23:55 Türkmen rysgy köp bolsun | |
TÜRKMEN RYSGY KÖP BOLSUN
Goşgular
Kursdaşym, häzir halypa mugallym Satybaldy Geldiýewiň gyzy Oguldöndiniň bagt-durmuş toýunda okalan goşgy. Meniň bu şygrym durmuşa çykýan türkmen gyzlarymyza edýän ak arzuwymdyr: Gyzym, saňa arzuwym: Elmydam bagt ýar bolsun. Barýan ýeriň öýüňdir, Münen atyň gyr bolsun. Dogsa, ak balaň ady, Ýatmaz sallançak bady, Ýakmasyn durmuş ody, Bagtyň akja gar bolsun. Är-aýal bir ten, bir jan, Kynçylyga bermäň ýan, Çagaňyzam bolsun on, Miwäň alma-nar bolsun. Ýaşaň, bileje goşa, Ýetiň, bagtly ýüz ýaşa, Gitsin, derdiňiz daşa, Ähli bela dep bolsun. Türkmen rysgy köp bolsun!! 9.06.2024 ý. | |
|
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Gitmek / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Ganyp dolup / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Kyýamata goýlan goşgy / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Dert / Goşgular - 06.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |