06:41 Türkmenbaşy döwri -11: Hupbatly meseläniñ soñy | |
16. HUBBATLY MESELÄNIÑ SOÑY
Publisistika
Maksadyň meselesi boýinça haraý isläp Prezidente ýazan hatymdan tutuş bir ýyllap jogap bolmady. Men ýene-de adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalaryna ýüz tutmak, daşary ýurt metbugatlarynda çykyş etmek barada pikir edip ugradym. Öňi bilenem «Azatlyk» radiosynyň türkmen gullugyna ibermek üçin, Türkmenistanyň Prezidenti S.Nyýazowyň adyna on ýedi sahypadan ybarat hat taýynladym. Ýöne, ony ibermeli bolmady. 1996-njy ýylyň dekabr aýynyň onlary töweregi meni şol wagt eýýäm adyndan başga hiç zady galmadyk, Metbugat baradaky döwlet komitetiniň garamagynda duran Ýazyjylar soýuzyna çagyrdylar. Şol aýyň on dördüne meniň elli ýaşym dolýardy-da, dogrymy aýtsam, gutlamak üçin çagyrandyrlar öýtdým. Emma, baryp görsem olaryň derdi başga ekeni. Soýuzyň ýolbaşçylary we başga-da birnäçe atly-ýazyjylar üýşüpdirler-de, gapdallaryna-da «how» çeker ýaly maňa meňzeşiň bäş-üç sanysyny ýygnap, kimsi özüni Magtymguly baýragyna, kimsi halk ýazyjylygyna hödürleşip otyrlar. Daşymdan syr bildirmesem-de, bolup oturyşlaryna erbet gaharym geldi. Ýok, doglan günüm bilen gutlamandyklary üçin däl-de, şeýdip öz-özlerini belent derejelere hödürleşip, birek-biregi öwüşip, galgaşyp otyrandyklary üçin. Çünki, prawleniýe agzalarynyň gulak asaýjaklaryny daşyna ýygnap, tutuş halkyň adyndan özüňi «halk ýazyjysy» ýa-da «Magtymguly baýragynyň eýesi» diýen ada hödürlemek üçin üýtgeşik bir zehin geregem däldi. Garşylyk hökmünde men başdanaýak sesimi çykarman oturdym. Azajyk gijä galyp gelen şahyr Kakabaý Gurbanmyradowam şeýtdi. Bu bolup biläýjek adaty ýagdaýdy. Her kimiň öz pikirini aýtmaga-da saklanmaga-da, hatda garşy çykmaga-da haky bardy. Sese goýanlarynda-da olar köplükdi we barybir şolaryň diýeni boljakdy. Ýöne, bir adamyňam bize garşy çykmaga haky ýok, diýen pikire doly uýan bolsalar gerek, Kakabaý ikimizden ýaňa içlerinde kitüw galandygy açyk pyşgyrmasalaram ýüz-gözlerinden bildirdi durdy. Bir-ä halys uwnup-çydap bilmedi-de, özüniň jemleýji sözünde: «Şu gün kimiň-kimdigi belli boldy, biz muny ýadymyzdan çykarmarys, goldan adamlara bolsa minnetdarlyk bilýäris», diýdi. Şondan birnüçe gün öň, döredijilik işgärleri bilen Prezidentiň duşuşygy boljak, diýen gürrüň gulagyma degipdi. Ýöne, oňa özümiň çagyrylmajakdygymy bilýärdim. Sebäbi, 1993-nji ýylyň 24-nji awgustyndaky duşuşyk synag duşuşygy bolupdy we Prezidentem, onuň töweregindäkilerem mundan buýana şolar ýaly duşuşyklara kimiň çagyrlyp kimiň çagyrylmaly däldigini öz ýanlaryndan aýyl-saýyl edipdiler. Tankydy çykyş edendigim üçin menem gaýdyp çagyrylmasyzlaryň hasabyna düşüpdim. Ýöne, duşuşyga Ýazyjylar soýuzynyň sekretary Atamyrat Atabaýew welin hökman gidäýmelidi. Şonuň üçinem, ýygnakdan soň yza galdym-da, oňa özümiň üç ýyl bäri dowam edip gelýän meselämi başdanaýak gürrüň berdim. Gelen netijämem aýtdym. «Arzymy Prezidente ýetirip ber, ýogsam indi halkara guramalaryna ýüz tutaýmasam başga alaç galmady» diýdim. Ähli soýuzlaryň ýolbaşçylarynyň arasynda Atamyrat iň batyry, iň ýüreklisidi. Onuň bilen gürleşmegem, düşünişmegem aňsat. Oturyp-turuşmak üçinem gabyl, wäşi, märekeban ýigit. Şahyrçylygam gowy. Oňa bil baglap, ýüregiňdäkini aýdyp bolýar. Men hudožnikler soýuzynyňam agzasydym, emma bu derdimi ol soýuzyň ýolbaşçylaryna aýdyp biljek däldim, çünki, meniň üçin olaryň hiç biriniňem beýle töwekgelçilige baş goşmajakdyklaryny bilýärdim. Atamyrat meni üns bilen diňledi. – Beh, şunça wagtlap aýtman ýörşüňi diýsene, meniň-ä habarymam ýok bu zatlardan, ýöne, entek eýleli-beýleli gürrüňiňi goý, ondan saňa peýda ýok, ine ýene-de sanlyja günden Prezident bilen duşuşyk boljak, bize bu barada eýýäm habar berdiler, ana, şonda men seniň hatyňy onuň eline gowşurjak bolaýyn, juda bolmasa eline gowşar ýaly edeýin, - diýdi. 1997-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda men şol-ol, birwagtky Prezidentiň adyna ýazan hatymy indi biraz gysgaldylan görnüşinde Atamyrada eltip berdim. Şol haty Prezidente gowşurmagyny haýyş edip, Ýazyjylar soýuzynyň sekretary hökmünde Atamyradyň öz adyna-da, bir sahypajyk haýyşnama ýazdym. Duşuşyk mahaly ol ony Prezidentiň edil öz eline gowşuryp bilmese-de, maňa berşi ýaly kömekçisine beripdir, ýagdaýlarymy gowy edip düşündiripdir, Prezidentiň hökman öz eline gowşurmagyny haýyş edipdir. Bir hepde geçenden soň, habar tutmak üçin men ýene-de Atamyradyň ýanyna ýbardym. O-da oturan ýerinden Prezidentiň kömekçisine jaň etdi we meniň hatymyň ykbaly bilen gyzyklandy. Kömekçi ol haty Prezidentiň hut öz eline gowşurandygyny, onuňam okap gol çekendigini, işiň eýýäm yzyna, önümçilige iberilendigini aýtdy. Men ýeňillik bilen dem aldym. Çünki, bu meniň üç ýarym ýyla çeken azabymyň ýerine düşdügidi. Üç ýarym ýyla çeken surnukdyryjy göreşde meniň ýeňiji bolup çykdygymdy. Üç ýarym ýyl bäri gerdenimden basyp duran agyr labyryň egnimden aýryldygydy. Atamyrat şeýdip hukuk goraýjy edaralarynyň hemmesiniň – Baş Prokuraturanyň, MHK-nyň başlygynyň, Içeri işler ministriniň bitirip bilmedik, belki-de biteresleri gelmedik işini bir özi, bir hepdäniň içinde bitirdi oturyberdi. Men oňa minnetdarlyk bildirdim. Öz ýanymdan Prezidente hem minnetdarlyk bildirdim. Onda-da tüýs ýürekden bildirdim. Çünki, ol iş meni iňňän ýadadypdy, saçymy agardypdy, süňňümi saraldypdy, zehinimi ýakypdy, ummasyz wagtymy we güýjümi alypdy. Şondan soň şol üç ýarym ýyllap hereketsiz ýatan «iş» şeýle bir güýçli depgin bilen bat alyp ugrady welin, «asyl beýle-de işläp bilýän ekenler-ow, bular», diýdirdi. Elbetde, Prezidentiň emri bilen gelen görkezmäniň Baş Prokuroryňky bilen deň bolmajakdygy, onuň bäri-bäri edaralarda ýatyp galmajakdygy belli zat. Men ýeňillik bilen dem aldym. Ýöne, ýene bir zat barada welin oýlanman durup bilmedim. Ýagny, men ine, paýtagtyň ortarasynda otyryn, haýsy mesele boýunça haýsy gapa barmalydygyny, haýsy basgançakdan soň haýsy basgançaga basmalydygyny, baran ýerimde näme diýmelidigimi bilýän, gepimem düşündiribilýän, arzamda arzymy dürs düşnükli beýan edibilýän, emma şonda-da üç ýarym ýyllap, arzymy tä Prezidente ýetirýänçäm öz çagamyň bagryna pyçak sokan jenaýatkäri suduň öňünde sömeldibilmedim. Atamyrat ara düşmedik bolsa ol «işiň» entegem nämeler bilen gutarjakdygy belli däldi. Ýagdaý şeýle bolansoň, başlaryna şular ýaly iş düşende, günde-günaşa Aşgabada gelibilmeýän, geläýenlerinde-de nirä barmalydygyny bilmeýän, biläýenlerinde-de derdi-hallaryny düşündiribilmeýän, düşündiräýenlerinde-de diňlenilmeýän, uzak obalardaky nijembir bendeleriň kanuny arlarynyň ardurja köýüp gidýändigini men göz öňüme getirmäge-de gorkdum. Çünki, tutuş sistema tersine hereket edýärdi. Kanun diňe kanuny çykarýanlaryň özleri üçin işleýärdi. Asla olar ony çykaranlarynda-da özleri üçin çykarýardylar. Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri bolsa, jenaýatkäri ejir çekene görä has eý görýärdiler. Sebäbi, jenaýatkärden pul alyp bolýar, ejir çekende bolsa arzy-şikaýatdan başga zat ýok. Onuň hem ejir çekip, üstesine ýene pulam beresi gelenok. Şonuň üçin, hukuk goraýjylar jenaýat işi ellerine düşenden şol iş boýunça kimiň günäkärdigi, kimiň günäkär däldigi barada däl-de, şol işi kimiň peýdasyna çözende özleri üçin bähbitli boljakdygy barada oýlanyp başlaýarlar we işi özleriniň bähbitli taraplaryna görä çözýärler. Şaýatlaryň, ejir çekeniň, jenaýatkäriň görkezmelerini öz geljek netijelerine dogrulamaklyga dyrjaşýarlar. «It-itiň guýrugyndan basmaz» diýlişi ýaly, olar aňsat-aňsat biri-birleriniň garşysyna gitmeýärler, has takygy şäher prokurory A. Meňliýewiň aýdyşy ýaly «bileje işleşýärler», biri-birlerini tassyklaýarlar, biri-birleriniň çykarýan netijelerini makyllaýarlar, aşagyna gol çekişýärler we seni «halkaly aýlawyň» içine salyp, edil samsyjak belka ýaly şol bir duran ýeriňde aýlanyp durmaga, ahyram öz-özüňden ýadap, bar zady «jahenneme» salyp, şol işi taşlap gitmäge, halkanyň içinden sag-aman sypybilseň galan zatlara kaýyl bolmaga mejbur edýärler. ...Prezidentiň goly bilen işiň täzeden açylan gününiň ertesi, agşamaralar öýe gelsem öýümiziň içi ýaşulymy, ýaşkiçimi, aýalmy, erkekmi, dos-doly. Görüp otursam olar öz ogullarynyň mundan üç ýarym ýyl ozalky eden jenaýatçylykly hereketi üçin ötünç soramaga, has takygy ogullarynyň günäsini geçmegimi menden haýyş etmäge gelen töwellaçylar ekeni. Habarlaryny diňläp men olara şeý diýdim. – Menem türkmençilige, töwella-tagsyra düşünmän duramok. Eger-de, etjegiňizi edeniňizden soňam gedemlik etmän, şu gelşiňiz ýaly edil şol wagt gelen bolsaňyz, günämizi öt, diýen bolsaňyz, öterdim. Emma siz meni äsgermezlik etdiňiz, ýeke gördüňiz, hossarsyz saýdyňyz, garyp ýigit ekeni, garyndaşam ýok, alan galasy bolmaz, diýdiňiz. Wezipeli hossarlaryňyza daýanjak bolduňyz, jübüňize bil bagladyňyz. Olar ýaly üstümden basgylap ötübermeli adam däldigimi subut etmek üçin menem şu üç ýarym ýylyň içinde barmadyk gapym galmady. Indi giç. Siz wagty sypdyrdyňyz. Onda-da ummasyz köp wagt ýitirdiňiz. Eglişige ýaraşyga ýer goýmadyňyz. Häzirem utulanyňyzy bilip geldiňiz, buýrugyň has güýçli ýerden çykanyny bilip geldiňiz. Egerde şu iş Prezidentiň öz goly bilen gozgalmadyk bolsady, onda siz bu gezegem meniň ýanyma däl-de şäher prokurory Allamyrat Meňliýewiň, sülçi Oraz Ataýewiň ýanyna ylgardyňyz, welaýat häkiminiň orunbasary bolup oturan ogluäyzy mejlisiň başlygy bolup oturan garyndaşyňyzy aýaga galdyrardyňyz. Indiden soň men ol işi togtadyň diýip bilmen. Aýtsamam etmezler. Duruň diýsemem durmazlar. Sebäbi, ol işiň ýüzünde indi Prezidentiň hut öz goly bar. – Şondan soň men daşlaryndan mollaçyr görünýän, Prezidentiň ady tutulaly bäri: «Bizi-hä göni metjitden alyp gaýtdylar, kän bir tanyşlygymyzam ýok bu iş bilen», diýşip, aşagy ýumakly ýaly öňe-yza omzaşyp oturan üç-dört sany ýaşula ýüzlendim. – Agalar! Şu wakanyň haçan bolanlygyndan bir habaryňyz bamy? – «Ýok-da, ýok», boluşdylar. – Üç ýarym ýyl boldy. – Wah, biz bu bir düýn-öňňünlikde bolan işdir öýdüp gaýtdyk, bize aýdyşlaram şoňňaly – diýşip, olar «zöwwe-zöwwe» ýerlerinden galdylar-da, ur-tut köwüşlerine ýapyşdylar. Şol wagt olaryň biriniň beýlekisine: «Ahow büý-ä bir gepi-sözi ýerindäki adam ýaly-la» diýenini eşitdim we günäkärleriň meni nähili adam edip olara tanadandyklaryny çak etdim. Şondan soň beýlekilerem assa-ýuwaş turmak bilen boldular. Öňlerinde goýýan üç çäýnek çaýymyz bolsa şol durşuna, ellenmän galdy. Maşgalamyzyň başyndan inen tupan şeýdip sowuldy. Garaşsyzlygyň gelmegi bilen ýurduň başyndan inen tupan welin gitdigiçe güýjerleýärdi. Döredijilik gysylyp iň soňky derejesine ýetipdi. Kitap, kino çykmaýardy, görkezilýän spektakllar, tele-radio gepleşikler bolsa bir bazygäriň sahnasyna öwrülipdi. Ähli adamyň nazary pula tarap gönügipdi. Haýsam bolsa bir ýol bilen pul gazanmalydy, iýjek çöregiňi ödemelidi. Iş bolsa ýokdy. Iş orunlary gitdigiçe kemeldilýärdi, işsiz galan adamlaryň hasabyna işläp ýören adamlaryň aýlyklary galdyrylýardy. Baş redaktoryň orunbasarlygy wezipesini taşlap gaýdan halyma men indi islendik gazetde iň pes işgär – korrektor bolup işlemäge-de kaýyldym. Mahlasy bizi indi işiň görnüşi däl-de, aýlygy gyzyklandyrýardy. Baýlyk barada däl-de, ölmez-ödi barada oýlanylýardy. Çagalaryň, aýalyň hasabyna iýip-içip, soňam stoluň başyna geçip gabarylan bolup oturmak ýokuş degýärdi. Öz öýüňde iýýän çöregiň öz-özüňi uýaldyrýardy. «Men-ä bulary ekledim, goý indi bularam meni eklesinler», diýip, düwün bolup oturmaga bognuň ysmaýardy. Oba tarap hernäçe ýüregim atygsasa-da indi ol ýerdenem höwesim göterilipdi. Hanhowuzdan Sarahsa tarap çekilýän kanalyň gurluşygy ýatypdy. Suw ýokdy. Geçen ýylkylar ýaly indi skwažinalaram işlänokdy. Barysy hatardan çykypdy. Bejerere bolsa ne daýhan birleşiklerinde, ne oba adamlarynda hiç kimde serişde ýokdy. Aslynda ol skwažinalaryň eýesiniň kimdigem belli däldi. Gurluşyk bolsa tamamlanypdy. Şonuň üçinem men şol tomus oba gitmän, Berzeňňidäki, ençeme ýyl bäri boş ýatan aramgähimde ekin ekmekligi we olary ýetişdirenimden soň, ýagny güýz salkyny düşenden soň birki aýlyk oba gidip, gurluşykdan galan ownuk-uşak işleri bitirmekligi ýüregime düwdüm. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |