk-suwjuk sözler tapan bor, şeýdip, seniň boýnuňa her gün bir nogtajyk orarlar. Bularyň, ynansaň, gözleriniň ganly ýaşam tap-taýýardyr. Seniň bir... - Hany, ataň ölen ýaly şumjaryp oturma-da, tur, çaý ber… Adamsynyň hökümli sesi ýaş gelni ozune getirdi. Ol boşan tabagy göterip, otagdan çykdy. Gylyç aýalynyň gözýaşyny ýatdan çykardy. Per ýassyk ony ozune dartyp başlady. Birdenem onuň ýadyna şu gün işde bolan ýagdaý düşdi. Redaktoryň sekretary Gülüň ýylgyryp aýdan sözleri onuň gulagynda ýaňlandy. Gül etrap gazetiniň redaktorynyň sekretary bolansoň, hat ýazylýan maşinkasyny gapysy gulplanýan kabinetleriň birinde goýýardy. Kimdir biri ertirine, agşamyna şol maşinkany göterip,öz otagyna eltäýmelidi. Kabineti golaý bolansoň, onuň ýüz tutýanam, köplenç Gylyç bolup çykýardy. Şonuň üçin redaksiýanyň kollektiwine Gül bilen Gylyjyň gatnaşygy birneme ysnyşykly ýalydy. Ýöne bu gatnaşygyň ýylgyryşdan aňry geçmeýänine Gylyjyň özem gynanman duranokdy. Ol "Iller-ä, Gylyç ikisi-üçüsi bilen ham-çam bolup ýör" diýip, çyny bilen oýlanýardy. Gülüň başy boşlukdan has süýjän näzli, höwesli ýylgyryşlary Gylyja diňe bir ýaraman, asyl , onuň ýüreginiň iň näzik tarlaryna melhem ýapgysy bolup ýapyşýardy. Bu gün Gül ýylgyryp, işikden girende, Gylyç ýerinden laňňa galdy. -- Häzirjek, häzirjek, şujagaz işimi bolaýyn. Onsoň, özüm eltip bererin! Häk, içigara!.. Ol aljyrady. Uzyndan-uzyn jyňňyrdaýan telefon onuň Güle bolan bar telwasyny püçege çykardy. Ol telefon trubkasyny höwessiz alanam bolsa, soň has janly görnüşe girdi. -- Bolýar, başlyk. Onuň gürrüňi bolmaz. Ertir bar işimi kör edip, şonuň ugruna özümjik çykaryn. Ýok, ýok, gürrüňi bolmaz!.. Ol trubkany ýerinde goýdy. Gülüň kabinetine ylgady. Maşynkanyň töwereginde sermenip ýören gelni görübem, edil bir edilmesiz işi edýän ýaly gatyrgandy. - Sen, Gülüm, onuň ýaly işi ediji bolma. Aýal adam agyr zat göterip, bilini agyrdaýsa, oňa melhem tapylmaz. Aýal adam, edil, goýnuň guýruk ýagy ýalydyr. Çalaja kynçylyk gorse, eräp gidiberer. Agyr işler erkek adamlaryň işidir. Ol maşinkany göterjek bolanda, maşinka bilen bilelikde, Gülüň elinem dolap aldy. Gul, ilki muny tötänlikden bolan bir ýagdaýdyr diýip oýlanypdy.Ol elini çekip aljak boldy. Ýöne, gözi Gylyjyň ýüzüne düşenden soň, ýaňaklaryna al reňk çaýylyp gitdi. Ol az wagtam bolsa Gylyjyň ýüreginiň gürsüldisini diňledi. Oňa çenli Gylyjam maşinkany beýleki otaga alyp cykyp gitdi. Ol öwrülip gelende, Gül henizem öňki ýerinde durdy. Özem, Gylyjyň tutan ýeriniň yzy öçäýmesin diýip ätiýaç edýän ýaly, inçe barmaklaryny gülüň näzijek baldaklary ýaly çugdamjapjyk, durdy. Gylyjyň öňem täsin tarsyldap duran ýüregi bütin bedenine galkynma bilen ýaýrady. Ol gele-gelmäne, bu näzikden owadan gelni bagryna basaýarly göründi. Emma Gül şeyle näzik owaz bilen: -- Ýaňy biri üstümizden geläýen bolsa, name jogap bererdiň?!—diýdi. Gylyç özüni dürsäp bilmän durşuna, jogaba derek sowal berdi. -- Biz nähili bolup durduk? -- Waý, üç cagaly, öýli-işikli adam halyňa, gündiziň güni bir başy boş heleýiň elinden tutup durdyň-a… -- Söýginiň gözi kör bolýandyr, Gülüm! Beýle jogaby tapanyna onuň özem haýran galdy.Gül bolsa Gylyjyň bu jogabynyň ýürekden gaýnap çykýandygyna ynandy. Olam, häziriň özünde, öňünde duran, çekgelerinden ak giren adamyň gujagyna telwas edýänini duýdy. Emma işden gaýdyp barýan işgärleriň aýak sesleri ony özüne getirdi. Wah, ol şu dünýäniň peýkeri-le, ony gujagyňa salyp bolsa, onsoň, bu dünýäniň ýekeje lezzetinden gandym‖ diýip, arkaýyn aýdybermeli. Ol şeýle oýlara çümüp oturyşyna, Senemiň içeri gireninem, çaý getirip, saçagyň üstünde goýanynam duýmady. --Gyzgynjak çaý demledim, sowatman içeweri. Senemiň sesi Gülüňkä garanda, Gylyç üçin garganyň gagyldysy ýaly bolup eşidildi. Ol şirin hyýallaryny garjaşdyryp, pynhan duýgularna başyndan uçurany üçin, aýalyna gatyrganmak isledi. Edil, şol wagt köçeden bir çagajygyň aglaýan sesi eşidildi. -- Hany, çagalaň nirede ygyp ýör! Adamsynyň "ygyp ýör" diýmesini birhili görse-de, Senem derrew çykalga tapdy. -- Üçüjigem goňşularyň çagajyklary bilen goşuluşyp, oýnap ýörler. -- Bar, meniň ýüzümde Aý biten ýaly, mölterlip oturma-da, çagyr. Gijäniň bir wagtam bir oýun bolarmy?! Çagajyklar diýip, olary başyna goýberipsiň. Senem sesini çykarman, otagdan çykyp gitdi. Gylyç şondan soňam ýene hälki edip oturan süýji oýlaryna dolanyp, bu gün bolan wakany aňyndan geçirip galdy. Emma başga-başga aladalardan, oýlardan ýaňa, indi onuň aňynda ýer galmandy. Ol şonda-da bu süýji hyýalyndan el çekmek islemedi. "Ýok, ol bir peri-peýker-le. Goç ýigide aýaldan başga söwer ýaram gereg-ä. Dynç günüň bolýar, beýleki bolýar, adam dynjam almal-a. Şunuň ýalyda ýarym litri alakgetdin, bar öýüne. Içiňi dök. Keýp çek, soňam gaýt öýüňe. Bu dünýede göreniň, göreniň, süreniň, süreniň. Aýalym diýdi, öýüm diýdi, işim, aladam diýdi, şolardan eliň sypanok ahyryn. Ýeri, olar nirä gitsin diýsene! Emma, ol jennet jüýjejigini il asmanda kakar. Ol henizem, meniň bagtymyň çüwüp ýördüginden maňa göwün bölýär. Ýogsam, meni başyna ýapsynmy diýsene. Sypdyrmaly däl. Hiç sypdyrmaly däl! Görüm- göreldäni daşyndan gözlemeli däl.Goňurja her gün bir ysyrganyp gidýär. Men bolsam, wah, dünýä iki geljekmi diýsene..." Senem gelip içeri girdi. Ol adamsynyň işden geleli bäri ham-hyýal bolup oturyşyny görüp, onuň aýagujyragynda dyz epdi. Ol adamsynyň bu bolşy gün uzynky ýadawlykdan, jöwzaly yssydandyr öýtdi. Şonuň üçin adamsynyň göwnüni awlamak üçin, onuň agyrlydyr öýden ýerlerinden tutdy. -- Bu yssy-da, sowulman gidip otyr. Salkyn jaýyň içinde janyňy saklap bolanok, daşardakylaryň-a dat gününe. Gülüň hesreti bilen gümra bolup oturan Gylyç, aýalynyň sesine ukudan oýanan ýaly boldy. — Yssy bolsa, daşarda, jöwzada ne körüň bar. Il-ä sen daşarda ýanyp-bişmesin diýip, gara köýük bolup ýör. Seniňki nämemişin. -- Menem şony diýýän-dä. Işden çykyp gaýdanyňda, salkynjak bolaýsa diýýän. Ýogsa, işden geleniňden soň özüňi alyp bilmän otyrsyň-a. Gylyçä azmly gürledi. -- Haý, akmak heleý. Kim eken ol özüni alyp bilmän oturan. Öz ýanyňdan pal atyp oturmaň bar-aý seniň. Ol aýalynyň ýagdaýyny görüp, hasam haýbatlandy. -- Bar, ol garagollar jaýyňy ýerinden göçürmänkä,. Sen meniň aladamy edenden, bar, şolara seret. Senem kynlyk bilen ýerinden turdy. Ol adamsy bilen umumy dil tapyp bilmänine örtendi. Içinden özüni kötekledi. Gylyç bolsa ajy gök çaýyň soňuny käsesine syrykdyryp oturşyna, ýene-de humarly başynyň ugruna gitdi. "Gör-ä, Goňurja günde biri bilen keýp çekýär. Men welin, loňkuldap, bir öýe girsem, çykmany bilemok. Kürk towuk ýaly. Iş, öý. Öý, iş!" Ol şeýle oýlar bilen ýerine gireninem, alada bilen uka gideninem duýman galdy. Ir bilen Senemiň aladaly, birneme howsalaly sesine Gylyç laňňa ýerinden galdy. -- Näm bolda-aý? -- Wah, men guraýyn, ýatyp galsam näme! Indi sen ine-gana ýuwunmaga-da ýetişmersiň. Turaweri. Çaý demleýänçäm ýuwunaweri. Gylyç närazylyk bilen gaşyny çytdy. Ol Sen diýen adamyň irräk turanyny görermikäm, haçan görseň öli ýaly keserip ýatyrsyň!― diýip, igenmek isledi. Emma ýaltandy. Düşeginiň üstünde oturan ýerinde maşk eden boldy. Çala-çula ýuwundy. Birdenem ýadyna dünýäniň ýene bir gününiň geçendigi baradaky howsalaly duýgy kürsäp urdy. Onuň eli- aýagy buza döndi. Näme edip, näme götrenini bilmedi. Nämedir bir zadyň şaňňyrdap döwülen sesini eşitdi. - Kim goýýar bu käsäni meniň aýagymyň aşagynda. Indi, şu ýerde goýulmasa, başga ýer gapyldymy? Haýwanlar! Senem kürsäp içeri girdi. -- Wah, Akmyrat jan gije turup suw içip, soňam ýadyndan çykarandyr. Goý, döwülen jäjek bolsun. Jäjek döwülse, şatlygyň alamatymyşyn. Öýmüzde şatlyk boljakdyr. Gylyç muny Gül bilen boljak duşuşygyna ýordy. Soň ol sesini çykarmady. Ol ertirliginem howlukman, oýa batyp iýip içdi. Senem adamsyny geýindirip, köýneginiň iliklerini ildirip, köwşüniň bagjygyny daňyp, işe ugratdy.Gylyç işige ýetende bolsa, ýaýdana-ýaýdana: --Agşamlyk nämejik bişirip goýaýyn? Näme iýesiň gelýär?—diýip sorady. Gylyç sesini çykarmady.Ýöne ol „Agşam Meleje bilen geljekdirin. Gowja nahar bişireweri― diýmek isledi. Emma Senemiň mylaýym sesi ondan öňürtiledi. --Akmyrat jan, eje, börek iýjek iýjek diýip, halys etdi. Ýa-da börek bükäýeýinmi? Gylyç ýogam, bolýaram diýmedi. Onuň gep gaýtarmanyndan razylygyny aňan Senem göýä bir eziz myhmanyny ýola salýan ýaly bolup: --Sag- aman baryp geleweri—diýip, mähir bilen işigi açdy. Soňam, tä adamsynyň garasy ýitýänçä, penjireden seredip durdy. Şondan soň diwana geçip oturdy. Onuň gözlerindäki ýukajyk gussa, indi ýüregine döküldi. "Saňa ne döw çaldy, söwer ýar. Ýa-da maňa bir zat bolup ýörmükä, Allajanlarym? Bir sagat görmesem, ýürek-bagrym üzülip barýar-la!" Ol edip oturan oýuna toba edip, ýakasyna üç mertebe tüýkürdi. Adamsy bilen bile ýaşan süýji günlerini ýadyna saldy. Bagtyýarlykdan, guwanmakdan bir gez beýgelen ýaly boldy. Ýene-- de adamsyny küýsedi. Asyl, onuň yzyndan gidiberesi geldi. Emma ejap etdi. "Meniň bolup ýörşümi, gyz! Alla ömür berse, bu dünýäde gün, aý känä. Näme, göçüň geçip barýarmy diýsene. Öýüňe gelende-hä diliň baglanýa. Niçikmidir, öýden çykdygam, ýüregiň ýarylyp barýar..." Diňe şondan soň Senem az-kem köşeşdi. Çagajyklaryny oýardy. Durdumyrat bilen Sonajygy okuwa ugratdy. Akmyrady bakja äkitdi. Gelibem, içeriniň, daşarynyň işine gümra boldy. Gylyjyňky welin, bu gün ugruna bolmady. Ol redaksiýa baran badyna Gülüň bu gün işe çykmaýandygyny bildi. Çünki, oňa bu gün „maşinkany göteriş― diýen adam bolmady. Onuň üstesine redaktoram raýkom üçin taýýarlanýan maglumatlaryň gijikdirilýändigi gatyrgandy. Iň bärkisi, Goňurja näme? Şolam bu gün işde ýokdy. Ol onuň öýüne jaň etdi. Ol öýünde-de ýokdy. Günortan onuň işdäsi hiç zat almady. Nämüçindir, Gylyç özüni juda oňaýsyz duýdy. Göwnüne bolmasa, bir gara güýç özüni kowalap gelýän ýaly duýdy. Uludan- uludan dem alyp, özüni köşeşdirjek boldy. "Wah, bu dünýä gelmänjik geçsem bolmaýamydy. Eje jan, meni dogurmasaň bolmaýarmydy. Dogulmadyk bolsam, ölmezdimem. Beýdip, ahyret jezasyndan, ölüm awusyndan gorkyma, elem-tas bolubam ýörmezdim. Munça görgüleri görmek meniň nämäme derkar, bu bäş günlük dünýede, eje jan!" Gylyç günortan nahary mahaly kabinetinde ýekeje özi gamgyn halda boýnuny burup otyrdy. Birdenem telefon trubkasyna el ýetirdi. Öýüniň nomerini aýlady. -- Hä, özüňmi? Näme, Börk bişirjek diýdiňmi, agşam? Walla, şonuň ýanyndan burçluja unaşam etsen-e, birhili ugrum ýok. Gylyç ýylgyrdy. Sebäbi, onuň sesini eşiden aýalynyň „ugrum ýok" diýmesine, ot-elek bolmasy ony biparh goýmady. Senemiň "Burçluja unaş bişirip yzyňdan alyp baraýynmy!" diýmesi, ony hasam tolgundyrdy. -- Goýsanaý, walla, bir zat aýdylsa, senem şomuş diýip, suwjaryberýäň. Heý, işe-de bir unaş bişirilip getirilermi? Gören-eşiden näme diýer, utanç ahyryn. Gylyç aýalynyň aladadan doly sözlerinden dynjak bolup, "bolýar, bolýar" diýip, trubkany ýerinde goýdy. Soňam, aýalynyň aladasyna öz ýanyndan monça boldy. "Eý Allam, ýa meniň indi sanalgymyň azalýanlygyny şu-da duýýarmyka". Aslynda, bu aýallaryň bilmeýän zad-a bolmaly däl. Itler-ä eýesiniň başyna düşjek belany bilýän eken. Gel, men osmakladyp, şundan soraýyn-la. ― Gylyç işe gümra bolup oturşyna sekretariatyň işgäri Aňkarbaýyň kabinete gireninem duýman galdy. -- Tüşmeýmen, ýöne güni bilen tümtünip, oturyp galypsyň-deý! Walla, artyksüýşük ýokma diýip gelamasam, sizden gelbäri diýen jok. Gylyç bu gün keýpsizräk bolansoň, Aňkarbaýa kän bir ýüz bermedi. Muňa Aňkarbaýyň bolmajasy boldy. -- Kaýrat kyl, şun deý kaýratlar kylyp, ýeşle, kazany-y, bas aňryňga. Körüňge alyp kidesiň. Ýime, ýiçme, ýişleber-goý. Kança- kaüça baýlary jaýladyk. Barysy sen teg jygnap koýdular. Ýöne bitdesi körünge alyp barmaýgan-bow. Barysyny jyzlarynda kalgan hatynlary sen deý jalataýlar bilen toý toýlagan goý. Senem jygnabir. Gylyjyň ýüregi ýarylara geldi. Ol ylgap baryp Aňkarbaýyň elinden tutdy. --Agam, gargama, beý diýme. O diýýäniň gargyş-a, seniň. Gazaklaryň gargyşy ýaman bolmaly. Me, häzir ýanymda üç manadym bar, ýene iki manady oglanlardan karz alyp- bererin. Aňkarbaý berlen üç manady juda hapa zady eline alýan ýaly duýgy bilen aldy. Soňra, oňa göwnüýetmezçilik bilen seretdi. -- Munyňdan näme boljak? Bir bulgura-da ýetenok, munyň. Gylyç beýleki kabinete ylgady. Ol ýerden adam tapmady. Ol koridoryň ugrunda aljyrap durka, aňyrdan seýkin basyp gelýän Güle gözi düşdi. Edil halasgärini gören ýaly bolup, ol Güle bakan ylgady. Oňa ýetip-ýetmänem samyrdady: -- Gülüm, geleniň gowy boldy. Sen, sen... Gül Gylyjyň bolşuna ýylgyryp, gyzjagazynyň elinden tutup durşuna, uýaljaň gürledi: -- Waý, oglan, bu gün saňa näme boldy. Il-gün görse näme diýer. Ýör, kabinetiňe bir gir-ä. Ýok — diýip, Gylyç elini daldalatdy. - Kabinetiňe bir gir diýme. Ýanyňda bar bolsa, iki manat ber! Gaty gyssagly. Zerur, zerurdanam beter gerek boldy. Gül gaşynam çytman, gyzjagazynyň elindäki gapjygyny aljak boldy. Emma, owadanja gapjyga güýmenip oturan çagajyk ony bermek islemedi. -- Läle jan, özüňjik al-da, beräy, dädä. Bol, basymjak — diýip, ol gyzyny hoşamaýlady. Emma gyzjagaz gapjygy bermedi. Ahyram, gapjygy açdy-da, ondan ýewkeji kagyz pul çykardy. Olam bir manatjyk bolup çykdy. Ol "Indi berjek däl!" diýip, koridoryň beýleki çetine gaçyp gitdi. Gylyjyň içini it ýyrtsa-da, kesekiniň, onda-da, Gülüň çagasyna hiç zat diýip bilmedi. Ol uly gynanç bilen kabinetine seretdi. Soň bolsa başyndan musollat bolup inen dilegçämi, ýa-da keçjal gyzjagazamy, bularyň haýsy birine ýalbarjagyny bilmän, iki jahan owarrasy bolup, aljyrap galdy. Ahyram, öz kabinetine baryp albassynyňky ýaly ýüzi görenden neresse çagajyga ýalbaranyny ýagşy gördi. - Läle jan, dädeňe ýene bir manat beräý! Ertir men saňa iki manat bilen ullakan şokalad getirip berjek. Pul bermeseň şokolad berenoklar ahyryn. Hawwamy? Gülem gapdalda ýylgyryp durşyna, çynlakaý görnüşe girdi. -- Beräý, gyzym. Goý, däde köp-köp şokalad getirsin saňa. Gyzjagaz ejesiniň ýalbarmasyna birneme gowşady. Ol elindäki gapjygy açyp, ondan bir manat çykardy-da, bu aljyraňňy adama uzatdy. Gylyç „ sag bolyn― beýlekinem unudyp, kabinetine kürsäp urdy. Aňkarguly edil ýaman algyly ýaly, häli nirede duran bolsa, şindem şol ýerde garaşyp durdy. Ol hälki berlen üçlügem aýasynda saklap, öwrenje skluptoryň elujy ýasan ýadygärligi ýaly bolup garaşyp durdy. Ol garader bolup gelen Gylyjyň üçlügiň üstünde goýan iki manadyna-da garamady. -- Otuz akşa-da ber!—diýip, gök gürlän ýaly, azymly aýtdy. Gylyc jübülerin barlaşdyrdy.Iki sany ýigirmi köpüklik alyp, aýlawda aty çykan ýaly bolup, begendi. -- Haý, halalyň bolsun. Şu ýekeje köpügimem galaýmasyn, özüme. Aňkarguly, indi has möhüm zady aýtjak ýaly bolup, gabarylyp durdy-da, soňam işikden çykyp gitdi. Gylyjyň egninden agyr ýük aýrylan ýaly boldy.Ol ýerine geçip, ýene-de telefon trubkasyna ýapyşdy. -- Neme, senmi, özüňmi, diýýän. Aý, menem, burçluja unaşy bişir diýip, seni azara goýaýdym öýdýän., walla. Eýýäm bary taýýar diýdiňmi? Sen, beýdip, azara galmalam däl ekeniň. Hä, kellämmi? Aý, şu edara gelseň, kelleagyra däl, kelläň özem ýadyňdan çykýar- ow. Aýdyldy-la, birwagt. Bolýar, bolýar. Gylyç trubkany ýerinde goýup, bir dikeldi. Ol aýalynyň mylaýymdan näzik sesini onuň bilen ýaşan döwründe ilkinji sapar duýan ýaly boldy. Dünýesi giňäp gitdi. Ýene-de işine gümra boldy. -- Däde, şokolady haçan getirjek? Gylyç başyny galdyrdy. Gülüň gyzjagazy gapdalynda oňa tamakinçilik bilen seredip durdy. Ol öz ýanynda sokaladyň ýoklugyna gynandy. -- Şokalady ertir getirerin diýdim-ä, men saňa. Bu gün men heniz dükana gidemog-a. Gyzjagaz dillije düwmejik ýaly, täsin äheň bilen ýürejigindäki ynjalyksyzlygy aýtdy. -- Ejem, ertir bakja gidersiň diýýär-ä. Bu gün doktor indi sen gutuldyň diýd-ä. -- Gutulsaň gowy-da. -- Sen onda oýmüze getiräý-dä şokaladymy, bolýamy. Gylyç tolgundy. -- Ejeň meni öýňüze goýarmyka? -- Goýar, Men oňa aýdaryn, bormy. Sen gelgin. Sen maňa papa bolaý! Gylyç aljyrady. Ol ýerinden zarply turdy. Birdenem işikde gyzynyň gürrüňini diňläp duran Güle gözi düşup, göýä tokly simi ellän, indem elini ondan aýryp bilmeýän ýaly boldy. Ol ýüzünden akýan deri sylmaga-da gaýrat tapmady. Gulaklary welin Lälejigiň sesini eşitdi. -- Eje, aý eje, şu däde biziň öýmüze geläýsin. Maňa papa bolaýsyn, bomy! Gylyç gyzjagaza tarap ylgady. -- Goý, Läle jan, beý diýme, ejeňi utandyrma. Gül bu gürrüňe aglaýanyna garamazdan, gyzynyň elinden zarp bilen çekdi-de, ony kabinetden alyp gitdi. Gylyç gapyny keýpsiz acdy. Içerden aýalynyň "Kim geldi. Akmyrat jan, senmiň, gapyny ýap oglum!" diýen sesini eşidip öňki keýpinden nam-nyşan galmady. Onuň häzir içeri girip: "Näme, baryňyz kürk towuk ýaly, içerde busuşyp otyrsyňyz" diýip, aýalynyň üstüne ajysyny pürkesi geldi. Emma gözi işikdäki del aýal köwşüne düşensoň, sesini çykarman, öz otagyna geçip gitdi. Senem bilen onuň öňki işdeş ýoldaşy Gözeliň süýjülik bilen edip oturan gürrüňlerini diňläbem, işikde kürtdürip durdy. Adamsyna gözi düşen Senem syçyrap ýerinden turdy. -- Geldiňmi? Armaweri, wah, men guraýyn. Gözel jan gelensoň, begenjime, gürrüňe güýmenip, seniň geleniňem bilmän galypdyryn-da. Ol jaýda Gözeliň adamsam otyr. Olam "Gylyç agamy bir göreýin, salamlaşyp geçeýin" diýipdir. Senem adamsynyň daşynda perwana bolup pyrlanyp, onuň eşiklerini çykarmaga, ýuwunmagyna, öýde geýýän tämiz eşiklerini geýinmegine kömekleşdi. Soň onuň özünden öň çaý-çörek eltip, baharly tabaklary eltip, saçagyň üstüni doldurdy. Adamsynyň oturjak ýerine ýüzüne atlaz tutulan täzeje düşekçe ýazdy. Ol myhman bilen salamlaşsa-da, işikden giren hälki agraslygyndan aýňalyp bilmedi. Emma Çarynyň mylaýymlygy, sypaýylygy ony özüne bendi etdi. Ýöne şu zamanyň ýaşlary zor-ow. Tanamadyk, bilmedik ýerlerine-de heleýleriniň yzyna düşüp geliberýärler. Özüm-ä öljegimem bilsem, beýle işi edip biljek däl" diýip oýlandy. Çary hem onuň pikirini duýan ýaly, bada-bat düşündiriş berdi. -- Ýaňy şu töwereklerden geçip barýardyk welin, Gözel "Şu Senemi göresim gelýär" diýip, walla, hut goýmady. "Özüň gir-de çykaý" diýsemem, "Ýok-la, Gylyç aga bilen tanyşarsyň, Gaty parasatly, salykatly adamdyr" diýip, ahyry menem yrdy. Tüweleme, aýdyşlaryça bar ekeniňiz. Çarynyň bu sözi Gylyja ýarady. Ol bu ýigidiň özi, işi barada soraşdyrdy. -- Ylymlar akademiýasynyň hukuk, filisofiýa institutynda işleýän. Nesip bolsa, basym goramaly. Işim taýyn. Gylyç, umuman alanyňda, alym adamlary erbet görenokdy. Ýöne, onuň ýekeje alym tanyşam ýokdy. Şonuň üçin Çaryny köpräk diňläsi geldi. Hakyky alymlaryň nätüýsli bolýandygyna göz ýetiresi gelýärdi. Ol Magtymgulynyň: "Alymlara uýsaň açylar gözüň, Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen!" diýmesindenem, alymlaryň ýöne adamlar bolmaly däldigini duýýardy. -- Inim, seniň kandidatlyk işiň ugry näme. Men temaň näme diýjek bolýan-daý? Çary çaýly käsesini saçagyň üstünde goýdy. -- Meniň temam: "Magtymguly-Pyragynyň dünýewi şygyrlarynyň dialektiki kansepsiýasy". Men nähili düşündirsemkäm, ine, Magtymguly-Pyragy şeýle diýýär: "Dünýe bir loly heleýdir, Bir gün senem guçar gider" Ýa-da: Magtymguly, söz diýr aryf dostuna, Kim galar dyşmeýen ajal destine, Bir gün menem salar Ýeriň astyna, Agzyňdan yil gider, zyban eglenmez" - diýmek bilen, beýik şahyr näme diýmek isleýär. Onuň bu şygryň üsti bilen açýan pikiri adamzadyň paýhasy bilen nä derejede utgaşýar, Onuň filosofiýa konsepsiýalary bilen baglylygynyň derejesi nähili... Ine, meniň temam şeýleräk many-mazmuny öz içine alýar. Gylyjyň çaýy sowap gitdi. Ol gamgyn gürledi: --Aý, Çary jan, gaty kyn işe baş goşupsyň. Heý, beýdäýmek bolarmy, ahyryn. Çary keýp edip güldi. --Onuň nämesi kyn, agam! - Aý, inim, Magtymguly ýaly ägirdiň bilinden tutup, ony ýykmak saňa, maňa başartmazmyka diýýärin. Çary ýene güldi. --Men Magtymgulyny ýykjak bolamok ahyryn. -- Eýsem, näme? -- Ony ylmy–filosofiki mazmunda halka düşündirjek bolýan. Aslynda, ol dünýewilik usulynda bireýýäm düshundirildem. Meniňki şony Magtymgulynyň şygyrýeti esasynda filosofiki aspektde, ýene bir sapar düşündirjek bolmak. -- Seniňçe, onda: "Bu dünýe kerwensaraýdyr. Her kim geler geçer gider" diýen goşgusynda, bu dünýä gelenleriň hemmesi hökman ölmeli Şonuň üçin, birek-biregiň göwnüne degmeli däl. Mal-pul toplama, o dünýäniň aladasyny et!—diýmeden başga bir pikir hem aýdypdyr-da. -- Gepem, onuň hälki agzap geçen setirlerinde biziň çak edýänimizden düýbünden başga zat aýdýanlygynda. Magtymguly şu we beýleki şygyrlarynyň üsti bilen, "Dünýäde bir güýçli akym bar. Şol akymy kimiň ýöredýändigini aňyp bilemok. Ähli heňňamlary ýöredýän şol kerwensaraý. Ýa-da Hudaýdyr!" diýip düşündirýär. Ol älemi aýlap duranzadyň dialektikadygyna düşünmändir. Ol dialektikany nemes filosofy Gegel açypdyr. Gegelem ähli ösüşleriň başynda Hudaý otyr diýip otyr. Diýmek, sen dünýä geldiň. Özüňem üznüksiz ösüşleriň zynjyryna düzülip geldiň. Meselem, senden öň bu dünýä seniň kakaň bilen ejeň geldimi? Olardan öňem olaryň kakasy, ejesi geldimi? Olaryň eneleriniň eneleriniň eneleri, atalarynyň atalarynyñ atalarynyň atalary geldimi, Şeýt-de, Tä Allanyň özüne çenli yzarla-da gaýdyber, yzyňa. Şeýdip gidip otursaň, ahyr bir gün iň soňunda ýekeje öýjükli amýobalara baryp ýetersiň. Onsoň, sen otur-da, turda oýlanyber. Dünýäniň aňyrsy näme? Dünýäniň biologik aňyrsy, ýeke öýjükli we köp öýjükli bardalar! Organizm, goý, näçe össe ösübersin, ol nirä ýetse-de, şol köp öýjükli we bir öýjükli bolmagynda galýar. Dünýä alymlary gany barlap, synaglardan geçirip, iň soňunda-da, diňe şu netijä gelipdirler. Ähli zadyň düýbi, at, olam, neýtrona, platona bölünýär. Ähli zat ölse-de atam ölmeýär. Ähli barlyk başga bir barlyga öwrülse-de, barda, öýjük, başga bir zada öwrülmeýär. Dürli yns-jyns ölenden soň müň, million ýyl geçse-de, ýekeje barda, ýada öýjük tapylsa, ol nämäniňki bolan bolsa, şony dikeldip bolýan, kibernetik döwür, häzir. Eger bir adam ölse, onuň ýekeje kletkasy saklanyp galsa, edil şol adamy täzeden dünýä inderip bolýar. --Adam ölýär-ä! --Adam, anyk adam ölýär, emma ol düýbünden ýok bolup gitmeýär. Adam umumy dialektikanyň materialy bolup durýar. Ol nämelerden jemlenip, bir bitewilige gelen bolsa, soňra ol şol emele gelen aýry-aýry predmetlerine dargap gidýär. Mysal üçin, men häzir öldüm-de, emma köp ýyllardan soň ýene direlmegim mümkindir. -- O nähili? -- Men öldüm, --Öldüň! -- Meni jaýladylar. --Hawa. --Meniň jaýlanan ýerime müň ýyldan soň bugdaý ekdiler. --Hawa. -- Adamlar meniň suňňümde biten bugdaýy iýdiler. Meniň hetronlarym, protonlarym meni iýen adamyň ganyna geçdi. Ondanam, elbetde, ata bilen enäniň gatnaşmagynda, çaga emele geldi. Ine, men ýene-de dünýä geldim. Meniň Çarydygymy bolsa, enemem, atam hem bilenoklar. Aslynda, ony meniň özümem bilip baramok. Men bolsam doguldym, ýaşadym, ömür sürdüm, öldim, ýene-de direldim. Düşündiňmi? -- Aý, bolýar-da. Ýöne, gel, Çary jan, sen maňa Magtymgulynyň: "Tört müň tört ýüz ýaşan Lukman hekimiň, Başy gara guma batdy, ýaranlar" diýmesinem bir düşündirip bersene. -- Ony düşündirmek aňsat. Diýelektikanyň ýeke-täk kanuny bar. Lukman Hekim bolsaňam, tagtyn ýel ýöreden hökumi Süleýman bolsaňam, oňa boýun bolaýmaly. -- Onda, dünýäden geçmeli bolýan bolsaň, dünýä inibem ýörmeli däl-de! Bu gün gelip, ertir ölmeli bolýan bolsa, onda, seniň dialektikaňda derek ýok-da, Çary jan. Ol bizi näme üçin dünýä getirýär. Ras, geldiňmi, bu dünýäde bal dadyşan ýalyjak bolup, ýaşap ýören ýagşy dälmi, näme?! -- Eý, agam, Magtymguly-Pyragy: "Ol ölmek, direlmek galypdyr öňden, Peder bize miras goýmuş bu derdi" diýmänmi! Biziň dogulmagymyzam ölmegimizem, pederden bize miras däl. Ol dialektikanyň hökmürowanlygy. Onsoňam adam doglup, ese-boýa gelenden soň, ol dialektikanyň däl-de, jemgyýetçilik dialektikasnyň kanuny bilen ýaşaýandyr. Karl Marks: "Adam - jemgyýetçilik mahlugydyr!" diýmeýärmi. Şol gaty dogry aýdylan pikirdir. Adam, ilki dialektikanyň önümi bolsa-da, soň islese, islemese-de, jemgyýetçilik dialektikasyna tabyn boýar. Her bir adam, özi duýmazdan, ony ösdürmäge goşant goşýar. Ine, Magtymguly Pyragy: "Bu dünýä kerwensaraýdyr. Her kim onda ýük ýazdyryp, geçip baradyr!" diýýär. Emma özi soň-soň: "Heý, agalar, doguldyňmy, ölmeli, geliň, elimizi tutup, aglaşyp oturmalyň" diýipmi. Gör, nähili goşgular goşupdyr. Ol özüniň goşgulary bilen garyby baý edipdir. Namartlary mert bolmaga çagyrypdyr. Dagynyk ilini bitewilige, agzybirlige çagyrypdyr. Şeýdibem, türkmen halkynyň ýüreginde orun alypdyr. Häzir, saňa, maňa Magtymguly Pyragyny türkmen halkynyň ýüreginden çykar diýseler, biz şony başararysmy? Başaryp bolmaz.Özem onuň ýaşan döwründen bäri iki ýüz elli ýyl geçipdir. Beýle adamlar hiç haçan ölmeýär... -- Çary jan, meniň ýüregimde bir howsala bar—diýip, Gylyç käsesine çäýnekden birwagt sowap giden çaý guýdy. — Ine, men birden öläýjek ýaly, bu dünýäden syçrap gidäýjek ýaly bolup durun.Bu gaýgy diňe maňa däl, tutş maşgalama täsir edýär. Işden ýaňy geldim. Göwnümde welin, ertir öläýjek ýaly bir galpyldy tütap dur. Şony ýatlap keýpim gaçýar. Gelnejeň, çagajyklarym, gözüme gyrada ýatan çöpçe-de görnenok. Sen Magtymguly bilen çörňeşip ýören adam-a. Meniň bu bolşum, nämäniň alamaty. -- Agam, ýaňy aýtdym-a, „Adam jemgyýetçilik mahlugy― diýip. Görýän welin, sen jemgyýetçilik mahlugy bolmaly däl. Aýdaly, işgärleriňiz bilen agaç ekmäge gatnaşdyňmy? Bileje gezmäge , gezelenje gitdiňmi? Ýa köpçülik işlerine gatnaşýaňmy? Maşgalaň bilen tirkeşipjik kino, teatra, konsertlere gitdiňizmi? Hiç bolmanda ýoldaşlaryňy myhmançylyga çagyrdyňmy, ýa-da olaryňka myhmançylyga gitdiňmi? Iliň toýuna-ýasyna gidýäňmi? -- Şolar-a etmelidirem öýdemizog- aý! Iş- öý. Öý- iş! Öýüňe, işiňe wepaly bolmaly diýseler, gidýän, gelýän. Aýlygymy getirip, gelnejeňe berýän. Ogurlyk, beýleki edemok. Işe gijä galyp, ýa-da, käbiri ýaly göze-başa düşüp, käýinç alybam ýören däl men. Çary oýlandy. Ol şu ýerde kellesiniň gyzgynyna bir zat aýdyp goýberse, bu adamyň maşgalasyna bolan ägirt yhlasyna zeper ýetirmegem mümkindi. Onsuzam öz göwnüne şeýleräk bolmalydyr öýdüp bulam-bujar edip aýdyp goýberenine, Çary häzir gynanýardy. Onuň durmuş, dialektika barada aýdan zatlarynyň dialektikanyň düýp kanunlaryna ters gelýän bolmagam mümkindi. Ol köpden bäri beýle kelle göçgünlilik etmändi. "Aý, zyýany ýok. Indi bary öz ugruna gitdi. Ýöne Gylyjyň howsalasyny aýyrmaly. Oňa bu dünýäniň kerwensaraý däldigini gysgajyk pikirler bilen düşündirmeli. -- Gepem, seniň şol bir galypdan çykyp bilmeýänligiňdedir, agam. Heý, seniň ömrüňde batyrgaý makala bilen çykyş eden wagtyň boldumy? Özüňem gazýetde işleýäň, telim ýyl bäri!.. Gylyç oýlandy. -- Aý, az-owlak makalalar-a ýazylandyr, ýöne olar batyrgaýmy, dälmi, oncasyn-a bilemok. --Redaksiýada bolan ýygnaklarda "redaktor kemçilikleri düzedenok" diýip, ýekeje sapar ýolbaşçyny tankyt eden ýeriň boldumy?! Gylyç tisgindi-de, ýanbaşlap oturan ýerinden dikeldi-de, işige seretdi. -- Hudaý saklasyn. Dogrusyny aýtsam, geçiniň öň aýagy ýaly bolup, her ýygnakda jikgi-jikgi eden bolup, başlyklaryň gaharyny getirýänleri ýigrenýän. Ras, başlykmy, döwlet oňa yolbaşçylygy ynandymy, hemme kişi şonuň diýenini edäýmeli. Dogry dälmi?! --Ýok-la, elbetde, dogry däl, ýöne başga zat! Sen aýt, heý, heý, ine. Şu ýerde durmuşa bezeg berýän pylan zat bar, ýa-da pylan zatlar biziň durmuşymyza zyýan berýär. Eger şol kemçiligi aradan aýyrsak, bize bagtly, eşretli ýaşamaga ýol açyljak. Men şony öwüp ýa-da tankyt edip ýazjak―diýip, redaktoryň ýanyna baran mahalyň boldumy?! -- Heý, senem, Çary jan, Biziňki bir şäheriň gapdalyndaky etrabyň el ýaly gazetihow. Etrap gazeti. Okaýan bolsaň görýänsiň-ä "Prawda", „Izwestiýa", "Sowet Türkmenistany" diýdi, aý merkezi, respublikan gazetler öwme, tankytlama kemini goýanoklar. Olardan geçip, bi el ýaly gazýete näme ýazaly. Çary gepi has çuňlaşdyryp, Gylyja girere deşik goýanokdy. -- Leniniň döreden "Iskra" gazetine el ýaly gazet diýäýseň. Şo el ýaly gazet dünýäniň ýüzünde nähili topalaň turuzdy. Ol bütin adamzadyň ýüregini, aňyny sarsdyrdy. Şeýle dälmi?! Gylyç gürrüňi jemlemek isledi. -- Aýt., Çary jan, bu gepleriň ahyrynda sen näme diýmek isleýäň? -- Bolýan zady aýtjak bolýan.Sen diňe öz aladajygyň bilen ýaşaýan ekeniň. Bu uly jemgyýet, halk, watan, durmuş, güzeran, öý, iş, maşgalaň, çagajyklaryň seni asla gyzyklandyrmaýan eken diýjek bolýan. Magtymguly –Pyragy hak aýdypdyr. Seniň ýaly Men haçan ölerkäm― diýip, kölegesinden gorkup ýören nalajedeýinler üçin bu dünýe hakykatdan hem kerwensaraý! Ýöne saňa meňzeş adamlar örän azdyr. Biz şoňa-da şükür. Eger dünýäni seniň ýaly adamlar alsady, onda dialektika-da bolmazdy, bu rewolýusiýalaram, ösüşler, özgerişlerem , taryham, filosofiýa-da bolmazdy. Gylyç iki elini daldalatdy. --Nädäýdiň-äý, Çary jan, Menem, how, edil seniň pikir edýäniň ýaly baryp ýatan nalajedeýin däldirin. Ýöne meniň öz ýasalsym şeýle. Özüm sokjarylybermegi, buýrulmadyk işi edibermegi halamok. Sen aýt, indi şu ýasawda men näme etmeli? Çary ýassyga gyşardy. Ol indi özüni bu adamy ýeňen, bir salym ýaýnap, ýazyp oturmaga hakly hasp edýärdi. Şonuň üçin ol arkaýyn söz urdy. -- Git, ýaz, družinik bol, subbotniklere gatnaş.Al jemgyýetçilik işlerini, iň esasam, oka, oka, ok-a! Gelnejemiň aýtmagyna görä, sen okuwyňam-a gutarman, üçünji kursdan taşlan ekeniň. Oka! Okuwa garrama ýok!― diymänmidirler. Ak, ýata suw ýaly porsap ýatman, şaglap ak. Saňa näme päsgel berýär?! Bu dünýäniň kerwensaraýdygyny unut! Bu gürrüň hasam uzajakdy. Gözeliň çykyp, adamsyna öýe gaýtmagy teklip etmegi bilen, bu gürrüň orta bilindan jorta üzüldi. Çary gadyrly hoşlaşyp, aýaly bilen çykyp gitdi. Gylyç myhmanyny ugradyp gelişine, garym-gatym pikirlerden ýaňa symyljak agyryp dyran kellesini owkalady. "Wah, bu gelmän geçen Çary nädäýdi, meni! Onuň aýdýany men bolsa-ha, men baryp ýatan mahluk. Dogrusyny aýtsaň-a, onuň diýeni dogram-da. Men işe näme wepa berýän, işe näme wepa berýän?! Öýde bar işi Senem edýän bolsa, meniňki "ertir gider urgana, agşam geler ýorgana― bolýar-da. Boş gitdim-geldimdenem bir iş bolarmy? Işde-de, bar edýänim, oturmak. Ýalan-ýaşryk gep-gürrüňler. Ýyllar boýy elimi yssy suwdan sowuk suwa urman ýörmäge utanamok. Şonuň üçin eken, meniň "haçan olerkäm" diýip, was-wasa düşüp ýörmäm. Käte , biz erkekler gabarylyşyp ýörmez ýaly, aýallarymyzy işleýän ýerimize äkitmeli. Goý, olar öz ärleriniň güni bilen gara şaýa degmeýän işi edýändigini görsünler. Ýogsa, olar öýlerine gelenlerinde, hamala dagdan arkalary bilen daş çekip gelýän ýaly "hor-hor" bilen gelýärler. Olara ýaranmak iş-ä... Sag bol, Çary jan, gözüm açdyň sen... Ýöne indi düzelmek giç bolaýmasa.. Gylyç daş çykyp, seleň howada oýlandy ýördi. Ol öýüne gijäniň bir wagty geldi. Senem ony ömründe birinji gezek görýän ýaly, howsala bilen garşylasada, adamsyna sowal bermäge ýürek edip bilmedi. -- Açyk howada birsalym aýlandyňmy? Gylyç sesini çykarmady. -- Daşary hezil öýdýän, üstüňden ýazyň ysy gelýär. Üşän bolmasaňam ýagşy? Gylyç ýerine geçdi. "Ýok, Çary dogry aýdýar. Men çagalarym, aýalym bilen adam ýaly bir gepleşip gördümmikäm? Heý, Senem bilen tirkeşip, ol-a kino, teatr eken, köçä bir çykdykmykam. Walla, men hakykatdanam, edil , haýwan ýaly ýaşapdyryn. Eý-hoý, Senem meniň bu häsiýetim bilen nahili oňuşyp geldikän? " Gylyjyň oturan otagyna giren Senemiň welin keýpi kökdi. Ol gyşaryp, oýa çümüp ýatan adamsynyň aýaklaryny pokrowala bilen ýapyşdyrdy. Soňra bolsa, onuň nähili ýumşy bolarka diýen oý bilen az-kem sägindi. -- Gyzgynjak çaý bereýinmi?! Adamsynndan ses çykmady, Onuň ýumşajyk horruldysyny eşiden aýaly, aýaklarynyň burnuna basyp çykyp gitdi. * * * Gylyjyň birden beýle üýtgänini ilki duýan Senem bolgy Adamsy işindan jaň edende, senem ýaňy dükandan gelip durşudy. Ol jaň sesini eşidip, daljygyp işigi açdy. Gylyçdyr, şu! Menem-ä ýetişer ýaly däl. Bu hazan, dükanam haçan barsaň nobatda. Oňa wagtynda baryp, wagtynda öýüňe dolanjak gümanyň ýok. Öýde bolup, adamyň jaň edende trubkany götermeseň, erkek adamyň göwnüne nämeler geler... Senem şeýle howsalaly oýlar bilen işigi açyp, öýe girdi. Baryp trubkany begençli göterdi. -- Alýo, Gylyç, hernä, zordanjyk ýetişäýdim. Şu wagtjyk dükana gidip geldim-dä. Sähel gijä galsam ýetişjegem däl ekenim. Hä, näme? Düşünmedim? Näme, agşam teatra gideli? Taýar bol diýdiňmi? Hawa, bor, haçana taýýar bolaýyn. Bor, sen agşam gelýänçäň taýar bolar oturaryn, bor... Senem aljyrady. Onuň süňňüni nähilidir bir gorky gaplap aldy. "Alla janlarym, teatra bile gider ýaly, beýle, näme iş çykdyka?! Ýa-da ýygnak- beýleki barmyka? Ýygnak bolanda, men näme? Ýa-da başlyklary dagy igenip, Aýalyňyz bilen gelmeseňiz, gaty görmäň diýip, azar dagy berip durmyka? Işden soň ol öýe gelip dynç- beýlekem almaly dälmikä? Toba, munuň düşnüksizdigini..." Tä adamsy işden dolanýança Senemiň bar oýy teatr boldy. Ol adamsynyň jaň edip, "Teatra gideli" diýmesiniň, asyl manysyna düşünjegem däldi, sebäbi bile ýaşalan on bäş ýylyň içinde, özüni adamsynyň teatra alyp gidenini bir saparam görmändi. Senem teatry erbedem görmese-de, adamsynyň gyňyrrak häsiýetinne eýerip, bu höwesini öldüripdi. Ejesi dagylaram başdan―Sary adam gaharjaň bolýandyr. Sen özüňe bekiräk bolaweri. Öz haý-höwesiňe bat beriberme― diýişip, ony halys gazyga baglapdylar. Indi onuň üçin teatra-a beýlede dursun, joralarynyň toýuna, çakylygyna beýlekä gidilse-de, gidilmese-de, kän bir tapawut berip duranokdy. Işde halyçy gelin-gyzlar agyz suwardyp gürrüň edenlerinde-de, birtopar bolup, bilet alyp, üýşüp kino, teatra gidenlerinde-de, ol Seneme parh edip duranokdy. Ol şu günem, teatryň berjek höziri barada däl-de, adamsynyň beýle üýtgemesi barada köp pikir edýärdi. Ýöne, onuň güni bilen eden howsalasy biderek boldy. Gylyç işden birneme irräk geldi. -- Baý-buw, sen henizem taýýar dälm-ow. Biz ýetişmelidiris-ä, gaty gowy spektakl bar. Bütin şäher teatrdadyr bu gün. Bol, gideli. -- Sen nahar bir iý-dä. Teatr bolanda-da, oňa aç gidip bolmaz-a. Onsoňam, çagalary nädeýin. -- Durdymyrat bar-a. Ol ullakan oglan-a. Gelýänçäk, jigilerine göz-gulak bolar. Senem adamsynyň bu sözüne geň galdy. „Be, Allam, Gylyja ne döw çaldyka? Oglunyň ýigit çykanyndan dagy habary bar-ow, kakalarynyň, tüweleme. Ol gyssanyp geýinip durşuna: "Hernä, soňy düz bolawersin, jan Allam" diýip, alasarmyk pikirlendi. Teatryň töweregi, hakykatdan hem tomaşa gelenlerden doludy. Senem bi ýere gelen işdeş joralaryny görüp, bir gez beýgeldi. Ol öňem-ä Gylyjy ýüregi bilen gowy görýärdi, ýöne häzir welin ony bagryna basyp, agzyna gelen minnetdarlyk sözlerini aýdyberesi geldi. Ol bu günki waka tolgunmakdan ýaňa, spektakly başyndan aýagyna çenli ýagşy synlap, yzarlabam bilmedi. Ol häli-şindi adamsyna garap, ol gülse gülüp, gamlansa gyýylýardy. Senem teatrdan çykansoňlar hem şu duýgular bilen gümra bolup barýardy. Ýogsa, tä öýlerine barýançalar Gylyç bilen pyýadalap, gürrüňleşibem gitdiler. Gylyjyň mylaýym, uzyn gürrüňleri onuň duýgularyna derman bolup guýulýardy. Onuň häzir diňe uçasy gelýärdi. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |