14. EKIN
Bu ýyl meniň ekin ekip ýeriň süýjüligini barlap görmek hyýalym bardy. Dogry, suw ýagdaýynyň kyn bojakdygy görnüp dur, şeýle-de bolsa gurluşygy biraz soňraga goýdum-da, wagt ýitirmezlik üçin, barşym ýaly ýere ýapyşdym. Ýegenmyrat özüniň täze alan hususy traktoryny iberip ýerimi agdartdy, joýalaryny çekdirdi. Maňa diňe rejeläp, ekişe taýýarlaýmak galdy. O zatlaram etdim-de, gawun, garpyz, kädi, şeýle-de badamjan, bolgar burç, mäş ýaly huruşlyk ekinleden ekdim. Edil şol wagtam Tejen-Sarahs-Maşat demir ýolunyň açylşy boldy-da, Orta Aziýa döwletleriniň we Eýranyň Prezidentleri Sarahsa ýygnandylar.
Ýöne, şonuň öň ýany Prezidentleriň haýsy ýol bilen, haýsy tarapdan, ýagny Aşgabatdan maşynly gaýdyp Tejeniň üsti bilen, geljeklermi ýa uçarly gaýdyp etrabyň gündogaryndaky näme üçin gurlandygam näbelli, gurlup gutarandan soňam ulanylman, tozyp ýatan uçargähe gonup, şol tarapdaky ýol bilen, Oraz Salyr adyndaky daýhan birleşiginiň üstünden geçip geljeklermi bilibilmän elewreşip ýörüşleri ýadymda. Sebäbi, Prezidentler haýsy ýol bilen gelseler, olaram şol ýoluň ugruna serenjam bermelidiler. Gül ekmelidiler, bag nahallaryny oturtmalydylar. Ahyram bellisini bilibilmän, ätiýaçdan şol ýollaryň ikisine-de serenjam berip başladylar. Şol döwür bugdaý hem-de bag ekmek kampaniýasynyň başlan ýyllarydy-da, Prezidentleriň gözleri gök maýsa düşüp göwünleri hoş bolar ýaly ýollaryň ikisiniňem iki gyrasyna-da gyr-gyssag bugdaý ekdiler, iki gün galanda bolsa düýbünden suwsuz ýere, hersine nijembir müň manat harç edip, nijembir müň düýp gök pürlüje agaç nahallaryny oturtdylar. Gury guma süsdürilen göm-gök pürlüje nahallar tama edilişi ýaly myhmanlar gelip-gidýänçäler gaýrat edip, syr bildirmän oturdylar-da, soňam ýeke-ýekeden saralyp-solup başladylar. Şeýdip, ýüz-müňlerçe manat guma garyldy. Ýele sowruldy. Ýalňyşmaýan bolsam şol nahallaryň puluny «Sowetabat» gaz käni töläpdi.
Prezidentleriň geljek güni iki ýoluňam gyrasyny mekdep okuwçylaryndan doldurdylar.
Tejen ýoly maňa ýakyndy we günuzyn günüň aşagynda durup ýadan okuwçylar, mugallymlar gezek-gezegine topar-topar, tapgyr-tapgyr bolşup meniňkä suw içmäge geldiler durdular. Daňdandan bäri Güne göýdük bolup, aç-suwsuz duruş;aryndan zeýrenişdiler. Birinji güni olar şeýdip, öýläne çenli durdular, emma Prezidentler gelmediler. Ertesi irden olary ýene-de şol ýere dikilgazyk etdiler. Öýlän bolubeende okuwçylar toplum tutuşyp, ygym-sogum bolşup meniň deňimden, gaýraky oba tarap geçişip başladylar. Men olardan: «Nätdi, hiý, görübilen zadyňyz boldumy», soradym. Olaryň biri: «Men gördüm! Rafsanjanyny gördüm! Aeroport tarapdan gelýän awtobusyň aýnasyndan bize bakyp oturan ekeni», diýse, başga biri: «Goýsana how, hiý. Prezidentem bir awtobusa münermi-aý» diýip gyjyr-gyjyr etdi. Üçünji biri bolsa ýeňsesini tüňňerdip barşyna: «Aý, iki günläp oýnatgy bolduk-laý, gören zadymyzam ýok-laý», diýdi.
Prezidentleriň haýsy ýoldan, nämeli, haçan geçendigiklerini menem bilemok. Sebäbi ol gün men joýalaryma suw tutup ýördüm. Suwuň gelşi bolsa tersdi, ýagny, pesden beýige tarapdy. Häli-şindi hanasyndan agyp heläk edýärdi. Dogry, men ony başda gaýraky ene ýabyň öz deňimdäki raýyşyndan çirtip alan bolsam beýle boljagam däldi, azarsyz-bizarsyz akjakdy, mellegimiň dik depesinden guýjakdy, emma men onuň hysyrdysyny köpräk gördüm-de, arka ýüzümdäki goňşymyň üstünden, taýyn okdan aldym. Goňşym muny ýokuş gördi diýib-ä biljek däl, ýöne, ikirjiňlenip durşuna: «Suwy ýöretmek kyn-a bor», diýdi. Diýşi ýalam boldy. Meniň ýerim onuňkydan beýikde bolansoň, başda köne joýalaryň ugry bilen sürsemem, öz ýerime getirýänçäm oky barha çuňlaşdyrmaly boldy. Şonuň üçinem, suw meniň mellegime girip, joýalara ýaýraýança mazaly çişmeli bolýardy we goňşymdan gaýdýan oka agram salýardy. Netijede kä o ýerinden, kä bu ýerinden agyp, onuň ýerini gark edýärdi. Ondanam geçip, ýola gidýän wagtlaram bolýardy. Okdan agdygam çişgin peselýärdi-de, meniň ýerime çykmasy kesilýärdi. Şonuň üçinem men barha okuň raýyşyny beýgeldýärdim, ýöne, şykgy palçykdan galdyrylan raýyş indiki suwa çenli tarkyş-tarkyş ýarylýardy. Tarkyşlaryň her bölegi bir gujak, her jaýrygyna-da ýumruk sokaýmaly. Ol jaýryklaryň hemmesini palçyk bilen bitäp çykmak bolsa mümkin däl. Sebäbi, olar iňňän köp. Tutuş raýyş jaýryk-jaýryk bolup ýatyr. Prezidentleriň gelen günem men şeýdip, ok bilen joýalarymyň arasynda ylgap, edil ykbalym ýaly, ters akýan suw bilen ýakalaşyp ýördüm.
Edil şol wagtam bir ýerden ýegenim Nurgeldi peýda boldy-da, tä, suw tutup bolýançam gapdalymda dik durdy. Ol obada ýaşaýardy we häli-şindi gelip menden habar tutup durýardy.
Şondan soň men okumy üýtgetdim. Öz deňimden, ene ýabyň özünden aldym. Şeýdibem artykmaç aladadan dyndym. Başda şeýden bolsam welin, meniňem şol gün ýola çykyp, delje Prezident göräýmegim ahmal ekeni. Her niçik hem bolsa etraba demir ýoluň gelmegi ýerli halk üçin bähbitli boldy.
Iň bärkisi ozallar etrap alyjylar jemgyýetiniň sement, agaç, şifer, hek, demir ýaly gurluşyk serişdelerini saklaýan ammarlary Tejende ýerleşýärdi. Harytlar şol ýerde otludan düşürilip şol ammarlarda saklanýardy. Her kim gerek zadynyň puluny şu ýerde, alyjylar jemgyýetiniň kassasyna tşläp, eli petekli, ýörite maşyn tutup Tejene gidýärdi we şäheriň içinem hasap edeniňde üç ýüz kilometre golaý ýol geçip, bir günüň dowamynda zordan yzyna gaýdyp gelýärdi. Indi bolsa şol zatlaryň barysy otly bilen etrabyň göni özüne gelip düşýär. Bu az utuş däl. Sarahs-Maşat demir ýolunyň halkara ähmiýeti ondanam uly. Türkmenistayň özünden başlap tä, Hytaýa, Ýaponiýa çenli bolan ýurtlar üçin pars aýlagyna, Eýran üçin bolsa şol döwletleriň ählisine ýol açyldy. Üstesine Aşgabatdan ýolagçy otlusam gatnap ugrady. Bu-da etrap ýaşaýjylarynyň maňlaýyndan diredi. Şol hözüri meniň çagalarymam gördüler. Arly tomus, gezek-gezegine otluda gatnap, meniň öz mellegimde ösdürip ýetişdiren gawun-garpyzlarymdan, onda-da biýaralaryň içinden özleri tapyp, saýlap, ýolup alyp iýdiler. Şeýdip iýseň mähriň ganýar. Bazardan satyn alyp iýen önümleriňden gözüň doýmaýar. Ony öz eliň bilen ýetişdirmekligiňem özboluşly lezzeti bar. Men şojagaz lezzeti şäheriň elli ýylky eşretine bermen. Joýalaryň içinde hysyrdanyp ýörşüňe bedeniň birneme ýadaýanam bolsa günsaýyn ese-boýa galyp barýan gökje gämikleriň göwün göteriji höwesi şäheriň tüsseli howasyndan ýaňa lejigen beýniňe tanyş üsti bilen gözlenýän gyt-gyt dermanlaryň ençemesinden gowy täsir edýär. Dynç berýär.
Dagy näme, uly höwes bilen ýere çigit taşlarsyň, bir hepdedenem dürterişip çykyp ugrarlar. Soň iki gulak, üç gulak bolarlar. Telpeklärler. Gol ýaýaradarlar. Gülläp başlarlar. Birdenem güldüýbi naýçajyklar görnerler. Edil gözüň alnynda ulalyp başlarlar. «Ýüz günde üzgün» diýlişi ýaly, ekeniňe üç aý diýende-de çagalaryňa gemretgijik ýolup berersiň. Hä diýmänem, agtyjyklaryňa niýetläp ir eken kyrkgünlikleriň, zamçajyklaryň saralyp başlar. Pomidoryň, bolgar burçuň, badamjanlaryňam ýetişer. Hemmesinem bazaryňky ýaly dermanlymyka, dermansyzmyka, diýip ünjüli däl-de, arkaýyn iýersiň. Tä güýz düşýänçä öz çeken zähmetiň rehnetini görersiň. Özüňi topraga has golaý duýarsyň. Ony özüňe mähriban ene dek hossar saýarsyň.
Aşgamlaryna bolsa daşardaky sekiniň üstüne düşek atarsyň-da, çiň-arkan düşüp ýatyşyňa üstüňe gerilen gara mahmal kimin ýumşaksy, ümmülmez asmany, onuň ýüzüni nepis hünjüler dek bezäp duran sansyz ýyldyzlary synlarsyň. Başujyňda gürläp duran radiodan bolsa merkezde bile tirkeşip, duz-emek bolşup ýören dost-ýarlaryň tanyş-bilişleriň sesi gelip durandyr. Biri goşgy okaýandyr, ýene biri garabaşynagaý bolup kimdir birinden interwýu alyp durandyr, başga biri bolsa gadagançylykdan ýaňa dagy näme etjegini bilmän, oragy, gaňňanyň gürlügini nädip ýasamalydygy, tahýany nädip biçmelidigi, nädip tikmelidigi, nähili nagyşlar salmalydygy, çapadyny, gatlamany, byzmygy nädip bişirmelidigi, tamdyry nädip salmalydygy baradaky hamala diýersiň milli meseläni gozgaýan haýsydyr bir gepleşigi alyp barýandyr. Ine, şonda özüňi olardan üzňe duýmakdan ýaňa ýüregiň azajyk ynjap gider, özüňi birhili oýundan çykarylan adam saýarsyň, basym aralaryna dolanyp barjakdygyň barada oýlananyňdan soň bolsa az-kem ynjalarsyň.
Ýyldyzlar welin tä, daňdana çenli, edil ýer eýesi daýhan ýaly hysyrdanar ýörerler. Ilkagşam maşrykda göreniň aladaňdanlar magrupdan çykar. Ýedigeniň yzyndan at salyp gelýän Ülker ilki gündogar gözýetimde görnüp, soňam dik depäňe çykar. Ýedigen welin ýetdirmez. Al salar-da, aýlanyp-öwrülip demirgazyk-günbatar sary ýüwrer we gözýetimde ýiter gider. Kiçi ýedigen bolsa edil seýislenýän at ýaly gazygynyň daşynda aýlanyp durandyr. Tomsuň ýanar yssysyny bäş-üç gün öňküdenem beter jokraýdyp, soňuny salkyna ýazdyrýan Üçýyldyzdyr – Ýaldyrak göwnüňe bolmasa juda köp garaşdyrar. Yssydan ýaňa halys essi giden adamlar otursalar-tursalar şolaryň haýsysynyň haçan dogjakdygy, haýsynyň ir, haýsynyň giç görünjekdigi barada irginsiz gürrüň ederler. Iýulyň soňy, awgustyň başy bolaram welin, daň säher çaglary gündogar taýdan, gezek-gezegine göz gypyşyp, şol arzyly ýyldyzlar görnerler. Şol döwür adamlaryň esasy gürrüňi «Üçýyldyzyň galgyny», Ýaldyragyň ýangyny», barada bolar. «Üç ýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda gün sowar» diýen ýaly ýylyň-ýylyna gaýtalanyp, leji çykan nakyllary sen ýene-de her baran ýeriňde, öwran-öwran eşidersiň. Ekenje ekiniňi şol ýyldyzlaryň ýelgininden alyp çykmak üçin ýüzüňi gara ýanyk edip, eliň pilli ýap boýnunda iki ýana elewrärsiň. Hatda, goňşy obalaryň skwažinalaryna çenli suw dilegçiligine gidersiň. Diläp alan bir gulak, ýarym gulak suwuňy ýalta eşegi iden ýaly öňüni ardyp, gerşine kakyp köne ýabyň içi bilen ýaňy bir ekiniňe golaýladarsyň welin, galyň-galyň heleýler pillerini çoçjaýdyşyp öýlerinden çykarlar «Suw geldi-de, suw geldi» bolşup mellekleriniň gulaklaryny açarlar. Alys ýerden ýörite diläp getirendigiňi aýdyp, suwa degmezliklerini haýyş edersiň. «Hoş» diýerler. Ýanlaryndan gidersiňem welin idip barýan suwuň mellegiňe ýetmänkä kesiler. Dolanarsyň. Gulaklary ýeke-ýeke gözden geçirersiň. Ahyram bir gizlinräk ýerde açyk duran gulagyň üstünden bararsyň. Siltenjiräp, bekläp durşuňa az-kem gatyrganarsyň. Gulak eýesi heleý bolsa göwni bir ýaly gaşlaryny gerip, gözlerini süzüp, eginlerinem ýaýkyldadar-da, bäbek «huwwalaýan» ýaly güňleç hem süýkeşik owaz bilen: «Aý, çaga-çuga dagy açandyr-da, biziň-ä habarymyzam ýok» diýer. Gitdigiňem şol bir öňki hereket gaýtalanar. Özlerem edil bilgeşleýin edýän ýaly birini garawullasaň beýleräkde başga biri gulagyny açar.
Şonuň üçinem, men soňabaka suw tutjak günüm ýegenim Nurgeldini obadab çagyryp getirerdim-de, ony mellekde goýup, özüm tä ekinlerem suwdan ganýança elim pilli ýabyň raýyşynda iki baka gatnaýardym.
Şolar ýalyda aýallar meniň irginsizligimden öler ýaly basylýardylar we: «Häý, gelmän geçen murt...» diýşip, yssa çydaman gezek-gezegine öýlerine girip gidýärdiler.
Çünki, ençeme wagt bäri öýden çykman oturan tosun, semiz heleýleri uky basmarlap ugraýardy şondan artyk gulakda durmaga kararlaram ýetmeýärdi, rogwatlaram çatmaýardy.
Ekiniň suwsuzlykdan başga gurçuk, kekene, ak möjek diýen ýaly ýagylaram bar. Aladasyndan ýaýdanmasaň, däri-derman tapyp wagtynda «em» edibilseň o zatlaryňam garşysyna göreşip bolýar, ýöne, tomus aýlaryna mahsus ýel diýibem bir nägehan bar welin, ana, şol eýgertmän heläk edýär.
Ol edil raspisaniýeli ýaly her gün günortan sagat ikiniň ýary bolýaram welin, demirgazyk tarapdan, Tejeniň awtobusy bilen bir wagtyň özünde peýda bolýar we tä, agşama deňiç gözüňem açdyrmaz, dyngysyz «şuwlap», «howlap» gulagyňam kamata getirer. Ine onsoň oturansyň çatmaňdan çykybilmän. Jaýa girseň bolsa yssy janyňy alyp barýandyr.
Agşam düşerem welin, «tapba» ýatar. Çybyn turar. Gündizki bol ýelden drmanlygam tapdyrmaz. Dünýe-älem dymar. Dym-dyrslykdan ýaňa jebegäň daralar, ýüregiň gysar. Gündizki yssy bilen ýeliň gatyşygyndan elhenç bir petiş howa emele gelr. Her biri torgaý ýaly, aýaklaryny sallaşyp, gan sorguç çüňklerini çommaldyşyp daşyňda irginsiz aýlanýan çybynlaryň «jyňňyldysyndan», allaowarralardan geçip barýan maşynlaryň «güwwüldisinden» başga ses-üýn eşidilmez. Mahlasy peşehaň bolmasa ýa şemal öwüsmese uzynly gijäni kakynyp geçirersiň, mazasyny bilmersiň.
Ýeliň arasy bilen, her günde telim gezek, sary kak ýaly burum-burum towlanyp tüweleýem geler. Aýagy ýerde, başy asmanda tumşugyny dik ýokary tutup, hasanaklap gelşine gözi bar ýaly göni biýaradyr-pazylly joýajyklaryň üstünden sürer. Terne gözleýän ýaly ýaprakaryny demine sorup, gollarynyň birini beýläk, beýlekisini eýläk zyňyp buýr-bulaşyk eder, şapyrdadyp gaňrar, şatyrdadyp döwer, güllerini döker. Köki bilen soruraýmabilseýdir, diýip, gara janyň galmaz.
Şonuň üçinem, her gezek tüweleýiň garasy görnenden ylgap öňünden çykanymam biýaralaryň üstüne howala bolup, kükregimi şoňa tarap gerenimem, aýalarymy ýaýyp tüweleýi saklamaga synanyşanymam bilmän galýardym.
Tüweleý welin ýeke bir biýaralary däl, özüňem it alan sanaja dönderer. Gözüňi ýumup ýetişseň zor boldugyň. Atasyndan utanýan çaga ýaly duransyň ýüzüňi tutup. Ýöne, uzak durubam biläýmersiň. Usullyk bilen eliňi ýere diräp, dyzyňa çökäýmeseň, ýa ýüzin, ýa arkan ýandakly pelleriň içine ýazar goýberibiýr. Şeýdip ýörşüne ol tutuş mellegiňi bulam-bujar eder. Çatmaň-a indi daşarda duran zat welin, hatda jaýyň içine çenli tot-tozandan doldurar. Şeýdip barşyna suw howzuň başyndaky gulpy ýüpli setiliňem garbap alar-da, bagryna basar, soňam hamala suwdan ganmakçy bolýan ýaly al-asmanda galgadar. Soň bir wagt gözüňi açsaňam setiliň tüweleý bilen bilelikde goňşy-golamlaryň işiginde ala-zenzele turzup ýörendir. Ol ahyr bir ýerde bir zada ilişip tüweleýden galar. Sen ony soň, özüň bir ýerlerden tapyp getirersiň ýa-da: «Goňşy şu setil seňki-hä däldir-dä hern-ä», diýip kimdir biri getirip gider. Tüweleý mazaly gözden ýitensoň yraň-daraň ýeriňden turarsyň-da, biýaralaryň bulaşyk gollaryny düzedişdirersiň, soňam uludan demiňi alarsyň-da, biraz dynç almak üçin, tüweleý zerarly içi tot-tozandan dolan, Çingaçgukyňka meňzeş çürrüjek çatmaňa girip gidersiň. Tüweleýe görä kän-kän arkaly ekendigi üçin, ýeliň görkezýän görgülerine kän-kän şükürler edersiň.
Egerde başda ekiş döwürleri joýalaryňy şonuň geljek ugry bilen ugrukdaş gazan bolsaň gawundyr-garpyzyň gollaryny ýel öz badyna raýyşyň üstüne ýazýar, gidiberýär, keseleýin gazan bolsaň welin, onda ol biýaralaryň gollaryny tüweleýe-de ýetirmän, gelşi ýaly joýanyň içine gapgarýar ötägidýär. Suwa batan ter hem näzik gollar bolsa, yssy howada ur-tut çüýremek bilen bolýar.
Ýene bir kynçylyk bar, o-da eýelem bolsa eýesiz gezýän sygyrlar bilen bagly. Ýagny, öri ýokdugy sebäpli, töwerekdäki öňden oturymly hojalyklaryň, esasanam ýabyň gaýra ýüzünde ýerleşýän obada ýaşaýanlaryň ählisniň sygyrlary sergezdan gezýärler. Mellegiň daşyna aýlamasaň-a hiç kimden gaty görübem oturmaly däl, sim aýlaýanyňda-da, gije-gündiz eliň taýakly häzir bolup durmasaň peýdasy ýok. Galyň-galyň sygyrlar simiň bir ýerinden kellelerini sokuşypp, bir ýerinden döşleri bilen itip, garabaşynagaý bolşup ýörendirler. Eýelerem: Gel-aý, öri bolmaýanynda-da hem-ä sygrym hezil eder, agşam süýtlüje geler, hemem goňşylarymyň gulagy dynar, diýip, öňüne salaga-da, obadan çykaryp goýberäýmezler, ýa-da beýdip göz-görüm edip ýörenden ot-iým şaýymy tutaga-da ýatakda saklaýaýyn diýmezdiler. Ýüpden boşadaga-da, sagrysyna kakyp kowar goýberibirler seň üstüňe. Beýtmäň», diýseňem: «Daşyňy oňar, seň iki düýp gämigiň ba diýip men näme malymy aç saklaýynmy», diýer. Şondan artyk seň bilen gürleşesem gelmez.
Şu ýagdaý düýe, goýun, geçi, towuk, ördek saklaýan goňşular bilenem häli-şindi gaýtalanyp dur. Şonuň üçinem, «pylanynyň pylan maly ogurlanypdyr» diýseler, ekinli bendeler gaty bir gynanybam baranoklar. Gaýtam: «Hä şol-a bolaýypdyr, bir aladadan-a dynaýypdyrys» diýşip, heşelle kakyşýarlar. Netijede, ogurlyk eden adam hamala sogap iş eden adama öwrülýär duruberýär.
Men-ä indi myhman adam bolamsoň nägerek – eýle gaharymy ýuwdup oňaýýan welin, has jany ýananlaryň garakçy sygyrlary käte sowuk ýarag bilen garşy alaýdyklaram bolaýýan ekeni. Gürrüň bermeklerine görä, halys degnasyna degen bir ýigit bir gün çemini tapaga-da dört dişli ýabagy sokupdyr şolar ýaly sergezdan sygyrlaryň biriniň böwründen. Yzyna çekmäge welin ýetişmändir. Sygyr-a elem-tas bolup eýesiniňkä tarap gaçypdyr, o ýigidem dilini bir gulaç edip eňipdir sygryň yzyndan. Ýatagyna barşy ýaly sygyr «güpür-tapyr» ýykylypdyr, o ýigidem bir aýagy bilen böwründen basaga-da, çarşagyny sogrup alypdyr-da, sessiz-üýnsiz gaýdyberipdir.
Şeýle wakanyň bolup biljekdigine men ynanýan, ýöne, şol ýigidiň ýabagy hakykatdanam şol sygryň böwrüne sokandygyna welin hiç ynanyp bilemok. Çünki olar, eldeki oba malydygyna garamazdan edil çöl keýigi ýaly şeýle bir çus. Sarç. Golaýlaryna barjak gümanyň ýok. On-onbäş ädim aralyk galandan, «jyzzynlap» gaçmak bilen bolýalar. «Gel-aý, şuny awundyryp bir galaýyn-la», diýip, ýerden kesek almak üçin egilersiňem welin, sakga durarlar-da, gözlerini ýumup, tumşyklarynam diň-gögüne tutarlar-da, başlaryny eýläk-beýläk bularlar, tutuş göwreleri bilen iki baka buruljyraşarlar. Bu olaryň baran ýerlerinden «ýüz tapman», kowula-kowula, urula-urula, gypjyn-gypjyn bolandyklarynyň alamaty. Seniň gyjyna-gyjyna zyňan daşyň welin olaryň beýle ýanlaryndan geçip gider. Ikinji gezek zyňmaga bolsa ysgynyň ýokdur. Içiňi tutup, «has-has» edip oturansyň. Sygyrlar welin aňyrrak bararlar-da, sakga saklanarlar, «nätdi, için ýandymy», diýýän ýaly saňa tarap gaňrylybraga-da serederler, kem-kemden yzlaryna öwrülerler-de, «gel-aý, şuň bilen bellisini edeýin-le, diýýän ýaly, ýene-de saňa tarap gaýdarlar.
Umuman, şol sygyrlary ýerli adamlar «alym sygyrlar» diýip atlandyrýarlar. Çünki, ekine girmek üçin olarda şeýle bir emel kän welin, olar ýaly zatlar hakykatdanam alym bolaýmasaň adam bolaýanyňda-da kelläňe geler ýaly däl. Mellegiň daşy germewsiz ýa çalamydar germewli bolsa-ha olaryň güni gelýä. Islän wagtlary arkaýyn girýäler, iýýärler, göwün solpudan çykybam gidýärler. Niçikmi, ekiniň daşy berkmi, onda olar öňürt-ä biri-birleriniň yzyndan setire düzülip, ekiniň dört tarapyna-da aýlanyp çykýarlar. Ýagny, «razwedka» edýärler. Ahmalrak ýerini gözleýärler. Tikenekli sim aýlanan bolsa az-kem çekinýärler. Ýalaňaç sim bolup, o-da el-halrak bolsa welin, aşagyndan sümüläýär ýaly salpy-sulpyrak ýerini tapýarlar. Şondan soň olaryň biri öňe çykýar-da şahy bilen iň aşaky simi ýokary göterýär. Galanlaram ýegşerilibräge-de, sümülip geçýärler. Hemmesi geçip bolansoň içine girenleriň iň soňkusy yzyna öwrülýär-de, daşky sygryň şahy bilen saklap duran simini öz şahy bilen iç ýüzünden saklap durýar. Şeýdibem daşarda galany içine salýar. Ine, onsoň sonar ýatan ekinden iýibermeli, tä, eýesi taýakly elem-tas bolup gelýänçä.
Iň aşaky simi şah bilen galdyrara maý bolmasa, ýöne, arasy birneme açygrak bolsa, onda, ýeke-ýekeden ýanyn ýatyp aganaklap geçýän gezeklerem bolýa. Eger-de ekiniň daşyna torly sim aýlanan bolsa onda olaryň biri öňe çykýarda, özüni gapdallaýyn goýberýär toruň üstüne. Tor ýa-ha süýnýä, ýa-da agajy bilen bilelikde agyp gaýdýa. Halys geçip bolmaz ýaly berk mellek bolsa, onda simiň gyrasynda hatara durýarlar-da, hyýallarynda şol ekine girýälermi, iýýälermi bilemok, günuzyn gözlerini süzüp, ekinçilige tarap tiňkelerini dikip, imtiliňip durýalar. Ahyram: ýeri, iýdirmejek bolsaňyz nämä ekýäňiz muny, diýýän ýaly ekin eýesine tarap soragly nazarlaryny dikýärler-de, guýruklaryny bulaşyp, ýaýkanjyraşyp, ýataklaryna bakan gidiberýäler.
Ertesi gelip ýene şol hereketlerini gaýtalaýarlar.
Mellekden çekilşip, boş duran ala meýdanda ýygnanyşmak, ekine şol ýeden tomaşa etmek sapalaram bar. Özlerinde-de hemmesi tarapyndan gyşarnyksyz berjaý edilýän berk düzgün-nyzam bar. Gözleriniň gytagyny käte bir daşy berk içi çemenzarlykly mellege tarap aýlaşyp, gaty ýerde enteşip ýörendirler welin, nämüçindigini bilmersiň, birdenkä, esasanam guşluk wagtlary biri sakga durar. Ony görüp beýlekilerem duran-duran ýerlerinde doňarlar. Telim sagatlap käte bir galgap gidýän guýruklaryndan başga göwrelerinde gymyldy-hereket bolmaz. Günortanaralar bolaram welin, başda sakga duran sygyr «haş-ş» ederde, tapyr-tupur ýatar. Beýlekilerem şeýderler. Günortanyň tüp yssysy halys egbarladyberse-de «hykda-çok» ýerlerinden galarlar-da, süýrenjireşip, kölegesinde saýalar ýaly eýesiz jaý gözläp ugrarlar. Ýöne, näme, eýesiz jaý-a az, günortanyň kölegesi bolsa kelte. Olaram köpçülik, sähel-mähel kölegä sygarlykly däl. Ýöne, olar o ýagdaýdanam baş alyp çykýarlar. Ýagny, kölegä diňe kellerini sokýalar duruberýäler.
Bu irkilişik öýlän sagat üçlerde, käte bolsa dördüň ýarlarynda tamam bolýar. Şondan soň olar haýsy hojalyk günortan topbagy bilen uklaýan bolsa şonuň mellegine tarap yrgyldaşyp ugraýarlar. Kimiň haçan ýatyp, haçan turýanyny bolsa olar birinden sorap bilmeli däl. Amerikan sakgyjyny çeýneýän agras täjir ýaly gäwüş çalyp, mytdyldaşyp baryşlaryna käte bir saklanyp daş-töwereklerine seredişýärler, diňşirgenişýärler, soň ýene-de ýollaryny dowam etdirýärler. Baryp ekiniň daşyndan aýlanyp başlaýarlar. Öz emelleriniň haýsam bolsa birini ulanybam girýärler. Ine, onsoň men ýaly çatmada oturanyň ýa geçip barýanyň biri görüp eýesine habar beräýmese, bir sagadyň içinde bir bendäň telim aýky azabyny reýgan edýäler. Mal eýeleri bolsa ýap boýnunda ellerini bykynlaryna urşup, sykylyklaşyp durandyrlar, «Sygrymyz bu gün-ä süýtlije geläýse gerek», diýşip.
Men özüm gözüm bilen gördüm diýsem-ä ýalançy, ýöne, aýdyşlaryna görä käbir jany ýananlar ekinine giren sygyrlary tutup böwrüne: «Binamys! Sygryňa eýelik et!» diýip ýazybam göýberýärmişinler. Emma ertesi ol sygyr beýleki böwri: «Özüň binamys! Binamys bolmasaň daşyňy berkit! diýen ýazgyly gaýdyp gelläýýärmişin.
Mellegimiň daşyna tikenekli sim aýlanandygy üçin, men-ä dogrusy ol azaplardan halasdym.
Ýöne, şu ýerde meniň şol ýerdäki goňşularym barada hem bäş-üç agyz söz aýtmagym gerek.
Gabat garşymdaky, ýagny, günbatar tarapymdaky goňşym iki-üç çagaly çatynja. Daşgynrak guda garyndaşymyz. Är-aýal ikisiniňem adamçylygy gowy. Tä, özümiz howuz gazýançak biz suwy şolardan içdik. Çünki, olar ol ýerde öňräkden bäri otyrlar. Ekinleri, bag-bakjalary bar. Mellekleriniň daşy berk. Iki sany ýortmança ogullary bar. Olar meniň dostlarym. Sebäbi ol töwerekde bile oýnar ýaly özleri bilen deň-duş çaga ýok. Men bolsam hemişe çatmamyň ýa mellegimiň içinde. Öý eýesi ýigit etrap merkezinde ýangyn söndüriji bolup işleýär. Uzynak hoşgylaw ýigit. Kakasy ir döwür raýon milisiýa bölüminde awtoinspektor bolup işlärdi. O-da gowy adamdy. Gelni etrap hassahanasynda wraç bolup işleýär. Gatnaşykly, oňşukly alçak gelin. Men ony adyna görä, Sona gelin diýip atlandyrdym.
Demirgazyk goňşymyň adamsy milisioner. Özi ýalta. Ýatak. Meleginiň daşy gowşak. Günortanaralar ýatyrka mellegine sygyr girse-de turup kowmaýar. Gygyrsaňam, baryp oýarsaňam turmaýar. Bir gezek iki egninden tutup dik ýokary galdyrsamam gözüni açmady. Goýberişim ýaly şalkyldap arkan gaýtdy-da, ýere ýazyldy ýatyberdi.
Sygyrlary bolsa bialaç özüm kowmaly boldum.
Ýöne, onuň gelni welin, oňa görä kän işeňir. Haçan görseň eli pilli ekiniň içinde hysyrdanyp ýör. Bir gezek ol menden: “Näme üçin meň biýaralarymyň düwenokka” diýip sorady. Menem ýarym degişme bilen: Biýaralary gorkuzmaly, daňdan turup, eliň pilli üstüne abanmaly-da, haýbat atmaly” diýdim.
Şondan soň köp wagt geçmänkä, alagaraňkyda turup aýak ýoluna barýarkam şolar tarapdan howatyrly, ýöne ýuwaşja çykýan aýal sesini eşitdim. Diň saldym. Soň golaýrak baryp seretdim. Görsem, goňşy gelin eli pilli joýalaryň gyrasynda durşuna: “Näme üçin düweňok? Hä? Düwmezmiň? Düwjek dälmi? Düýbüňden pili salaýaýynmy häli? Ýa köküň bilen sogrup sygyrlaň öňüne oklaýynmy? Hä? Hm? Ýa düwermiň? Bolýa onda, ertire çenli düwmeseňiz baryňyzy “kyhlaryn” diýip, daş-töweregine haýbat atýardy.
Soň onuň biýaralary düwdümi ýa düwmedimi bilemok, ýöne oýun edip sada görgülini azara goýandygym üçin bijaý gynandym.
Ol gelni men öz adyna görä, Akja gelin diýip atlandyrýardym. Olaryň ýaňy bir aýak bitenje oguljagazlary bardy. Käte öý eýesiniň kakalary ejeleri gezmäge gelýärdiler. Olar ýaşuly adamlar. Ol goňşymyň dogan-garyndaşlary köp. Tutuş ýabyň boýuny tutup, özbaşlaryna bir syrgyn bolşup otyrlar.
Üçünji, gündogar ýüzümdäki goňşym köne obadaşlarymyzyň biriniň ogly. Özi traktorçy.
Ol ýuwaş, oturyşmak-turuşmak üçin gowy, hyzmata gaýym ýigit. Öz traktory bilen ýerimi rejeläp berenem şol.
Ýaş çatynjalardyklaryna garamazdan, ýaşňyşmaýn bolsam dört-bäş çagasy dagy bardy. Hemmesem çülpe. Gelin öý hojalykçy. Sona gelinlere suw almaga gidende sozanda-guýruk bolşup jüýjejiklerem onuň yzyna düşýärler. Özi Sona gelinlere ýetende gyrmyl-gyrmyl edip soňy ýaňy bir öýden çykýar. Özem yza galandygyna namys edýän ýaly ýol boýy zörledip gelýändir. Ol öýden sähelçe saýlanýança “kerweniň” öňi eýýäm dolanyp gelýär. Bu ýagdaý günüň-gününe gaýtalanyp dur. Şolary görenimde yzyna jüýjelerini tirkäp barýan ene ördek ýadyma düşýär.
Umuman, goňşularymyň gatnaşyklary gowy. Şol döwür töweregimizde şolardan başga goňşy ýokdy.
Ene ýabyň aňry ýüzünden on-ýigrimi sany goýundyr-geçisini sürüp, bir ýaşulyrak aýal her gün irden bize tarap geçýärdi. Gün gyzberende-de yzyna gaýdýardy. Şonda onuň egninde hökman ujyna ýandak ýa başga bir ot iň bolmanda odunlyk gara çöňňür dürtülen ýabak bolardy. Beýle zähmetkeşligi üçin meniň oňa bolan hormatym uludy.
Ýöne, soňabaka ol öz geçidir-goýunlaryny meniň ekinime sürüp grady. Özem edil, jaýyň bäri ýüzünde, ertir kölegede çaýymy içip oturan wagtym sürýär. Ýöne, özi görnenok. Men mellegime girendiklerini duýýançam, mallar eýýäm etjeklerini edýärler. Olar üçin mellegiň daşyna aýlanan sim hiç hili päsgelçilik döredenok. Geçi mal-a kellesiniň sygan ýerinden geçýär. Torlasaňam geçýär. Goýunlaram olardan kem galanoklar. Ine, onsoň kowup başlaýaňam welin ýabyň aňry ýüzünden şol, zähmetkeş daýhanyň ilk-ä sesi, soňam özi gelýär. Ýöne, näme üçindir, sesini çykaranok. Bilmezlikden bolandyr, indi gaýtalanmaz diýip pikir etdim-de, utandyrmazlyk üçin bir bada menem sesimi çykarmadym. Ýöne, bu ýagdaý meni geňler galdyryp, günüň-gününegaýtalandy durdy. Görüp otursam, ol ony bilgeşleýin edýän ekeni. Asyl-ha, meniň şol ýerde ýurt tutunanymam öz ýanyndan gysganyp ýör ekeni. Uwnup-çydaman ahyr bir gün geçilerini ekinime goýbermezligini haýyş edenimde muny maňa onuň özi aýtdy. “bu ýerde körüň ýok, bar, öz obaňa git” diýdi.
Şondan soň meniň ol aýala bolan hormatym gaçdy.
Şol tomus men külbämiň gapdalyndan aşhana, hammam, ambar diýen ýaly gündelik durmuş üçin derwaýys bolan desgalary hem saldym.
...Oktýabryň 1-i güni, gijäniň huptan wagtlary demirgazykdan günorta tarap gykuwlaşyp durnalar geçdiler. Menem: «Durna geçdi duluňy ýap» diýipdirler, diýdim-de, ertesi irden, täze açylan Aşgabat-Sarahs otlusyna münüp yzyma dolandym. Şeýdip daýhançylygyň üçünji ýyly alty aýlyk möhleti hem tamam boldy. Arly tomus ekin başynda oturanam bolsam, men iýenimizden başga ýanym bilen hiç zat alyp gaýdybilmedim. Ýöne, göwnüme bolmasa dört wagondan ybarat Aşgabat-Sarahs otlusynyň içi tutuşlygyna meniň eken ekinlerimiň hasylyndan ýaňa hyryn-dykyn dolup gelýän ýalydy.
Kalbyňy şeýle joşgun gaplap almaz ýalam däl. Çünki, şol ýyl men tutuş ýurduň ykdysadyýetine bir hojalygyň tutuş bir tomus iýjek gök önümine barabar goşant goşupdym. Şeýdip, her ýyl her kim iň bolmanda öz hojalygyny üpjün edip bilse, onda gök we bakja önümleri bilen üpjün edilmän galjak hojalyk tapylmazdy.
Publisistika