Maňa bu mowzugy açmagyma sebäp bolan zat, tötänlikde ýaş oglanlaryň biriniň elinde görüp oturan zady sebäp boldy. Dogrusy ol oglana ony telefonundan bozduryp aýyrtdym. Ýeri aýyrdaňda näme, ýene-de islese birinden göçürip alyp bilmeýärmi ýada ol maňa "bar işiň bilen bolsanaý" diýibem bilerdi. Telefondaky görülýän zat 3-4 sany durmuşdaky alynan gysgajyk hakykat zatdy (gördümem, öz-özümden gaty erbet utandymam hem gynandym). Şolaryň birinde bi gyz görünýä we başga gyz film edip alýa, ýaşlary çen bilen 15-17 çemeleri. Biri öz okuwlarynda bolýan zatlary hereket bilen gürrüň berýä. Mugallymynyň jelepdigini we okuwçylara-da öwredýändigini. Haýsy gyz (okuwçy) kim bilen näme iş edýändigini (ýazmaga utanýan, özüňiz düşüniň), haýsy oglan haýsy gyz bilen näme iş edendigini gürrüň berýä, betbagt doňuz. Surat düşürip oturan gyz beýleki gyza "agyz garnyňy açaý" diýýä welin beýleki gyz "işiňiz bolmasyn" diýip jogap berýä. Aýtmaga, ýazmaga ejap edýän, ýogsa yzy bardy. Gürrüň bu ýerde olaryň ýa başga biriniň aýbyny açmak däl. Özleri özlerini şeýdip film çekip onam ile ýaýratmaga utanmadylarmy, menem (dogrusy gaharyma) buny JEMGYÝETÇILIK TANKYDYNDA içimi dökeýin diýdim. Ynha TELEFON. Eger gowy zada ulansaň gowy iş bitirýä, ýok bet niýetli ulnsaň welin diňe özüňe däl JEMGYÝETE-de zyýan ýetirýä. Eger-de hökümetimiz mekdepler ýada ýokary okuw jaýlary üçin polisiýa gullugynda işgärler saklaýan bolsa olara şu saýtyň üsti bilen ýüzlenmek isleýärin. Gaýrat ediň, her kim özüne berkidilen ýerelerdäki mekdepleri barlap dursynlar, ýygy-ýygydan ata-eneleri üýşürip gürrüňler geçirip dursunlar. Öň gürrüň geçirýän bolsalar indi has ýygy-ýygydan geçirinler. Bu saýtyň agzalaryna-da şuny aýdasym gelýä. Taryh, goşgy gazallar hekaýalaram gerekdir welin, ýöne şu wagt jemgyýetimiziň agyryly ýerini sarajak bolalyň. Bular ýaly saýt hemme wagt tapdyrybam durmaz. Elimizden azajyk zadam gelse Türkmen jemgyýetimize kömek etjek bolalyň. Tüweleme saýtyň içinde gaty gowy makalalar ýazýan oglan-gyzlar bar, şolardanam haýyşym zehiniňizi bir bolar-bolmaz söýgi hakyndaky goşgulara hekaýalara sarp etmäň. Olar ýaly ýazylan zatlardan bu dünýed-ä bilemok ýöne ahyredimize-hä peýdasy bolmaz, tersine zyýan bolmagy ahmal. Biz "telefon" bahanasy bilen munça zatlary aýtmagymyň sebäbi, men zat ýazmagy başarmaýan, pikirlerimem göwnüme gelen wagty ýazaýýan. Bu bir makala ýa ýene bir zat däl, ýöne bir Türkmeniň ýüreginiň gynanjy diýip düşünäýiň.
Mekdepde barlaglar geçirilip durulýar. Ýöne dogrymy aýtsam, özüm elime näçe okuwçyň telefony düşenem bolsa ýekejesinem barlamadym. Barlamagy halamok. Ýöne terbiýe bilen bagly öwütleri berip durulýar mekdepde. Ýene bir halamaýan zady, telefon ýörite işgärler tarapyndan barlanmaga gelinende okuwçylaryň telefonlaryny mugallyma sakladýalar. Okuwçylaryň peýdasyna. Aslynda adamyň zannynda bolmasa, näçe barlag edäý, barybir düzelmeýär. Ýöne mugallym bilen polisiýa işgärlerindenem gerekdir welin, maşgalasyndanam gerek. Köpüräk okamagy tabşyryp, käte internetden gyzykly zatlary öwrenip, olara internetiň gowy taraplarynam aýdyp, peýdaly zatlara ulanmagam ündeýäs welin, onda-da ýene barynyň kellesinde tanyşlyk saýtlar ýa messenjerler bar. Bir temada Has garynjaly gürrüň aýdypdy, şol-a hijem ýadymdan çykmaz :-) şol garynja ýaly herimiz elimizden gelenjesini ediwersegem bolar
Aslynda okaýanlaryň azalandygy sebäpli bolýar şo zatlar. Käte janym ýanyp diýýän, o kinolardaky ýaly eşik geýip swidaniýa gidibermeli hezillik ýok durmuşda. Olar ýaly etjek bolmaňda, okap, öwreni belli bir käriň başyny tutuň diýip. ýöne ýetene ýetýär, ýetmedige ýetenokda ol zatlar. Şu ýerde goýulýan zatlary okaba, men özümiň entäk hiç zat bilmeýänime göz ýetirdim. Çagalardan-a geňem görjek däl onsoň
"Çagany ýaşdan..." diýilýä. Çagalary başdan bek tutup, gözi gorkar ýaly edilse, ulaldyk saýy olar ata-eneden ätiýaçly bolup, telefonlaryny arassa saklaýarlar. Ýöne, esasy zat mekdepden beterem ata-eneler çagalaryna kontrollygy gowşatman, saklasalar, nähili bolanda-da, ýüreklerine gorky aralaşyp, çekinjelik edýäler. Gözegçiligi gowşatmaly däl. Kaka esasanam maşgalada berk dursa, maşlgala agzalarynyň ählisi-de çekinjeň bolup ýaşaýalar. Gyz bolsun, oglan bolsun "Kakaň bir gelsin..." diýilýän söze eýmenip durar ýaly bolanda, onuň maşgala terbiýesi üçin peýdasy bolsa bolýa, zyýany ýok. Kaka gowşak bolup, çagalaryna dözmezlik etse, çagalar erkin ýagdaýda bolýalar-da, biedeplige baş goşmak bilen boluberýäler. Diňe bir öz biedepligi bilenem çäklenmän, deň-duşlarynyň gatnaşmaklarynda ýuwaş-ýuwaş has beter zatlaryň üstünden barýalar.
Beý diýdigim, çagany urup, gözi gorkar ýaly etmeli diýdigim däl. Erkek kişi gözünüň agy bilen çagany çekiner ýaly etmeli. Eger edep gerek bolsa, abraý gerek bolsa, urmanam, çagany çekinip gezer ýaly usullar oýlap tapsa bolar. Mysal, sesini gataltmak, ýada edilen günäsi boýunça azda kände ýüz bermeniräk gezse... (Öz kakamyzdan mysal alaýdym menä)
Umuman, çagalaryň edebi-tertibi hut ata-eneleriň özlerine derkar. Şoň üçinem diňe şolaryň özleri çagalarynyň tertipleriniň goragynda bolmaly. Olaryň edepleriniň aglaba agramly bölegi hut ata-eneleriň öz boýunlaryna düşýä.( Elbetde, bu meniň pikir etmegimde) Ýalňyşýanam bolsam bilemok...
Çaga-da kiçiliginden haýsydyr bir zada ynam döretmeli, şony başarsaň hökman terbiýede netijesini berýär. Özüm-ä iň ýönekeýje Aýazbaba ynandyrýan welin, bahalaram gowulaşýar, tertiplerem. Dogrymy aýtsam, kontrollykda saklamalydygy bilen ylalaşýanam belli bir derejede. Ýöne haçana çenli kontrollykda saklajak? Özümiz-ä hijem şonuň ýaly saklanmandyk. Iň birinji terbiýe eje-bilen kaka çagaň öňünde sögüşmese, biri-birini kemsitmese, şonda çagany kaka bilen gorkuzmak gerek dälmikä diýýän. Häzirä çagalardan beter, ene-atalar ilki özüni terbiýelemeli. Birini tanaýan welin meň ýanymda: "gyzym owadanja bolansoň her toýa gudende 3-4 sanysyny tapyp gelýärdä. Gyzymyň jorasynyň söýgülisem meň gyzymy söýensoň, gyzym bor diýmänsoň jorasy bilen gürleşýär" diýip öwünýär. Şonuň ýaly ejäniň gyzyndan nämä garaşjak onsoň. Telefonlaryny barlap, giden ýerini ýööne yzarlap dursaň çaga eje-kakasyna dogrusyny aýtmakdan gaçýar. Iň gowusy başda gowja terbiýe bereňden soň, geçiş döwründe diňe jora ýa dost bolup gezmeklikmikä diýýän. Makalalary çykaryp paýlamaklyk dogrudanam gowy pikir. Menem ulanaýyn, kompýuterim elime gelenden soň :-)
Kunfa Panda diýip gowy multifilm bar, ana şol multikda puşdylyň diýýän bir sözleri bar; —Sen şul agaçdan almalaryň ýetişerini islärsiň, ýöne barybyr bu agaçdan erigiň miweleri ýetişer.
Edep-terbiýe meselesi hakda gürrüñ etmek añsat.Bu meselede döwri günäkärlemek,hemmäni bir aýakdan sürmek ýalñyşmyka diýýän. Uly gyz wagtym döwri günäkärläp gybat edýän gybatçy daýzalara janym ýanyp enem pahyra derdindim.Enem şonda,,Wah gyzym,döwürde günä ýok.Bozuk hem haram adam her döwürde-de bardyr,,-diýip,uruş döwründe şaýat bolan bir wakasyny gürrüñ berdi.,,Biz ol wagt 4-5 ýaşymyzdadyk.Ejemiz bakjada goýup kolhoz işine giderdi.Bize seretýän owadan gelin bardy.Şol mahalky kolhoz başlygy her gün günorta wagty gelip bakjaçy gelin bilen hymy-symy edip,duşuşmak üçin ýer belleşip giderdi.Ol wagtlar çaga bolsagam olañ bolşy şu günki ýaly ýadymyzda galypdy.Ynha gyzym,görşüñ ýaly ir döwürem şeýle zatlar bolup durdy.Onsañam ýañky gürrüñini eden adamlarymyñ häzirki nesillerne ser salýan welin,olardan häzirem şeýle haramlyklar çykyp dur,,diýip enem pahyr gürrüñ beripdi.Edep-terbiýede derwaýysdyr welin...adamyñ zanny,asly halal bolmagy has möhüm ýaly bolup dur meñ pikirimçe. Edep-terbiýe meselesini mollumlara goýyp oturman ene-ata öz üstüne almaly.Gyz çaga ýetişerine garaşyp oturman ahlak meselesini 7-8 ýaşyndan başlap gursagyna guýup başlamaly...
Teswirleñ birinde aýdylşy ýaly,ilki ene-atañ özünde utanç-haýa,edep-terbiýe bolmaly. Ýogsam ol özünde ýok zady nädip çagasyna bersin... Geliñ, il-içinden çykýan ýek-tük haýasyzlañ gürrüñini etmäliñ. Belki, azalar. Utanç-haýaly, ile nusgalyk gelin-gyzlarymyz hakda gürrüñ edeliñ (Olar juda kän). Şonda ähli gyz-gelinler şolara meñzejek bolar...