05:13 Türkmenbaşy döwri -15: Oba nirä göçdükä? | |
15. OBA NIRÄ GÖÇDÜKÄ?
Publisistika
Assa-ýuwaşlyk bilen, gözümiň öňünde, tarp ýerden dikelen jaýyma, bolşuna görä bol-elin hasyl beren mellegime guwanyp ýörşüme obalarymyzyňam oba adamlarymyzyňam edil öňküleri ýaly däldiklerini, olaryň «ekranda» görnüşleri ýaly ýeke bir daşky sypatlarynyň däl, eýsem içki hüý-häsiýetleriniňem düýpgöter üýtgändigini başda aňmandyryn. Ýöne, soň-soňlar welin akyl ýetirdim. Elbetde, öňki ýol ýörelgeleri, däp-dessurlary saklaýan, özüne-de, il-güne-de hormat goýmaklygy başarýan adamlar ýaşuly nesliň arasynda-da, ýaş ösdürimleriň arasynda-da kän ony inkär edip bolmaz, emma, siňe syn edeniňde welin birnäçe oňaýsyzlykaryň ýüz berendigi mese-mälim bildirip durdy. Iň bärkisi obalarda-da, etrap merkezlerinde-de toýa çakylyksyz, diňe arak içmek üçin barýan belli-belli adamlar bar. Olara bir ýerde toý sazynyň «güpür-tapyry eşidilse bolany. Olar toý dabarasy mahaly kimiň ýanynda, nirede oturmalydygyna çenli öňünden kesgitleýärler. Ýagny, daşdan gelen, delräk ýa etrapda has hormatlanýan adamlaryň golaý-goltumlarynda oturybilseler, arakdan gerk-gübe doýmaga mümkinçilik tapýarlar. Içginiň kemterräk kakyberjekdigini aňdyklaram ýerlerinden turýarlar-da iki ýana hallan atyp duruşlaryna hyzmatçylara tarap gollaryny galgadyşyp: – Ahow! Bu, myhmanlara bir serediň-ä! Öňleri boş-a bylaryň! Getiriň-ä bir zat – diýip, gygyryşýardylar. Hyzmatçylaram ýat ýa hormatly adamlaryň öňünde kemhyzmat görünmezlik üçin, sessiz-üýnsiz arak saklanýan ammara tarap ýumlukýarlar we göz-açyp ýumasy salymyň içinde birküç çüýşe arak getirip, görkezilen ýerde «düňküldedip» goýýarlar. Bardy-geldi hormatlanýan adamlar getirilen araklary içmän turup gidäýseler dagy hälkileriň güni gelýär. Çünki, bir orta gelen çüýşeleri yzyna alyp gidýän ýok. Öňler welin beýle däldi. Duldegşir goňşyň toý edäýende-de, çakylyksyz barmak aýp hasap edilýärdi. Toýuň öň ýany bir oglanjygy ata ataryp, oba arasyna çakylykçy edip ibererdiler. Şol oglanjyk tötänden dagam kimdir biriniň gapysyndan baryp: «toýa baryň», diýmäni ýadyndan çykaraýsa, şol öýden hiç kim toýa barmazdy. Her kim «çagyrma» diýlip sargalan bolaýmasyn diýip iňkise giderdi we «çakylyksyz geldi» diýen ada galmajak bolardy. Öz mertebesini saklardy. Elbetde, wagtyň geçmegi bilen döwre görä hemme zat, şol sanda tertip-düzgün, däp-dessur üýtgeýär. O-ol, atly oglanjygyň ornunam indi akly-gyzyllyja kebelek kimin gaýmalaklaşypjyk ýören çakylyk hatlary, telefon, telegramma ýaly tehniki serişdeler, «göreniňize aýdyşdyryň», diýen ýaly gyssanmaç tabşyryklar eýeledi. Muňa ýalňyş ýa ýaramaz nysak diýip bolmaz, ýöne, keçje ýeri üýtgedip gurmak döwrüniň demokratiýasyny her kimiň özüçe ulanyşy ýaly, şol zatlary hem her kim özüçe ulanýar. Çakylyksyz gelýänleriň arasynda: «stoldan soňam oturýanlar» diýen ýaly has uzynrak lakamlylary hem bar. Mysal üçin, toý eýesiniň eli ýukarak bolsa, märeke-de çak edilşinden köpräk bolsa, toý eýesinne agram salmazlyk üçin, myhmanlaryň aglabasy haýdan-haý turmak bilen bolýar. Netijede, «uzakçyllar» üçin oňaýsyz ýagdaý emele gelýär. Ýagny, ýarym garyn halda örmäge mejbur bolýarlar. Şonuň üçinem, olar ur-tut howla girýärler-de, ýa-ha gazanyň başyna özbaşlaryna, bir çüýşejigi öňlerine alyp, «ümmüldeşipjik» oturan aşpezleriň ýanyna, ýa-da saý-sebäp bilen stola barman, howlynyň bir burçundaky dalbarasty telärde iýip-içip oturanlaryň gapdalyna çökýärler. Juda bolmasa-da arak dileşip ýüregedüşgüç siňek ýaly, toý eýesiniň daşynda perwaz urşup başlaýarlar. Erbet ýeri indi şol kesel ýas ýerlerine hem özüniň ýaramaz täsirini ýetirip ugrapdyr. Ozallar obanyň içinde bir adam ýogalsa, tä, kyrky geçýänçä hiç kim çüýşäniň gapagyny elläp bilmezdi. Dutarlar gabyndan çykarylmazdy. Bu, ýazylmadyk kanundy, her kimiň öz obadaşynyň öňündäki mukaddes borjudy. Indi welin, ýas ýerinde-de hili bir aýat okap merhumyň öňündäki borjuny berjaý edýänden bolşup, ellerini galbir eleýäniňki ýaly iki ýana elendirişip, çaýkanjyraşyp, çym-gyzyl bolan ýadaw gözlerini süzgekledişip, oturanlaryň hetdi-hasaby ýok. Käbir-ä öý eýesini çete çekäge-de, «pohmelligem» soraýar. Şolar ýalyda öý eýesiniň olary kümä salaga-da, «bejerip» goýberýän gezeklerem az bolanok. Däp-dessurlary diýseň hormatlaýan dostlarymyň biri bir gezek: «Höwün pylany öňümden çykdy-da, yraň atyp durşuna garaçyny bilen: «Dogar aý hudaýýoly berjek welin, ýekeje ýeşşik binom ba, ýetermikä, ýetmezmikä», iýip, yzymdanam «hikir-hikir» etdi, men-ä güljegimem bilmedim, gaharlanjagymam» diýdi-de, şol zatlaryň barysyna özi günäkär ýaly, tisgine-tisgine sowuk demini aldy. Ýaşlaryň neşä göýdük bolandyklary barada men entek yzda aýdaryn. Ýöne, şu ýerde has ynjyk, has “wawwaly” meseleleriň ýene biri barada aýdasyn gelýär. Ýagny, biz mekdepde okaýan döwürlerimizem üýşmeleňlerde ini agasynyň, ogul atasynyň oturan jaýyna girip bilmezdi. Bu ýazylmadyk kanundy we ol her kim tarapyndan gyşarnyksyz berjaý edilýärdi. Indi welin, üstüne girmek hakda-ha gürrüňem ýok, ol mukaddes kanun hiç kimiň ýadyna-da düşenok, tersine ogul-atadan, ini-agadan has törde oturýar, onuň bilen çakyşdyryp arak içýär, oňa gezek bermän gürleýär, ýaman ýeri öz gepini gögertjek bolup agasy ýa atasy blen sögüşýän, hatda el gaýtarýan gezeklerem bolýar. Bu ýerde sen agany günäkärlejekmi ýa inini, atany günäkärlejekmi ýa ogly, biler ýaly däl. Elbetde esasy günäkär arak, tertip-düzgüniň üýtgänligi, şeýtanyň rowaçlanlygy, Allanyň kada-kanunlarynyň berjaý edilmezligi. Ýöne, aýagyňy basjak ýeriňi bilmezligem kiçi-girim günä däldir. Şu meselede aga-ininiň, ata- ogluň günäsini geçip bilenok, çünki, bu zatlaryň hasaby ýokaryk, Hudaýa gidýär. Şondan çözülýär. Umuman, ümzük gowulyga tarapa däl. Meniň çagalyk döwrüm Beýik Watançylyk urşunyň yz ýanyndaky kynçylykly döwürlere gabat geldi. Ol döwür halk hordy, ýöne, tertip-düzgün bardy. Her kim öz ornuny bilýärdi. Indi dokluk. Ýöne, sylag-hormat, mertebe ýok. Göwnüňe bolmasa adamlaryň bary Allany unudyp şeýtanyň tarapyna geçen ýaly. Oba ýeriniň zynatyna zeper ýetirýän eli egriliginem hut şol döwür kem-kemden köpelip ugrandygyny aýtmasam zybanym kemjese gerek. Dogry, «il ogrusyz bolmaz», diýen nakyl öňdenem bar. Ýöne, öňler ogry her obada bir ýa iki bolardy. Il-gün onuň kimdigini bilerdi. Ýagyrnysyna «pylan ogry» diýen ýarlygy ýelmärdi. Ondan ýaňa häzirräk bolardy. Meniň diýýän döwrüm welin her obada goňşusynyň, obadaşynyň towgundan başlap tä, sygryna, düýesine çenli ogurlap, ogurlykda tutulyp, jeza çekip gelenleriňem hetdi-hasaby galmady welin, düýbünden oslamaýan adamlaryňdanam egrilik çykaýýardy. Hatda, şol kesapatdan il-güni goramaly organ işgärleriniň özlerindenem şo zelilli zatlaryň çykaýdygy bolman duranokdy. Iň bolmanda olaryň ogry-jümrüleri penalaýandyklary, ogrulygy şolaryň eli bilen edýändikleri barada häli-şindi eşitmek bolýardy. Ogurlyk welin, ýeke bir mal-gara bilen çäklenmedi. «Pylanynyň öýi urlupdyr, wideosy alnypdyr, halysy, egin-eşikleri ogurlanypdyr, maşyny alnyp gaçylypdyr», diýen ýaly gürrüňleriň yzy üzülmeýärdi. Ýaş-ýeleňleriň arasynda öz dogan-garyndaşlarynyň zadyny ogurlamagam ýoň bolupdy. Çünki, özüňkiden alsaň tutulaýanyňda hem basdyrmaga dözmeýärmişin. Galyberse-de: «Seňkä meňzeş zat ýokmy-aý» diýäge-de öwrülip ötägidibermelimişin. Gurlup ýörlen ýa-da içi eýesiz boş duran jaýlaryň penjileriniň gapylarynyň goparylyp işikde duran zatlarynyň göterilip gidilýän pursatlaram az däldi. Soňa baka-ha gije-girim, gapyda duran maşynlaryň benzinini, traktorlaryň solýarkasyny, ýagyny taňkyradyp gitmek edähedem ýüze çykyp ugrady. Munça bolanyna görä, goňşuçylyk düzgüni barada hem aýdaýalyň. Oglankak ejem pahyryň tiz-tizden aýdyp berýän bir rowaýaty ýadyma düşýär. Şol tymsalda bir bendäniň goňşy-golama mylakatly, ylalaşykly, ula-kiçä mähriban eli arassa, ýüregi ondanam päk iňňän adamkärçilikli aýalynyň bolandygy aýdylýar. Ine, şol zenan bir gün dünýeden gaýdyş edipdir-de, aşy-suwy sowlandan soň äriniň düýşüne giripdir. Äri görgüli görse aýalynyň bir beti hüýt garamyşyn. Ol muňa gaty geň galypdyr. «Sen meni käýitmediň, bir diýenimi iki aýtdyrmadyň, dogan-garyndaşlaryň bilen ajaşmadyň, çagalaryňa haram süýt emdirmediň, eneňi-ataňy ynjytmadyň, bu ne ahwalat boldy bi, hany bir beýan et, eşideli» diýipdir. Onda aýaly: «Seň diýýänleriň dogry. Meni Hudaý ýalkady. Jennetden orun berdi. Ýöne, bir wagt, halys zerur bolup, gyssanjyma özi ýok wagty goňşymyzyň bir goltuk odununy alyp tamdyra ýakypdym. Soňam bir söý bilen olary razy etmek ýadymdan çykypdyr. Ana, şol odun Behişdiň bosagasyndan ätlän wagtym ot bolup ýüzüme çabrady. Hälem bolsa sen aýt, goý ol menden razy bolsun», diýipdir. Ertesi turşy ýaly äri goňşusynyňka baryp bolan işi beýan edipdir. Goňşusy onuň aýalynyň günäsini müň mertebe geçipdir. Soň ýene bir gün äri düýşünde görse aýalynyň ýüzi edil diriligindäki ýaly nurana, arassa ekeni. Ine, şol döwür men şolar ýaly goňşyara edebiň hem aýak astyna atylandygynyň şaýady boldum. Ýöne bu ogurlyk bilen bagly däl. Sözümiz diňe tymsal bilen tamamlanmaz ýaly, edil ýokarky rowaýata meňzeş, ýöne hut özüm bilen baglanyşykly bolup geçen bir wakany gürrüň bereýin. Gelenimde, gidenimde gerek bolar diýip, etrabyň tokaý hojalyk edarasyndan hat, Ýegenmyratdanam ulag alyp, bäş-alty ýigidem kömekçi tutunyp, olar üçin birgiden iýgi-içgi harç edip, täze mellegime üç ýarym teležka ýylgyn düşürdüpdim. Şonuň bolaýsa ýarym teležkasyny elten ýylym özüm ýakandyryn ýa oňa-muňa ulanandyryn. Ýöne, soňky tomus gelenimde welin dag ýaly üýşüp ýatan ýylgynyň ýerinde ýel öwüsýärdi. Oduny kimiň alandygyny adamdan soramaly däl. Çünki, ýylboýy sürrelip çekilen ýylgynyň yzy dört goňşumyň birinden öňňesiniň işiklerine tarap ýol ýasap, meseňamälim bildirip dur. Üstesine oba ýeri bolansoň gören gözlerem kän. Olar hatda goňşularyň haýsynyň has köpräk, haýsynyň azrak alanyna çenli aýdyp otyrlar. Bir-ä enesi aradan çykanda tutuş aşyny-suwuny meniň odunym bilen sowupdyr. Dogry, gaýtjak wagtym meniň özümem sypaýyçylyk üçin goňşularyma: “Zerurlyk ýüze çyksa alyberiň ýakyberiň” diýipdim. Ýöne edil alty aýyň içinde beýdip, düýbüne “düw” ekiň-ä diýmändim. Men goňşuçylyk düzgüni boýunça olaryň özleriniň gelip ak ýürekden ötünç sorarlaryna o dünýede ýüzleri ýanmaz ýaly meni razy ederlerine garaşdym. Günäden saplanara maý berdim. Olaryň welin birinden öňňesi hatda salamlaşmana-da gelmedi. Öň organda işläp çykan, has gyňyrak hem ýatak goňşym bolsa üç-dört günden soň ýüzüni hüýt-gara edip geldi-de, diň-gögüne garap durşuna sypaýyçylykly sözleriň dagy üstündenem barman: «Sen ýaşuly odunyňy ýoklananyny diňe menden görýämişiň. Emma bilip goý, seň onyňdan almadyk ýok, il aldy menem aldym. Tak, çto milisiýa aýdaýanyňda-da men geplejek gepimi bilerin, özümi goraryn...» diýip, goňşusynyň üstüne sygyr kowýan zenanlaryňkydanam beter içýakgyç gürrüňleri yzly-yzyna suňşurdy-da öwrüldi ötägitdi. Ol ozal etrap polsiýa bölüminde işläpdi. Bir bulaşyklyk sebäplem aýrylypdy. Meniň oňa nebsim agyrdy. Çünki, başda eýesini razy etmek niýeti bilen alnyp, soňam saý-sebäp bilen unudylan bir goltuk odun, Behişde barýan bir arassa zenanyň betine ot bolup çabran bolsa, onda bilkastlaýyn alnyp, yzyndanam eýesine şeýle gödek daraşylan üç teležka odun, magşar güni ol dikýeňse bendäni gaty kyn günlere salsa gerek. Şonuň üçinem: «Şol odun zerarly şo bendäni ullakan jeza sezewar edäýmäweri, men şonuň günäsini geçdim», diýip, henize bu güne çenli Hudaýdan dileg edýän.Ýöne, nämäni nätmelidigini kimi näme etmelidigini Biribar bizden sorap oturmy näme. Howwa, bir wagtky sähraýy oba durmuşynyň, oba adamlarynyň ýagdaýlary şol wagt gaty bir uly möçberde bolmasa-da şeýleräkdi. Birek-biregi dik duran ýerinde aldap gitmeklik, beren sözüňde tapylmazlyk, «garaş» diýip gelmezlik, «gel» diýip garaşmazlyk, karz pul alyp düýbünden dolap bermezlik, süýthorlyk, goýberen hataň üçin ötünç soramazlyk, hassa ýatan hossaryň halyndan habar almazlyk ýaly adamy has namart, hem pes görkezýän hüý-häsiýetler bolsa adamyň ýetmezçiligidirem öýtdülenokdy. Ine, şu zatlar meni diýseň gynandyrdy. Çünki, oba ýerine hemişe-de köňlüňe aram beriji rahatlyk ummany, iň gowy däp-dessurlaryň, ýörüm-ýörelgeleriň, görüm-göreldeleriň hazynasy hökmünde garalyp gelnipdi. Men muňa häzirem şeýle garaýaryn. Şonuň üçinem, şonça ýyldan soň oba dolanypdym. Oňa ruhy binýadymyz, ahlak mekdebimiz hökmünde garaýandygym düýp terbiýämiň gowzan ýerlerini doldurmak üçin barypdym. Şol mekdebiň synasyna salnan şikestleri görmezlige salmaga, şol nogsanlyklar barada dymmaga, olary dep etmekligiň ýollaryny agtarmazlyga, oýlanmazlyga bolsa meniň hakym ýok. Çünki, ýaman zat edil saryçyrmaşyk ýaly ýaýragyç bolýar, bir ýaýransoň bolsa ýok etmesi tagta bitini ýok edendenem kyn bolýar. “Ak ajal” welin şol wagtlar entek türkmeniň bosagasyndan doly ätläp ýetişmändi. Ýöne, howsalasy welin duýulýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |