17:31 Tekäniñ baýramçylygy | |
TEKÄNIÑ BAÝRAMÇYLYGY
Edebi makalalar
Iñ gowusy Gabriel Garsiýa Markesiñ "Labirintdäki general" we Mario Wargas Losanyñ "Tekäniñ baýramçylygy" («Праздник Козла» / "La fiesta del chivo") romanlarydyr Taryh okamak çylşyrymly mesele. Gynançly wakalardan we nadanlyklardan doly. Gadymy we täze taryh diýen zat ýokdur, bu diñe ýat tutmagy añsatlaşdyrýar. Geçmişde galan her bir waka eýýäm taryhdyr. Fransuz nakyllarynyñ birinde düýnki gün bilen daş eýýamynyñ biri-birinden tapawudynyñ ýokdugy aýdylýar. Bütin dünýä indi hamana Napoleonyñ ýa-da Ýuliý Sezaryñ gürrüñini edýän ýaly geçip giden dünýäniñ gürrüñini edýär. Hemmeler bularyñ haýsysy bolanlygynyñ gürrünini etmän, Putine "Sar" (rus patyşasy) diýýär. Adamzat jemgyýeti ýaşadygysaýy asly gürji köne monah Stalin, awtsriýaly ýefreýtor Gitler, ilkibaşda ýönekeý žurnalist bolan Benito Mussolini hakda kitaplar, makalalar, ylmy işler ýazylyp durar. Bularyñ üçüsi zalymam bolsa, öz halklaryny jadylap bildiler. Aýallary jadylap bileni-de boldy. Oýnaşy Klara Petaççi Mussolini bilen bilelikde öldürildi. Ýewa Braun Berlindäki ýerasty gaçybatalgada äri Gitler bilen birlikde öz janyna kast etdi. Hemmesiniñem ömrüniñ iñ soñky sagatlary masgaraçylykly ýagdaýda geçdi. Sud edilmezlik üçin gaçmagyñ ähli ýollaryna ýüz uran Mussolini bir ýük awtoulagynyñ yzynda halys tapdan düşen halda bukulyp barýarka italýan kommunistleriniñ eline düşdi. Sud edilmekden gaçmaga synanyşan Gitlerem sowet tanklarynyñ sesini eşiden badyna özüni atdy. Gaçybatalga kürsäp giren sowet esgerleri Gitleriñ we onuñ egindeşleriniñ, Ýewa Braunyñ jesetleriniñ üstünden bardylar. Lider bolup ýaşan ömürleri Saddam Hüseýin ýaly ýerasty gaçybatalgada ýa-da Muammar Kaddafi ýaly soñlandy. Kaddafi özüni saklanlardan rehim edilmegini soran bolsa, Saddam Hüseýin özüni asmagyñ ýerine atmagy haýyş etdi. Nikolaý Çawuşesku sudýalardan merhemet soranam bolsa, ony ýeke pursat hem ýeke goýmadyk aýaly Ýelena bilen birlikde atylyp öldürilipdi. Saddam Hüseýin saklananda ýanyndan 750 müñ dollar çykypdyr. Kaddafi bilen birlikde onuñ ogly Mutassym hem öldürilipdir. Saddam Hüseýiniñ ogullary Udaý we Kusaý garyndaşlarynyñ habar bermegi bilen öldürilipdi. Bu tragiki soñlanmalar dürli romanlaryñ temasy bolup hyzmat edipdir. Iñ gowusy Gabriel Garsiýa Markesiñ "Labirintdäki general" ("El general en su laberinto" / "Генерал в своём лабиринте") we Mario Wargas Losanyñ "Tekäniñ baýramçylygy" («Праздник Козла»/"La fiesta del chivo") romanlarydyr. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Anna, 06.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |