16:53 Taryhy aklamagam, garalamagam gerek däl, diñe sapak al! | |
TARYHY AKLAMAGAM, GARALAMAGAM GEREK DÄL, DIÑE SAPAK AL!
Taryhy makalalar
Geçen hepdedäki ýazgym boýunça iberilen maillerde birgiden gep bardy. Ilgezikliklerine aýratyn minnetdarlygymy bildirýärin. Ilki şu kesgitlemäni bereliñ: Musulman dünýäsi dört halyf döwri we onuñ yzysüresindäki döwür bilen ýüzleşmedi. Ne şo döwürde bolup geçen bölünişikleri, dawa-jenjelleri, uruşlary sagdyn şekilde pikir alyşdy, ne-de has soñky döwürlerde şol döwrüñ täsiri astynda dörän dini düşünjäniñ sagdyn tankydy etdi. Ýalñyşlyklardan-da hikmet gözlemek dini ritualyna öwrüldi. Netije: 52 yslam ýurdunyñ ýer ýüzüne berýän häzirki kartinasy... Tankydy düşünje musulman-dindar añyýetiñ berk tutulýan taglymyna gezek gelende ýöremeýär. Derñemek beýlede dursun, muny derñemek isleýäniñ özünden ýaman niýet gözlenýär. Muña mysal edip okyjylaryñ biriniñ ugradan hatyndan bir bölegi siziñ dykgatyñyza ýetirmek isleýärin, serediñ, näme diýýär: "Musulmanlar siziñ agzaýan, aralarynda bolup geçen, sebäbini we hikmetlerini doly biziñ bilmeýän hadysalarymyz sebäpli, Allanyñ (j.j) we Resulallanyñ (s.a.w) öwen, ýeke-täk hak dinimiziñ öñdebaryjylary hem-de ölçeg terezisi bolan ol gözel ynsanlary (sahabalary) hata goýbermekde aýyplasalar, musulmanlar mundan peýda görermi ýa-da zyýan? Sewadi-azam (yslam jemgyýeti) zyýan görer diýip netijä gelipdirler. Emma kemter aklyna eýerenler din bilen baglanşykly her hususda bolşy ýaly, bu hususda-da ters ýola, ýagny batyl ýola giripdirler". Bize elektron poçta arkaly hat ugradýanlar aýdýanlarymyzy ýalanlap ýa ýalñyş diýip bilenoklar, emma bizi bozgakçylyk etmek aýyplaýarlar! Meseläniñ iñ gynançly tarapy, akly-paýhasy tankyt etjek bolup, bir döwrüñ arasyndan belli bir toparyñ aklyny mukaddesleşdirýändiklerini bilenoklar. Emma her bir toparyñ, her bir mezhebiñ, her bir meşrebiñ sewadi-azamy dürli-dürli. Elbetde, bolup gecen her bir zadyñ ylahy taslamada bir ýer bar, muny bilmegimiz mümkin däl, emma biziñ paýymyza düşen beşeri düzlemde taryh dissiplinasynyñ usuly bilen seretmegimiz we gerekli dersleri çykarmagymyzdyr. Ady agzalýan şahslaryñ biriniñ beýlekisinden tapawutly ýeri ýok. Mysal üçin, Sad ibn Ubade sahabalaryñ iñ belli-başlylaryndan, emma ol ne Hezreti Ebu Bekire biat edýär, ne-de Hezreti Omara. Hezreti Alyny tekfir edenlerem (dinden çykmakda aýyplanlar) Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) sözde yzyna eýerenler! Jemel wakasynda garşyma-garşy gelen Hezreti Aly bilen Hezreti Äşe kim: biri giýewi, beýlekisi aýaly. Hiç uzadyp oturmaýyn, taryhy we wakalary tankydy sferada okap bilsek, häzirki wagta çenli çykaryp boljak dersleri tapyp bileris. Şonuñ üçin rugsat berseñiz, az-owlak tehniki maglumat bermek isleýärin. • HEZRETI PYGAMBER ARADAN ÇYKANDAN SOÑ YZÝANY Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) yzysüre XI asyra çenli dowam eden klanlaşma biri-birinden üýtgeşik, ýöne biri-birini iýmitlendirýän metodiki garaýyşlara ýol açýar. Halyflyk saýlawy, uruşlar, sahabanyñ sahabany öldürmegi ýaly örän köp mesele takdyr meselesini, olam öz gezeginde iman-amal gatnaşygynyñ çekişmesini hökmanylaşdyrýar. Şeýdibem mezhepler döräp başlaýar. Jebriýe (takdyrçylyk), kaderiýe (adamyñ eradasyny we gudratyny öñe çykarma), mürjiýe, selefiýe, mutezile, şaýylar, harijiler yktykat we syýasy meseleler boýunça düýp düşünjeleriñ kemala gelmeginde saldamly rol oýnan akymlardyr. IX asyryñ ahyrynda maturidilik we eşarilik döreýär. Bolup geçýän sosial-syýasy hadysalar mazmunyñam, hökümleriñem kesgitleýjisi bolýar. Dürli çemeleşmeler iki esasy akym hökmünde tanalýan şaýylyga we sünnilige birigipdir. Amaly-yktykady mezhepleriñ üstünde aýratyn durup geçmesek bolmaýar. Bütin bularyñ barsyna has gowy düşünmek üçin birinji halyf saýlawyny gysgaça aýdyp geçeýin: Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) aradan çykandygynyñ habary eşdilen basyna dürli toparlar şobada herekete geçýär we syýasy häkimiýeti ele geçirmek üçin taýýarlyga başlaýar. Bularyñ birinjisi ensarlaryñ (medineliler) hereketidir. Sakifede ýygnanan topar Sad ibn Ubadeni halyf saýlamak üçin ylalaşyga gelýär, muhajirleriñ (Mekgeden Medinä göçenler) ýagdaýdan habarly belli-başlylaryndan Hezreti Ebu Bekir, Omar, Ubeýde dagy ýygnanşyga gatnaşýar. Iki toparyñ arasynda jedel turýar. Ebu Bekir ensarlaryñ pikirine garşy çykýar we halyfyñ kureýşden bolmalydygyny, araplaryñ muña üns berjekdigini, özleriniñ ilkinji musulmanlardandygyny, pygambere ömürboýy ýardam edendiklerini öñe sürüp, halyfyblñ muhajirlerden bolmalydygyny aýdýar. Muña nägilelik bildirenleriñ bolandygyna garamazdan Ebu Bekir halyf saýlanýar. Ýaşynyñam täsiri bolandygy aýdylýar. Şu ýerde başlan çekişmeler gelejekde tutuş musulman taryhyna täsirini ýetiripdir. Pygamber döwründe aradan aýyrmak üçin tagalla edilen tireparazlyk keseli halyf saýlawynda täzeden başlapdyr. Birinji nägilelik haşimilerden gelýär. Hezreti Aly-da (r.a) haşimidir. Hezreti Pygamberimizi (s.a.w) soñky ýoluna ugratmak işleri bilen başagaý bolup, ýygnanşyga gatnaşmadyk Hezreti Aly Ebu Bekire edilen biata nägileligini bildiripdir. Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 18.07.2022 ý. | |
|