05:07 Türkmenbaşy döwri -13: Prezidente hat | |
13. PREZIDENTE HAT
Publisistika
Maksadyň işi boýunça Baş Prokuraturanyň beren soňky görkezmesem netijesiz bolup çykdy. Şeýlelikde, barylmaly gapylaryň barysyna barlyp çykyldy. Geçilmeli ýollar geçildi. Onda-da iki, üç mertebe geçildi. Indi diňe döwlet ýolbaşçysynyň hut özüne ýüz tutaýmak galdy. Şeýle hem etdim. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Prezidentiň adyna arza ýazdym. Şeýtseň eline gowuşýär diýensoňlar arzanyň ýokarsyna: «hut öz eline gowuşmaly» diýip bellik etdim-de, kabulhanasyna gowşurdym. Elimdäki ikinji nusgasyna gol çekdirdim. Şeýdip, hatymyň jogabyna garaşyberdim. Boş oturmazlyk üçin arasynda suratjagaz çeken bolýan, hekaýajyk ýazýan, köne endik boýunça neşirýatlara, redaksiýalara gatnaýan, ýöne, olardanam netije ýok. Kitap çykartmag-a beýle-de dursun, hatda gazetlerde, žurnallarda-da çykyş edip bolanok. Ähli neşirýatlar diňe bir adamyň – Prezidentiň gullugyna geçdi. Ähli gazetler, žurnallar özleriniň birinji sahypalarynda: «Howandary türkmenisanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy» diýen möhri goýdy. hemmesiniň baş mowzugy şony taryplamaklyga gönükdirildi. Diýmek, döwlet Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan hususylaşdyryldy. Senzura ýowuzlaşdy. Öň Gowşut han, Jüneýit han, Eziz han ýaly taryhy şahsyýetleriň atlaryny tutmazlyk ýörelgesi girizilen bolsa, indi Nurberdi han, Dykma serdar ýaly Gökdepe urşunyň serdarlary, han-begleri hem gadagançylyga düşdi. Ol gadagançylygy Nyýazowyň hut özi girizdi. Dykma serdary dönük diýip atlandyrdy, ýagny Gökdepe urşyny mukaddes uruş diýip yglan etmeli,oňa gatnaşanlaryň ählisini “halk gahrymanlary» diýip atlandyrdy, ýöne, onuň serkerdeleriniň atlaryny tutmaly däl. Ol söweşiň hakyky gahrymanlaryny Nyýazowyň ata-babalarynyň arasyndan gözlemeli. Türkmenbaşyny birek-birekden has üýtgeşik mahabatlandyrmaklygyň täze-täze ýollary agtarylyp başlandy. Heýjanelekçileriň bu babatdaky iňňän uzaga çeken hem irginsiz ýaryşlary gitdigiçe rowaç aldy. Lenç edilen sözler bilen ýürege düşýän radiony diňlemek, telewizora seretmek, gazet-žurnallary, kitaplary ýüzüň çydap okamak mümkin däldi. Radiony, telewizory açyp ýetişdigiň bolany. «Mähriban Serdarymyz», «Türkmenbaşymyz», «Pygamber sahawatly Serdarymyz», «...atamyz». «...howandarymyz», «Türkmenbaşy dünýäni aňk etdi», «Bütin dünýä bize haýran galýar»... Şolar ýaly süwümsiz sözlerden ýaňa halkyň, aňyrsy bärsine gelýärdi, ýüregi bulanýardy, başy çaşýardy. «Bitaraplyk» samramasam ol zatlaryň üstesine urna bolup goşuldy. Mahlasy garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda O. Aýdogdyýewiň: «...metbugatda, radioda, telewideniýede hiç hili pikir bolmasyn, hiç hili mesele gozgalmasyn», diýip, redaktorlara açykdan-açyk beren görkezmesi Prezidentiň şol wagtky metbugat sekretary K. Ballyýewiň telewideniýe we radio işgärleriniň öňünde: «Asmanda ýeke Gün bar, Ýerde-de diňe Türkmenbaşy bar, şondan başga adamyň adyny tutmak bolanok» diýip beren görkezmesi doly güýjünde işläp başlady. Ýene şol K. Ballyýewiň görkezmesi boýunça ýeke bir taryhy şahsyýetler barada däl, eýsem taryhy temadan makalalar ýazmak hem gadagan edildi. Nämemişin, taryh entek ýazylyp gutarylmanmyşyn. Ýazyp oturan bolsa Türkmenbaşymyşyn. Ol öz ýazýan taryhy kitabyny «Ruhnama» diýip, atlandyrjakmyşyn. Ol kitap ýeke bir türmen halkynyň däl, eýsem külli adamzadyň ruhy ýörelgesine öwrüljekmişin. Bilim-ylym ulgamynda diňe şondan ugur alamalymyşyn. Bu hakda biz sözümiziň barşynda gürrüň ederis, ýöne, heýjanelekçiler ol kitap entek çykmazdanam bäş-alty ýyl öň, ýagny şonuň ýazylýandygy gulaklaryna degenden: «Ruhnamaly türkmen biz...», «Türkmenbaşy bize Ruhnamany bagş etdi», «Türkmenbaşy! Ruhnamaň üçin sag bol, sen ony bize peşgeş berdiň», diýşip aýdym aýtmaga, münberlerden gygyryşmaga başladylar. Bu «şama-şaýyrdy» şeýle bir derejä ýetdi welin, ahyr bir gün Prezidentiň özi uwnup-çydaman: «Ahow, men entek Ruhnamany ýazyp gutaramog-a, siz bolsaňyz ony taryp edip ýörsüňiz», diýdi. Ýöne, düşbüje heýjanelekçiler onuň bu duýduryşyna gulagam gabartmadylar. Gaýtam örç aldylar. Çünki, öň bir gezek: «Meni telewizorda köp öwýäňiz, beýtmäň, azajyk tejribäm köp diýäýmeseň meňňem sizden artyk ýerim ýok, telewizoryň ekranyndaky suratymam aýryň», diýende, telewideniýäniň ýolbaşçylary onuň çynydyr öýdüp görkezmesini ýerine ýetiripdiler we bir aýlyklaryndan mahrum bolupdylar. Şonuň üçinem, şondan soň onuň her gezekki «meni öwmäň» diýen sözüni olar «meni öwmäňizi gowşatdyňyz» diýdigi diýip dogry düşünip başladylar. Türkmenbaşy käte ýazyjylaryň käbirine: «Pylany, soňky döwürde seň galamyň küteläýdimi», diýýär welin, şol günüň ertesi şol ýazyjynyň Prezident baradaky öwgüli makalasy ýalpyldap gazetiň sahypasyda peýda bolýar. Umuman, kim, nirede, näme hakda gürrüň etse-de, «Beýik Serdaryň» ady bilen başlap, şonuň bilenem tamam bolýar. «Ruhnamanyň mukaddesligi, onuň Kuran bilen bir derejede goýuljakdygy nygtalýar. Türkmenbaşynyň özi pygambere, Görogla, Oguz hana, Seljuk soltanlaryna deňelýär. Oguzlara türkmenler bilen deň-derejede dahylly bolan beýleki oguz taýpalary bolsa, bu ýagdaýa haýran galyşyp, agyzlaryny açyşyp, aňkaryşyp otyrlar. Tüýs, «Akylly öz eden işi bilen öwüner, akmak özünden öňküleriňki bilen» diýenleri boldy. Dünýä ýüzi türkmenlere hakykatdanam haýran galdy, ýöne, başga tarapdan haýran galdy. Parlaňküşler welin nirä baryp degýändidindenem bihabar: kellelerine gelen haýsydyr bir tarypnamany seljerip görmezden, şol pikiri başga biriniň özünden öňürti aýdaýmagyndan gorkup, efire goýberdýärdiler, metbugatda çap edýärdiler. Ol ýerlerde oturan jogapkär adamlar bolsa, Türkmenbaşy bilen baglanyşykly islendik aýdymy, goşgyny ýa makalany saklamakdan, redaktirlemekden çekinýärdiler, özlerine gep geler öýdüp gorkýardylar, tekslere düzediş girizip bilmeýärdiler. Ir ertir, giç agşam mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda irginsizlik bilen içilýän, radioda, telewideniýede her gezekki täzelikleriň yzyndan gaýtalanýan kasamda hem iň bolmanda logiki yzygiderliligiň saklanmaýandygyna şu ýerde ýüzugra seredip geçeliň. Eziz Türkmenistan, ata-Watanym, Gurban bolsun saňa bu janym-tenim! Eger-de men saňa sähelçe şek ýetirsem, Goý, meniň elim gurasyn! Eger-de men saňa dil ýetirsem, Goý, meniň dilim gurasyn! Eger-de men Türkmenistan watanyma, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa dönüklik etsem, Goý, meniň ömrüm kül bolsun! Üçünji setirde: «...şek ýetirsem, dördünji setirde bolsa, elim gurasyn» diýen sözler bar. Emma, şek el bilen ýetirilmeýär, dil bilen ýetirilýär. El bilen şikes ýetirilýär. Şonuň üçinem: «Eger-de men saňa şek ýetirsem “elim gurasyn» däl-de, «...dilim gurasyn bolmaly. Netijede, şondan soňky: «...eger-de men saňa dil ýetirsem, dilim gurasyn» diýen setirleriň geregem ýok bolýar. Eger-de ol setirleri saklajak bolsaň, onda üçünji setiri: «Eger-de men saňa şikes ýetirsem, goý meniň elim gurasyn», diýip düzetmeli we onuň yzyndan: «Eger-de men saňa şek ýetirsem, goý meniň dilim gurasyn», diýmeli. Şeýle hem kasam içiji başda: «Eziz Türkmenistan, ata-Watanym», diýip, gös-göni Watana ýüzlenýär-de, ýedinji setirde: «Eger-de men Türkmenistan Watanyma dönüklik etsem diýip, Watana ýüzlenmeýär-de, şeýtjekdigini başga birine habar berýär. Hakykatdan welin logiki yzygiderliligi saklamak üçin ol setir hem: «Eger-de men saňa dönüklik etsem» diýlip düzedilmeli. Biz bu ýerde Türkmenbaşy döwrüniň ýekeje goşgusyna, döwlet derejesindäki kasama seredip geçdik. Gimn babatda hem şular ýaly zatlar aýtmak bolar. Iň bolmanda onda eýýam halkyň aňyndan çykarylan tire-taýpa meselesi hem köre-körlük bilen gozgalýar. Gündelik metbugatda çap edilýän, radiodyr telewideniýede okalýan goşgular hakda-ha gürrüňem ýok. Ol durşuna patarraky. Temasy Türkmenbaşy, garaşsyzlyk, Watan, Aşgabat, Ruhnama barada bolsa bolany, ondan başga hiç hili talap ýok. Umuman, halkyň, ýurduň ýagdaýy gözgyny hala düşdi, ýöne, heýjanelekçileriň bolup ýörüşleri welin olaryňkydanam gözgynydy. Halk işsizlikden, gurpsuzlykdan horlanýan bolsa, olar ynsapsyzlykdan, uýatsyzlykdan ejir çekýärdiler. Pöwheden-pöwhe sözleri gözläp kösenýärdiler. Ýöne, nebisleriniň ejizligi olaryň ojagaz ejirleriniň yzasyny bildirtmeýärdi. Olaryň şol gözgyny ýagdaýlary üçinem ýene-de halk utanmaly bolýardy. Özüniň öň-öňler sylap ýören ýazyjydyr-şahyrlarynyň, bagşydyr-sazandalarynyň, bazygärleriniň şolar ýaly gözgyny ýagdaýa düşendikleri üçin halk namys edýärdi. Prezident welin öz heýjanelekçilerini aýak-aldygyna sylaglaýardy. Sözlemiň eýesi bilen habaryny ýerinde goýup bilmeýän adamlaryň üstünden dollar seçýärdi, baýrak, wezipe paýlaýardy. Belli, bir menzile baransoňam ýeke-ýekeden pyzyp goýberýärdi, ýanyndan daşalaşdyrýardy, «gara sanawa» goşýardy we zir-zibilleriň içinde nobatlaryna garaşyp duran çemeçilleriň täze bir tapgyryny çekip çykarýardy. Halka ýüzlenip: «Ine, siz öz öňüňize düşen bolup ýören adamlaryň nähilidigini gördüňizmi? Jaý, baýrak, wezipe berip men olary nähili oýnaýan, messepsiz, ygrarsyz, ynamsyz adamlardygyny size subut edip berýän, olaryň demokratiýa bolan garaýyşlaryny açyp görkezýän...» diýýardi. Heýjanelekçileriň täze tapgyry welin o zatlary ýüzlerine-de almaýardylar. Bokurdaklaryna zor salşyp, kükreklerini ýelden dolduryşyp, aňyrlarynda ýok hyjuwlaryny ýüreklerine getirjek bolup horlanýardylar. Sag adama gelişmeýän ýalan badyhowalyklary bilen zoraýakdan ruhybelentsireşýärdiler. Gözlerini ýumup, tumşuklaryny dik ýokary tutup şol bir sözlerden ybarat sarnamalaryny halkyň depesinden bihaýalyk bilen eňterýärdiler. Şolar ýalyda olaryň badyny Prezidentiň özem saklap bilmeýärdi. «Beýtmäň ahyry, beýdip öwmäň ahyry, siz meni daşary ýurtlylaryň öňünde-de kyn güne salýaňyz...» diýip, halymsyran bolýardy. Gözüne ýaş aýlaýardy. Elini jübüsine urandanam emgekleriniň ýerine düşendigine begenmekden ýaňa heýjanelekçi görgülijikler ýerli-ýerinde, duran-duran ýerlerinde dylym-dylym edişýärdiler we Prezident içi müňlerçe dollarly kagyz bukjany özlerine tarap uzadandanam: «Wirreý-de-wirreý» bolşup, dik ýokaryk bökjekleşýärdiler. Ýalan pygamberlerine tagzym edýärdiler. Elinden ogşaýardylar. Negözel gyzlar bolsa näzik hem akja eljagazlary bilen onuň tagaşyksyz ädilýän aýaklarynyň aşagyna nepis gül ýapraklaryny oklaýardylar. Goller welin aglaýardylar. Güller bilen bilelikde halkam aglaýardy. Çünki, şöhratly türkmen topragy tutuşlygy bilen masgarabazlaryň mekanyna öwrülipdi. Howwa, ýurt şeýle hala düşüpdi. Her kim bir gudratyň bolaryna, kimdir biriniň gelip özlerini bu haldan halas ederine, döwrüň öz-özünden üýtgärine garaşýardy. Öňki-öňküligiň, sowet zamanynyň dolanyp gelerine, Günbatar ýewropa döwletleriniň, Amerikanyň goldawyna garaşýanlaram,Abdy Kulyýew ýaly türkmen oppozisionerlerine göz dikip oturanlaram bardy. Ýurtda irginsiz susypesligiň, ýekemenligiň başlanandygyny, demokratiýanyň erkinligiň gerekdigini her kes duýýardy, ýöne, ony dikeltmek üçin onuň öz elinde hiç hili gural, enjam ýokdy. Döredijilik-döredijiden, dörediji-döredijilikden, döredijiler bolsa biri-birlerinden daşlaşýardylar. Mahlasy, döredijilige kimiň ykbal hökmünde garaýandygyny kesgitläp berjek synag döwri başlandy. Döredijiligini taşlap özüni bazara, söwda-satyga, firmalaryň, kärhanalaryň hyzmatyna uran döredijileriň sany sanap çykardan kän boldy. Öz ykbalyna kaýyl bolup, hiç zada goşulman, ýarym garyp oturanlaryňam sany şolaryňkyça bolmasa-da, garaz ýeterlik bbolandyr. Il-gün, ýurt bilen bilelikde, şol zatlaryň arasynda serimsal bolup ýörşüme menem nägerek-eýle döredijiligimi dowam etdirýärdim. Şol zatlaryň arasy bilenem Prezidentiň adyna ýazan hatymyň jogabyna garaşýardym. Jogap welin gelmedi. Hatda, beýleki edaralardan gelşi ýaly: «Hatyňyzy aldyk» diýen resmi kagyzjagazam gelmedi. Edil guýa gaçan ýaly. Şeýdip ol gyşam geçdi. Ýaz geldi. 1996-njy ýylyň 5-nji aprel günem gurluşygy dowam etdirmek hem-de, garaşmakdan, sistema bilen uruşmakdan ýaňa halys ýadan beýnime dynç bermek, petiş şäher howasynyň demgysdyryjy zulmundan az-kem aýňalmak üçin ýene-de oba gitdim. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |