07:01 Tagan mugallymyñ söýgüsi / hekaýa | |
TAGAN MUGALLYMYŇ SÖÝGÜSI
Hekaýalar
Ahmet aganyň ýalňyz ogly Tagan şäherde iki ýyl okap, gutaran mekdebine mugallym bolup gelenden soň hem-ä kakasynyň tamdyrodun satmagyny goýdurdy, hemem Weli arabakeşiň gyzy Nurbibä hat berdi. Kakasyna dahylly gep-gürrüňi oba bilýärdi, emma Nurbibili mesele diňe Mele suwçynyň dördünji klasda okaýan ogly Oraza aýandy. Ahmet aga aýaly ölenden soň juda ejizledi, pes käre ýüz urdy, harjy ýagdaýy kynlaşdy. Garaja eşegine ýükläp, tamdyrodun getirip satýardy. Oba adamlary Tagan gelse, kakasynyň bu mydary bilen ylalaşmaz diýýärdiler. Şol diýleni boldy. Tagan: — Kaka, bu bolşuň bolanok — diýdi. — Bolmaýanyny özümem bilýän, oglum. Ýekelik ýaman dert ekeni. Ä-äý, çydamadym özi, namartlyk etdim. — Gapdalyňda men bar-a indi. Egniňi ýaz, kaka, beýtme, jaýymyzy bejerdeli. — Bejermeli zat kän, oglum. Herki zada direg gerek, ýetişdiň hernä. Sen oglan okadarsyň, men kolhoz gymyldysyny ederin. Ahmet aga özüni hem ogluny köşeşdirip otyrka, ertirki günüň neneňsi geçjegini alada edýärdi. Hut ertirden başlap ýaramaz gylygyndan el göterjegine, ady ýitmiş neşeden ýüz öwürjegine ynananokdy. “Namart bolmak ap-aňsat ekeni. Häzirem hoş söz bilen är çykan oglumy aldatjak bolýan, bigaýratlyk edýän” diýdi. Oňa özüni köteklemek aňsatdy, dil öl ýere biten zat, isläniňi aýdyp oturmaly. — Oglum, gele-gelmäne sen maňa beter daraşyberme, ýaramaz gylygy birden öwrenýän ýok, kem-kemden... üzül-kesil el üzüp oturybermegem kyn. Ogly düşünmedi. Ahmet aga onuň islegini talap hökmünde kabul etdi. Boýun bolmasa, ogly ýüz öwrüp gidäýjek ýalydy. «Köp okap, köp bilýän adamdan her zada garaşaýmalydyr» diýdi. Ol oglundan gorkdy. Tagan obada-da şäherdäkisi ýaly geýindi. Mekdebe ak köýnek, ak balakly, ak mata köwüşli gelýärdi. Kirşenli ýollardan ýöremek kyndy. Ak köwşüni çyrşaksyz saklaýşyna haýran galardylar. «Mekdebiň ähli hekini köwşüne çalyp ýören bolmasyn» diýip degişýänlerem tapylýardy. Taganyn assa ýörüşini, ýüzünin aşaklygyny, sähel zada gyzaryşyny uly gyzyň bolşuna meňzederdiler. Geplemsek däldigi, iň beterem juda zerurlyk bolaýmasa, adamyň ýüzüne garamaga çekinýän ýaly bolup durşy, meňzetmäniň ýerliklidigine güwä geçýärdi. Ol geografiýa sapagyny okadyp başlady. Mekdebiň döwük globusyny hara-huralaryň arasyndan tapyp, yhlas bilen bejerdi. Ýer şaryny ýerinde oturtdy, aýasy bilen onuň gapdalyna kakdy. Aýlanýanyna syn edip, kanagat bilen: «Ýer şary aýlanmasa bolmaz-a» diýdi. Klasa girende globusy gapdalyndan goýmady. Sapagyň ahyrynda okuwçylara ýüzlenerdi: «Düşünmedik zadyňyzy soraň, çekinmäň», sowal berilse, hoş ýakardy. «Ýoldaş mollum, näm üçin obamyzyň töwereginde dag ýok?» «Ýerlikli sowal. Indiki hepdede biz daglar hakda ýörite sapak geçmeli. Şonda bu sowala doly jogap bereris». «Mollum, paşist diýilýänler kim-aý?» «Sapaga degişli bolmasa-da, Hümmedowyň sowaly jogap talap edýär. Ýöne, «paşist» diýmän, «faşist» diýmeli. Öz ýurduna, mülküne kaýyl bolman, kişiň ýurduny, mülküni basyp alýan adamlara, esasan, faşist diýse bolar». «Mollum, onda näme... ine, şü Söýüniň kakasy Jeren ejeleň melleginiň bir burçuny alyp, indem berenok, ýorunja ekýä. Söýüniň kakasy faşismi, mollum?» «Seň kakaň paşist!» «Söýün, gaharlanma, ümsüm otur. Kakaň alan ýerini gaýtaryp berer weli, oňa hiç kim at dakyp bilmez. Kadyrow, sen bir ýagdaýy bek belle: biziň ýurdumyzda faşist bolup bilmez. Faşistleriň döremegine esas ýok. Olary baý synplar döredýär». Mele suwçynyň ogly Oraz dördünji klasda okaýardy. Ol Tagan mugallym bilen Weli arabakeşiň ýedinji klasda okaýan gyzy Nurbibiniň arasynda hat gatnatdy. Nädip mugallymyň ynamyna girenini özem bilenok, bir gün uly arakesmede Tagan mugallym ony boş klasa çagyrdy. — Saňa ýumuş bar, Meläýew — diýdi. Onuň elinde jildi könelen ýuka kitap bardy. Juda aýawly zady saklap duranyny duýdurýan ýaly, gaýta-gaýta kitabyň eýlesine-beýlesine seredýärdi. — Weli arabakeşiň gyzy Nurbibini bilýäňmi? — Bilýän, mollum. Tagan mugallymyň ýüzi barha gyzardy. Ýumşuny beýan etmezinden öňinçä ynamyny barlaýan ýaly, Oraza dikanlap garady. Burç kimin gyzaran burnunyň ujunda owunjak der damjalary göründi. — Weliýewany tap-da, şü kitaby ber. — Orazyň eli kitaba uzady, Tagan mugallym gowşurmaga howlukmady. — Hiç kime bildirmän bermeli. Mugallym iberdi diý. Okan dessine gaýtarsyn, kitap maňa zerur gerek. Saňa bersin, senem maňa getirip berersiň. Düşnüklimi? — Düşnükli, ýoldaş mollum. — Ýuwaşja gaýtala, näme diýmeli. Oraz eglenmän gaýtalady. — Berekella. Özüňden başga hiç kim bilmeli däldir. — Aýtman, mollum. Tagan mugallym iki eli bilen mäkäm tutup, kitaby Oraza uzatdy. — Berk tut, açma, kagyzlary gaçar. — Häzir elteýinmi, mollum? — Häzir elt. Müji oýnaýan gyzlaň ýanna seret... çete çagyryp ber. — Bolýar, ýoldaş mollum. Oraz Nurbibini garagajyň saýasynda ikibir-ikibir müji oýnap oturan gyzlaryň arasyndan tapdy. Nädip çagyrjýgyny bilmän, birbada sömelip durdy. Gýzlaryň biri haýbat atdy: — Owarra bol, oglan. Müjimizi alyp gaçaýsaň, ed-dil yzyňdan ýetip, aýajygyňy döwerin. Nurbibi Orazdan bihabardy, gezegini alyp, müji atýardy. Eliniň çalasyn hereketini gözi bilen yzarlap, başynagaýdy. Oraz ilki onuň oýnuna tomaşa etdi, soňra Nurbibiniň özüni synlady. Nurbibi owadan ekeni. Öňünde hallan atýan iki örüm saçam ýogyndy. Ýokary zyňlan müjiniň yzyndan seredende Nurbibiniň ap-ak alkymynyň näzikligini Oraz çaga-da bolsa duýdy. Ondan bäri kyrk bäş ýyldan gowrak wagt geçipdir. Oraz häzir şol günleri ýatlanda özüni ýumruk ýaly oglan hökmünde göz öňüne getirýär. Obadaky mekdep ýediýyllykdy. Ýedinji klasyň gyzlaryny uly hasaplardylar. Dogrudanam, olar oglanlara görä has saýyrdyňdy, ir ýetişýärdiler. Nurbibem ýetişen gyzdy, görmegeý gyzdy. Orazyň göwnüne güman gitdi: näme sebäbe Tagan mugallym ala-böle Nurbibä kitap iberdikä? Kitap berende mugallymyň eliniň, aýratynam, sesiniň sandyraýşy häzir Oraza syrly manyny ündedi. — Nurbibi... Nurbibi asmana zyňan müjisini depesindekä kakyp aldy, oýny togtadyp Oraza seretdi. — Nurbibi, bärik gel... — Näme etjek? — Bir zat aýtjak. Nurbibiniň garşydaşy jedirdedi: — Gitsene, oglan, gawuna gelen şagal ýaly ýürege düşäýdiň... Oýnaber-dä, gyz, ýer biti ýaly bolup, şo saňa näme aýdar öýdýäň. Nurbibi müjüleri ýere taşlap, Orazyň yzyna düşdi. Oraz mekdebiň ýeňsesine öwrülýänçä säginmedi. — Aýu-u, oglan, nirä tutduryp barýaň? — Ho taýyk baraly, aýdaýyn. — O, eliňdäki kitap näme? — Saňa berjek. — Şu taýda berip bolanokmy ony?.. Mekdebiň ýeňsesi çola ekeni. — Nurbibi, şü kitaby saňa Tagan mollum iberdi. Okap bol-da, maňa ber, men molluma eltip berjek. Mollumyň özi diýdi, sen getirip ber diýdi. Nurbibi Orazyň höwes bilen uzadan kitabyny almaga howlukmady, sägindi, ýaýdandy. — Aldamok, çynym, al! — Waý-eý, sen-ä, oglan... Tagan mugallym iberdi? — Hä-ä!.. Nurbibä eltip ber diýdi, okasyn diýdi. Nurbibiniň ýüzi kitaby almanka gyzardy. — Başga näme diýdi? — Hiç kime aýtma diýdi. Nurbibiniň ýuka dodaklarynda ýylgyrma meňzeş ýakymly alamat göründi. Kitaby alyp, biraz säginip durdy, soňra garaşylmadyk sowal berdi. — Erik iýesiň gelýämi? — Erik berjekmi? — Hä-äli öýlän bize bar, erik berjek saňa. Barýançaň bi kitaby okap goýaryn, alyp gaýdaý onsoň. — Nurbibi usul bilen kitabyň arasyny agtardy. — Men goşguly kitaby gowy görýän. — Ol goşgy top-baklaryny göreni bilen oňmady, sahypalary howlukmaç agdardy. Eplengi kagyza gözi düşen dessine kitlby ýapdy, aljyrady. Kitap gyzgyn demre döndi, ony haýsy elinde saklanda ynjaljagyny bilmän derde galdy. — Jigim, Tagan mugallymyň diýşi ýaly etginiň, aýtmagyn, hiç kim bilmesin, jigim. — Aýtman. — Öýlän bargyn, aldadaýma, biziň erigimiz süýji, bal ýaly. Goşguly kitaby okamak hezil, Tagan mugallym bilensoň iberäýendir. — Oraz güldi. — Näme gülýäň, oglan, saňa çynymy aýdýan, «Zöhre Tahyry» ýatdan bilýän, ýylgyran bolma. Ana, jaň kakylýar, bar, git... Bargyn ýöne. Oraz giç öýlän Nurbibilere bardy, hezil etdi, ýeke özi bir jam sary erik iýdi. Kitaby alyp gaýtdy. Nurbibiniň sargydyna görä, ol häzir Tagan mugallymy tapyp, kitaby oňa elin gowşurmalydy. Kitabyň gapdaly bilen ýaglygyň arasyny dolduryp erik iberdi, mugallym datsyn diýdi. Kitaby köne kagyza dolady, açmagyn diýip tabşyrdy. Oraz açmasa-da, kitabyň arasynd hat bardygyny bilýärdi. — Näme ýyrşaran bolýaň-a sen, oglan? — Erik bermeseň, kitap getirmen. — Şeý diýä! Aýnamasana... Şonda Oraz ilkinji sapar Tagan mugallymlaryň tamkepbesiniň bosagasyndan ätläpdi. Daşky gapy açyk duran ekeni. Oraz ortaky insizje dälize girdi. Suwagyň ysy burnuna urdy, salkyn howa ýüzüni sypady. Her tarapa bir gapy bardy, häzir ikisem ýapykdy. Içerden ses-üýn eşidilmedi. Oraz çep egnindäki tagta gapyny itdi, gapy ýeňillik bilen açyldy. Içerde adam ýokdy. Rejeli, arassa otag bilen Tagan mugallymyň egin-başynda, bolşunda meňzeşlik bardy. Derejeden biraz sowaşyk goýlan stoluň üsti akja mata bilen örtülgidi. Kitap, depder, syýa çüýşe, galam, ruçka hersi öz ýerinde tertip bilen goýlandy. Stola gabat diwara gyzyl mata kakylypdyr. Oturgyjyň üstüne kiçijik ýassyk goýlupdyr. Ýere ýazylan iki gülli keçe töweregi bilen syrylyp-süpürlendi. Içeri edil ýaňy ýygnaşdyrylyp gidilen ýalydy. Bu tämiz otag Orazyň göwnüne ak mekdebiň bir künji bolup göründi. Garşydaky gapy jygyldap açyldy. — Tagan, senmi bi? Ahmet aganyň mejalsyz sesi eşidildi, sonam ýaglyk oralan kellesi, hortaň ýüzi, ýellenen gabaklary, ýitelen gözleri göründi. — Men Tagan däl, Ahmet aga, men — Oraz. — Oraz bolanda kim bolýa? — Meläň ogly, Mele suwçynyň ogly Oraz. Ahmet aga Oraza ýakymsyz çiňerildi. — Şeýdip, özüň aýdaýmasaň, men seni tanajagam däl. Ahmet aga tamdyrodun satmasyny goýaly bäri, Oraz ony görmändi. Häzirem görenine begenmedi. Howlukdy. — Tagan mollum ýokmy, Ahmet aga? — Tagan mollumy nätjekdiň? O, eliňdäki düwünçek näme? — Bi, molluma... erik getirdim. — He-he. — Ahmet aga janagyryly ýylgyrdy. —Getirjek bolsaň, erikden başga zat tapmadyňmy? Erigiň adama ýakymy bolmaz. Erik getireniňden-ä, sen git-de maňa derman getir. Sen bir ýeňil oglan, ylga, Şyhmyratlara ýetip gaýt, Ahmet aga derman beriň diý, çydanok diý, pul diýse, soň getirer diýäý. — Ahmet aga, Şyhmyrady milisiýa äkidipdir. — Ä-ä?.. Gör-le muň tapýan sözüni. Kişiň derdine düşünjeg-ä däl siz. Ýalan sözleme! Taşla eliňdäki erigi-de, ylga, durma beýdip! Şyhmyradyn äkidileni çyndy, öýünden bir halta göknar çykypdyr diýdiler. Oraz Ahmet agany ynandyrjak bolup durmady, daş çykdy. Ýaýdanyp durka-da mekdep tarapdan gelýän Tagan mugallymy gördi. Nurbibiniň iberen kitabyny, erigini alanda Tagan mugallym el-aýagyny ýitirdi. — Eýýäm alyp geläýdiňmi, okanam däldir. — Okadym diýdi, ýoldaş mollum. — Howlukdyransyň, häk, sen-ä... bi bolşuň bolanok, Meläýew. Men saňa erik getir diýdimmi, diýemog-a. — Özi berdi-laý, mollum. — Berlen zady alyp gaýdaýmaly däl-ä. Hany öýe baraly, munça erigi ýeke iýip bilmen-ä. Oraz Ahmet aganyň ýumşuny aýtdy. Tagan mugallymyň ähli höwesi gaçdy. Tamkepbä ýaýdanmaç seretdi. — Şyhmyradyň äkidilenine ynananok, menem aýtdym ýogsa — diýdi. — Sen gaýdyber, oňa derman gerek däl, sagalyp barýa. Işe gitse, tut ýaly bolar. Garry adamlar erigi halaýan däldir. Öz-ä gowy erik ekeni, alyp git, jigileň iýer. Oraz erigi almady. Hat gatnawy dowam etse-de, Oraz olaryň ikiçäk sözleşip duranlaryny görmedi, gaýta köpüň içinde-de birek-birege göni garamaga utanardylar. Belki, Orazyň keseden synlanyny bilenleri üçin utanandyrlar? Ýok, olar pynhan ýerde ikiçäk oturyp, ine-gana sözleşen däldirler, ýogsa duşuşmaga amatly pursadam bolardy. Artyk düýekeşiň gapysynda gurlan batly hiňňildik Orazyň ýadyna düşýär. Uzyn nawuň depesine gara keçe oradylar, daşyna-da urgan daňdylar. Pilsap boýy çukur gazyp, nawy dikeltdiler, biraz gyşardyp, düýbüni syntgylap-syntgylap gömdüler. Gündiz çagalar uçdy, agşam uly adamlar, gelinler, ýetişen gyzlar ýygnandy. Nurbibi gelnejesi bilen geldi. Ol şagalaňa goşulşyp bilmedi, häli-şindi mekdebe tarap garaýardy. Tagan mugallym gelse, şol tarapdan gelmelidi. Nurbibini gyssadylar: — Senem uçup gör, gyz, geleniňe görä günäňi bir döküp git. Nurbibi etmedi. — Hiňňildige münsem başym aýlanýa-la, uçjak däl. Ertir Oraz Tagan mugallymyň ýanynda: — Agşam hiňňildik uçduk — diýdi. — Bilýän. —Siz nä barmadyňyz, mollum? — Men barsam bolmaz-a. Ol jogabynyň Oraza düşnüksizligini aňyp, ýörite düşündirdi. Gurbanlygyň dini baýramdygyny, oňa gatnaşsa okuwçylara ýaramaz görelde görkezjekdigini, hiňňildik uçanyň bilen günäň dökülmeýänligini aýtdy. — Adam günä iş etse, günäsine laýyk jeza çekmelidir. Oňa hiňňildigiň dahyly ýok, ynanmagyn — diýdi. Tagan mugallym şu tomusda kerpiç tam saldyrjakmyş diýdiler. Okuw gutaran dessine ol mellekde kerpiç guýmaga başlady. Ahmet aga kolhozyň öküzlerine seredýärdi, ogluna laý garyşýardy. Nurbibi mekdebi tamamlapdy, kolhoz işine gidýärdi. Oraz hat gatnatmagyny dowam etdi. Erik sowuldy. Nurbibileriň bagynda alma, üzüm, garaly bişdi, Oraz hezil edindi. Uruş turdy. Urşuň ilkinji aýynda Tagan mugallym fronta gitdi. Ol ugramazynyň öňki güni, taýýarlap goýan hatyny Oraza berip: Gün ýaşýança Nurbibä gowşurjak bol — diýdi. Oraz öýlän ota gidende Nurbibiniň gowaça otap ýören ýerine bardy, hiç kime bildirmän haty gowşurdy. Orazyň çakyna görä, olar agşam hökman duşuşmalydylar. Bu duşuşyk birinji hem ajy aýralygyň öňündäki iň soňky duşuşyk bolmalydy. Oraz henize çenli ýigit bilen gyzyň pynhan duşuşygyny görmändi, göresi gelýärdi. Ol Tagan mugallymy garawullady. Gije asudady, aý aýdyňdy. Howadan kirşeniň ysy gelýärdi. Aýak ýygnananda Tagan mugallym öýlerinden çykyp, mekdebe tarap gaýtdy. Ol ak geýimlerini geýmändir, golaýyna baraýmasaň onuň kimdigini hem aňşyrar ýaly däldi. Ol mekdebiň jaýyna girmedi, çetdäki garagajyň aşagynda aýak çekdi. Agajyň goýy kölegesi ony töwerekdäki gözlerden gizleýärdi. Oraz Saparlaryň melleginiň gyrasyndaky ýandakly salmanyň içine bukuldy. Bu ýerden akjaryp ýatan oýun meýdany, mekdebiň öňi, bäş düýp garagaç oňat görunýärdi. Nurbibi haýsy tarapdan çykarka? Eger göni öýlerinden gaýtjak bolsa, mekdebiň ýeňse tarapyndan gelmelidi, ýöne göni gelmäge çekiner. Gury ýabyň içinde oturan Orazyň bedenine galpyldy aralaşdy. Ol tolgunýardy. Tagan mugallym köp garaşdy. Mahal-mahal agajyň kölegesinden çykyp, meýdançada gezmeleýärdi, ýene dolanyp gara kölegä siňip gidýärdi. Nurbibi gelmedi. Orazy garaşmak halys irizdi. Täsin duşuşygy synlamaga bolan höwes kem-kem ýitdi. Tükeniksiz garaşma onuň çydamyny barlamak üçin guralan agyr synaga meňzeş bir zada öwrüldi. Oraz çydamady. Aý depä galanda, ýalaňaç aýagyna tiken çümdürip, öýlerine gaýtdy. Tagan mugallym garaşýardy. Ertir irden Tagan mugallym obadan ugrady. Gitmänkä Oraza kitap berdi, Nurbibide durubersin diýdi. Oraz kitaby Nurbibä gowşuranda, Nurbibi kitap bilen bile Orazy bagryna basdy. Aglady. — Agşam ejemiň ötlesi tutdy, tas ölüpdi — dýýdi. Oraz duşuşygyň bolmandygyna düşündi. — Nurbibi, Tagan mollum saňa köp garaşdy. — Wah, garaşandyr-la, men guraýyn, meni ýer ýuwutsyn. Ejeme hiç zadam-a bolmady, bäş minut gel-de gidäý-dä. Men ýüzi gara boldum, men oňly gün görmen. Kösenip gidendir, bilýän-ä... Nurbibi bu sapar öň etmeýän işini etdi kitabyň gatyna salnan haty Orazyň ýanynda okady. Okap durka onuň owadan gözlerinden gyzgyn ýaş dökülýärdi. Gözýaş, gussa gyzyň meňzine hasam näziklik çaýdy. Oraz Tagan mugallymyň juda owadan gyzy saýlandygyna häzir hasam önjeýli göz ýetirdi. Edil şonça-da ajy aýralygyň derdi artdy. Nurbibi Orazy gujagyna gysdy. — Şü obada indi maňa in ýakyn adam, ýakyn hossar sen, jigim — diýip zarlady. — Mugallymdan hat gelse, maňa görkezgin, saňa hat ýazar, ýazjak diýipdir. Tagan mugallymdan iki hat geldi. Ikinjisi frontdan ýazylypdyr. Oraz hatlaryň ikisinem Nurbibä berdi. Üçünji hat gelmedi. Dört aýdan soň onuň ajy habary geldi. Nurbibi bu habara ynanman ekeni. Ol uruş ýyllaryny garaşyp geçirdi. Uruşdan soňam ony uzak wagt durmuşa çykaryp bilmediler. Emma Tagan mugallyma garaşýarmyş diýen gürrüň oba ýaýramady, ýogsa Nurbibi ýaly görmegeý gyzyň durmuşa çykman oturmagy obadakylara geňdi. Ahyry ony otuz ýaşyndaka uzak obalaryň birine durmuşa çykardylar. Baran ýerinde bary-ýogy üç ýyl ýaşady. Adamlar bimahal ölümiň sebäbini agyr keseliň üstüne atdylar. Bu ölümiň hakyky sebäbini Orazdan başga bilýän ýokdy. 1985 ý. | |
|
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |