19:42 Taryhdan gözbaş alýan kadalar we kanunlar | |
Taryhdan gözbaş alýan kadalar we kanunlar
Taryhy makalalar
Dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran, ynsan kowmunyň baý medeni ojagynyň Watany we ägirt uly ösüşleriň merkezi bolan gadymy Türkmenistanyň ýerleri adamzadyň ilkinji ruhy galkynyşynyň nyşany hökmünde yz galdyrypdyr. Arheologiýa ylmynda delillendirilişine görä, dünýäniň iň gadymy ýerlerinde adamzadyň ilkidurmuş jemgyýetçilik gurluşynyň bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäklerinde hem ilkinji gezek adamzadyň döreýiş we başlangyç döwri bolup geçipdir. Günbatar Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Jebel, Damdam çeşme 1 we 2, Gaýly, Kesgir bulak, Ýangyja, Begarslan, Garateňňir gowaklarynda we Çendir, Sumbar jülgelerinde alnyp barýan arheologiýa barlag işleriniň netijesinde gadymy adamlaryň yzlary aýan edildi. Türkmenistanyň gadymy adamlary bu ady agzalan ýerlerde ilkidurmuş şertlerinde ýaşapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen, adamzadyň ýaşaýşa we durmuşa bolan düşünjesi artyp başlapdyr. Ýuwaş-ýuwaşdan zähmet we ýarag gurallary kämilleşipdir. Bu daş gurallary örän kämil ýasalyp, esasan hem prizma görnüşli nukleuslardan (birnäçe gyraňly çakmak daş bölekleri) we mikrolitlerden (kiçijik daş bölejikleri) ybarat bolupdyr. Şeýle-de mäkäm daşlar bilen däne owratmagy ýola goýupdyrlar. Zähmet gurallarynyň ösmegi we kämilleşmegi bilen maldarçylyga we ekerançylyga üns beripdirler. Has irki daş asyr (paleolit) zamanynyň adamlary ot ýakmagy bilmändirler, ýöne olar dürli tebigy şertleriň döreden oduny öz durmuşlarynda peýdalanypdyrlar. Durmuşyň we zähmetiň talaplaryna görä adamlar ýuwaş-ýuwaşdan çakmak daşdan ot ýakmagy we peýdalanmagy başarypdyrlar. Has soňraky döwürlerde zähmetiň görnüşleriniň giňäp ugramagy adamlaryň arasynda birnäçe zähmet bölünişiklere we durmuşda kanuny esasda ýaşap başlamaga itergi beripdir. Ilkinji dini düşünjeler hem ýüze çykyp başlapdyr. Ynsanyň oýlanyşykly zähmet çekmegi, onuň dürli tebigy şertlere uýgunlaşyp bilmegi, olaryň san taýdan köpelmegine we köpçülikleýin ýaýramagyna getiripdir. Adamlar tarapyndan täze oýlanyp tapylan ýaraglaryň ýüze çykmagy olary doly iýmit bilen üpjün edip bilmändir. Olar köp wagtlap öňküleri ýaly, ähli ýaramly ýabany ir-iýmişleri ulanypdyrlar. Emma bu hem olary halas etmändir. Iýmitiň mydamalyk ýetmezçilik etmegi gadymy jemgyýete özüniň ýaramaz täsirini ýetiripdir. Köp synanyşyklardan we şowsuzlyklardan soň, adamlar mümkin bolan ýeke-täk çykalga, iýmiti özleri döretmek, ýagny maldarçylygyň we ekerançylygyň üsti bilen önüm öndürmek ýoluna düşüpdirler. Arheolog alymlaryň pikirine görä, Günorta – Gündogar Hazaryň kenary önüm öndüriji hojalygyň dünýäde ilkinji dörän ýerleriniň hataryna giripdir diýlip çaklanylýar. Zähmet gurallary agaç, süňk kesmek ýa-da örän inçe zergärçilik işini ýerine ýetirmek üçin amatly bolupdyr. Süňkleriň kömegi bilen deriden egin-eşik tikip, azyk önümlerini salar ýaly halta-meşik edinipdirler. Giçki paleolit döwri, b.e. öňki 35-40-njy müňýyllyklarda Türkmenistanda hem enelik urugy bolupdyr. Şol döwürde erkekler bilen aýallaryň arasynda zähmet bölünişigi ýüze çykypdyr. Erkek adamlar awçylyk, balyk tutmak, zähmet gurallaryny öndürmek, urugy gorap saklamak, aýallar bolsa ir-iýmiş çöplemek, öý işlerini etmek, çagalara seretmek bilen meşgullanypdyrlar. Adamzat maşgala gurmak we ony dolandyrmak, has soňraky döwürlerde jemgyýeti gurmak we dolandyrmak ýaly düşünjeler esasynda öz ýaşaýyş-durmuşlaryny ösdüripdirler. Taryhyň dürli döwürlerinde halkymyz ata-babalarymyzyň miras goýan milli däp-dessurlary esasynda özleriniň kada-kanunlaryny berjaý edip gelipdirler. Bu döwletiň we jemgyýetiň talabalaýyk dowam etdirilmegine uly ýardam edipdir. Aslynda, taryhyň dürli döwürlerinde döwlet gurmak we ony kanuny esasda dolandyrmak, goňşy halklar bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklamak işi ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlaryna eýerilip dowam etdirilipdir. Bu barada hormatly Prezidentimiz özüniň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde: «Türkmenleriň dowamly hökmürowanlygynyň hikmeti nämede? Olar baran ýerinde derrew ornaşýar, ýerli halk bilen dessine dil tapyşýar. Edeni ugruna, isleg-arzuwy wysal bolýar. Ýürekleri şiriňki ýaly batyr, mydama ruhubelent ...bularyň syry nämede? Olar barada kimden nähili gürrüň eşiden bolsaňyz, ählisini jemläp getiriň, okaýyn, öwreneýin, düşüneýin» diýipdir» diýen orta asyrlarda ýaşap geçen arap halyfynyň aýdan sözlerinden getirilen mysallar arkaly delillendirýär. Hormatly Prezidentimiz bu eserinde şeýle subutnamalary getirmek bilen, taryhda halkymyzyň kanuny esasda, adalatlylyk bilen guran döwletiniň dolandyrylyşynyň dünýä nusgalykdygyny nygtaýar. Bu mysallaryň dowamaty hökmünde, häzirki döwrümizde döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň adalatly ýolbaşçylygynda Esasy Kanun esasynda agzybirlikde dolandyrylýar, ösdürilýär. Bu ýol-ýörelgeler halkymyzyň mizemez we sarsmaz mukaddes döwletiniň dowamatynyň dowam boljakdygyndan nyşandyr. Serdar Maşarykow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |