14:59 Takdyr / hekaýa | |
TAKDYR
Hekaýalar
Heratyň töweregini gurşap duran belent daglaryň başyndaky ala-garlaryň eräp, dagyň joýa-joýa jülgelerinden aşak inip Heriruduň suwunyň köpelip başlamagy, gazaply gelen gyşyň aýazyna çydaman ýapraklaryny döken ýalaňaç agaçlaryň çybyjyklarynyň dömmerip pyntyklap ugramagy, şäheriň köçelerinde gezip ýören erkek adamlaryň bolsa başlaryny büreýän galyň kadifeleriniň gerdene atylmagy - bularyň barysy baharyň alamatlarydy. Bahar gelse-de, palçykdan ýasalan gümmezlije öýleriň depesinden burugsap çykýan tüsseler al-asmana göterilip gidýärdi. Öýleriň kölege düşýän tarapynda bolsa bölejik-bölejik ala garlar häzirem eräp ýetişmändi. Şäheriň gijelerine doňup, gündizlerine ereýän asfalt garasyny görmedik darajyk, gumly köçeleri bolsa dyzdan laýa, palçyga öwrülipdi. Balaklaryny dyzyna çenli düýrüp gelip - geçýän erkek kişiler we çal perenjelerini ýokarrak götermäge çekinýän aýallaryň bolsa, etekleri laýa bulanyp bu köçelerden şäheriň merkezine çykýardylar. Şäheriň günbatar tarapynda ýerleşýän Baraman mähellesinden çykyp gaýdan çal perenjeli aýal, ýüzüni aşak edip, uzakdan seleňläp görünýän Dört minara tarap ýuwaşja ýöräp ugrady. Onuň ýanynda saçlary bulaşyk , üst başy kirlije 8-9 ýaşlaryndaky gara gözelek oglanjyk hem bardy. Oglanjyk kä mahal aýalyň eýlesine- beýlesine geçip, kä mahalam aýagyna dolaşyp ``çal perenjä`` bir zatlary gürrüň berýärdi. Aýal bolsa kä mahal çaganyň gerdeninden tutup aýagyna dolaşmaz ýaly iteläp goýberýärdi.Olar Dört minaranyň gabadyna ýetip, çep tarapdaky belent derwezäniň daşyndan aýlanyp mazarystanlyga girdiler. Töwerek tümmek-tümmek bolup ýatan atsyz- sorsuz `çöküp könelişen we gumy heniz solmadyk gabyrlardan dolydy. Çal perenjeli aýal bolsa gelip könelişen bir mazaryň baş ujunda çugutdyryp otyrdy, soňra bolsa ellerini çal perenjeden çykaryp doga edip başlady. Oglanjyk hem gelip aýalyň ýanynda oturdy, elleriniň çorluja aýalaryny ýokary galdyryp doga etmäge başlady. Mazar köne bolsa-da, häli-şindi gelinip ideg edilýändigi bildirýärdi. Üstünde, töwereginde tiken ýa-da ot-çöp görünmeýärdi. Birdenem çal perenjäniň ýüregiňi gyýym- gyýym edýän zaryn hiňlenmesi eşidilip ugrady. Ol wagt-wagt kelllesini tutup iki baka yranýardy. Oglanjyk bolsa başga bir mazaryň daşynyň üstünde oturyp, köneje köwşüniň palçyklaryny gazamaga başlady. Mähelleden çykyp gaýdalymyz bäri ünsümi çeken şol ``çal perenjäniň`` aňyrragynda durup men hem söz ussady akyldar Mir Alişir Nowaýynyň mazarynyň başynda doga etmäge başladym. Birwagtlar gündogaryň ylym merkezine öwrülen ady arşa göterilen Heratyň seleňläp görünýän dört minarasynyň daş töweregine göz aýladym. Han-ha dünýä gan çaýkan Teýmurleňiň akyldar gelini Göwherşat begumyň mazary, günbatarynda bolsa dünýä edebiýatynyň şamçyraglarynyň biri Abdyrahman Jamynyň mazary –olaryň töweregi bolsa ulyly kiçili bejerilen ýa-da çöküp galan garypja mazarlardan doly. Meniň göwnüme bolmasa Herat uly bir mazarystanlyga öwrülen ýaly boldy. Ähli pikirim, küýüm töweregimdäki gabyrlarda bolansoň – birden aglaýan ``çal perenjäniň`` sesine tisgindim. Gulagyma türkmen dilinde agy sözleri gelen ýaly boldy. Bütün durkum bilen gulaga öwrüldim. Hawa dogrudan-da bu çal perenje türkmen dilinde aglaýardy: -Suwlaryň paýawynda, Daglaryň gowagynda, Meniň balam ýitipdir, Men şonuň soragynda. Tez maral dagda mälär, Dagdan aşanda mälär, Ynsan eziz baladan, Aýra düşende aglar. Men ýuwaşja ýöräp göwresi bilen yranýan aýalyň ýanyna bardym. Aýal birden çal perenjäniň aşagyndan meniň gelenimi görüp sesini kesdi. Onuň gözlerini görmesemde maňa seredip durandygyny duýdum.Oglanjyk bolsa bir köwşüni geýip, o bir taýyny-da elini alyp, möle gözlerini maňa dikdi. Men aýalyň ýanynda oturyp türkmen dilinde - Yzy ýarasyn, Imany hemra bolsun - diýdim. Ol aýal ilki burnunyň suwuny çekdi-de, soňra perenjesini eli bilen galdyrdy, maňa aglamakdan gyzaran gözlerini süpürip - Taňryýalkasyn- diýdi. Aýalyň nury öçen gözleriniň maňa soragly seretmesine düşündim. - Hawa menem türkmen. Bu ýatan bende siziň ogluňyzmy? Jaýy jennet bolsun! Ýaşdymy? Näme boldy-keselläp dagy ýogaldymy? — diýip yzly-yzyna sorag ýagdyrdym.Aýal birden maňa aýylganç seretdi-de, çal perenjesi bilen ýüzüni büredi, ýüregiňi paralaýan iniňi tikenekledýän agysyny dowam etdi. Gije çyra ýakanym Gündiz ýüziňe bakanym Ah diýende agdardym Wah diýende dönderdim Ýaraşyklym ýeke guzy Indi sensiz nädärkäm? Daglaryň başy ýanar Ot düşüp daşy ýanar Gara dagyň ýykylsa Ýüregiň başy ýanar Bu sözlere ýüregim çydamady dört barmagym bilen ýaşdan doly gözlerimi süpürdim.Gözlerini mölerdipjik duran oglanjyk meniň aglanymy görüp ``perenjä`` gysmyljyrady. Men - Bagyşlaň oduňyzy ölçerdim, derdiňizi gozgadym - diýdim. Aýal ilki meniň sözlerime üns bermeýän şekilli bolup, men tarapa öwrülmedem. Birdenem pyşyrdap doga etmäge başlady. Ellerini ýüzine sylyp ýerinden galdy. Perenjesini galdyrdy-da, ýüzüni açdy. – Siz meni bagyşlaň! Oglum hakda soradyňyz? Hawa,oglum ýaşdy-murty taban ýetginjekdi.Özü-de dona sygmaz bilekli, içe sygmaz ýürekli arslan oguldy –ýeke-täk dikrarymdy,umydymdy, öýümiň diregidi, ýüregimiň ýagydy , indi mende ne umyt, ne ýürek, ne-de bir ýaşamak höwesi galdy. Diňe şujagaz oglanjygyň hatyrasyna ýaşap ýörün. Muňa dözemok –ýogsam...``.-- diýip gysmyljyraýan oglanjygyň başyny sypady. Ol birden meni boýdan başa synlady. Soňra oglanjygyň elinden tutdy-da, maňa haýyş bilen ýalbaryjy äheňde öýüne myhmançylyga gitmegimi towakga etdi; - Jan dogan! Meniň derdim içe sygmaz dert boldy. Men muny size aýdasym dertleşesim, egsesim gelýär. Belki içimdäki berç bolup galan gussam gowzar. Jan dogan biziň garypja tünegimize myhman bolaýyň-da! Barymyz bilen barlaşarys hem-de meniň derdimi diňlärsiň. Bu bir meniň derdim däl. Owganly türkmenleriň derdi. Meniň ýaly müňlerçe aýallaryň derdi. Ýogsa-da siz nireli türkmensiňiz? – diýdi. Men birden berilen soraga nähili jogap berjegimi bilmedim.Soňra elimi oglanjygyň saçlaryna ýetirip, -Men siziň ATA watanyňyzda Türkmenistanda doguldym.-diýdim. Aýal bir salym dymyp durdy.Onuň ýüzünden begenç alamatlaryny gözledim, gözleriniň uçganaklap gidenini görmek isledim. Sebäbi çet bir ýurtda haýsydyr bir ýerlerde türkmeni görenimde, özümiň Türkmenistanda dogulanymy aýdanymda, buýsanç - begenç alamatlaryny görýärdim.``Eý Hudaý-a bu pahyryň duýgy damarlary gurap gözleriniň nury öçäýdimi-kä? ``Umytsyz galdym``- diýdi ahyryn. Umytsyz adamda nur näme işlesin –zat nämişlesin?-diýip içimi gepletdim. Aýalyň sesi gaty sowuk eşidildi, göwnüme bolmasa meni myhman aljak diýenine-de ökünç bar ýaly duýuldy. Hiç tanamadyk görmedik, bilmedik nätanyşymyň çakylygyna göwünsiz bolup duranda bolsam bilesigelijiligim öz erkime goýmady. Bu ``çal perenjäniň`` içindäki syrlary tizräk bilesim geldi.Onuň sowuk güňlenç ``Gideliňmi`` diýen sesine baş atyp razylyk berdim. Ol öňüräkden men yzyrakdan ýöräp gabrystanlygyň derwezesine tarap ugradyk. Oglanjyk bolsa meni göreli bäri bir gezegem geplemän ``çal perenjäniň ``daşyndan aýalyň ellerinden tutup ýöreýärdi. Aýal kä wagt biraz säginip maňa ``geliber``diýen şekilde öwrülýärdi. Biz Baraman mähellesiniň darajyk köçelerine gelip ýetdik. Köçelerde oýnap ýören çagalar biziň ýanymyzdaky oglanjykdan peştu dilinde -Miman az koja amadan ?( Myhman nireden geldi?) – diýip soraýardylar. Oglanjyk bolsa iki gerdenini ýokary galdyryp, kibtini gysyp `` bilemok``diýip sessiz jogap berýärdi. Birden aýal agaçdan bir gapynyň öňünde sakga durdy-da, perenjesini galdyrdy`maňa tarap öwrüldi-de köýneginiň ýakasynyndan bir zatlary sermäp ugrady. Şakyrdadyp 3-4 sany bile daňlan açarlary ýakasyndan çykardy, egilip gapyny açdy. –Giriberiň! Hoş geldiňiz! Howlynyň içi darajykdy. Palçykdan, pagsadan galdyrylan öýe girdik. Öýüň diwarlaryna elde dokalan nepislik bilen dokalan saryk gölli garçynlar söýelipdir. Gyzyl mahmaldan düşekler ýörüte myhman oturmak üçin düşelipdir. Başga bir göze görünip duran zat ýok. Aýal bir salymdan öwrülip geldi. Ol başyndaky çadyr perenjesini aýrypdyr, ýakasy ``sekiz keşdeli``, ýanly türkmen köýnegini geýipdir, başyna köneräk gara ýüň ýaglygyny atynypdyr, elindäki çaýly çäýnegini goýdy-da gele-gelmäne-de zeýrenip başlady; --Bizem bu perenjäni atynasymyz gelenok. Ýöne nädeli, mojahid diýdi talyban diýdi bizi öz günümize goýanoklar. Şu ýigrenji ylhanat köýnäni başymyza atdylar. Ýogsa jan dogan biz türkmenlerde gadymam perenje bolmandyr ahyryn. Meniň ejem pahyr ömrüniň ahyryna çenli şuny geýmedi.``Ölsemem geýmen gyrnaklaryň çadyryny, ondan-a daşary çykman oňaýaryn. Onsuzam öz ýurdumdan aýrylanymdan soň bu Owganyň gülleri gözüme tiken bolup dürtülýär – gara daglary gitse gelmez ýol bolup görünýär diýerdi pahyr. Ol öz ýurduny görmegi arzuwlap meniň ýeke dikraryma hem Watan diýip at dakdy.Watanjany şeýle bir gowy görerdi asyl ýerde ýurtda goýmazdy.``Ýerde goýsam ys bolar-ýokarda goýsam pos bolar``-diýip söýerdi- apalardy ``Men agtygyma iň owadan gyzy alar bererin. Gyzyl kürteli, gyzyl keteneli gelinimi jaňly düwmeli gotazlaryny düňňürdedip, ýanyma alyp öz ýurduma giderin. Watanjany hem alyp gara daglardan aşaryn-orsuň baglan ýurduna giderin.Wah Jüneýit hanyň yzyna düşüp gelmesedik bu horlugy görmezdik .Orsdan gaçdyk –kapyrmyş diýdiler ol-a gaýtam sowat berdi bilim berdi gözli körleriň gözüni açdy. Bizden galanlar duktor bolupmyş. Biz bolsa bu ýerde giň dünýäni hem görmez ýaly perenje bürenýäs``-diýerdi . Ol ýurduny arzuwlap Türkmenistana gelen orsuň adalatyny eşideninden hem beter edip öz gözi bilen gören ýaly günde telim-ha gezek gaýtalaýardy. Watanjan bolsa ejemiň gapdalyndan turman onuň sözlerini diňleýärdi.Arzuw hyýallarda ata münüp, gara dagdan aşyp gül-gülälekli, çynarlarlary seleňläp duran,çeşme suwlarynyň lummurdap duran ýurduna gidýärdi.Ony hemmeler tanaýardy- güler ýüzli garyndaşlary, görmäge tebsirän garry enesiniň obadaşlary ony atdan göterip düşürýärdiler. Sowat ylym beren ruslar bolsa Watana akja köýnek geýdirip goluna kitap berip ak mekdebiň gujagyna äkidýärdiler.Biz ejemizizň arzuwly süýji hyýallaryny diňläp-diňläp ulaldyk,emma bu arzuwlaryň soňy hakykata öwrülmänsoň biz pahyryň gürrüňlerine kän bir ähmiýetem beremizokdyk.Watanjan weli gün-günden enesiniň ýanyna baglanýardy, yzly-yzyna soraglar ýagdyrýardy.Gürrüňiň arasynda çaga pikirjikleri bilen gülkünç soraglaram berýärdi. -- Ene,aý ene, öz ýurdumyza gidenimizde şu ak eşegimizem äkideris hä?! Ene ruslar diýeniň adammy?!Näme üçin ozal olardan gaçdyňyz, indi hem olaryň ýanyna gitjek bolýas olar bizi iýmezmi?!- diýip soraglaryny ýagdyrýardy. Bolýar oglum ak eşegimizi hem äkideris. Sakgallyja geçimizem .Oruslar oglum gözleri gök monjuk ýaly –saçlaram jöweniň gulpagy ýaly sary adamlar bolmaly. Biz-ä görmedik welin gyzlary dagy edil zamça ýaly sarymyş owdanmyş. Elleri aýaklary dagy edil ýüpek ýaly ýumşak diýýärler. Mähriban süýji dilli adamlary bar diýýärler. Bilmeýän zatlary-da ýokmuş. Görogly begimiz ýaly, ýetmiş iki dilde dagy gepleýärlermiş. Agaýunus peri ýaly dyrnaklaryna seredip geçmişden-geljege hemme zady öňünden bilýärlermiş. Watanjan bu gürrüňlerden soň gelip biziň ellerimizi sypalap görerdi. Biziň gün-güzarany aýlamak üçin dokaýan ýüpek halylarymyzyň tiriň, inçe erişleri, barmaklarymyzyň ujuny gyşardypdy. Barmaklarymyzyň bogunlary bolsa çişip birhili garalyp galypdy. Ellerimiziň arkasyndaky damarlar bolsa has ýognap daşyna çykaýjak bolýardy. Soňra Watanjan biziň dokaýan ýüpek halymyzy hem sypalap - Onda orus gyzlarynyň elleri şu haly ýaly ýumşakda näzikdä şeýlemi enejan-diýip soranda biz derrew özümizden biygtyýar ellerimizi gizlärdik. Şeýdip Ata Watan-bagt getiren ruslar hakdaky gürrüňlerden gana-gana Watanjan ulaldy. Murt ýeri gögerip, sesi ýognap ugrady. Bizem onuň günsaýyn ösýän boýuna guwanyp toý şaýyny tutup başladyk. ``Heratyň haýsy gyzyny halasa alyp bereris-isle teke bolsun isle-de ýemreli –ýomut bolsa-da saryk bolsa-da türkmen bolsa bolýar. Gelinimi törüme geçirerin. Ýeke oglum bolanda näme ``Bir gülden- müň gunça`` köpelerler bu howlymam dar bolar. Onsoň ulurak howly hem satyn almaly bolar diýip`` haly dokap oturan ýerimden hyýal ýüwürdýärdim.``At üsti howaly-haly üsti hyýally ``diýleni, dokap oturan halymyň çitimlerini çaltrak çitip ugrardym. Soňra-da ýurt bulaşdy. Ozalam galmagalsyz däldi-le Owgan milletiniň başy. Emma hökümet duşmanlara garşy Şurawiden kömek soransoň, orsuň goşunlary serhetden aşyp, ilki gelip giren ýeri Herat boldy. Ýaňky ``dört minaranyň ``gaýra tarapynda Şurawiniň goşunlary agyr-agyr maşynlary, tanklary aý näbiläýin, başga-da bir topar atylýan topy-tophanasyny süýräp gara bulut ýaly bolup çökdüler. Köçelerde ölüp ýatanlaryň sany sajagy ýokdy. Birden görseň goňşy öýüňdenem ``duşmanmyş`` diýip ýigit ýeten oglanlaryny göterip alyp gidýärdiler. Aý garaz şäherde kim ``duşman ``kim ``dost`` belli bolmady. Ok degmedik bir kerpiç hem galmady diýsem ýalan bolmaz, kä mahallaram uzak wagtlap okuň, ýaragyň sesi çykmazdy. Birdenem gümmürdäp bomb göçerdi welin asman zemin gapyşdymyka diýerdik. Imisalalyk aralaşsa çagalar derrew gidip boş peşeňleri ýygnap gelerdiler. Şeýle günleriň birinde goňşymyz Kümüş daýza gelip – Goňşy meniň adamym oruslaryň hut aralaryna barypdyr. Aýdylşy ýaly bar eken pahyrlar, kerpiç ýaly çörekden ikisini, biraz hem iýer ýaly başga zatlary hem salyp iberipdirler. Adamymyň hem olara bar eden ýagşylygy bir-iki eşek odun äkidip satypdyr-la gyz. Özleri-de türkmen bolsa ynanýarlarmyş. Olaryň içinde türkmen hem barmyş. Saçy gerdenine dökülip duran bir sary gyz barmyş, özüde duktormyş, ýaralylaryň ýarasyny ap-akja hasa bilen daňyp durmuş. Derman çalanda, iňňe uranda dagy agyr ýaralylaram gaşyny çytmaýarlarmyş.-diýdi. Bu gürrüňden soňra hatar- hatar eşekler suwly, odunly gatnap başladylar. Boş gaýdýanyda ýokdy. Hem hakjagazlaryny hem-de geň-enaýyja sowgat salamlary bilen çagajyklarynyň ýanyna dönýärdiler. Günleriň bir güni biz hem ýigit ýeten, öýümiziň başy bolmaga ýaran Watanjanymyzy ak eşekli oduna goýberdik. Çagajygym gün-uzyn odun ýygyp agşama golaý hem gaýdyp geldi. Agşamlaryna oruslaryň ýanyna baryp bolmaýardy. Onsoň oglum agşam ýatyp, ertir irden äkiderin diýip ýatdy. Haçan turup ölügsilenip ýanýan çyranyň ýagtysyny seretsem oglum ýatmandyr. -Jan ogul ýat indi. Ertir ýene gitmeli bolarsyň oduna. -Eje enem pahyryň ölenine 3 ýyl boldy. Enem ölmedik bolsa bagt getirýän oruslary görerdi hä--?-diýdi. Men sessiz baş atdym. Ertir ir bilen turanymda eýýäm Watanjan düşeginde ýokdy. Şeýdip atyşyk dowam eden günleri-hä öýde galardy parahatçylyk günlerem oduna gidip oruslara odun satyp gelerdi. Bir gün oglum maňa; -Eje oruslaryň arasyndaky gyzyň ady Walýamyş. Özem edil enemiň aýdyşy ýaly sary gulpak, gözleri hem gök monjuk ýaly. Oduna gidenimde elimi sypjyrtdym welin elimiň ganyny görenden derrew geldi-de derman çaldy. Soňra ak mata bilen sarady. Elleri dagy seniň dokan ýüpek halyňdanam ýumşakmyş. Maňa bakyp bir ýylgyrdy-da ``seniň adyň dogrudanam Watanmy? Saňa näme üçin geň at goýupdyrlar. Ilkinji gezek eşidýän diýip –güldi. Menem oňa enem hakda, onuň Watanyna gitmek isländigi hakda, Jüneýit han hakda uzak gürrüňleri berdim. Bir türkmen oglan hem bar aralarynda gürrüňlerimiň gylyny gyşartman ors diline geçirdi welin Walýa aglaberdi. Enemiň aýdany hakyt çyn eken eje. Olar şeýle bir ýuka ýürekmiş. Ynha saňada bir ýüň ýaglyk iberdi. -diýip elime kagyza dolanan Walýanyň sowgadyny berdi. Şondan soň oglum wagt tapsa sary saçly Walýa hakda gürrüň bererdi. Sähelçe bir ýerim agyrýar diýäýsem ýüwürip Walýadan bir derman getirerdi welin, menem ertire çenli tut ýaly sagalardym. Biziň günlerimize birhili reňk gatylan ýaly boldy. Öýümizde şatlyk, gülki , günde bir habarlar, sowgatjyklar, Walýaly gürrüňler aý garaz daşarda uruş bolsa-da biziň öýümize bir gyzgynlyk aralaşdy. Emma bu günler uzaga çekmedi ``Ýetimiň agzy aşa ýetende burny ganar``diýleni günlerde bir gün oglum düýnki ýygan odunlaryny alyp oruslara tarap gidişi ýaly hem tiz yzyna öwrüldi. Ýüzüniň soluklygyndan, haýal ädim ädişinden eşegiň arkasyndaky ýükden soramasaňda bildirip durdy. Her näme-de bolsa oglumyň ýanyna baryp habar aldym. Watanjan kellesini bir bulady-da eşekdäki odunlary düşürmäge durdy. Eşegine ot- suw görkezdi-de -Oruslar tarapa goýberenoklar eje. Düýn agşam biz deňräk bir oglan odun getiren bolup eşeginiň biline bomb daňypdyr. Odunyny düşürmän eşegi bilen goýup gaçypdyr. Şol barmana bomba ýarylyp eşek janaweriň her tikesi gulak ýaly bolupdyr. Aýdyşlaryna görä oruslardanam ölen köp bolmaly. Indi odunly oglanlary goýbermeýärlermiş – diýdi. Şondan soň oglum odunyny eşege ýükläp günde bir gezek ruslaryň tarapyna giderdi. Emma lapy keç halda gaýdyp gelerdi. Günlerde bir gün bazardan gerekli zatlarymy alyp gelýärdim. Köçämiziň o başyndan üýrüp gaýdan gara itiň öňünden gaçyp gutulyp bilmedim. Ol gelşine maňa topulyp golumdan agyz saldy. Adamlar kömege ýetişinçä bolsa, çeýnemek çeýnedi.Ýaraly ýagdaýda öýe gaýdyp geldim, gelibem özümden giden ýaly ýatyp galypdyryn. Agşama golaý gyzdyryp-titräp ýerimden turmaga synanyşdym emma galmaga ysgynym ýok bolansoň öýümiň çyrasyny hem ýakmadym. Bir salymdan oglum geldi. Gelşi ýaly-da derrew gelip çyralary ýakdy-da meniň ýanyma gelip maňlaýymy elläp gördi, elini yzyna çekip gözlerini mölertdi. -Ejejan ýanyp barýaň-a näme boldy saňa .-diýdi. Men onuň şu garaňky gijede gara itiň gözlegine taýakly giderinden çekinip, gündizki wakany aýtmadym. Sowuklandygymy, geçjekdigini aýdyp rahatlandyrdym. Emma wagt gijikdigiçe meniň halym beterledi. Soň-soňraklar bolsa samrap başlapdyryn. Öz sesime özüm tisginip turýardym. Gözümi ýumsam gara itiň meni çekeläp, dalap daş töweregimi adam etinden läş edip goýandygyny görüp gygyryp turýardym. Arasynda özümden gidip ,özüme gelenimde bolsa,oglumyň meniň üstümde kökenek bolup durandygyny görüp galýardym. Bir özüme gelip gözüm açanymda oglumyň ýokdugyny gördüm. ``Aý daş çykandyr ýa-da tebip-sebibiň yzyndan gidendir ``diýip gapa seredip ýatdym. Şol ýatyşyma daňa golaý ymyzganypdyryn, düýş görüp hopugyp turdum. Düýşümde ejem pahyr ak maýany kejebeläp getiripdir. Içinde bolsa sary gulpakly Walýa gyzyl kürtä bürenip sülmüräp otyr. Ejem pahyr köneje başatgyjyny başyna büräp `gelniň kürtesini sypap maňa ýüzlenýär`` Biz gelnim bilen Watanjanyň yzyndan geldik. Bizi gara daglardan aşyrsyn.`` Men agyrylaryma çydap bar güýjümi jemläp ýerimden galdym,ysgynsyz aýaklarymy süýräp howla çykdym. Ak eşek ýerinde dur.``Alla jan oglum nirä gitdi-kä?`` Şol barmana gapy batly batly kakyldy. Agaç gapyny ysgynsyz gollarym bilen zordan açanymda eşek arabanyň üstünde dolanan adam jesedine gözüm düşdi.Adamlar ölüni göterip sessiz-üýnsiz öýe saldylar.Men nämäniň nämedigine düşünmän derwezäniň ýanynda duruberipdirin. Birden ölüni getiren ýaşuly maňa seredip ``Oka dözer ýaly oglan däl eken welin-näme Biribara gerek bolandyr-da sanaglysy dolan bolmaly-da ! Öwez ogluny bersin gyzym gaýrat et, ýüregiňe gar ýagsyn!``-diýeninden agyrylarym ýatdan çykyp öýe tarap ylgadym. Ölüniň ýüzüni açdym... Ondan soň hiç zady bilemok. Gelen gelipdir, giden gidipdir. Oglumy gara ýere tabşyrypdyrlar. Özüme gelenimde`` hiç zady bilmän ýatanyňa iki gün dagy boldy`` diýdiler. Görüp otursam Watanjan şol gije meniň halymyň agyrlaşyp barýandygyny görüp gorkusyna oruslaryň bolýan ýerine Walýanyň ýanyna ylgapdyr. Ol oruslara golaýlanda, esgerlerem gijäniň bir wagty bir oglanyň ylgap gelşini halaman ony başga niýet bilen gelýändir öýdüp atypdyrlar. Soň gelip görseler pahyrjygymda ne ýarag bar, ne-de bomba.Wah! neressejegim garynjany basyp öldürmäge dözmezdi. Gel-gel indi ol bir topar adamyň ganyna galjakmy ahyryn... Ol ahyrky deminde ``Walýa aýdyň – ejeme kömek etsin``diýipdir. Görüp otursak Walýa hem odunly oglanyň bombasy ýarylanda bir aý mundan ozal ölen ekeni. Meniň şondan soň dünýäden umydym üzüldi. Bukjasyna diýip ýygnan ýaglyklarymy, köýneklerimi, ýüpek guşaklarymy balamyň hem-de sary gulpakly Walýanyň mazarynyň baş agajyna daňyp gutardym. Ine ejemiň` Watanjanyň garry enesiniň ``bagt getiren ruslary`` meniň ýanyp duran ojagymy şeýdip söndürdiler. Sary gulpakly ors gyzy oglumy o dünýä ýany bilen alyp gitdi. Men bolsa gugaryp bu öýde ýat ýurtda galyberdim uwlap. Alma mende nar mende Bakja mende nar mende Meniň balam ölüpdir Şonuň ody bar mende - Wah! men guraýyn men! Şol gün bazara gitmesedim gara item ýarmazdy-menem ýatmazdym gyzdyryp, oglumam meniň üçin dermanyň yzyndan gitmezdi. Jan dogan balamyň ölümine orsam däl- hyrsam däl, hut meniň özüm günäkär! Meni öldürmeli, meni öldüreniň kesewisi gögerer. Oglumyň ölümine men sebäp boldum. Aman-aman allajan Salan belaň ýaman-eý Aman-aman edeýin Toba-tagsyr edeýin. Meniň maňlaýyma ýazylan ýazgydymdyr-takdyrymdyr. - Ol birden aglamasyny goýup gözleriniň ýaşyny ýaglygynyň çowy bilen süpürdi.Gelelimiz bäri öýe girmän oýnap ýören oglanjygyň adyny tutup gygyrdy. -Watanjan oglum gel indi öýe. Gün batdy oýnamaňy bes et. - Oglanjyk aýalyň çagyranyna daş işikde garaşyp duran ýaly derrew öýe girdi. Sag elinde el ýuwdurylýan aftabasyny(kündügini) egninde bolsa destpäkini ( el süpülýän matasyny) alyp geldi. El ýuwduryldy, şam çekildi. Aýal maňa seretdi-de: - indi şujagaz oglanjygy özüme höwür edindim. Men bu oglanjygy oruslar bilen mojahidleriň arasynda bolan söweşden soň, köçede aglap durka tapdym.Soňam eýe çykan bolmady, bir adam bu çaga meniňkidir diýip orta çykmady. Ýa-ha ene-atasy ölen bolmaly ýa-da ekläp saklap bilmän köçä taşlan bolmaly. Ýaňy ýörjen ýörjen bolup ugran çaga bolansoň, adyny hem bilmeýär. Menem öz oglumyň adyny dakyp-şujagazyň boýuna guwanyp ýörün -diýip oglanjyga mähir bilen seretdi. Wagt gijigenden soň, ölügsilenip ýanýan çyrany meniň ýanymda goýup her kim ýatmak üçin düşegine geçdiler. Emma meniň tä daň saz berinçä gözüme uky gelmedi. Bu garaňky öýde –bu naçar hiç kimsesiz aýalyň aglaýan sesi dört diwara siňip giden ýalydy. Çyra ölügsilenip nebiti gutardygyça öý hem garalyp has hem ýüregimi gysdyryp başlady.Göwnüme bolmasa sary gulpakly Walýa bilen Watan gapyny kakyp ``biz geldik`` diýäýjek ýaly bolup durdy. Ertir ir bilen men öýüň eýesinden rugsat alyp öz ýoluma gitdim. Meni ugratmak üçin ýola çykan ``çal perenje `` hem darajyk köçelerden aýlanyp mähelleden saýlanyp ``Dört minara`` tarap ýöräp barýardy. Eräp başlan laýly palçykly topraga batyp çümüp barýan Watanjyk bolsa ``çal perenjeden ``galmajak bolup ylgap barýar. Ýaz aýlarynda öwüsýän, ýapraklaryň pyntykdan ýarylyp çykmagyny aňsatlaşdyrýan, halk arasynda ``agaç ýaran ýel`` adyny alan şemalyň şuwuldysy bolsa meniň göwnüme bolmasa hiňlenýän ýalydy. -Bu olaryň takdyry-bu olaryň ykbaly. Ýazgytdan gutulma ýok- takdyrdan gaçma ýok.Şuuuuuw-şuw...............۰ Ogulmaýa SEMIZADEH SAPAR GYZY. | |
|
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |