06:41 Türkmenbaşy döwri -17: Berzeññidäki aramgäh | |
17. BERZEÑÑIDÄKI ARAMGÄH
Publisistika
Sarahsda edişim ýaly, men Berzeňňide hem ähli zady çatmadan başladym. Obadakyma görä kiçeňräk, biri-birine saralyp uzaldylan bäş-üç sany taýagyň başy çatylyp üstem ot-çöp bilen basyrylan bujagaz çatmamam meniň üçin baýlaryň daş-töweregimdäki hellewleşip duran iki, üç gatly belent jaýlaryndan kän hözürlidi. Sebäbi, men onuň içinde ýaşaýardym, eşretini görýärdim, baýlar welin müňlerçe dollar harç edip salan köşk ýaly jaýlarynda ýaşamaýardylar, hezilini görmeýärdiler. Megerem, olar o jaýlary guranlarynda-da ýaşamak üçin däl-de daşary ýurt firmalaryna «ofis» hökmünde, kireýine bermek, öňkülerindenem has baýamak maksady bilen gurduran bolsalar gerek. Ýöne, olaryň ol niýetleri başa barmady, çünki, başda çekirtge kimin çozan daşary ýurt firmalarynyň köpüsi ýa-ha ýapyldy ýa-da ýerli häkimiýetler bilen oňuşman yzlaryna gitdiler, galanjalaram arzan «ofislerde» ýerleşdiler. Aslynda baýlar döredijilik işgärleriniň aramgählerine nädip düşdüler? Ýa olaryň ýer-ýurt berilmedimikä? Ýetmedimikä? Ýetdi! Berildi! Ýöne, birinjiden-ä olara bir ýa iki ýer azlyk etdi. Gözleri doýmady. Jübülerine düşýän mugt pullar töwerek-daşlaryna göz görkezäýmeseler günlerine goýmady. Olar hatda başga-başga şäherlerde-de, uzak-uzak etraplarda-da, öz dogduk obalarynda-da ýa-ha belent-belent binalar gurdurdylar ýa-da şol ýerde gurlan zynatly jaýlary satyn aldylar. Ýöne, göz üçin öz atlaryna däl-de, ogul-gyzlarynyň, gaýyndyr-giýewleriniň, dogan-garyndaşlarynyň adyna resmileşdirdiler. Ikinjidenem, döredijilik işgärleriniň käbiri gurluşyk edere ýagdaýlarynyň, ekin ekere höwesleriniň, ýene birleri jaý gurara mätüçlik çekmeýändikleri, üçünji birleri bolsa wagtlarynyň çäklidigi sebäpli sekiz «sotokdan» ybarat ýerlerini müň dollardan satyn ugradylar. Ýer bolsa gowy. Dag etegi. Uly ýoluň gyrasy. Şähere golaý. Şonuň üçinem, baýlar döredijileriň ýerlerini goşa-goşadan satyn aldylar-da, birleşdirip uzyn hem uly mülk edindiler, içinde ekin ekere bir garyşam ýer goýman kaşaň-kaşaň jaýlar saldylar, allaowarralardan turba çekip gaz, suw, sütün dikip tok, telefon getirdiler. Özbaşdak skwažina gazdyranlaram boldy. Şol skwažinalaryň köpelendikleri netijesinde soňabaka biziň döwlet tarapyndan gurlan umumy skwažinamyzyň ýerasty çeşmeleri köredi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazowyň özem telewideniýe boýunça eden çykyşlarynyň birinde aýtdy. Şonda ol baýlaryň görene-göz edip mähnet-mähnet jaýlar salýandyklaryny hem tankytlady. «Gapdalyňyzda garamaýaklaryň jaýlary çüzzerilişip otyr, siziň bolsaňyz köşk gurýaňyz, olar ýerleriniň daşyna üzük-ýoluk simden tagaşyksyz germewler aýlaýarlar, siz bolsaňyz gala gurýaňyz, olaryň baglary suwsuz gurap otyr, siz bolsa skwažinalaryňyz bar. Olaryň hor-homsulyklaryna bolsa göz ýumýaňyz, kömek etmeýärsiňiz», diýdi. Köpüsiniň jaýyny, mülküni elinden aldy. Almadyklarynyň gözlerini gorkuzdy. Baýlaryň aramgähdäki jaýlarynyň köpüsiniň boş, taňkyryp ýatandygynyň ýene bir sebäbem ana, şol. Soňabaka olar jaýlaryny, mülklerini döwlete tabşyryp sag-aman sypsalar kaýyl boldular. Hatda, «gorkan öňürtilär» edip: «Jaýymy döwletiň hasabyna geçirmäge rusat bermegiňizi haýyş edýän, diýip Prezidente hem hat, hem dil üsti bilen ýüzlenenlerem boldy. Meniň çatmamyň welin, içem arkaýynçylykdy, üstem dawasyzdy. Ony men gara güzeranym üçin, gara güýjüm, gara zähmetim bilen dikipdim. Içinde oturyp iýýän çöregim bolsa gury-guragrak bolsa-da halal çörekdi. Ogurlyk pula satyn alnan däldi. Mahlasy men hiç kimiň gelip özümden hasap soraryndan çekinmeýärdim we özümi iňňän arkaýyn duýýardym. Berziňňidäki aramgähde Sarahsdaky ýaly ýüredüşgünç ýel, yssy ýok. Dag etegi bolansoň salkynlygy hatda Aşgabadyň howasyndanam bäş-alty gradus tapawut edýär. Esasanam gijelerine. Çatmanyň hysyrdysyndan dynanymdan soň, ýerimi rejeledim. Nireden jaý, nireden hajathana, howuz, ketekdir-ýatak gurmaly, barsyny bir kagyzyň ýüzüne belledim. Pul töläp Aşgabat şäher Bagbançylyk jemgyýetiniň arhitektoryna gurjak jaýymyň taslamasyny çyzdyrdym we bagbançylyk depderçämiň içine çatdyrdym. Öz biçüwim boýunça men sekiz «sotoklyk» ýerimi deň ikä böldüm. Mellegiň aýagyna ony-muny eltmeli bolsa dagy diýip, ortarasyndan bir maşyn ýörär ýaly dikligine ýolgajaz çekdim. Şol ýoljagazyň iki gyrasyna üzüm ekip, üstünem dalbarlamagy niýet edindim. Mellegi ikä bölmegimiň sebäbi meniň üç oglum bardy, ana, şolaryň birin-hä şäherdäki jaýymy bererin, beýlekileriňem hersine şol dalbarasty ýoluň bir tarapyny bererin, özüm bolsa obadaky jaýyma giderin, şol ýerde ýaşaryn, diýip umyt etdim. Bir tarapky jaýy-ha häzir özüm salaryn, beýlekisinem soň zerur bolan mahallary ogullarymyň özleri üýşüpjik salarlar diýdim. Mellegi ikä bölýän ýoljagazyň ortasyny keseligine kesip geçýän ýene bir dalbarasty ýoljagaz çekdim. Şol kese ýoluň çep tarapky böleginde bir seki, sag tarapky böleginde-de bir seki ýerleşmeli. Üstünem üzüm dalbary büräp durmaly. Olaryň gündogar tarapkysyny myhman-mediwan gelende ýa üýşmeleň edilende erkekler üçin, günbatar tarapkysyny bolsa aýal, oglan-uşak üçin niýetledim. Dogry, men beýdip dar ýeri depeläp durman, hudožnikler soýuzynyň paýlan aramgählerindenem «bir ýer alyp, oglanlaryma-da: «Hon-ha, ýene bir ýer baryň öz başyňyzy özüňiz çaraň diýibem bilýärdim. Ýöne, birinjiden-ä mende iki aramgähi eýgerere gurp ýokdy, çagalar bolsa ol wagt ýaşdylar, tejribesizdiler, şonuň üçinem olary başyna kowmaga gözüm gyýmaýardy. Dözmeýärdim. Onsoňam her bir ata ýaly meniňem güýjümiň ýetdiginden olary üpjün edesim, elimden gelen kömegimi beresim öz güýjüm bilen, aýaga galdyrasym, ile goşasym gelýärdi. Şony göwnüm höwes edýärdi. Soň, eden ýagşylygyňy bilseler-ä bilenler, bilmeselerem janlary sag bolsun. Mahlasy, 1997-nji ýylyň 29-njy aprel güni suw berip başladylar. Şol günem men «bissimilla» diýip aramgähime bardym. Birgiden miweli agaç nahallaryny oturtdym. Göz öňüne tutuşym ýaly, dalbarasty ýoljagazlarymyň gyralaryna üzüm çybyklaryny oturtdym. Ol çybyklary men Ýolöten köçesiniň 6-njy belgisinde, şäherlileriň aýdyşy ýaly Aşgabadyň «8-nji mart» mähellesinde ýerleşýän ussahanamdan getiripdim. Ol monty üzümidi we tä gyş düşýänçä hem goňşy ussahanadaky oglanlar bilen günde-günaşa üýşüp iýmäne hem her gün iki torbany dolduryp öýe äkitmäge ýetýärdi. Men onuň iň soňky hoşalaryny garyň aşagyndan ýygyp alýardym. Şoňa deňiç ol sowulmaýardy. Hususan-da şol ýere göçüp baran ýylarym onuň hasyly sürgünli boldy. Men ol ýere köne «Ýarmarkadaky» ussahanamdan,1982-nji ýylda göçüp barypdym we ol üzümler şol wagt ýetişip, hasyl berip otyrdylar. Men olaryň gollaryny ýatyrdym, gömdüm, şeýdibem düýp sanyny köpeltdim. Üzümiň hoşalary, uludy, däneleri dykyz we süýjidi. Men Moskwa, iki ýyllyk kursa gidenimde üzümler biser galdy we erbet horlandy. Dökün, suw ýetmezçiligem üstesine boldy-da, şondan soň ol üzümler eýikmedi. Hasyly çüpredi. ...Üzüm oturdyp bolanymdan soň ep-esli ýere badamjan, bolgar burç, hyýr, pomidor ekdim. Suw hepde-de iki gün berilýärdi. Ýöne, juda ýeter-ýetmezdi. Ir sagat ýedide, sekizde gelip, on birlere golaýam kesilýärdi. Şonda daş-töwerekden: «Hä-äýt, ýatdy-ow...», «E-eý, siziňkem ýatdymy...», «Biz-ä öljerdibem ýetişmedik ýerimizi...» diýen, ýaly nägileçilikli sesler eşidilip başlaýar. Her kim bir meýdan melleginiň içinde aşak bakyp böwrüni diňläp oturýar, esli wagtdan soňam «hyk-çok» edip ýerinden galýar, töweregine garanjaklap barşyna assa-ýuwaş melleginden çykýar. Suwdan ganmadyk ekinleriniň gözgyny ýagdaýyna ýene bir gezek göz aýlaýardy-da, ýaltalyk bilen ýola düşýär. Beýleki mellekleriň deňinden geçende usullyk bilen şo tarapa gözüni aýlaýar. Onuňkam doly içmedik bolsa-ha az-kem ynjalýar, gowy içen bolsa welin gynanýar, göwnüne güman gidýär. Güman gitmez ýalam däl. Çünki, saka tarapdakylar gelýän suwuň köp bölegini emeller bilen alyp galýarlar. Kim turbadan çykýan suwuň deşigini hiňeltse, kimsi şol deşigi turbanyň dik aşagyndan deşýär. Şol deşik arkaly tapan-tupanyny turbanyň içine dykyp suwy çişirip alýanlaram bar. Käbirleri bolsa hapa-hupa dykanok-da, deşige şar sokup, onam ýüzün ýataga-da üfläp-üfläp çişirýär. Şondan soň tä, şar ýarylýança ýa goňşusy tulum ýaly çişip üstüne gelýänçä ol kişiniň mellegi suwdan gerk-gäbe ganýar. Ýöne, ol syr bildirmezlik üçin goňşusynyň garasy görünenden, elindäki ujy çiş simjagazyny deşige sokýar-da, şary «pyrkyldadyp» ýaryp goýberýär. Traktor getirip turbalarynyň üstünden basgyladýanlaram, aşagyny gazyp aşak düşürýänlerem bar. Şeýtseň, gelýän suw turbanyň peselýän ýerinde ýygnanyp çişýär, turbany doldurýar we deşikden zogdurylyp ugraýar. Garaz, her kim öz emeljigi bilen başagaý. Hemmesem il-günüň öňüne düşüp ertir-agşam telewizorda, radioda, gazet-žurnallarda çykyş edip Prezidentiň elinden at, baýrak, sylag alyp ýören atly-abraýly adamlar. Şahyrlar, ýazyjylar, dramaturglar edebiýat alymlary, uly iliň okaýan gazetdir-žurnallaryna gol çekýän, redaktorlar, döredijilik soýuzlaryň sekretarlary. Olaryň arasynda Prezident tarapyndan «Il ýaşulysy» diýen hormatly at bilen sylaglananlaram, Prezident sowetinde, Ministrler kabinetinde işleýänlerem bar. Turbany iň bijaý ýerinden, garnynyň aşagyndan deşýänem köplenç şolar. Suwuň turbadan dolup akmaýandygynyň esasy sebäbini-hä biz soň bildik. Ýagny, skwažinany açyp-ýapýan adam iň aýakda oturýan, Prezidentiňem iň eý görýän adamsy. Uly bir redaksiýanyň redaktory. Görüp otursak, ol kişi deşigiň deňine ýetmän, turbanyň düýbi bilen zymdyrylyp, ähli mellegiň deňinden geçip, göni özüniňkä bararýaly edýän ekeni. Soňky emelleriň ählisiniň döremegine sebäp bolanam şol. Muny duýanlaryndan soň skwažinanyň açaryny onuň elinden aldylar, ýöne, eýýäm turbalaryň endam-jany eleme-deşik bolupdy. Emma, hiç kimiň öz ýalňyşyny düzedesi gelenokdy. Üstesine ýokarda belläp geçişimiz ýaly, töwerek-daşda hususy skwažinalaryň köpelmegi bilen biziň skwažinamyzyň goram azaldy-da, doly açaýanyňda-da turba dolýarmady we ne saka, ne aýaga, hiç ýerde-de suwutly suw barmaýardy. Ýerim aýakda bolansoň suwdan ýaňa menem başdanaýak kösençlik çekenleriň biri boldum. Ýöne, «duza geçen duz bolar» diýlişi ýaly, ekenje ekinlerimi suwarybilmän bir aý ýaly kösenenimden soň menem emele ýüz urmaly boldum. Has takygy bu syry maňa öňden bäri şol ýerde ekin-dikin edip, tejribe toplan goňşularymyň biri açdy. «Hemme şeýdýä, senem şeýt», diýdi. «Bor» diýdim. Ýöne, öňüni petiklemek, düýbüni deşmek ýaly karam usullara ýüz urmadym-da, turbanyň deşigini suwuň deňine çenli aşak düşürdim. Ýerim ters bolansoň çykanja suwy akdyrmak obadaky goňşymdan gaňryp aljak bolşumdanam gözgyny boldy. Ýagny, ýerim günortadan demirgazyga tarap eňňitdi. Suwly turba bolsa meniň mellegimiň demirgazyk tarapyndan geçýär. Ol diňe demitgazyk tarapky goňşular üçin amatly. Bir owurt çyksa-da, dik depelerinden guýup dur. Meniňki welin çykyşy ýaly turbanyň agzynda guýganajyk emele getirýär-de, ýüzüňe seredýär duruberýär. Onsoň onuň öňüni köwçeläp eliň pilli gaplaynda durup, süýrekläp alyp gitmeli. Sen durdugyň o-da durýa. Gitdigiçe-de joýaň çukurlygy çuňalyp gidip otyr. Soňuna çenli biliňden geçýär. Süýşdügiňsaýy ýene-de çuňalýar. Soňabaka dagy garaňam görnenok. Ondan artyk gazyberseňem aşagy çagyl. Elten suwuň irigöz elekden geçen ýaly şaglap aşak gidip dur. Ötük. Ýagdaý şeýle bolansoň men suwy şol ýol bilen mellegiň orta biline eltdim-de, ondan aňtyk göterim etdim. Ýagny, suwy setil bilen serpip ugradym. Şeýle ýagdaýda ýoldan geçenlere meniň diňe galgap duran ellerim, elimdäki setilim, serpýän suwum görünýärdi. Özüm görünmeýärdim. Şol pursat meniň özümem hiç zat görmeýärdim. Men edil guýunyň içinde işläp duran ýalydym. Joýalarymyň çuň bolmaklygynyň meniň üçin peýdaly taraplaram bolardy. Ýagny, baranja suw az hem bolsa oturdylan nahalaryň gönüden-göni köküne barýar. Nem berýär. Gün düşmeýänligi sebäpli joýanyň yzgary köp durýar. Üstüne ot-çöp atyşdyrsaň-a çyglyk hasam uzak saklanýar. Skwažina döwlüp, düýbünden suw gelmedik wagtlarym goňşularyňka görä meniň agaçlarym ynjalykly oturdylar, aňsat-aňsat solmadylar, süllermediler, guramadylar. Şolar ýaly pursatlarda goňşularymyň gelip meniň nahallaryma uzak wagtlap tiňkelerini dikip durşy, «Beh, muňk-a guranog-aý», diýşip, lapykeçlik bilen başlaryny ýaýkaşyp gidişleri ýadyma düşýär. Soňabaka biziň skwažnamyzam Moskwadaky ýatakhanamyzyň «liftine» döndi. Bir hepde işlese iki hepde işlemedi. On gün işlese aý ýarym suwsuz goýdy. tomsuň güni bolsa maýda ekinler-ä däl, hatda düýp alyp oturan agaçlaram yssa on günden artyk çydanoklar. Ýagdaý şeýle bolansoň öň bag ýetişdirenler-ä maşynly suw satyn alyp baglaryny suwardylar, men ýaly ýaş nahal oturdanlaram elleri setilli tapan ýerlerinden suw daşap ugradylar. Gündogar tarapda, ýoluň ýokary ýüzünde, menden ýüz elli, iki ýüz ädim çemesi daşlykda Sapar Çary diýip, biri bardy. Ýöne ol ýazyjam däldi, uçursyz baýlardanam däldi, bize görä özüni oňarşy ganymadrakdy. Onuň ullakan howzy bardy we hemişe doly durýardy. Ana, şol ýigit maňa: «Şu howuzdan setilläp daşanyň özüňki, çekinmede alyber», diýdi. Menem irmän-arman daşadym we nahaljyklarymy guratman alyp çykdym. Her eliň bir setilli şol bir ýoly hem eýläk, hem beýläk gatnap geçirmek şeýle bir ýürege düşýärdi welin, ýatlasam heniz-henizlerem başym aýllanyp entirekläp gidýän. Nahallarym birneme boý alyp ugransoň, ile öýkünip menem baglarymy, üzümimi, iki-üç gezek dagy satyn alyp suw maşyn bilen suwardym. Ýöne, ol suw bilen hiç ekiniňem mähri ganmaýar. Çünki, pagladyp guýlan joýanyň düýbünden çalaja çaýyp geçýär we aşak yzgar gidenok. Siňňitli bolanok. Gorjap görseň düýbi gus-gurydyr. Maşynyň sürüjisinden haýalrak akdyrmagyny haýyş edersiň, emma haýyşyň bitmez, çünki, ol çelegini çaltrak boşadyp ýene biriniňkä kireýe gitmeli. Onuň gara gaýgysy seniň ekinleriň suwy şerbet usulynda içdigi ýa mähriniň ganyp-ganmadygy däl. Näçe köp gatnasa oňa şonça-da köp pul düşýär. Şonuň üçinem gelşi ýaly şlangasyny joýaňa taşlar-da kranynam iň soňkusyna çenli açyp goýbär welin, suw ýeriň ýüzünden gaýdyrylyp gider-de, göz açyp-ýumasy salymyň içinde aýaga ýeter. Eliň pilli iki baka ylgap ýörmeseň satyn alanja suwuň barsynyň alakaň hinine gidäýmegem ahmal. Her-hal, nägeräk-eýle menem ekenje ekinlerimi il deňinde guratman alyb-a çykdym. Turbanyň golaýynda bolansoň maýda ekinler-ä hasam gowy boldy. Badamjan bilen bolgar burçy dagy tä, sowuk urýança haltalap daşadyk. Sentýabr orta bolup, ekinler suwsuzam öz günlerini görer ýaly bolansoň oba gitdim-de, aý ýarym ýaly şo ýerde işledim. Galan-gaçan ownuk işlerim bitirdim. Şonda maňa ilk-ä çeperçilik uçilişşesinde okap ýören, Zaman Gummanyň mekdebine çekilen gury zähmeti Maksat ikimiz bilen deňine paýlaşan kiçi oglum Atamerdan, soňam şol wagt şol ýerde zähmet rugsadynda gezip ýören, özi Babadaýhan etrabynyň «Ak altyn» daýhan birleşiginde ýaşaýan, agam Azat bagşy kömekleşdi. Bir köpük pul alman ilki jaýymyň üstüni şiferläp, tok çekip, iň soňunda-da petik edip beren Sapby Hojamyrat ikisiniň ähli işleri tamamlanymyzdan soň, agşamaralar hoşlaşyp, alagaraňkylyga siňip baryşlary henizem göz öňümden gidenok. Çünki, şol meniň agamy dirilikde iň soňky gezek görşüm boldy. Şondan soň ol ýerde menem uzak eglenmedim. Megerem oktýabryň ortalary bolsa gerek, Aşgabada gaýdyp geldim. Gyşy blen ýazuw işlerime güýmendim. ussahanama gatnap, birnäçe kiçeňräk kartinalar döretdim. Emma olaryň hiç haýsyndanam girdeji ýokdy. Şonuň üçinem, aýlykly iş gözläp başladym. Iş welin tapdyrmaýardy. Hususan-da biziň üçin ähli gapylar ýapykdy. Redaksiýalar «heýjanelekçilerden» ýaňa hyň berýärdi. Öz bolup ýörüşleri üçin müýnürgemekden geçen, gaýtam özlerini iňňän badyhowa alyp barýardylar, tüýs bir gerek wagty orta çykan, öň san berilmän, indem ýiti zehinleri, gara güýçleri bilen uly derejä ýeten «allatarapynlar» hasap edýärdiler. Redaksiýalarda görünäýseň üstesine iş gözläp ýörendigiňem duýduraýsaň dagy saňa başga bir planetadan gelen üýtgeşik bir jandara sereden ýaly diýseň geň galmak bilen seredýärdiler. Ýöne, her niçik hem bolsa bu ýagdaýyň uzaga çekmejekdigine, basym bir üýtgeşikligiň boljakdygyna bolan ynam bize güýç-kuwwat berýärdi, göwünçökgünlige, sussypeslige ýüz urmakdan saklaýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |