00:31 "Töwellany almadyk baýnamaz" | |
"TÖWELLANY ALMADYK BAÝNAMAZ"
Pedagogika we edep-terbiýe
Türkmenler ir döwürden bäri asylly däplere, yrymlara, adatlara, nakyllara, pähimlere, ertekilere baý halk. Şeýle ýörelgeler türkmenleriñ ynsanperwerlige, adalatlylyga, sadalyga, kalbyñ päkligine, iki dünýäsiniñ abatlygyna ýugrulan hamyrmaýasydyr. Şolaryñ biri-de töwella bolmaly. Töwella sözüniñ gabadynda agzybirlik ýatyr. Töwella bir ýa-da birnäçe adamy ýalñyş pikirden dändermek, haýsydyr bir sebäbe görä urşan, jetleşige düşen adamlary ýaraşdyrmak üçin ulanylyp, ata-babalarymyzyñ arasynda örän ir döwürlerden bäri dowam edip gelipdir. Türkmen dessanlarynda, eposlarynda muny aç-açan añlamak bolýar. Töwellanyñ gözbaşy gadymy zamandan bäri ýürek suwy ýaly şildiräp akyp gelýär. Ol türkmen halkynyñ durmuşynda iñ möhüm ähmiýete eýedir. Ynsan bähbitli işiñ nowbaşy keramatly ahunlar, sylagly ýaşulular, pähimli serkerdeler bolupdyrlar. Olar tersleşenleri ýaraşdyrar ekenler. Olar tersleşenleri ýaraşdyrar ekenler. Töwellaçylar halkyñ arasynda iñ abraýly adamlar bolany üçin, hiç kim töwellany almazlyga milt edip bilmändir. "Töwellany almadyk baýnamaz" diýen pähim hökümini ýöredipdir. Töwellany almadyk ýek-tük adam tapylaýsa-da, olar il arasynda ýek görlüp, çetleşdiriler ekeni. Töwellanyñ güýjüniñ täsirlidigini delillendirmek üçin bir tymsal getirsek, gürrüñimize güwä geçip, şeksiz şaýatlyk etse gerek. Gyzylarbat, Gazanjyk etraplarynyñ Paraw, Isgender obalarynda ýaşan Arazaly ahun hakynda il arasynda aýdylýan ýatlamalar azlyk ederli däl. Ol il-günüñ sylaýan, gulak asýan, sala salýan ahuny bolupdyr. Arazguly ahunyñ özi-de ildeşlerini durky bilen söýen, pähim-paýhasly, ýuka ýürek, rehimdar, sypaýy, guýmagursak zehinli, bilimli ahun bolupdyr. Oña döwürdeşleri, häzirki tanyş-bilişleri, adyny eşidenleri "Ahun kaka" diýip, hormatlap adyny tutupdyrlar we tutýarlar. Ahun kakany häzir-bu güne çenli ýatlaýanlaryñ gürrüñi kalbyñ töründen turýar. Ahun kaka Küren dagynyñ jülgelerinde, Kesarkaçda, gum ýakalarynda, Etrek derýasynyñ kenarynda oturýan obalaryñ arasynda töwellaçy hökmünde giñden tanalypdyr. Ynsanyñ daş keşbiniñ biri-birine meñzemeýşi ýaly, içki syrlary-da dürli-dürli bolýar. Giñ göwrümlisi-de, dar ýüreklisi-de, gaharsyzy-da, gaharlysy-da bolýar. Aşa gaharjañ adam üçin "gahar-kapyr" bolýar. Gönimizden gelsek, Ahun kakanyñ döwründe-de gaharjañlar mal dawasy düşse, suw ýetmezçilik eden mahalynda ýaka-da tutuşypdyrlar, taýaklaşypdyrlar. Şeýle adamlaryñ göwnünde düwün galanda, oba ýaşululary Ahun kakany getirip, özlerine baştutan edinip, aralaryna tow düşenleriñ üstüne baryp, biri-biri bilen sataşdyryp, töwella barar ekenler. Töwella alnyp ýaraşylýarmyş, iki ellerini biri-birine berýärmişinler. Ahun kaka olara: "Biri-birine gol berip, ikelläp görüşmeklik ýaraşygyñ añry başy. Birewiñ birewe kinesiniñ ýokdugynyñ alamaty. Dogan ýaly ýaşañ!" diýip, doga edermiş. Parawbibiniñ çeşmesine iki süri goýun deñ eñýär. Bir çopan beýleki süriniñ öñüne taýak oklaýar. Sürini yzyna gaýtarýar. Sen-de ýok, men-de ýok, çopanlar garpyşýar. Ýaka towlaşýar. Gaharjañ çopan beýlekiniñ budundan çopan pyçagyny sançýar. Iki bölek oturan garyndaşlar çopanlaryñ üstünde şor tümmegi ýassanyşýarlar, hatda tüpeñi işe girizýärler. Tüpeñiñ sesine hüjresine talyplary okadyp oturan Ahun kaka eşidýär. Her eline bir telpek alyp, ol garşydaşlara tarap ugraýar. Iki tarapyñ-da gözleri Ahun kaka düşýär. Ýokart galdyrylan iki telpek biri-birine hem degrilýär, hem aýrylýar. Beýle edildigi iki tarapy hem özüne çagyrdygy ekeni. Herekete düşünenler Arazguly ahunyñ daşyna ýygnanýarlar. Töwella alnyp ýaraşylýar. Ahunyñ töwelllasyny alan garyndaşlaryñ nesilleri häzir-bu güne çenli agzybir ýaşaşyp ýörler. Bu agzybirlik Ahun kakanyñ töwellasynyñ miwesidir. Il arasyndaky gürrüñlere görä, dowar hakynyñ üstünde baý bilen çopanyñ arasynda oñşuksyzlyk döräpdir. Bular Ahun kaka kazy hökmünde barýarlar. Ol ikisiniñ-de arzyny diñleýär. Ahun kaka baýa: "Töwellamy alsañ, çopany razy et" diýýär. Olar obadan saýlanýarlar. Baý: "Men ahunyñ töwellasyny almaýaryn" diýip, çopana aýdýar. Bular Mäter ahuna barýar. Ol ahun çopanyñ hakyny alyp berýär. Soñra baý baýnamaýar. Ahunyñ dabarasy dag aşyp, tanyş adamlaryñ üsti bilen Mary welaýatyna ýetýär. Gepleri azaşan iki urugy ýaraşdyrmak üçin, Arazaly ahuny Mara göçürip, alyp gidýärler. Ol iki urugyñ ýaşulularyny ýygnap, Keremli Kurandan, Muhammet pygamberiñ Hadyslaryndan, "Kowusnamadan" düşündiriş geçirip, töwella edipdir. Onuñ töwellasy kabul edilip, uruglaryñ adamlary ýaraşypdyr. Şondan soñ olar agzybir ýaşapdyrlar. Ahun kakanyñ Abdylla diýen ogly saý-sebäp bilen hata bolýar. Ony yzyna Parawbibä göçürip getirýärler. Rowaýata öwrülen ahwalatlary beýan etmek bilen, häzirki günlerde töwellanyñ rolunyñ artdyrylmalydygyny nygtajak bolýaryn. Şeýle etsek, onuñ durmuşda duş gelýän köp nogsanlyklaryñ öñüne böwet boljakdygy görnüp dur. "Balkan" gazetinde bir gussaly makalany okanym ýadyma düşýär. Onda ýalñyz dikraryna ak süýt beren, onuñ atasyzygyny bildirmän, il deñine goşan enäniñ oglunyñ didaryny görmäge zardygy, ene hasraty beýan edilýär. Enäniñ şeýle ýagdaýa düşmegi ýalñyz balasynyñ söýüp alan maşgalasy sebäp bolýar. Bir şäherde ýaşasalar-da, aýalyñ penjesine düşen ýigit on iki ýyllap ýagty jahana inderen käbesini görmeýär. Şu ýerde şeýle pikir sere gelýär: şol görgüli enäniñ, onuñ oglunyñ töwereginde molladyr ýaşulular bardyr ahyry. Şolar üýşäge-de, doñýürek gelniñ, ogluñ ýanyna töwella barsalar, belki, ýüregi ýumşar, doñy çözüler. Belki töwelladan soñ öz ýalñyşyna düşünen ogul bir gün: "Eje jan, käbäm, günämi geçeweri?!" diýip, perişde pisint enesiniñ aýagyna ýykylar. Ene görgüli ähli öýke-kinesini unudyp, pagyş-para erär. Ene ýüregi geçirimli bolýar ahyry. Töwella edenler bolsa agramyny ölçäp bolmajak sogap gazanardy. Ata-baba sogapdan doýan türkmen ýok ahyry. Däli dünýäniñ serinde ýaşap ýörseñ, her hili nogsanlyklar az-da bolsa, gabat gelýär. Sözleri azaşyp, tersleşip, kyýamata gidişip ýörenleri-de görýärsiñ, eşidýärsiñ. Hatsa biri-biri bilen gatnaşman ýören süýtdeş doganlara-da duş gelýärsiñ. Özem gün geçdigiçe arasyndaky düün barka berk çigişýär. Şolaryñ käbirleri dagy ýüreklerine buýrup bilmän, biderejik zadyñ üstünde tersleşipdirler. Indem ýaraşygy ilki teklip etmegi kiçilik hasap edişip gezip ýörler. Olar öýke-kinäniñ saglyga zarba urýandygyny duýmaýarlar. Ine, şeýle adamlary ýaraşdyrmakda töwella uly iş bitirip bilerdi. Töwella barylsa, tersleşenler oñuşsa, urşanlar ýaraşsa, töwella edenleriñ-de, ony kabul edip alanlaryñ-da, Tañrynyñ öñünde eden günäleri kemelip, sogaplary artardy. Her ýyl meret aýynyñ 13-inden 14-nji güne geçilýän gije Allanyñ emri bilen musulman ymmatynyñ günäsi we sogap işi jemlenýär. Ol güne "kir gün - agyr gün" diýilýärdi. Muny bilmeýän molla az. Olar toý-üýşmeleñinde, ýas düşeginde, ýaşlaryñ arasynda düşündiriş işlerini, musulmanlaryñ ýörelgesiji ile ýaýmagy zerur. Tutuş türkmen ilimizde agzybirligimiz öñküden-de has beter berkär. Günä kemelip, sogap artar. Ýaşulular obalarda, şäherlerde agzybirligi abat saklamak üçin ilatyñ arasynda öwüt-nesihat işlerini giñden wagyz edip durmaly. Bulary amal etmek üçinem töwella meselesine ünsi güýçlendirmek zerur. Ýaşulular ylaýta-da, il arasynda oñuşmaýanlara, ýaramaz gylyk-häsiýetlilere, bolar-bolmaz gürrüñ ýaýradyp ýörenlere, nebsine haý diýmän, ynsabyny ýitirenlere yslamyñ ýörelgelerini wagyz etseler, gör, nähili gowy bolardy. Birek-biregiñ arasynda dörän kineler unudylmalydyr, urşan ýaraşmalydyr. Bu biziñ Watanymyzyñ asudalygy, türkmen iliniñ agzybirligi üçin gerek. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |