TOKGA ÝEGEN
Maşgalamyzyň ekabyrraklary oňa «Tokga ýegen», özünden kiçiler bolsa «Gelneje» diýerdiler. Ol pahyr ýaňy-ýaňylaram gezer ýörerdi. Ýaşy segsendenem agandyr welin, hyk-çok edenini gören adam ýokdy. Ir wagtlaram enem dagynyň: «Baý, şu Tokga ýegen gaýratly adam eken-ow. Ejesi Bossan görgüli iki perzendini—Kakajan bilen Tokgany ýetim goýup, dünýesini täzeländen soň, başyndan geçmedik külpet galan däldir pahyryň» diýerdi-de, uludan demini alyp oturybererdi. Bizem entek oglan bolanymyz üçin, ol sözleriň aňyrsynda nämeleriň ýatandydyny aňşyrjagam bolmazdyk. Sebäbi biziň üçin dünýäde Tokga gelnejemden bagtly adam ýok ýalydy. Öýümizde onuň adynyň tutulmaýan güni bolanokdy. El-aýak ýaly ýetişikliligini, işeňňirligini dillerinden düşürmezdiler. Bize ol öwgüleriň hemmesi düşnüklidi. Ýöne: «Bir öýüň erkegem özi, aýalam» diýmeklerine bolsa dogumlylygy üçin aýdylýandyr öýdýärdik. Onuň biz bilen deň-duş gyzy Aýnabada-da gözümiz gitmän duranokdy. Käte ulularyň: «Wah, şo gyz diýip ömrüni kül etdi-dä» diýmekleriniň sebäbine-de düşünemizokdyk. Garaz, Tokga gelnejem hakynda aýdylýan gürrüňleriň içinde biziň gulagymyza geň eşidilýäni şolardy. Onsoň käte köçämiziň çagalary bolup, oýnamaga çykanymyzda, Aýnabady oýna goşmajak bolsak, oňa ejesi barada ulularyň şol gepini gaýtalardyk. Ýüz-gözlerimizi bürüşdiren bolup: «Tokga gelnejem-ä kül etdiň» diýen bolardyk. Olam aglardy. Arz edip, ejesini alyp gelerdi. Tokga gelnejem gelip, ony köşeşdirip giderdi. «Siziň baryňyz dogan ahyry» diýerdi. Biziň bolsa ýagşydan-ýamandan adymyzy tutmazdy.
Mekdebi tamamlap, Aşgabada okuwa gaýdamsoň obamyza seýrek barardym. Onda-da kän bir oňa-muňa diýip öýden çykmam bolmazdy. «Hiç kim ellemesin» diýip, enemiň sandygynda goýan kitaplaryma güýmenip, günümiň nähili geçeninem bilmezdim. Iňrik garalansoň, «Indi-hä kakamyň işden geler uçurragy bolandyr-da» diýip daş çykaýmasam, şol kitaplar bilen gümradym. Bu günem şeýle boldy. Her gezek sandyga el uran ýerimden çykan kitaplary okap ýat tutara gezek gelensoň, «Gel, şunuň aşagragyndakylaram göräýeýin-le» diýen pikir bilen kitaplary ýeke-ýekeden çykaryp başladym. Sandygyň düýbüne düşen kitaplaryň biri elime ilenden, bolan bir waka ýadyma düşdi…
Brigadamyzyň pagta ekýän ýeri obamyzdan o diýen uzakda bolmasa-da, gowaça ýerden dürterip çykandan, kümeçilige — iş üstüne göçerdik. Onsoň pagta ýygymy paýawlaýança, şol ýerde ýaşardyk. Kämahal, günorta arakesmä çykylanda, göçme dükan gelerdi. Onsoň her kim gerejik zadyny alardy. Menem dükanyň töwereginde köw-söw edip, onda nähili satlyk kitabyň bardygyny anyklardym. Onsoň öýe baryp kakama ýa ejeme habar bererdim. Olar maňa her gezek täze kitap alyp bererdiler. Bu gezek welin meňki paşmady. Kümeçilige göçme dükanyň gelen güni ejemem, kakamam öýde ýokdy. Daşgynrak garyndaşlarymyzyň biriniň çakylygyna gidipdiler. Men köne endigime görä dükana bardym. Dükançy meni görenden ýyrş-ýyrş edip, buşluk habar aýdýan şekilde joşup başlady.
— Gel, gel, ynha, gör bu kitaby, gaty gyzykly, bar, kakaňdan pul alyp gel!
— Bahasy näçe, daýy?
— Mugtuň bäri ýany, üç apbasy.
— Altmyş köpükmi?
— Hawa. Şondan sähel gowrak.
Meniň bolsa ýygnap ýörenje kyrk teňňäm bardy. Pul gözläp, öýümizi dörüp biljek däldim. Ol meniň üçin peslik boljakdy. Kiçijigem bolsam, goňşy-golamlaryň: «Edil uludan kiçeldilen ýaly» diýip ýöreni bolanym üçin, «Öwlen oglan öň etegini hapalar» diýenlerini edäýmäýin diýdim. Birinden sorap almaga-da ejap etdim.
Garaz, wagt geçip durdy. «Şuny hiç kime berme, men aljak» diýenimden, dükançy kitaby gizläp goýmak bilen boldy. Indi biraz ynjalan hem bolsam, wagtyň geçäýşi çakyň däldi. Göçme dükanyň ozalky gelip gideli bäri geçen günleriň her biri bir aýa dönüpdi welin, indi edil sagadyň yzyndan biri kowalap gelýän ýaly. Dükançy söz berse-de, ynjalygym ýokdy. Her baran alyjynyň alan harydynyň içinde kitap barmy, ýokmy, biljek bolup janserekdim. Ony hem dükança bildirmejek bolýan. Aýratyn-da, iki-ýeke Gurbangylyçdyr Mämmedaman ýaly basdaşlarym bardy. Olaram menden kem oturmajak bolup, oda-köze düşýärdiler. Edil her gezek bir kitap satyn almasalaram, maňa seredip durandyrlar. «Okap bolaňsoň, menem okap göräýeýin» diýýän gezekleri az däldi. Wah, oňa-da özüm sebäpkär bolýadym. Içimde gep ýatanok-da. Öwünjek bolan bolýanmy ýa endigimmi, bir zat okasam, derrew gürrüň bermäm bar-da. Onsoň käwagt: «Gel, şulara zat aýtmaýyn» diýip, dymybam görýän. Beýtsemem, olar öýkeläp, tosaň-tosaň eden bolýarlar. Ylaýta-da, duldegşir goňşymyz Aýly agaň ogly Gurbangylyç şeýle. Nämemiş, men okamaga olara kitap beremokmyş. Şonuň üçin ol käwagt: «Indi dükana kitap gelse, özüm satyn alaryn» diýýär welin, çyn bolaryndan çekinip, ylalaşmaly bolýan-da. Ýogsa dükana baryp, menden öňürtmegi ahmal. Häzirem şondan çekinýän. Içimi it ýyrtyp barýar welin, alaç tapman durun. Gözümem ýolda. Ejemdir kakamyň ýoluna seredip, körkeýp durkam, Tokga gelnejemiň meni çagyrýan sesi eşidildi.
— Geleweri, ýüwürjijigim!
Hemişeki endigime görä, ylgap ýanyna bardym. Ol gysymyndaky ep-esli şaýlygy maňa uzatdy-da:
— Al, janym, şundan ýigrimi teňňäni-de, hol dükança berip gaýt. Tokga gelnejem iberdi diý, ýaňy puly ýetmändir diý — diýip, gysymyny açdy. Teňňeden näçe almalydygymy soradym. Şonda ol mylaýymlyk bilen ýylgyrdy-da: «Al» diýip ümledi.
Men näçe bergisiniň bardygyny soradym. Tokga gelnejem şol bir sadalygy bilen dowam etdi.
— Wah, men san bilýänmi name! Otuz teňňe diýdimikä gyz?! Men munuň näçesiniň otuz bolýanyny nireden bileýin. Gözli kör-ä men. Al, özüň sanaý!
Tokga gelnejemiň gabarçakly aýasyndan otuz teňňä derek kyrk bäş teňňäni çekine-çekine sanap aldym. Elimem titreýär. Biri: «Dur, artyk aldyň!» diýäýjek ýaly, alamsoňam ýaýdanjyrap durdum. Bir-ä elimdäki teňňelere, birem Tokga gelnejeme seredýän. Ol, bolup durşumy görüp, hezil edinip güldi.
— Aý, ýüwürjijigim, saňa okuw-ýazuwa, hasap-hesibe ökde diýýärdiler welin, bolup durşuň-a meň öňümi dolan ýaly-la. Bar, ýet, dükan gitmänkä. Taňryýalkasyny bilen gowşur, dünýäm!
Men dükana nädip ýetenimi bilmedim. Tokga gelnejemden alan teňňelerimiň üstüne özümdäkilerem goşdum. Barşyma-da, hiç zat bolmadyk ýaly, ýüzümi azajyk keseräk sowup, uly adamlaryň äheňinde:
— Al, agam, otuz teňňesi Tokga gelnejemiň bergisi, galanyna-da hälki kitaby beräý — diýdim.
Men kitaby goltugyma gysyp, öýümize tarap ylgap gaýtdym. Barsam, kakam dagy ýaňy gelip, furgondan düşüp duran ekenler. Gapdallarynda-da Tokga gelnejem dur ýylgyryp. Men name etjegimi bilmän aljyradym. Onsoň elimdäki kitaby oňa uzatdym.
— Tokga gelneje, ynha, dükançy gaýtargyňa şu kitaby berdi.
Tokga gelnejem kitaby eline alyp, hezil edinip güldi. Kitaby eýläk-beýläk öwrüşdirip gördi. Onuň bolup durşy geňdi. Ol bir zat aňandyr öýdüp garajanym galmady, titräp, agym tutup başlady. Bolup durşuma gözi düşen Tokga gelnejem allaniçigsi bolup, kitaby maňa uzatdy.
— Alaweri, tob-eý, şu çagaň kitabyny elleseň, öňküligini tapjak däl, al, özüňe nesip etsin, okajak diýsemem, merk diýlen ýaly. Bir harpam tanamok.
Kitaby alyp, ýaňadandan goltugyma gysdym. Kakam degişdi.
— Tokga gelneje, meňkem Kemine şahyryň «Bir daýhan ogul berene iki molla ogul berjek» diýşi ýaly bolaýmasa ýagşydyr.
Tokga gelnejem hakyndaky ýatlamalary hakydama getiren şol kitap arap ýazyjysy Mir Ammanyň «Dört derwüş» atly eseridi. Men kitaby, mundan on bäş ýyl ozalkym ýaly, üns bilen okap başladym. Şol pursat garryja enem hasasyny tyrkyldadyp, oturan jaýyma giräýdi. Men ýerimden galyp, oňa töre geçmäge kömek etdim. Ol meniň oturan diwanymyň bir çetinde ornaşyp, hal-ahwalymy sorady. Arasynda:
— Oglum, okuwyňy gutaraňsoň, senem, Nurberdi jan ýaly, uly işlerde işlemelimi — diýip, sowal hem berdi.
— Men okuwymy gutarsam, jurnalist bolmaly, ene!
— O näme boldugy, oglum, jurnal ýazmalymy? Onam hol Akmyrat Alaşa ýaly öýme-öý paýlaýsaň-a, bolaýjagam.
Enemiň Akmyrat Alaşa diýýäni obamyzyň poçtalýonydy. Men enemiň iňkisli sowalyna jogap gaýtardym.
— Ene, men paýlamaly däl, ýazmaly!
Enem ynjaldy.
— Heýlemi, ýazaweri, oglum! Goşgam düz Eziz kör ýaly. Wah, ýogsa-da sen görmediň-dä Ezizi. Gözüne gyzamykda zeper ýetensoň, kör lakamy galaýdy oňa. Köp gepleýä diýmeseň, ot ýalydy. Aýtjagy diline geler durardy. Hiç kimden gep alyp galmazdy. Babanyýaz ataň ikisi ýetginjekkä-de oňa-muňa degip, goşgy goşup, töweregi gyzyl-gyran gülüşdirerdiler. Häk, garrylyk halys huşumy alaýypdyr. Ýogsam men saňa olaryň goşgularynam aýdyp bererdim...
Enemiň gözi elimdäki kitaba düşdi. Ol çiňerilip, gaýta-gaýta seretdi. Soň maňa soragly nazaryny dikdi.
Men eneme elimdäki kitabyň taryhyny gürrüň berdim. Ol esli wagt dymyp oturansoň: «Tokga ýegeniň öz başyndan geçirenlerem bir kitapça bardyr, oglum» diýip, gürrüň berip başlady...
Özünden 5-6 ýaş kiçi jigisi Kakajan bilen ýetim galan Tokga atasy öýüniň gapysyny ýapmady. Ýetişip, kemala gelensoň, ençeme sawçyny: «Ýok, meniň-ä entek toý diýip ýüregim galyp duranok. Kakajanam bir ese-boýa galyp, öýe eýe getirinçä gozganjak däl» diýip, kesgitli aýdansoň, gelýän sawçylaryň yzy kesilip ugrady.
«Gyz maşgala kişiniňki» diýselerem, Tokgalardan serpigen sawçylar soň dolanyp bu gapa gelmediler. Şeýdip, Tokganyň hem ýaşy artdy gitdi oturdy. Deňiň-duşuň öý-işik bolup, senem olardan galsaň, edil bazaryň sowlan ýaly bolaýýar eken. Tokga görgüliniňkem şeýle boldy. «Gyz garrasa, göwnüçökgün bolar» diýlenem biçem däl eken. Asyl indi setanda-seýranda gelen söz aýdyjynam bir bahana bilen Tokga ýegeniň özi gaýtaryp oturan boldy.
— Gyzyny garrydanyň günäsi çökder bormuş — diýip, Gyzsoňy pahyr gaýynekejisiniň gyzy Tokgany durmuşa çykarmagyň derdeseri bilen dogan-garyndaşlaryna sala saldy. Imriner ýaly habar alyp bilmänden soň, ahyry ony ýüwürjisi Öweziň ýaşan ogly Amangeldä durmuşa çykarmagy müwessa bildi.
Amangeldi özüni bilip şäherdedi. Onda-munda garawulçylyk ederdi. Şol ýerde-de ýatar-turar ýörerdi. Tokgany duluna geçirensoňam, şu häsiýeti galmady. Öýüne negada köwlendi. Her gezek gelende-de, bir nysak çykarardy. Ýerliksiz galmagal ederdi. Iki sözüniň birinde-de: «Men saňa öýlenjegem däldim, dakdylar-da» diýip, Tokganyň keýpine sogan dogrardy. Ululara-da gulak gabartmazdy. Gaýtam: «Aç edemok, suwsuz edemok, mesirgemesin» diýip, hondanbärsi bolardy. Tokga görgüli şonda-da arkalylyk ederdi. «Jany sag bolsa bolýa, nirede işlese işläbersin» diýerdi.
Ilki perzentleri Aýnabat dünýä inensoň, «Amangeldi-hä, tüweleme, düzeläýipdirem» diýdirdi. Hepde sypdyrman oba gelip ugrady. Özem indi, ozalkylary ýaly, iki elini burnuna sokup boş gelenokdy. Ilki-ilkiler «aýlygym» diýip getirse, Tokga pahyr ynanardy. Soň aýlygyň sany artyp, özüniňem hereketi üýtgäp başlady. Muny duýan Tokga bir gezek oňa: «Amangeldi, şu zatlaryň aňyrsynda bir zat bar ýaly görýän. Öz zadymyz özümize nesip etse, bolany. Bize haram zat gerek däl» diýip, çürt-kesik aýtdy. Muňa Amangeldiniň ýüzi boz-ýaz boldy. Gahardan ýaňa saňňyl-saňňyl etdi. Haýbat bilen ýerinden turagada, oňa topularly göründi. Hernä saklandy. Kiçijek gözleriniň agyny köpeltdi.
— Tokga, eger şu gürrüň ýene bir gezek diliňden sypaýsa, menden oňluga garaşma!
Entek beýle ýagdaýa düşüp görmedik Tokga ýegen sesini çykarman oturyberdi. Ana, şol günden soň Amangeldiniň tüýsüniň bozulandygy hasam aýan boldy. Ol öýüne aýda-da köwlenmedi. Tokga ýegeniňem, näme, onuň ýetmezini ýetirjek, bitmezini bitirjek bolup, gözleri şäheriň ýolunda galdy. Ol Amangeldiden hiç zat hantama däldi. Onuň hereketleri barada daş gulakdan eşidýän gepleri gulagyna ýakmansoň şeýdýärdi. Bir gezek dagy öýe milisiýa eşikli biriniň baryp gaýdanyna namys edip, bir ölüp bilmedi. O bende-de ondan osmakladan bolup, ony-muny sorap, bir zatlar anyklajak bolandyr-da. Muny Tokga ýegen gaty ýokuş gördi. Ana, şondan soň adamsynyň idegine ykjam çykdy. Şäherden aýagy kesilmedi görgüliň. Amangeldem, näme, şo ýarsgynyna gidiberdi, eýgertmedi. Eli egriligem etdi, her hili wejeralykdanam gaýtmady. Üstesine-de, aram-aram gelip, maşgalasynyň depesinde nagarasynam döwdi. Tokga ýegen şoňa-da döz geldi. «Erkin ýatyp-turup ýören adamdyr. Gitdigiçe ýüregi düşüşer» diýip, sesini-üýnüni çykarmady, geçirimlilik etdi.
Şol döwürlerde ýaňy adamlaryň eli uzadan ýerine ýetip başlapdy. Obada tam kepbeleriň deregine şarňyldap duran kerpiç jaý gurýanlar köpeldi. Onsoň şäherden gurluşyk materiallaryny getirýänleriň sany artyp başlady. Ine, bir günem Tokganyň gulagyna obadaşlarynyň biriniň: «Amangeldiniň jany sag bolsun, şu agaçlary mugt diýen ýaly berip goýberdi, baha-da diýmedi ullakan, «Bir keýpimi kökleseň bolýa» diýensoň alyp gaýdyberdim» diýen ýaly gürrüňi ildi. Bu habara Tokga edil otly köýnek geýen ýaly boldy. Onsoň ol jigisi Kakajany, gyzy Aýnabady hem alyp, gitmezmi onuň garawulçylyk edýän edarasyna. Barsalar, ol ýerde Amangeldiniň üç gün bäri işe gelmeýändigini, üstesine-de, bu ýerden bir maşyn agajyň ogurlanandygyny habar berýärler.
Edaranyň ýolbaşçysy Nazar aga gowy adam eken. Ol: «Amangeldiniň maşgalasy bolsaňyz, hany, edara giriň» diýip, olaryň raýyna garaman, iş otagyna salýar hem-de Amangeldiniň eden telek işi barada gürrüň berýär. Beýle zatlardan habarsyz Tokganyň gözlerine ýaş aýlanýar, bokurdagy dolup, sesi agyly çykýar.
— «Ýetimiň agzy aşa ýetende, burny ganar» diýenleri boljak-da?
Nazar aga Tokganyň bolşuna gynandy. Ylaýta-da, ýaňyja dil biten Aýnabatjygyň ejesiniň ýaşly gözlerine seredip, pelesaň kakyşyna nebsi agyrdy. Soň ýerinden turup, iş otagynyň äpişgesinden howla elini uzadyp, gynanç bilen şeýle diýdi:
— Biziň arkaýynlygymyzdan, ynanjaňlygymyzdan peýdalandy-da. Men öňräkden bäri onuň hereketlerini halamokdym. «Içgiňi goýmasaň, biz, bilen ugur bolmarsyň» diýibem çykdym, bolmady. Ynha, indi barymyz ýüzügara. Bir maşyn agaç edil asmana uçan ýaly. Dogry, bizde ony Amangeldi alandyr diýen anyk netije ýok. Ýöne iş ýerinde bolmazlygy az-kem iňkise goýýar. Şonuň üçin barymyz ugrunda ýer-ýesir, agtarýas, tapyp yzyna getirsek, bolmanda günäkäriň jezasy ýeňlejek. Bizem biriniň köseneniniň tarapdary däl, emma nätjek.
Nazar aganyň gürrüňini gutararyna mähetdel, Tokga gözýaşlaryny süpürip, aýgytly karara geldi.
— Ol agaçlaryň nirededigini men bilýän. Eger yzyna getirseler...
— Gowy bolar, ýöne jezasyz-a sypdyrmazlar, galanynam görübereris-dä. Ýöne...
Nazar aga yzyny aýtman sägindi. Soňam oturgyjynda jaýlaşykly oturyp dowam etdi.
— Kyn mesele satyn alan üçinem, satan üçinem.
— Men agajy alan adamy tanaýan. Ol — obadaşymyz. Getirip yzyna tabşyrar. Men ...
Nazar aganyň ýüzi açyldy. Uly aladadan dynan ýaly, ýeňillik bilen dem aldy.
— Jigim, şeýdeli, siz-ä agajy getirdiň, bizem Amangeldini tapyp, onuň bilen mazalyja gepleşeli.
Tokga bolan ýagdaýy obalarynyň arçyny Allamyrat aga gürrüň berdi. Allamyrat aga-da, köpügörenem bolsa, ynjalyksyz adamdy. Sähel bir zat bolsa öwhüldäberýärdi. Özem ediljek işi edäýmese, oturyp bilmeýänlerden-dä. Nädersiň Tokga ýegen sözüni aýaklamanka, tarsa ýerinden turup: «Eý-ho, seret o bisyratyň eden işine. Ýegen jan, hany, aýt, agajy alan kim, haýal etmäli, zeleliň ýaryndan gaýtmagam bir peýda» diýip, derrew işe girişmek bilen boldy. Garaz, şol günüň ertesi daň atyp-atmanka agaç alnyp gaýdylan ýerine eltildi. Ýöne munuň bilen iş gutaraýýarmy, näme. Amangeldini tapdylar, günäsini boýnuna goýdular. Hernäçe: «Ýalňyşypdyryn, indi gaýtalaman» diýip, özelense-de, oňa ynam eden bolmady. «Seniň ýüpüň üstünde odun goýup bolmaz, öňem birnäçe gezek geçirimlilik etdik. Indi güwä geçip, seni gorap biljek däl, eden işiňi egniň bilen çek» diýenlerem tapyldy. Nazar aganyň sözi oturanlary birneme ýumşatdy.
— Adamlar, menem siziň aýdanlaryňyzyň tarapdary. Görmedik bolup göz ýumanlaryň arasynda menem bar. Her gezek: «Düýpli bir zat ýok» diýip, dişinde et goýduk. Şonuň üçin ýeke Amangeldä däl, ählijämize näme çäre görseler görübermeli. Ýolbaşçy bolanym üçin, aýratyn jogapkärçilik çekýändigimem, çekmelidigimem bilýän. Emma...
Nazar aga bir çüňkde boýnuny sallap oturan Amangeldä seredip, başyny ýaýkady. Soňam oturanlardan delalat isleýän ýaly gepledi.
— Düýn maşgalasy gelip gitdi. Men şol naçaryň bolşuna dözmedim. Erkek adam ýaly, eden hereketine haýran galdym. Ýanynda-da mana düşmez, neresse çaga. «Şolaryň hatyrasyna şu gezeklikçe munuň eden günäsine özümiz çäre görer ýaly ýagdaý dörediň» diýip haýyş etdim. Meni goldadylar. Ynha, galanam size bagly.
Amangeldini garawulçylykdan boşadyp, işiň has kyn ýerine geçirdiler. «Özünem bir ýyllap gözegçilikden goýmaly däl» diýen karara gelindi. Gözenekden bakdyrylmasa oňan Amangeldi, bu möhlet tamamlanýança, mumly ýüplük ýaly boldy. Gazanç getirmese-de, aýda bir öýüne köwlenmäni çykardy. Tokga şoňa-da razy boldy. Ogurlyk-jümürlik edip, gören ýerde bukdaklap ýörse, her kesiň dili ýetjek. «Pylanyň pylanysy» diýjekler. Öýde bolsa, bir gün yşramasa, bir gün yşrar. Aýnabatjygyň diline guwanar, ojagyň ýylysy özüne çeker. Garaz, «Öňüm gelenden, soňum gelsin» diýleni bolaýmagy ähtimal.
Tokga ýegeniň diýeni bolmady. Amangeldiniň günsaýyn öwzaýy bozulýardy, ony, ýanynda bolmasaň duýubam boljak däldi. Ýerliksiz yrsaramakdan, zat ýok ýerinden, ejizlere gygyny pürkmekden lezzet alýardy. Bir gezek dagy Aýnabatjygyň ýüzüni alşyny görendirin weli, ýadymdan çykanok. Çaga-da, hemişe mähre zar-da. «Kakga, kakga» diýip ýanyna baranda, şuňa bir azgyryldy welin, tasdan ýüregini ýarypdy. Pahyrjyk kemiş-kemiş edip, bir erbet boldy. Gözlerini ýumman, gözýaşyny paýradyp dur-da. Durup bilmedim, baryp, çagany goltuklap gapa ýöneldim. Şonda-da Tokga pahyr sypaýçylyk eden bolýa-da.
— Bessir daýza, bu gyzyň özünden, halys ýüregine düşdi-dä, onsoň...
Men sesimi çykarman, çaganam alyp öýden çykdym. Şonda yzymda bolan galmagaly, Hudaý saklasyn. Amangeldiň agzyna alýan sözlerini iki gulakly eşider ýaly däl. Yzyma girmäge ejap etdim. Tokga pahyryň oňa ýalbarýan sesi bagryňy paralap barýar.
— Amangeldi, şu mahal saňa ýagşydan-ýamandan söz gatan ýog-a. Beýdip, masgara bolup oturma-da.
— Hä, men masgara bolýanmy, siz ak jüýje-dä, şeýlemi?
Men gapydan tizräk daşlaşanymy kem görmedim. Biraz salymdan Amangeldi gapyny bat bilen urup çykyp gitdi. Aýnabady ejesine gowşurmaga baramda, Tokga ýegen hünübirýan aglap ýatan eken. Aýnabatjyk ejesini görenden, gujagymdan syrylyp düşüp, oňa tarap düwdenekledi. Barşyna-da ejesiniň boýnundan gujaklap, enaýyja sesi bilen: «Kakga äh» diýip, gapa garşy elini salgady. Men uzak durup bilmän yzyma çykdym.
Ertesi irden sygrymyzy örä kowaýyn diýip çykanymda, Tokga-da daş çykan eken. Ýüzi-gözi gök-alady. Men durup bilmän, ondan Amangeldini soradym. Ol janyýangynly jogap berdi.
—Gelmän geçen giç geldi. Agzy-burny porsap dur. Ýuwdandyr-da ýuwdup bilenini. Soň ýene-de çykyp gitdi.
Tokga ýegen zeýrenmäni halaýan adam däldi. Mertdi. Emma ýoknasyza duşsaň, zeýrenmeli hem edäýýä-dä. Meniň özüni synlap duranymy görüp, ol birhili boldy. Entek men ony beýle halda görmändim. Ol şeýle diýsem, hiç kim ynanmaz. Tokga kolhoz işinden galan adam däldi. Haýsy iş bolsa werzişdi. Gazy gazmaly bolanda dagy, men-men diýen erkek adamlara gaýra dur diýerdi. Hemişe jigisi Kakajanyň hem çägini bir özi alardy. Ony ejizräk görüp şeýderdi. Şonda Kakajan oňa:
— Jan dogan, meni masgara etme, öz çägimi özüm alaryn — diýip ýalbarardy.
— Il bilen işiň bolmasyn, jigim, sen kolhoza agza bolanyň bilen, ýetişdigiň däl-ä. Asla seni entek beýle agyr işlere iteklemeli hem däl welin, özüň bir suw meýilli. «Öýde oturasym gelenok» diýip bahana edýäň-de gaýdyberýäň. «Barybir meň ýanymda boljak bolsa, muňa-da bir paý beriň» diýip, diläp alýan-a men. Aýry taýak göteremok. «Çaýyma-suwuma seretse-de peýdam» diýip başlyga-da aýtdym. Şondan soň saňa ygtyýar beräýdiler, ýogsam-a...
Kakajan muňa gaşlaryny çytyp, nägile bolardy. Emma doganynyň güne gaýzygan tegelek ýüzünde çalaja ýylgyryşy görensoň, birneme ynjalardy. Bularyň gürrüňini diňläp duran gazyçylaryň biriniň degip:
— Kakajan, inim, men ýaş diýip, özüň bir aýdaýmaweri, birden Tokga seni gundap, bakja tabşyraýmasyn — diýen sözi säher bilen bir menzile ýaýraýardy. Gülşerdiler, degşerdiler. Mirap hem käte şeýle gürrüň tapsa guşy uçýardy. Onsoň bir Kakajana degerdi, bir-de Tokga ýegene. Dünýede gaýgy-gussa, kynçylyk bardyr öýtmezdiler. Günler birsydyrgynam bolsa, adamlar ýadamazdylar.
Şu zatlar ýadyma düşende, Amangeldini ýazgaranymy duýman galýardym. Ýöne Tokga ýegen ol barada kelam agyz zeýrençli söz aýtmazdy. Bu gezegem şeýle bolar öýtdüm. Emma başgaça boldy. Men sowal berenime ökündim. Tokganyň zeýrenenini eşidesim gelenokdy. Ol mertlige sütün edäýmeli zenandy, gaýratlydy, arassady, halaldy.
Amangeldi ýene öýe gelmezligi endik edindi. Şo gezek göwni galan Tokga ýegenem indi ony idemejege çalym edýärdi. Emma daş gulakdan eşidilýän habarlar ony biparh goýmady. «Ýene bir mojuk zadyň üstünden baryp, adymyzy zaýalap ýörmesin» diýip, şähere gitdi. Bu gezek gyzjagazyny garyndaşlaryna goýsa-da, ýanyna Kakajany aldy. Şäherde ilki maňlaýlaryny diränleri Nazar aganyň ýany boldy. Ol ýerden: «Biz-ä eýgermedik, höre-köşe edip saklajak bolduk, işletjek bolduk, başartmady. Onsoň: «Alan galaň özüňki» diýmeli bolduk. Biziň adam ykbalyna biperwaý garamaga hakymyz ýok. Ýöne: «Men başga ýere işe gitjek» diýip, arzasyny öňümize oklap dursa, saklamaga-da hakymyz ýok».
Bu gezek Tokga ýegen Amangeldiden uç-derek tapmansoň, lapykeç halda oba dolandy. Aradan üç-dört aý çemesi wagt geçdi. Şähere baryp-gelenlerden «Amangeldini gördük» diýen habar, seýregrägem bolsa, garaz, eşidilip başlady. Şonda-da Tokga ýegen: «Jany sag bolsa bolýa, gezen ýerinde başy dik bolsun» diýmekden gaýry söz aýtmady.
Adam pahyr hemişe ýagşy niýetde bolýa-da. «Pylan ýerdemiş» diýen habary eşidenden soň, Tokga ýegen adamsyny ýene bir görmek hyýalyna düşdi. Ýene ýol, şäher. Görenleriň salgysy esasynda ýitigini tapdy. Şäheriň darajyk köçeleriniň birinde harabaçylyga çalym edip duran jaýlaryň birinden çykyp, yraň atyp duran Amangeldi Tokga ýegeni görüp, sakga durdy. Oňa bir zat diýmäge hyýallandy. Soňam barmagyny çommaldyp, başyny yrady. Ysgynsyz agzy bilen bir zat aýtmakçy boldy. Dili öwrülmänsoň, diňe uzyn ýuwdundy. Onuň bolup durşuna Tokganyň hem gahary geldi, hem nebsi agyrdy.
— Amangeldi, saklan!
Entek Tokgadan beýle gazaply sesiň çykanyny eşitmedik Amangeldi yzyna öwrülmekçi bolanda, aýak üstünde durup bilmän, bir gapdala agyp gitdi. Ellerini ýere diräp turmakçy boldy. Dyzlary diýen etmänsoň, emedekläp, jaýyň diwaryna golaý geldi. Oňa ýapyşyp, zordan aýak üstüne galdy. Yzyna gaňrylyp, Tokga haýbat atdy.
— Güm bol, gözüme gözünne!
Tokga oňa diýýäňmem diýmedi. Kakajan welin gahardan ýaňa saňňyl-saňňyl etdi.
— Gümüni özi tapsyn-laý şuň, Tokga!
Amangeldiniň ýoluň üstünde wejera bolup durşuny kimdir biri habar eden bolmaly. Gapdalyna «Milisiýa» diýlip ýazylan maşynyň nireden peýda bolanyny bilmän galdylar. Ulagdan düşen iki sany degenek pyýada Amangeldiniň goltugyna girip, maşyna mündürdiler-de, gelen ýollary bilen yzyna gitdiler.
Bu zatlary synlap duran Kakajan:
— Ýör, gaýdaly — diýip, doganyna ýalbaryp ugrady.
Bolup geçen wakany synlap alada batan Tokga esli salym gozganman durdy. Soňam naýynjar halda Kakajana düşündirip başlady.
— Wah, jigim jan, «Ýene bir bolgusyzlygyň üstünden eltäýmesin» diýip tutaklap ýörün-dä. Ozal ýetimlikden çeken jebrimiz azmy? Bu işigaýdanyňam gören zady ýok. Fronta giden kakasynyň yzynda ýumruk ýaly ejesi bilen kösenibilendir. Indem, ynha, bolup ýörşi. Ykbal sataşdyrmadygam bolsa, kesilip gitjek ýerimiz ýok ataň dogan-doganoglan bolansoň.
Şondan soň Kakajandan ses çykmady. Tokga maşynyň giden yzy bilen ýöräp ugrady. Onsuzam ol Amangeldini agtaryp baran ýerlerini unudanokdy. Olar bir käse çaý içesi salymda Amangeldiniň eltilen ýerine bardylar. Derwezäni baglap duran ýigit ylgaşlap gelşine Tokga ýegene ýüzlendi:
— Wah, gelneje, ýene senmi?Amangeldi diýlen adam düzelmeýä. Söz baryny berip gidenine bir hepde-de geçenok. Arkaýyn gaýdyberiň!
— Wah, jigim, ozal şormaňlaý ekenik-dä. Ýogsam aýal maşgala halyma muň yzynda etek alty-ýeň ýedi bolup ýörmezdim. Düzeläýer öýdüp umyt etdim-dä... «Gözmonjugy ýaly çagajygymyň zarlamasyna çydap bilmän ideýän diýsemem bolýa, «Maşgalasyny bozupdyr» diýen ada galmaga namys edýän» diýsemem bolýa. Garaz, sebäp bar-da. Düzelip, ok ýaly boljagyna ynamym az, onda-da jan duranok-da, jigim. Bir etjek haýyşym, birdenkä ýaş-ýeleňler gyzmalyk edäýmäwersinler, işlediň, oňa garşy däl. «Hudaý urany pygamber hasasy bilen dürter» diýenlerini etmeseňiz bolýa.
Tokga ýegeniň ýürekden syzdyryp aýdanlary epeý pyýada täsir etdi öýdýän. Ol gowşady. Garşysynda duranlaryň ýüzlerine mylaýymlyk bilen garap şeýle diýdi:
— Arkaýyn boluň, gelneje, belki, özem ýalňyşyna düşüner!
— Agzyňdan Hudaý eşitsin!
Tokga ýegen dagy bu gezegem yzlaryna körkeýp dolandylar. Şondan soň onuň şähere aýagy ysmady. Hernäçe kyn hem bolsa, janyna dözdi. Ilden-günden utandy. Messepsiz biriniň yzyna düşüp ýörenden, kolhoz işine gitse, derdi ýeňlär öýdüp işe çykdy. Dogrudanam, derdi ýeňlän ýaly boldy. Aradan iki ýyla basalykly wagt geçdi. Ine, birdenem obada Amangeldi hakyndaky hyşy-wuşy gürrüňler köpelip başlady. Tokga ýegen hiç kime duýdurman brigadirden rugsat alyp, ýene-de Kakajan bilen şähere diýip ýola düşdi. Şäherde barmadyk, görmedik ýerleri galmady diýen ýaly. Emma «ýitigden» uç-derek tapman yzlaryna dolandylar. Hany, o mahallar bu wagtky ýaly keserip duran ulaglar barmy? Gün batansoň-a, bar onsoň, maňlaýyň çüwäýmese, oba tarap tigirlenýän zat tapylmaz.
Şol gün Tokga bilen Kakajan ulaga gabat geljek bolup, oba gidýän ýoluň ugruny köp garawulladylar. Ahyrsoňy obadan agşamky saglan süýdi zawoda tabşyrmaga gelýän «Gaz-51» Garrybendiň aşak ýüzündäki çalamydar köprüden seresaplylyk bilen geçip, çepe — şähere tarap aýlandy. Sürüji, adaty endigine görä, bu çatrykda garaşyp oturan adam görse, aýnadan kellesini çykaryp: «Garaşaýyň, süýdi tabşyrdygym, yzyma öwrüljek» diýip geçip, giderdi. Ol bu gezegem şeýtdi. Tokga ýegen daga garaşmakdan başga alaç bolmady.
Süýt daşaýan maşyn yzyna öwrülip gelende, gije ýaryma golaýlaberipdi. Maşyn saklanandan, sürüjiniň gapdalynda oturan ýigit:
— Gelneje, siz jigiňiz bilen bärik münäýiň — diýip, dyrmaşyp nowa çykdy.
Sodalyk bilen bat alan maşyn çarkandak ýoly külterläp ugrady. Maşyn ýola kemsiz düşinçä, hiç kimden ses çykmady. Çarkandak ýol maşyny ikiýana batly çaýkandan soň, Tokga bilen Kakajan mazaly ornaşdylar. Ýoluň nätekizligi bilen öwrenişenlerinden soň, birneme ynjaldylar. Sürüji, birsellem ýöränlerinden soň, ümsümligi bozdy.
— Gelneje diýýän-ä, Amangeldini gowşak tutaýdyň öýdýän?
Tokga gürläsi gelmese-de, dymyp oturmagy uslyp bilmedi:
— Şeýledir-dä.
Sürüji jogapdan kanagatlanmady öýdýän. Ol ruly saga-çepe aýlamasyny ýygjamlatdy. Kabinada oturanlar iki ýana yranyp-yranyp gitdi. Nowada süýtden boşan gaplaryň şakyrdysy artdy. Sürüji ýeňsesindäki aýnadan maşynyň üstüni görmäge synandy. Daryşganlyk bolany üçin, yza seretmek oňaýsyz boldy. Ozalam gysylyp oturan Kakajan gobsunsa-da, sürüjä maý tapylmady. Onsoň ol maşyny bir gyra sowdy-da saklady. Gapyny açyp, bir aýagyny basgançaga basyp, nowa seredip: «Akmyrat, gelýäňmaý», diýip, jogaba-da garaşman, ýene ýola düşdi. Soňam Amangeldili gürrüňi dowam etdi:
— Adam sähel mesligem göternip bilenok-da, dogan! Ýogsam Amangeldiniň nähili hor-homsy ýaşandygyna bizden belet adam ýok. Indi bolup ýörşüne seret. Murtuny palta kesenok.
Bu gürrüňlere Tokga oturyp bilmedi. Ol sürüjä tarap ýüzüni çala öwrüp dillendi:
— Otursana, Myrat, agzyňa agam gelse, gara-da gelse urup oturma. Şoň-a şu mahal guwanar ýaly güni ýok.
— Päheý, gelneje jan, ol sizi görse, pukaraň pişigi ýaly, ýygrylan bolýa. Ýogsam dagy onuň elinden geçen zatlardan habaryňyz bardyr-la.
Tokga ör-gökden geldi.
— Näme geçenmiş, elinden?
— Pul, dogan jan, pul!
— Biz-ä şoň pulunam göremizok, özünem.
— Gepem şonda-da, uýajygym. Siz onuň owsaryny başyna orap goýberdiňiz, o-da şomukam diýip, jalaýlyk satyp ýör. Käte bir göreňizsoň, onuň halymsyrap ýörenine nebsiňiz agyrýandyr-da. Ondan mesiň öýi ýykylsyn. Göremsoň aýdýan, uýam! Gynanmasaň, ýene bir zadam aýdaýyn. Ol bir owadan zenana öýlenipdir. Dogumly aýalmyş. Nädersiň Amangeldi indi butnap biläýse.
«Öýlenipmiş» diýen söz Tokganyň halys eňkamyny aldy. Der basdy. Bokurdagy gurap, dili aýlanmady. Ol zordan gepledi.
— Myrat, şu gürrüňi bes etjekmi ýa ýok?
Ses gaty çykandanmy, nämemi, Myrat sesini derrew kesdi. Tokganyň bir zat diýerine garaşdy, emma ýerden seza çykdy, ondan çykmady. Ol bu wagt sessiz aglaýardy. Içinden: «Sataşman geçen, ne güne goýduň» diýip gaýtalaýardy. Sürüjiniň ýene bir zat diýerine garaşýardy. «Bardy-geldi, ol ýene-de bir ýoknasyz gürrüň tapaýsa, petigulysyny bererin» diýip çemelenip otyrdy. Ýanynda jigisi bolaýýar, ýogsam şu mahalam gep alyp galjak däldi-le. Sürüji oturyp bilmedi.
— Gözümiz bilen gören zadymyzy aýdaýýas — diýip, sözüni soňlamanka, Tokganyň sesi agy gatyşykly eşidildi.
— Bes et diýenimi eşitmediň öýdän?!
Myrat şonda-da diline gelen zady aýtdy. Şeýtmese, ynjaljak däldi.
— Sözümiň ýalandygyny-çyndygyny, nesip bolsa, ýakyn wagtlarda görersiň.
— Sakla maşyny!
Azymly sese sürüji aljyrady. Näme etjegini bilmän, gazdan aýagyny aýyrdy. Soňam: «Bagyşla, uýam» diýip, ötünç sorady. Şondan soň tä oba gelýänçäler, hiç kimden ses çykmady. Sürüji diýen sözlerine puşman edip, başyny ýaýkap, hyrçyny dişlese, Tokga ýegen ýetişip bildiginden gözýaşyny syldy. Kakajan gahardan ýaňa dişini gyjap, ýumruklaryny berk düwüp, gymyldaman otyrdy. Özem zoraýakdan şeýdýärdi. Tokga onuň küti pamazy köýneginiň ýeňinden dygysyz çekýärdi. Bu onuň: «Jigim, otur, sesiňi çykarma» diýdigidi...
Tokga ýegen şol gijäni çirim etmän geçirdi. Daň atdygy etjek işlerini birin-birin göz öňüne getirdi. Ile gürrüň bolup ýörmegiň derdeserinden dynmagyň ýoluny agtardy.
Tokga ýegeniň Amangeldiniň yzyndan şähere gidip gelendigini ýakynlary aňýardylar. Ýöne bu barada öz öňlerinde kesgitli sorag goýjagyndan habarlary ýokdy.
Tokga ýegenden ilki habar tutan Gyzsoňy daýzasy boldy.
— Sag aman geldiňizmi, guzym, düşegiňiz ýumşady welin, biz-ä gowulyga ýorup oturyberdik. «Amangeldi jan bulary mazalyja myhman aldy öýdýän» diýip, iki bolup bilmedik.
Daýzasynyň sözleri Tokga ýegeniň ýarasyna duz sepdi. Ol ilkinji gezek daýzasynyň ýüzüne geldi.
— Amangeldinem ýer hopsun, oň yzynda etek alty-ýeň ýedi bolup ýörenem.
Entek ýegeninden gaty-gaýrym söz eşidip görmedik Gyzsoňy eje ýakasyny tutup: «Toba-toba» diýdi. Tokganyň eňşäp duran ýüzüne dogry bakyp bilmän, ýere seretdi. Soňam durşuny üýtgetmän: «Näme, ol ulalyp oňalmadyk ýene bir hokga çykarypmy?» diýdi.
Tokga ýegen agy gatyşykly ses bilen oňa bolan wakany gürrüň berdi. Soňam onuň ýüzüne dikanlap, aýgytly gepledi.
— Ýedi ýylyň içidir, yzynda süýrenip, şuny ile meňzeş etjek bolup süýegim saraldy. Indi gümündenem aňryk gitsin diýäýjek welin, ile gep bolmakdan çekinýän. «Pylany ärini kowupdyr» diýen ada eýe bolasym gelenok.
Gyzsoňy gulaklaryna ynanmajak boldy. Şu ýumry-ýumşaklygy bilen Tokgadan beýle gep çykar öýdenokdy. Ol: «Alla jan, adamyň jany ýansa, diýmejek zady ýok eken» diýip, içini gepledip durşuna, gabadynda duran syratly gelne seredip pikirini jemledi.
— Urşuň yzy diýdik, ýetim diýdik, ugruna kowduk. «Göwni galmasyn, deň- duşlarynyň ýanynda boýny burulmasyn» diýip, ile meňzeş etdik. Baýnaman geçen bisyratyň indikisi nämekä? Ozalam-a sen ony telim beladan aman etdiň! Wah, ýokmadyk diýerler muňa. Entek tohum-tijimizde şeýdip ugruny ýitirip ýören ýokdur. Duraweri, balam, gahar kapyrdyr. Öýi-ojagy gurmakdan ýykmak aňsatdyr. Ol masgaraçylyk aşagyndan çykar ýaly zat däldir weli, her näme bolsa-da, ulularymyz bar, geňeşip göreli, maslahat soraly. Galanyny soň görübermeli bolar-da.
Tokga ýegen durup bilmedi:
— «Küýkini gabyr düzederem-ä» diýipdirler.
Gyzsoňy allaniçigsi boldy. Onuň parahat durky üýtgedi. Hiç mahal çytylmadyk gaşlary çytyldy. Şonda-da sypaýyçylygy elden bermejek boldy. Şeýle-de bolsa, sözi adatdakydan towlurak çykdy:
— Hany, ýegen, entek tagapyl et, elden-aýakdan çykyberme. Aýtdym-a, «Geňeşere, maslahatlaşara adam bar» diýip. «Gerkildäp, iki gezek şähere gidip gelip, bar zady özi ölçerip-dökýän kişi bolýa» diýmesinler. Soňuny görüp gelen ýok. Bizem ile meňzeş äbe-jüýbe bolanyňyzy ýaman göremizok. Agzybir bolsaňyz, guşumyz uçýar. Amangeldem, senem daşymyz däl. Ötenleriňiziň rahat ýatmagyny isleýän bolsaňyz, gahar-gazaby ýuwutmaly bolarsyňyz. Maşgalada hemişe hemme zat gülala-güllük bolýan däldir. Onuň ajysynam, süýjüsinem deň çekişmejek bolsaňyz, deregiňiz basym dagar. Azaşany il-gün bolup ýola saljak bolmaly. Her kimden bir gep eşidip, ýüregiňi eliňe alyp oturmaly däl. Onsoňam Taňryň güni darydan köp. Aýagyny gyşyk, bassa, syry bir gün açylmasa, bir gün açylar.
— Haçan syry açylar diýip, iş-işden geçinçä garaşyp oturmaly bolarmy? Çigniň barha çigişýändigini, il aňmasa-da, men aňýan, daýza!
— Wah, ýegen jan, gyşyk arabany ýola salynçaň, süýekleriň agarýa-da, nätjek.
— Onda oturybermeli-dä jyňkyňy çykarman, şeýlemi, depeläbersinlermi?
Tokgadan beýle söz çykar öýdüp, güman hem etmedik Gyzsoňy eje, abaý-syýasatyň ýol almajagyna gözi ýetensoň, başga hörpden gopdy.
—Wah, balam, bal güne batsaňyz, menem gowy görýän. Ýöne bu galman geçenden gowulyk görmedik. Häý, Taňry ýokdurmadyk.
Daýzasynyň aýdanlary Tokga ýegeniň derdini ýeňletmese-de, kalbynyň bir ýerlerinde azajygam bolsa ynjalyklyk döretdi. «Ýagdaýy neneň-niçik duýdurarkam» diýen aladadan-a dyndy. Onsoňam «Näme etsemkäm» diýip, içini hümledip oturandan, çybanyny ýarany gowy boldy. Ol: «Özleri näme netijä gelseler gelibersinler. Meň üçin-ä indi bary bir» diýip içini gepletdi.
Amangeldiniň öýe köwlenerine ýene-de garaşdylar. Özem ýöne-möne garaşmak däl, dişlerini gyjap garaşdylar, emma bary puç boldy. Ol köwlenmedi. Onsoň garry daýysy Daňatar, Tokga ýegenem alyp, ony gözlemäge şähere gitmegi müwessa bildi.
Olar aýlanyp-dolanyp Amangeldiniň bolýan ýerini tapdylar. Darajyk köçäniň petige direýän ýerindäki kiçijek jaýdan çykan daýanykly ýaş aýal:
— Siz Amangeldiniň nämesi bolarsyňyz? Ol özüni ýerden ýeke çykan hasaplap ýördi-le — diýdi-de, yzyna dolandy. Birdenem ýene-de gapyda peýda boldy. Yzyndan gelýän bardyr öýdüp garanjaklady. Hiç kimiň ýokdugyna göz ýetirensoňam:
— Amangeldi, çyk-da basymrak — diýip, hemleli gürledi. Amangeldi ezilen towuk ýaly müzzerilip, gapyda peýda boldy. Hiç kimden seda çykmady. Ahyry öý eýesi aýal dillendi:
— Şuny ýola saljak bolup, görmedik günüm galmady. Şu çaga dünýä inensoň, ýakasyndan ebşitläp tutdum. «Zoraýakdan är bolmarsyň, ugruňy basym düzet, bolmasa gözüň nirede açyljagyny aýdaryn» diýip, baý, oýun görkezendirin-ä. Indi adama meňzäp durdugy. Şindem gözüme sap atyp, köne hemşerilerini agtarmak isleýä bujagaz. Il näme diýse, şony diýsin. Şu neresse çaganyň hatyrasy üçin eden işim boldy. Galanynam, dogan, özüň gör. Men munuň öýli-işikli, çagaly-çugalydygyny bilen bolsam, oýumdanam getirmezdim. Hanha, gideýin diýse gidibersin. Ýöne meniň saklaýşym ýaly, gazabyňyza tutmasaňyz, wepa berer öýdemok...
Nätanyş zenan sözüni soňlamanka, gapydan ýaňyja aýak biten, horajyk çaga çykdy. Ol işiklerinde duran nätanyş adamlary görüp ýygryldy, ýadyrgap, yzyna girjek bolup synandy. Gözi nätanyş adamlarda bolansoň, yza aýlanjak bolanda, tasdan ýykylypdy. Hernä ejesi onuň çigninden tutup ýetişdi. Kibtini gysyp, ejesiniň köýneginden ykjam ýapyşyp duran çagajyk edil Aýnabadyň çagalygydy.
Tokga ýegeniň ysgyn-mydary galmady. Ol gapdalynda gahardan ýaňa saňňyldap duran adama ýüzlendi:
— Ýör, Daňatar daýy, ýene biriniň güni bulanmasyn!
Nowruz GURBANMYRADOW.
Hekaýalar