01:42 Türkçemi, parsçamy, arapçamy? | |
TÜRKÇEMI, PARSÇAMY, ARAPÇAMY?
Türkmen dili
Ýakyn Gündogarda onlarça ýurt we halk bardygyna garamazdan medeni taýdanam, syýasy we ykdysady taýdanam sebitde agdyklyk edýän üç halk bar: türkler, parslar, araplar. Bu üç halk ýüzlerçe ýyllap sebiti dolandyryp geldi, ykbalyny kesgitledi. Biziñ eýýamymyzdan öñki döwürden başlap yslamyñ dörän wagtyna çenli Ýakyn Gündogaryñ agalyk ediji güýji parslardy. Emewilerden başlap apbasylaryñ soñky döwrüne çenli medeni we syýasy taýdan araplaryñ golastynda galan Ýakyn Gündogar 1000-nji ýylyndan başlap gündogardan we demirgazykdan gelýän kese ýerli halkyñ basybalyjylykly ýörişine uçrady we gysga wagtlaýyn arakesmelerden daşgaryn müñ ýyllap şolaryñ tabynlygynda boldy. Bular seljuk-türkmenlerden osmanlylara, teýmiridlerden mamlýuklara, sefewilerden owşarlara we gaharlara çenli dürli dinastiýalardan düzülen türklerdi. Türkler müñ ýylyñ dowamynda döwrebap döwlet dolandyryşyndan arhitektura, edebiýatdan sungata çenli örän köp ugurda araplardan we parslardan kän zatlary öwrendi. Şeýlelikde, çarwa türk medeniýeti oturymly arap-pars medeniýeti bilen eriş-argaç bolup ösdi we baýlaşdy. Taryhçy Ilber Ortaýlynyñ ýerlikli belläp geçişi ýaly, gadymy grek-rim siwilizasiýasy we medeniýeti Günbatar üçin nähili rol oýnan bolsa; arap-pars medeniýeti-de biziñ üçin şol roly ýerine ýetirdi. Ilber halypanyñ beýleki birnäçe pikirlerini oñlamasam-da, munuñ juda ýerlikli kesgitlemedigini aýdasym gelýär. Meniñ bu aýdýanlaryma garşy "Mongoliýadaky Orhon ýazgylaryna näme diýersiñ? "Kutadgu-bilig", "Oguznama", "Gorkut ata", "Manas", ("Görogly", "Alpamyş")... ýaly eposlarymyza näme diýjek onda?" diýen ýaly soraglar bilen käbir türkçi we milletçi akymlaryñ şobada hüjüme geçjekdiklerinem bilmän duramok. Dogry, biziñ parslardyr araplar bilen ýakyn gatnaşyga geçmezimizden öñem öz dessanlarymyz, dilimiz, urp-adatlarymyz, medeniýetimiz bardy, emma arap-pars medeniýeti bilen tanşyp, biri-birine garylyp-gatylansoñ medeniýetimiz has-da baýlaşdy. Pars medeniýetiniñ baýlygyny we düýpsüz umman ýaly çuñlugyny gören seljuk-türkmenler pars döwlet modelini şo durşuna kopiýalap kabul edişleri ýaly, döwlet apparatynyñ başyna-da eýranly dana döwlet işgäri Nyzamylmülki oturdypdylar. Umuman alanda, Ýakyn Gündogaryñ, aýratynam Anadolynyñ çar künjüne ýaýran we häzirem saklanyp galan arhitektura eserlerini seljuklar diñe arap-pars medeniýeti bilen tanyşandan soñ gurup bildi. Muña derek arap-pars medeniýetiniñ täsirinden çetde galan Gazagystanda we Gyrgyzystanyñ demirgazyk sebitlerinde ýa-da Russiýanyñ çäklerinde ýerleşen (Tatarystan, Ýakudystan ýaly) türki oblastlarda şuña meñzeş eserleri görüp bilmersiñiz. Orta Aziýada ähli taryhy eserler, medreseler, metjitler Ýakyn Gündogar ýurtlaryna seredip duran tarapda - esasanam Özbegistanda, Täjigistanda we Türkmenistanda ýerleşýär. Gadymy türkleriñ çykan ýeri bolan häzirki Mongoliýanyñ üstünde durup geçeliñ. Bu ýurt biziñ günlerimizde ykdysadyýet, dil, medeniýet taýdan ýer ýüzüniñ iñ yzagalak sebitleriniñ biridir. Eger ýokarda gürrüñini eden türk medeniýetimiz arap-pars medeniýeti bilen eriş-argaç bolup baýlaşmadyk bolsady, onda türk medeniýetiniñem ýagdaýy häzirki mongol medeniýetinden tapawutly bolmazdy: Juda dar zolaga gysylyp galan medeniýet we örän çäkli sözler bilen gepleşilýän dil. Häzir eýelik edýän baý söz gorumyz, baý medeniýetimiz üçin arap-pars medeniýetine borçludyrys. Häzir biziñ sanap geçjek "Aly baba we kyrk garakçylar", "Leýli-Mejnun", "Şirin-Perhat", "Rüstem Zal", "Müñbir gije", "Ýusup-Züleýha", "Aladdin", "Sindbad", ("Hatamtaý", "Babaröwşen, "Muhammethanapyýa", "Zeýnelarap")... ýaly ertekilerdir halk dessanlarynyñ añyrsy araplardan ýa-da parslardan gelip çykypdyr. Edil şolar ýaly Ibn Sina, Biruny, Omar Haýýam, Ymam Gazaly, Ibn Haldun, Jelaleddin Rumy, Saady Şirazy, Hoja Hapyz, (Ferdöwsi, Rudaky, Lutfy, Enweri, Emir Muizzi, Abdyrahman Jamy, Keý-Kowus)... ýaly döwrüniñ öñdebaryjy şahyrlarynyñ, filosoflarynyñ, alymlarynyñ gelip çykyşy boýunça milleti ýa arap, ýa pars. Eger şeýle bolýan bolsa, bular biziñ medeniýetimiziñ aýrylmaz bölegidir. Öz içimizden, öz ganymyzdan gaýnap çykan Ýunus Emre, Garajaoglan, Pir Soltan Abdal, Alyşir Nowaýy, Magtymguly Pyragy ýaly akyldarlarymyz we şahyrlarymyz medeni baýlygy we edebi çuñlugy taýdan Omar Haýýam, Jelaleddin Rumy, Hoja Hapyz ýaly pars şahyrlarynyñ ýanyna ýanaşybam bilmez. Migrant garşydaşlygynyñ we gelmişek duşmançylygynyñ ýetjek derejesine ýeten şu günüñ Türkiýesinde arap-pars medeniýetiniñ baýlygyndan we bize goşan goşandyndan söz açmak köp adamyñ göwnüne ýaramasa gerek. Ýöne ýarasa-da, ýaramasa-da, hakykat-a şeýle gadyrdanlar. Häzir türk dilindäki arap-pars sözlerini aýryp zyñsañyz, takyr meýdan ýaly gurap galan dil bilen başa-baş bolup galarsyñyz. "Şeý" (zat, närse), "kelime" (söz), "sebäp", "haýat" (durmuş), "dykgat" (üns), "dessan", "kadar" (çenli), "häkimiýet", "magduryýet", "hak", "hukuk", "adalat", "hormat", "mysapyr" (myhman), "dost", "duşman", "imkan" (mümkinçilik) ýaly sözleri gündelik gepleşigiñizden çykaryñ bakaly, yzda nämäniñ galýandygyny görersiñiz. Türk dili arap we pars dillerine garanda juda dar galyply dil. Türk dilinde onlarça predmet, hereket ýeke söz bilen añladylýan bolsa, pars we arap dillerinde her biriniñ aýratyn añladylyşy bar. Meselem, "ýüz" sözüni alalyñ. Ýüz bir jisimiñ ýa-da janlynyñ sypatyny añladyşy ýaly, san hökmünde 100 sanyny-da añladýar. Edil şonuñ ýaly işlik hökmünde ulananymyzda düýbünden başga zady añladýar. Ýogsam bolmasa başga dillerde her üç many dürli sözler bilen añladylýar. Türk dilinden şuña meñzeş ýüzlerçe mysal getirmek mümkin. Türk dili arap-pars dillerinden dar dil bolsa-da, soñky müñ ýylyñ dowamynda olardan alan sözleri bilen mazaly baýlaşdy. Soñky 200 ýylda Günbatar dillerinden geçen sözler bilen türk dili indi dünýäniñ iñ işjeñ ulanylýan saýlama dilleriniñ birine öwrüldi. Türk dilinde ýazyp-pozýan biri bolsamam, meniñ pikirimçe Ýakyn Gündogaryñ iñ baý we giñ dili pars dilidir. Möwlana Jelaleddin Rumynyñ şygyrlaryny pars dilinde orginalyndan okanyñyzda (ýa okap bileniñizde) näme diýjek bolandygyma gowy düşünersiñiz. Türk dilini baýlaşdyrmak üçin we söz baýlygyny çuñaltmak üçin Türküstandaky türki dillerdenem peýdalanybermeli. Sebäp ol ýerlerde örän gadymy döwürlerden bäri ulanylyp gelinýän köp sanly özboluşly türki sözler bar. Meselem, türk dilinde gabat gelmeýän, ýöne türkmen dilinde gündelik durmuşda giñden ulanylýan "ini" we "uýa" sözüni mysal alalyñ. Ini - özüñden kiçi erkek doganyña, uýa - özüñden kiçi gyz doganyña diýilýär. "Ýelleme" hem şar diýmek. Gazak, özbek, uýgur dilleri ýaly islendik türk dilinde şuña meñzeş ýüzlerçe özboluşly sözler bar. Ýagdaý şeýle bolýan bolýan bolsa, Türkiýäniñ Türk dili guramasy bulary alyp türk diliniñ ulanyşygyna salybermeli. Şeýdenimizde, dilimiz hasam arassalanyp, hasam baýlaşyp, Türküstandaky babadaşlarymyz bilen gatnaşygymyz berkär. Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Sişenbe, 25.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |