09:30 Täji Kertikler | |
TAJI KERTIKLER
Goşgular
Zaryň... Zaryň... Zaryň... Täji Kertikler Dil bitirdi ýene ýekedabana: «Daň atdy, Daň atdy, adamlar, turuň, Sylyň ýüzüňize Gün dog, ýar, ana» Zaryň... Zaryň... Zaryň... Posly demire Jan berlip, ýüzüne çekilýän nagşy, Ukudan oýanyp her gün ir bile, Gözi gidip, synlar gadym Mülkbagşy. Zaryň... Zaryň... Zaryň... Täji Kertikleň Emrinden çözüler onlarça düwün. Bir goja dillenýär: «Döwük-ýenjikleň Birisem obamda görünmez bu gün...» Ümsümlikden peýdalanyp obada Gezen alakalar girýär sürene. Bir ýalta samraýar, owkalap gözün: «Wah, bular ýatmaga goýmady ýerie...» Obanyň ýaş ýigit şahyry bolsa Oýlanýar: «Bu günem gijä galdym men, Täji Kertikleriň ýazan şygryny – Taýyn şygry göçürmeli boldum men...» Örüp Mülkbagşynyň kiçisi-ulsy, Güneşi ýüzüne sylýarlar, görüň! Urup dur, Urup dur obanyň pulsy: Zaryň... Zaryň... Zaryň... * * * Açyk dursun, Açyk dursun gapyňyz, Penjiräňiz açyk bolsun elmydam. Size tarap alyp barýar bu ýollar, Size ýetmek meniň pikir-aladam. Her gün irden göýä säher şemaly, Emaý bilen girerin, gyz, öýňüze. Çalýan sazym seň göwnüňden turaýsa, Gül ysynam sowgat biýrin men size. Günortan Gün bolup galaryn göge, Geçmen penjiräňden şöhlämi dökmän. Seçýän nurum ýylydaýsa kalbyňy, Men Giinden düşerin, düşerin hökman. Bilýärin, miiň ýerde duşarsyň... Arman, Agşamyň şapagy öçende kem-kem, Senden aýrylmagy ýokuş görsem-de, Şoň bilen gitmeli bolaryn men hem. Ýöne şonda ýaglygyňy galgadyp, «Gelgin – diýseň – gelgin» ýaş aýlap göze. Men gaýdyp gelerin, Uklan çagyňam Düýş bolup girerin siziň öýňüze. Bardy-geldi kaza dolsa bimahal, Dirilerin, eger bolsam aladaň, Açyk dursun, Açyk dursun gapyňyz, Size tarap barýandyryn elmydam. * * * Garrylar has owadan... U.Uýtmen. Tebigatyň kanuny deňdir ähli zenana, Ýyllar sowgat getirer, alar her kes öz paýyn. Seňem, läläm, kem-kemden giňär gider ýüregiň, Sözlerňe bal gatylar, bolar hasam mylaýym. Ýognar barha bilekleň, gujur geler gerdene, Kirpikleriň ok bolup, maňa garşy sürüner. Bu.şar gara saçlaryň reňk alar kümüşden. Wagtyň beren paýhasam gözleriňden görüner. Şeýdip, ýyllar geçdikçe, senem boýdaşlaň ýaly Bolarsyň has owadan, Bolarsyň has owadan. Bolarsyň has owadan, muňa sözüm ýok meniň. Herhal başga bir arzuw ýatyr mydam gursakda. Eger güýjüm ýetsedi, gara saçlaň bilen, Şu galam gaşlaň bilen, Şu näzli sözleň bilen, Jan aljy gözleň bilen Seni görmek islärdim, şo-l arzyly pursatda. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Göwünlik / Goşgular - 12.08.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Gider idim men ýol syra, ýawlak uzamyş bir agaç... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||