19:23 Syýasy liderleriñ gara nebsi dünýäniñ iñ uly problemasy | |
SYÝASY LIDERLERIÑ GARA NEBSI DÜNÝÄNIÑ IÑ ULY PROBLEMASY
Publisistika
Adam kürsä bir öwrenişensoñ, güýç, pul we el çarpyşmalar bilen hoşlaşasy gelenok. Munuñ üçin käte ol iñ ýakyn egindeşlerine hyýanat edýär, käte-de agyr jenaýatlary edýär Köp wagtyñy alýar diýip, oñarsam seriallara tomaşa etmejek bolýaryn. Ýöne kämahal oña-da hökman seretmeli wagtlary bolýar. Bir gezegem tanşymyñ teklibi bilen "ýüzleýje göz gezdiräýin-le" diýen serialymy soñuna çenli tomaşa etmäge mejbur boldum. "Netfix"-de berilen serialyñ ady "Tüweleý" ("Whirlwind"). 2024-nji ýylda Günorta Koreýa çykarypdyr. Serialyñ temasy syýasat dünýäsi, intrigalar we liderleriñ gara nebsi... Öldürilen prezidentler, komplimasiýalar, şantažlar, öñi-ardy görünmeýän eden-etdilikler, korrupsiýalar... Boýdan-başa "hapa syýasat"... Hemem "kommunistik" Demokratik Koreýada ýa-da Hytaýda bolýan zatlar däl, hut "demokratik" Koreýa Respublikasynda... Tanşym näme sebäpli maña bu serialy görmegi maslahat berdi? Çünki syýasy kinofilmleri we seriallary mümkingadar gözden sypdyrmazlyga synanyşýardym. "House of Cards", "Borgen", "Designated Survivor", "Bodyguard", "Crown" diýseñ täsindi. Syýasat we ykdysadyýet gatnaşyklary kämahal "täsin" sözüne añryýany bilen mynasyp, kämahalam gorkunç... Hapa, tüm-garañky we çäksiz nebisjeñligiñ dünýäsi... "Whirlwind" serialynda wagtal-wagtal biri-biri bilen ölüşjek derejede dawalaşýan üç lideriñ we tarapdarlarynhñ ýaşlygyna dolanyp gelinýär. "Çüýrük düzgüni üýtgetmek üçin" ýola çykypdyrlar birmahal... Ýanamalara, gynamalara, döz gelipdirler... Koreýa urşuna gatnaşanlary-da bar... Indem gelip ýeten ýerlerine serediñ: "Men häkimiýet boljak, men! Garşyma çykanlary her dürli ýol bilen hatardan çykararyn. Gerek bolsa janlaryny alaryn!.." Kürsi we pul nebisjeñligi... Ýalan-ýaşryk töhmetler... Haýbat atmalar... Sudy we parlamenti öz peýdalaryna ulanjak bolmalar... Halky aldamalar... Serialda telim gezek gaýtalanyşy ýaly: "Meger wada beren geljegiñiz geçmişimiz eken-ä..." * * * Hersi 40 minut çemesi bolan 12 bölümlik serialy iki günüñ dowamynda hezil edip gördüm. Görüp durkamam meniñ durmuşynda nämüçin beýle köp syýasat barka diýip, öz-özüme sorag berdim. Onlarça ýyl öñ menem "çüýrük düzgüni üýtgetmek üçin" ýola çykypdym. Hem-de hemme zadymy pida etjek derejede. Soñra taşladym. Hakykatdanam taşladymmyka? Aslynda o diýenem taşlamadym öýdýän. Hawa, syýasaty däl-de, žurnalistikany saýlap aldym. Emma köp möçberde syýasy žurnalistikany. Türkiýäniñ we Russiýanyñ mysalynda işleýän žurnalist. Iki ýurtdaky syýasy üýtgeşmeleri-de örän ýakyndan synlaýaryn, olar barada kelle döwýärin. Elbetde, edýän işim diñe kelle döwmek, pikirlenmek bilen çäkli däl. Duýgularymy pensiýa çykarmadym. Ýagny, syýasatdan doly el çekmedim. Diñe ýaşlyk ýyllarymyñ arzuwlaryny bir gyra okladym. Emma bir gyra oklanan ol arzuwlar näderejede uzak we elýetmez, ony bilemok. "Whirlwind" serialyna tomaşa edip durkam özüme birnäçe gezek "Haý, zaluwat, seresap bolawer! Syýasatçylar bilen tanyşsañam, görüşseñem, asla garañky syýasat batgasyna bataýma!" diýesim geldi. Dünýäniñ iñ garyp eks-prezidenti hasaplanýan Hose Muhika öýünde * * * Siziñ maña häzir "Ýöne ähli syýasy liderler hapa däl-ä" diýmegiñiz mümkin. Elbetde, hapa däl. Elbetde, halkyna hakykatdanam ak ýürekden hyzmat eden we hakyky ýolbaşçy bolan beýik we oklaw ýaly göni liderler bar. Meselem, men öñ birnäçe gezek Urugwaýyñ prezidenti Pepe, ýagny Hose Muhika barada ýazypdym. Pula gyzykmaýan liderleri öwüpdim. Wezipesinden öz islegi arzasyny ýazup işden gidenlere dagy haýran galýandygymy agzapdym. Gynansak-da, syýasat dünýäsinde köpçülik ters ýoldan ýöreýär. Ne-hä halk deputatlary kürsiden meýletin el çekýär, ne-de liderler. Serediñ, häzir Baýden bilen Tramp garpyşygynyñ üstünden "gerontokratiýa" (garrylaryñ häkimiýeti) barada pikir alyşýarys. Baýden 81, Tramp 78 ýaşynda. Si Szinpin 71 ýaşynda. Putinem şeýle. Erdogan 70. Narendra Modi (Hindistan) 73, Lula da Silwa (Braziliýa) 78 ýaşynda. Bularyñ hemmesini Kamerunyñ prezidenti Paul Biýa garanda (91) ýaş hasaplap bileris. Soñky wagtlar birtopar ýurtda, aýratynam Ýewropada ýaş liderleriñ köpelýändigini aýdyp bilersiñiz. Emma umuman alanda, ýagdaýlar kürsä öwrenişen adamyñ güýç, pul we el çarpyşmalar bilen hoşlaşasynyñ gelmeýändigini görkezýär. Muña syýasat we häkimiýet nebisjeñligi diýilýär. Ol kämahal adamy maýda-çüýde hasaplap boljak "egindeş hyýanatyna-da" iterip bilýär. Kämahalam "Whirlwind" serialyndaky ýaly jenaýatlara ýol açýar. Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 06.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |