10. GURLUŞYGYÑ TAMAMLANMAGY
Amanat bolandygy üçin «G»-da men uzak oturmaly däldim. Şonuň üçinem, gurluşyk serişdeleriniň köpüsi taýýar bolandan soň, ýowar edip iki otagly, kiçiräk jaýyň betondan binýadyny guýduk. Birnäçe günden soň ýene-de ýowar edip örüme başladyk. Her kimiň bir çetden, örýändigi üçin ussalaryň alyp barýan setirleri biri-biriniňkä onçakly gabat gelmeýärdi. Bu bolsa diwarlaryň tolkun atmagyna, kä ýerleriniň içe kä ýerleriniň bolsa daşa çykmagyna güberçek bolmagyna sebäp bolýardy. Tä, ýere düşüp aşakdan syn edýänçäler, bu ýagdaýy ussalaryň özlerem duýmaýardylar. Men bolsam aýtmaga çekinýärdim. «Tüňňi-süňňi» bolup barýan diwarlara ýygy-ýygydan, howatyrly seredýänimi aňan ýowarçylar: «Aý, ýowar etseň şeýle bolaýgyçdyr, sen ýöne gynanma, o zatlary suwag düzeder», diýşip göwünlik berýärdiler. Her niçik hem bolsa jaýyň setirsaýy beýgelip barşy meniň göwnümi göterýärdi. Tomsuň orruk ortasy bolansoň ýowarçylar yssydan ýaňa gidip meniň çatmama kellelerini sokýardylar we sähelçe «hählerini alanlaryndan soň gelip ýene-de işlerini dowam etdirýärdiler. Çalt-çlatdan suwsaýardylar. Agyz suw ýagdaýymyz bolsa kyndy. Ony keliň saçy ýaly her ýerde bir görünýän goňşularyň biriniňkiden, onda-da haýsynda howuz bar bolsa şonuňkydan getirmeli bolýardy. Iň ýamany mende entek suw saklar ýaly sygymly uly gap hem ýokdy. Iki sany plastmass baklažkanyň daşyna brezent tikip, «myştara» ýasanypdym. Şoňa suw guýup kölegede goýsaň az-kem sowaýar. Ýöne, ýowarçylar ony sowara goýmaýardylar. Şonuň üçinem, bir adam birsyhly suwly goňşulara tarap ylgap durmaly bolýardy.
Nahar ýagdaýlarymyz ýetikdi. Çünki, ýegenim Nurgeldi bir hindi towugyny soýup getirdi we biş-düş taýýarlady. Çöregimizem, aragymyzam bar. Ýöne, yssyda ol zatlara tarap hiç kim nazaram aýlanok. Ýowarçylar diňe agşam salkyny düşenden soň, şol günki işlerini tamamlanlaryndan soň az-owlak iýip-içýärdiler.
«Remstroýyň» başlygy, häzir merhum Orazmyrat her gezek küre açylanda maňa öz edarasynyň ulagy bilen bir maşyn bişen kerpiç iberýärdi. «Içki ganatlaryna örersiň» diýip çig kerpijem berýärdi. Gurluşygyň barşynda ol maňa jaý üçin şifer, fanera, çüý, hek, penjire ýaly başga-da kän-kän serişdeleri öz bahasyna, emgenmän almaga kömek etdi. Hatda jaýymyň üstüni suwamaly bolanymda garylan laýy susagy bilen tamyň üstüne özi çykarýan traktoram berdi. Iň soňunda äpişgelerimiň aýnasynam şonuň işgärleri salyp berdiler. Ýegenmyradam, tä soňuna çenli hem serişde, hem maddy, hem ruhy kömegini berdi durdy. Jaýymyň içine girenimde iň bir zerur bolan öý goşlaryna çenli kömek etdi.
Hemmeleriňem maňa kömek edesi gelýärdi. Her kimem öz ellenden geläýjek kömegini hödürleýärdi. Meniň gaýdyp yzyma gitmejekdigime, şol ýerde ýurt tutunyp ymykly galjakdygyma begenýärdiler. Meniň ol ýere mesligime çydaman däl-de, ýüregimiň höwesi bilen gelendigime jaýam puluma ýer tapman däl-de, zoraýakdan salýandgyma düşünýärdiler. Hut şonuň üçinem, ýerli-ýerden kömek edýärdiler. Juda bolmasa ruhy goldaw berýärdiler.
Bir baýry mugallymyň: «Özüm jaý salanymda çüýi köpräk alypdyryn, şondan ýarym bedre dagy galypdyr, gerek bolsa alyp gaýt şony», diýip, ak ýürekden paralanyp durşy henizem göz öňümden gidenok.
Şu ýerde düýbünden nätanyş bir adamyň eden kömegini hem ýatlaman durup biljek däl. Onuň ady Amangeldi, familiýasy Annaýewdi. Ýalňyşmaýan bolsam, şol wagt ol etrap tokaý hojalyk edarasynda işleýärdi. Men onuň bilen bir toýda tabakdaş boldum. Şol ýerde tanyşdym. Şonda ol meniň kimdigimi, nämeler bilen meşgullanyp ýörendigimi sorady. Aýtdym. «Olar ýaly bolsa saňa kömek gerek, ertir ulag tapd-a, öýe bar, sygyr küme saljak bolup saklap oturan ýedi sany pürsüm bar, şolary alyp gaýt, men kümämiň üstüne ýylgyn gagşal ataýanymda-da sygrym öýkeläp durasy ýok» diýdi.
Ertesi ulagly baranymda ululy-kiçili şojagaz ýedi agaçdan başga howlusynda diş synçgara çöpüň ýokdugyny görüp geň galdym. Diýmek, ol maňa nägünlikler bilen ýygnan iň soňkuja agaçlaryny beripdir. Ol baý däldi, ýöne, göwni baýdy.
Men ony şondan soň görmedim. Henize çenlem göremok. Ýöne, ýadymdan welin çykaramok. Çykarmanam.
Jaýyň ýarysy bitiberende kerpiç gutardy. Zawodda bökdençlik bolandygy zerarly iki hepde dagy kerpijiň gelmejegini aýtdylar. Şonuň üçinem, ähli zady şo durşuna, duran-duran ýerinde taşlap, Aşgabada gaýtdym. Hiç ada berkidilmän, diňe tagta agaja söýelip goýlan täzeje äpişgeleriň, gapylaryň, dumly-duşda pytraşyp ýatan iş gurallarynyň, turba, tagta, şifer ýaly gurluşyk serişdeleriniň, gap-gaçlaryň iki hepdeläp ellenmän ýatandygyna, indi-indiler, oturyp-turup haýran galýan. Çünki, o döwürler ogurlyk azdy. Ýok diýerlikdi. Ýaş-ýeleňlere aldym-gaçlyk etdirýän «gerre» belasy entek örç almandy. Umumyhalk betbagtçylygyna öwrülmändi.
Soň-soňlar welin men ýaly taşlap gaýdýanlaryňk-a beýlede dursun, hatda öýüniň içinde oturanlaryňam zatlary yzly-yzyna ogurlanyp ugrady.
Howwa, iki hepdeden soň gaýdyp geldim we howa mazaly sowaýança, ýagny, 1994-nji ýylyň 25-nji oktýabryna çenli gurluşygy dowam etdirdim. Oňa çenli jaýyň boýy ýetdi, içi-daşy suwaldy, üsti basyryldy, şiferlendi. Diňe şifer bilen perduwalyň aralygynda galan yşjagazlary suwaýmak galdy. Şeýle hem daşarda ýatan bir maşyn sementi içeri salmalydy. Ol işlerem esli wagt bäri gurluşyga kömek edip ýören ortanjy oglum Myrada tabşyrdym-da, özüm Aşgabada gaýtdym. Bir hepdeden soň buýrulan ýumşy bitirip Myradam geldi.
Publisistika