04:57 Türkmenbaşy döwri -12: Albaý | |
12. ALBAÝ
Publisistika
Obada bolan döwürlerim kömek edesi gelýänleriň köp bolşy ýaly, düşüp ýören kyn ýagdaýymdan peýdalanyp meni mugt işçi güýji hökmünde ulanjak, haýyr görjek bolýanlaram az däldi. Şolaryň birini gürrüň bereýin. ...Mellegimiň gündogar ýüzünden geçýän ene ýabyň aňry ýüzünde ýerleşýän «Kuçiaga» obasynyň mekdep direktory Zaman Gumman bir gün ir bilen hususy hojalygyna degişli ullakan «Zil» maşynyny alaşakyrdy» edip geldi-de «ms-s-s...» etdirip mellegimiň gabat garşysynda saklandy. Gögümtil, ýalpyldap duran kabinasyny «jarkyldadyp» açdy-da, böküp düşdi. Gürpüldedibem ýapdy. Maşynyň yz tarapyndan özüne bakan towlanjyrap gaýdan goýy tozana garylmajak bolup, maňa tarap ylgaşlady. Gelip salamlaşdy. Hal-ahwal soraşdy. Gurluşygyň gidişi bilen gyzyklandy. Häli-şindi aşak gaýdyp duran, çarçuwasy goňur, galyň äýnegini sag eliniň süýem barmagy bilen saklap aşak bakyp durşuna mekdep üçin birnäçe surat çekip bersem elli müň manat berjekdigini aýtdy. – Ýigrimi bäşinji awgustda biziň mekdebimizde etrap boýunça seminar geçiriljek, şoňa ýetişdiräýseň-ä has gowy... meň üçinem abraý... Onuň diýýän wagtyna çenli üç hepdä golaý wagt bardy. Bu ýeterlikdi. Tölemekçi bolýan pullary welin, işiň möçberine görä juda azdy. Emma şol wagt agam ogullarynyň birini öýlendirmekçi bolup ýördi-de, menden kömege garaşýardy. Şonuň üçinem, men Zaman bilen ylalaşmaly boldum. Puluny kimiň, nähili tölejekdigini soradym. Soňundan agyryşman, ynjyşman töläp biljeklermi ýa şol döwürde ýoň bolşy ýaly kösejek ýörjeklermi, bilsek ýagşy, diýdim. Zaman gollaryny galgadyp sesine bat berdi. – Puluny kolhoz tşlejek! Işi boldum etdigiňem puluny eliňe nagt berjek! Asyl, öňünden töläýmegimem ahmal... – Ertiriň arassa howasynda onuň şaňňy hem gyjyrdawuk sesi ilerki ýabyň raýyşyndan aşdy-da, öz obasynyň ortarasyndaky ullakan mekdebiň dik-depesine düňküldäp düşdi. – Sen o zatlaryň gaýgysyny etme-de, işe başlaber. «Kolhoz tölejek» diýeninden bar badym gaçdy. Çünki, şol kolhozyň başlygy şondan iki ýyl öň kärhanamy idirdedip ýören wagtlarym erbet kösäpdi. Ol menden kolhozyň geçen ýoly barada wideofilm alyp bermegimi haýyş edipdi. Şertnama-da baglanşypdy. Ýöne, filmi alyp bolanymyzdan soň wagty bilen puluny geçirmediler. Şol döwür pulam gün-günden hümmetsizlenýärdi. Netijede biziň eden işimiz «it biçeniň söwdasyna» döndi. Başlyk welin şertnamadaky puly hümmetlendirmekden geçen gaýtam gören ýerinde gaçaklaýardy, juda gaçara ýer tapmasa-da ýalandan ýylgyrjyraklan bolup baş buhgalteriniň üstüne iberýärdi. O-da: «Bor, bor, hökman geçireris, ertir irden etrap bankyna bar, menem barjak, şol ýerde hasaplaşarys» diýýärdi-de, uzynly gün irikgä edip goýýardy. Barmaýardy. Soňam ötünç soramakdan geçen, gaýtam «hoňňul-hoňňul» edip telim gürrüňiň başyny agyrdýardy. Ýaman dert bizi telewideniýedenem gyssaýardylar. Çünki, ses, saz ýazgylaryny, montaž işlerini şol ýerde amala aşyrýardyk we kesen nyrhlary boýunça buýurmaçydan alan pulumyzyň belli bir mukdaryny şolara geçirýärdik. Üstesine olaryňam nyrhlary häli-şindi galyp gidip otyrdy. Garaz, ençeme aý «guýruktutdy» oýnanymyzdan soň, hümmetsizlenmekden ýaňa hiç zada dönen pulumyzy hasabymyza geçirtdik. Düşen ýagdaýymyzy aýdyp telewideniýä geçirmelimizem öňki baglaşylan şertnamanyň möçberinde geçirdik. Özümiz welin kör köpüksiz çykdyk. Ana, şondan soň bir «oýunçy utulanyny bilse ýagşy» diýenlerini edip şol başlykdan el çekäýmeli welin, elbetde, özümiziňem eden zähmetimizi ile görkezesimiz gelendir-dä, kassetany tabşyrjak wagtym başlyga: – Puluňyz-a eredi. Ýöne, efir üçin goşmaça töleseňiz filmi telewizorda görkezip bilerdik, - diýdim. O-da dodagyny çommaltdy-da, kiçijik göwresine gelişmeýän zorruk, ýogun ses bilen: – I-i-i... Bor, bor! Arkaýyn goýberiberiň! Görkeziberiň! Geçireris! Nämesi bar oň geçirmän! Öňkem bir saý-sebäp bilen şeýle bolaýdy, indi o ýagdaý gaýtalanmaz, - diýdi. Men ýene-de ynandym. Telewideniýäniň işgärlerem maňa ynandylar. Şeýdibem şol film efire gitdi. Puly welin geçmedi. Öňki ýaly gijä galybam geçmedi. Asla geçmedi. Men ony hut öz jübümden tölemeli boldum. Başlyk welin şondan soň maňa bütinleý görünmedi. Gaçdy, öňküsi ýaly gaçgalaklamadam-da, zut gaçdy. Garamy görse-de gaçdy, pete-pet gabat gelse-de gaçdy. Şol endigine görä ol menden şindi-şindilerem gaçyp ýör. Mekdebiň bezeg işlerini boýnuma alsam, men indi şol başlyga üçünji gezek aldanmalydym. Gurulgy gapanyň üstünden göre-bile, öz aýajygym bilen basmalydym. Ýöne, nätjek zerurlyk gursun diýleni, onsoňam arada Zaman Gumman ýaly birtopar çaga terbiýe berip ýňren mekdep direktory durka edil beýle bolaýaram öýtmedim-dä. Üstesine Zamanyň agasam meniň agam bilen ir döwürlerden bäri dostdylar. Olar Baýramalynyň «Zowetenariýa» tehnikumynda bile okapdylar we şondan bäri gatnaşýardylar. Menem her oturylyşyklarynda olaryň çaýlaryny çekip, hyzmatlaryny edip ulalypdym we özümi onuň inisi däldirin öýdemokdym. O-da meni edil öz inisi ýaly gowy görýärdi. Juda gyssanybersem şoňa ýüz tutaryn, kömek eder» diýen pikirem maňa bir tarapdan goltgy beren bolmaly. Ylalaşdym. Aşgabada jaň edip, neşirýatda hudožnik bolup işleýän uly oglum Maksady, çeperçilik uçilişşşesinde okaýan kiçi oglum Atamerdany kömege çagyrdym. Maksad-a rugsada çykdy, Atamerdan bolsa tomus kanikulyndady. Üç bolup iki hepde-de işi birýüzli etdik. Aýdyp geçişimiz ýaly işiň möçberi muzdundan on esse dagy köpdi. Şertnama welin entegem baglaşylmandy. Zaman Gumman her dürli sapalaklar atyp şertnama baglaşmakdan, gol çekişmekden sap gaça durýardy. Mekdebe gelende sorasam: «Taýýar,taýýar! Şertnama taýýar, ýöne, öýde galaýypdyr, ertir hökman getirin», diýýärdi. Öýüne baryp sorasam bolsa: «Wah, işe eltipdim welin, kabinetimde galaýypdyr, ertir şo ýerde gowşyryn», diýýärdi. Ýolda-yzda sorasamam: «Wiý, ine, ýanymda, tas ýatdan çykaran ekenim, ýatladanyň gowy bolaýdy», diýýärdi-de, «ZIL»-iň mähnet kabinasyna girip o ýerini, bu ýerini sermeleşdirip başlaýardy. «Beh, galdyraýdymmykam-aý... Ýa ýitiräýdimmikäm, hany agşam gelnejeňdenem bir sorap göreýin, bolmasa täzesini ýazaýaryn...» diýibem jogaba-da garaşman gürüm-jürüm bolýardy. Soňabaka bolsa: «Aý, ýazylar ýörer-dä, näme howlugýaň», diýip, gatyrganmany çykardy. Häli-şindi sorap ýürege düşýändigim üçin özümi utandyryp başlady. Şondan soň men özümiň başlykdan-da beter bir bela sataşandygyma düşündim. «Näme bolsa şol bolsuna» saldym-da, soramany goýdum. Işiň aşa köpdügini, muzdunyň bosa azdygyny, üstesine Zaman Gummanyň adam şekilli gürleşibem bilmeýändigini aýdyp, ogullarym käte bir özara «hüňňürdeşýärdiler», ýöne ne maňa, ne Zaman Gummanyň özüne hiç zat aýdyp bilmeýärdiler. Maňa-da sesimi çykarman işläbermekden başga alaç galmady. Çünki, eýýäm işiň ýarpydan gowragy edilipdi, çekilmeli zähmet çekilipdi, taşlamakdanam, günüň-gününe gykylyklaşyp ýörmekdenem peýda ýokdy. Başda: öňünden hasaplaşmagymam mümkin», diýip uly goly ýaňlandyryp gygyrýan adamyň indi biz bilen gürleşesem gelenokdy. Şeýdip iş tamam boldy. Men ogullarymy yzyna iberdim-de, gurluşygy dowam etdiriberdim. Tamakin bolup Babadaýhan etrabynyndan ýörite gelen agama-da ýagdaýy bolşy ýaly edip aýtdym. Azajyk howlukmazlygyny haýyş etdim. «Berdikleri ibererin», diýdim. Bir günem Zaman Gumman süýr günortanlar ýük maşyny bilen ala-tozan turzup geldi-de, meniň razylygyma-da garaşman: – Ine, algyň ujundan şü... – diýip, on sany döwük-ýenjik, kagyz ýaly ýukajyk, elledigiň pytrap duran pes hilli şiferi taşlap gitdi. Men oňa: «Ahow, maňa şifer gerek-gä, pul gerek, şiferim ýeterlik», diýmäge-de ýetişmedim. Dogrusy men indi onuň ýanynda pul barada dil ýarmaga-da çekinýärdim. Asyl dil ýarmaga goýanokdam. Tötänden gabat gelişäýsek dagam salamymy alar-almaz: – Sen meni günüme goýjakmy ýa ýok? Sen zerarly men indi öýümde-de arkaýyn oturybilemok, köçä-de çykybilemok! Nireden duşduň sen maňa! Beýledigiňi bilen bolsam golaýyňa-da barmazdym... – diýip, özünden özi goh turzup başlaýardy. Üstüme sürünýärdi. Sussumy basmak üçin sesine barha bat berýärdi. Gykylykdan basylýanymy bilip hasam beter dyzaýardy. Bir gezegem oturşykda otyrkak erbet serhoş boldy-da «gorkan öňürtilär» edip ýene-de şol bir heňine başlady. – Näme, üstümden ýazjakmy? Arz etjekmi? Bar et! Bolmanda-da sen meň hojalygyma rysgal getirmersiň! Seň Aşgabada sygman nämüçin şu ýerde entäp ýöreniňem bilýän. O-ol, her gün bir gazete makala ýazyp, eritr-agşam telewizorda, radioda çykyş edip, film alan bolup ýören sürgünli döwürleriňden oba göçdi-i!.. Şondan soň-a men ondan almalyja pulumdan tamamy üzüberdimem. Dogrusy öz aýdyşy ýaly ugruna çyksam, oňa-muňa arz etsem ondan pulumy iki günüň içinde gözüne basyp alardym. Ýöne, birinjiden-ä baran ýerimde, öz obadaşlarymyň arasynda eýdişip ýörmäge il-günden utanýardym, ikinjidenem agalarymyz şolar ýaly dostlukly gatnaşykda gezip ýörkäler onuň bilen arzalaşmak meniň üçin öz doganoglanym bilen arzalaşana deňdi. Üçünjidenem onuň bilen gidişere indi mende wagtam ýokdy, güýjem. Ähli güýjümiň ep-esli bölegi gurluşyga, galan bölegem Maksadyň «işine» sarp bolupdy. Şol iki iş zerarly men belli bir möhlete çenli hatda döredijiligimem bir gyra süýşüripdim. O zatlary Zaman Gummanam gowy bilýärdi. Hälkije sözlerinem ol hut şonuň üçin aýdýardy. Meniň düşen ýagdaýymdan peýdalanjak bolýardy. Uly il maňa kömek etse ol menden haýyrlanjak bolýardy. Häkim dostum Ahmet bolsa ol wagt eýýäm dünýede ýokdy. Ol şondan birnäçe aý ozal tragiki ýagdaýda aradan çykypdy. Ahmediň ýerine bolsa öň aýdyp geçişim ýaly şo-ol, tokaý ministri bolup işlän dostum Nury Aşyry goýupdylar. Dagda dörän ýangyn zerarly ony ministrlikden boşadypdylar-da, Ahal welaýat häkiminiň orunbasarlygyna belläpdiler. Şol ýerdenem etrap häkimligine – Ahmediň ýerine eltdiler. Men babatda şol ýerde özüni nähili alyp barandygyny bolsa ýokarda ýaňzydypdym. Şeýdip tomus geçdi. Güýz düşdi. Men Aşgabada gaýtmaga taýýarlyk görüp başladym. Şol döwür, bir gün günortanaralar öýde çaý içip otyrkam Zaman Gumman ýeňil maşynly biri bilen garader bolup geldi-de, dik duran ýerinden: – Şertnama, şertnama diýip ýürege düşdüň! Mana şertnama! – diýip, galgap duran golundaky birgiden kagyzlary gütüledip öňümde goýdy. Soň gormaýlyp oturdy. Goltugyndan pul çykardy. – Ine, bu-da puluň! Kyrk müňdür! On müňüne deregem şifer aldyň. – Ol agdarlan tezege meňzäp duran gök-ala ýüzüni ynjyly çytyp ýüzüme çiňerildi. Süýem barmagy bilen äýnegini ýokarrak süýşürdi. – Ýa oňňam puluny bereýinmi? – Meniň «beräý» diýerimden gorkan bolsa gerek jogaba-da garaşman kagyzlary öňüme süýşürdi. Goltugyndan ruçka çykardy. – Me, puluňy al-da, gol çek! – Ýazyklydygyna garamazdan ol iňňän hökümli gepleýärdi. Arasynda: – Men seni azajyk kösedimem, özümem heläk boldum, ýöne, gaty görme, öňkiň ýaly ötseň-geçseň öýe bar, barmasaň öýkelärin, düşdüňmi... – diýen ýaly musurmançylykly sözlerdenem suňşurýardy. Awuna gözi düşen gurt kimin tutuş süňňi bilen saňyldaýardy. Iki gözüni welin gözlerimden aýyrmaýardy. O gürrüňleriň o hereketleriň gözlerimi baglamak üçin edýändigini men ol çykyp gideninden soň bilip galdym. Çünki, özüm üçin bir gyrada aýryp goýan bir nusgalyk şertnamam eýýam ýerinde ýokdy. Men onuň ony nädip alanyny, nädip gözden salanymy bilemok. Oýlana-oýlana ahyrsoňy onuň: «Muňa-da gol çekdiň dämi», diýip, şol nusgany hem ýerden galdyrany, gözüme golaýladany, ur-tutam beýleki nusgalaryň arasyna sokany ýadyma düşdi. Gepiň gysgasy şondan soň onuň özi, başlyk, buhgalter üçüsi oturyp on esse dagy artykmaç baha bilen başga bir dokument düzüpdirler. Aşagyna-da meniň golumy çekipdirler. Şonça puly bankdan alypdyrlar. Üstesine-de: «Hudožniklere bermeli bolduk», diýip mekdep mugallymlarynyňam bir aýlyk hakyny saklapdyrlar. Muny maňa şol mekdepde mugallym bolup işleýän oglanlaryň biri birnäçe wagtdan soň aýtdy. Men muňa örän geň galdym. Esli wagt gepläbilmän durdum. Ahyram: – Aý, edil beýle däldir-le. Biziň-ä bar gazananymyz elli müň. Onuňam on müňüne derek direktoryňyz şifer berdi, - diýdim. – Onsoňam ol puly kolhoz töledi ahyry. Siziň aýlygyňyz bolsa Bilim ministrliginiň üstünden tölenýär. Ol ikisiniň biri-biri bilen dahylly ýeri ýog-a... – diýdim. Mugallym geň galyşy meniňkiň dagy çaky bolmady. Diýmek, başlyk bilen mekdep direktory biziň üstümizden ikitaraplaýyn uran bolmaly. Umuman, şol döwür daýhanlaryň, mugallymlaryň, saglyk işgärleriniň aýlyklaryny birnäçe aý saklap, ony dürli ýollar bilen öwrüp-çöwrüp, peýdasyny görmek, halka-da esli wagtdan soň, hümmeti gaçandan soň paýlamak ýa deregine özleriniň şahsy firmalaryndaky geçer-geçmez harytlaryndan bermek ýoň bolupdy. Bu döwrüň döreden keselidi. Baý baýaýardy, garyp bolsa barha garyp düşýärdi. Edaralar, döwlet, halk hojalygy we hususy hojalyklar çökýärdi. Biziň alan pulumyz welin, şiferiň bahasyny goşanyňda-da, bir mugallymyň ýarpy aýlygyna-da ýetmeýärdi. Mekdepde näçe mugallymyň bolup biljekdigini, hersiniňem aýda näçeräk aýlyk alýandyklaryny göz öňüne getiriň-de, Zaman Gumman bilen başlygyň şol wagtlar daýhan birleşigine öwrülen kolhozdanam, etrap bilim bölümindenem näçeräk pul urandyklaryny biliberiň. Şonda men galan ömrümde öňünden şertnama baglaşmazdan hiç işe baş gozmazlygy öz-özüme söz berdim. Emma bir zat zandyňda bolmasa pent bilen edip bolmaz ekeni. Barybir şondan soňam men telim gezek şolar ýaly ýagdaýa düşdüm. Ýöne, näme üçindir Zaman Gumman, başlyk, buhgalter ýaly meni we halky köseýänleriň ümzükleri öňedi. Mysal üçin ýokarky wakadan köp wagt geçmänkä etrap häkimi Nury Aşyr Ahal welaýat häkimligine bellendi-de, onuň ýerine-de şo-ol meni bassyr birnäçe gezek çürkän başlygy bellediler. Men muňa iňňän geň galdym. Çünki, etrapdaky başlyklaryň içinde il arasynda aýdylyşy ýaly iň «žugy» şoldy. Başlyk wagty oňa: «Beh, Toýçyny dagam perme müdürligine belläýipsiň-le how, agzy ýetse öz syrtyny gemirjeg-ä ol. Neneň edip il malyny oňa ynandyp bildiň...» diýenlerinde gözüni gyrpman: «Wah, maňa geregem şolar ýalylar-da! Birini getir diýsem onusyny getirsin, onyusyny sat diýsem ýüzüsini satsyn» diýip, yzyndanam aýdym aýdýan ýagşy ýaly ellerini öňe ülňäp, «juk-juk-juk» edip bir geňsi gülenini özüm gözüm bilen gördüm. Belki ol hut Toýçy ýaly ýolarmanlaryň, men ýaly ýöwselleriň hasabyna hem häkim bolandyr? Mümkin! Ýogsam, iliň-günüň düşen ýagdaýyna dözmän oba başlyklary yzly-yzyna, öz arzalary bilen işden çykýarkalar, ala-böle olar ýaly «žuklar» ýokary çekilmezdiler. Şol ýerinde ol ýalňyşmaýan bolsam ýedi-sekiz ýyl oturdy. Soň onam Nury Aşyry edişleri ýaly Ahal welaýat häkiminiň orunbasy wezipesine çekdiler. Bu onuň beýgeldildigi däldi. Tersine, yrgyldadyldygydy. Prezident islendik çinownigi şeýdip, golaýyna getirip çignine alyp, bagryna basyp, ondan soň ýeriň ýüzüne pylçap urýardy. «Žugyňkam» hut şeýle boldy. Iki ýyla ýetip-ýetmän ol dikbaşak gaýtdy. Şondan soňam ol beýlekiler ýatmady, oba-da barmady-da, welaýatda bir ýerde, özem düşewüntlije ýerde işledi. Ýöne, sahnadan welin ymykly düşdi. Hakydam aldamaýan bolsa Nury Aşyram,bugdaý planyny ýerine ýetirip bilmändigi üçin welaýat häkimliginden iki ýylda ýeter-ýetmez wagtdan aýryldy. Soň-soňlar onuň Aşgabada golaý haýsydyr bir etrabyň tokaý hojalyk edarasynda, başlygyň orunbasary bolup işleýändigini eşitdik. Ondanam özüniň Tejendäki mülküne gidipdir, şol ýerde «Jon-Dirli» öz ýerini bejerýärmişin diýibem eşitdik. Men özüm welin ony şol gezek etrap häkimi wagty ýüz bermän goýbereninden soň göremok. Welaýat häkimi bolanda käbir çemeçiller ýörite gutlap çykmak üçin kabinetiniň agzynda nobata duranlarynda-da barmadym. Göwnümiň galandygy, öýkeländigim üçin däl-de, gysyndyrmazlyk üçin, heýjanelekçiler toparyna girmeýän ýazyjylardan dosty bar ekeni diýip oňa gara sürtmezlikleri üçin, gepiň gysgasy özüm zerarly şoňa gep gelmezligi üçin barmadym. ...Zaman Gumman bilen hasaplaşanymyzdan soň, alanja pulumy agama iberdim-de özüm Aşgabada gaýtdym. Gelşim ýalam Maksadyň işi bilen gyzyklanyp ugradym. Sülçi O. Ataýewiň ýanyna bardym. Ol entek hiç hili çözgüdiň çykarylmandygyny, «işiň» şol durşuna ýatandygyny aýtdy, köp zatda özüniň ygtyýarsyzdygyny, şonuň üçinem özünden gaty görmezligimi haýyş etdi. Ondan soň, ýagny, 1995-nji ýylyň 21-nji awgust güni işiň ugrukdyrylmagyna hemaýat bermeklerini haýyş edip Türkmenistanyň Baş prokurory B. Aşyrlyýewiň adyna ikinji gezek, hat üsti bilen ýüz tutdum. Iş ýene-de söküldi, ýene-de yzyna iberildi. Menem ýene-de oba gitdim we tä, howa sowaýança gurluşygymy dowam etdirdim. Jaýymyň daşyny suwadym, içini agartdym, indiki ýyla indi petigine fanera kakmak, tok çekmek we başga-da şoňa meňzeş işleri galdy. Howzy welin tamamladym, agyzna-da ýük maşynynyň diskinden ýasalan tegelek, çoýun gapak goýdum, gulp urdum. Mellegimiň daşyna bolsa, indiki ýyl ekin ekmek maksady bilen, Orazmyradyň beren uzyn, asbest turbalaryny palta bilen çapyp ikä böldüm-de, mellegimiň daşyna dikip, tikenekli sim aýladym. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |