06:46 Türkmenbaşy döwri -19: Aramgähdäki gurluşyk | |
19. ARAMGÄHDÄKI GURLUŞYK
Publisistika
1998-nji ýylyň ýazynda men ýene-de Berziňňidäki aramgähime bardym. Ýaz ekin-dikine gäýmendim-de, olar ese-boýa galanlaryndan soň, güýjümiň çatdygyndan jaýyň gurluşygyna başlasym. Obadakyma görä göwrümi kiçiräk, iki otagly, şäher jaýlarynyň ölçeginde binýat guýdum. Biriniň ölçegi bäş-üç, beýlesiniňki üç-dört metr bolan jaýyň ikisi «G» harpynyň sütüni hökmünde otyrdy-da, gulagynda bir aşhana bilen hammam ýerleşýärdi. Obada bolşy, ýaly bu ýerde-de daşymy gurşap duran dost-ýarlarym bardy. Olaram menden öz kömeklerini gaýgyrmaýardylar, häli-şindi gelip habar tutup durýardylar, näme gerekdigini soraýardylar. Sarahsdaky jaýym üçin iň soňkuja ýedi agajyny beren Amangeldi Annaýew ýaly, olaram muny aňyrlarynda artykmaç baýlyklarynyň barlygy üçin däl-de, köňülleriniň baýdygy üçin, zerura kömek edesleriniň gelýändigi üçin edýärdiler. Şahyr dostum Torum Ýaýlan her duşan ýerinde: «Akga, «Jaý» powestiň-ä okadym, şonda sen öz başdan geçirenleriň üsti bilen biziň tutuş neslimiziň jaý ugrunda çeken jebri-jepasyny beýan edipsiň, şonuň üçinem aramgähiňde jaý saljak bolsaň maňa aýt, mugt örüp bereýin», diýýärdi. Käbip agzy batly adam şolar ýaly sözleri serhoşlyk ýa badyhowalyk bilen agzylarynyň ugruna aýdýar goýberiberýärler. Gyzzy-gyzza gelende bolsa sözünde tapylmaýarlar. Torum welin öz sözleriniň kiçi dilden bärde däldigini, tüýs ýürekdendigini subut etdi. Tomsuň orruk yssysynda, şäherden paý-pyýada gatnap, jaýymy iki hepdäniň içinde örüp berdi. Tä örüp bolýança ogullarymam dik durup oňa kömekleşdiler, jaýyň üstüne «monolit» guýanymyzda-da alyp çykan şolar. «Monolit» üçin sementi, ýuwulan çägäni, şabeli Büzmeýinli dostum, häzir merhum şol wagt Büzmeýindäki «Hünärment» mekdebiniň direktory Çary Annadurdy berdi. Getirer ýaly öz ýük maşynynam berdi. Maksat bilen Atamerdan ikisi gidip ýükläp geldiler. Gelende maşynyň özi düşürdi. «Monolitiň» içine örmeli armaturalary, simleri meýdandan çöpledim, pytraşyp ýatan döwük-ýenjik beton plitalarynyň içinden kuwalda bilen döwüp-döwüp aldym. Süýräp daşadym. Goňşularyň gurluşyklaryndan artyp, ilerimizdäki jara dökülen köne-küşül tagtalary gemmik-sümmük ýarpy-ýalta şiferleri ýygnadym. Iş üçin ussa tutmadym. Obadaky gurluşygymda toplan tejribämden peýdalanyp ähli işi özüm etdim. Hatda üçegiň şiferlerinem, şiferleriň aşagyndaky gapyrgalaryny-karkaslarynam özüm kakdym. Özünem obadaky ýaly ýatyk däl-de, «eşek arka» etdim. «G» görnüşindäki jaýyň şiferini kakmak göni duran jaýa şifer kakndan kyn ekeni. Esasanam, iki ganatyň birikýän ýerini tapyşdyrmakda iş bar. Şonuň üçinem men häli-şindi gidip golaý-goltumdaky täze salnan jaýlaryň, hususan-da şiferleriň aşagyndaky tagta gapyrgalarynyň başlanýan, gutarýan, çüňkleriniň tapyşýan, sepleriniň birikýär ýerlerini synlaýardym, işläp ýören ussalardan soraşdyrýardym. Olar höwes bilen düşündirýärdiler, käte ýörite gelip ony eýt, muny beýt diýip, görkezip, düşündirip gidýärdiler. Şiferden dynanymdan soň köne-küşül tagtalardan penjiredir-gapy ýasaşdyrdym. Olaram ýerli-ýerlerinde goýdum. Içini suwadym. Oňa çenlem howa sowady-da, daşynyň suwagyny indiki ýyla goýmaly boldum. Üstesine çatmada ýatmagam ýokuş degip başlady. Çünki, şol ýyl gyş gulanlady-da, güýzüň günüdigine garamazdan günüň-gününe diýen ýaly ýagyş ýagdy, ýyldyrym çakdy. Şonuň üçinem, galan işleri şäherden gatnap etmeli boldum. Ähli iş gurallarymy-pildir paltamy, çekiçlerimi, atagzylarymy, laý setillerimi, çüýlerimi, penjireleri alaň-açyk, gapylary gulpsyz jaýymyň içinde goýup gidýärdim. Bir gün ir bilen gelsem gapymam, äpişgelerimem açyk, içem haňlap ýatyr. Boş. Gapynyň öňünde ownuk-uşak tagta, agaç bölejikleri ýakylypdyr. Diýmek, ogurlyga gelenler ýaş oglanlar bolmaly. Iki tigirli abatja, nowasy giň gyzyl reňkli galtagym bardy, ogullarym jaýyň binýady üçin gerek bolan çagylam ilerki jardan şonuň bilen daşapdylar, ana, şo-da ýok. Ähli zadymy şoňa ýükläpdirler-de, jünäberipdirler. Mazaly agşam ýagyş ýagan ekeni-de, bir görsem galtagyň yzy mesaňa-mälim bildirip dur. Yzarlap gitdim. Iki köçe geçenimden soň yz baryp bir wagon-jaýa diredi. Sorag-ideg edip görsem ol wagon bir baýyň beýik jaýyna garawulçylyk edýän ýaşulynyňky eken. Ýüzi ynjan bagyr ýaly al-ýaşyl öwsüp duran, burny paşşyk, gabaklary börtmek, aşaky erni düýäniňki dek sallanyp duran, ösgün çal saçy haram ölen towguň maslygyna meňzeş telpeginiň yzyndan çykyşyp duran şol ýaşuly işläp ýörkäm ýanyma köp barýardy. «O ýer kimiňki? Bu ýer kimiňki? O jaýda näme ba? Bu jaýda kim ba?» diýip, ölüň soragyny bererdi. «Satlygy ýokmy bu jaýlaryň?» diýen bolup içine, daşyna aýlanardy. «Baý, oňarypsyň-aý muny, birhili owadanja, naşyja» diýip, meniň jaýyma-da telim gezek girip-çykypdy. Gije ýatýanymy ýa şähere gidýänimi sorapdy. Menem göwnüme zat getirmän: Aý, indi gijelerine sowuk bolýa, çatmaň içi eýgerdenok, gaýdýan», diýdim. Ana, şonda ol mneiň jaýymyň içinde näme bar, näme ýok, gowy syn eden bolmaly. Zatlary şonuň alandygyna mende şübhe galmady. Ol welin meýdan doňzy ýaly hasanaklap bir ýerden peýda boldy-da, şap-şup salamlaşdy, näme işläp ýörenii sorady. Göni ýakasyndan tutmak kyn, menem: aý, şeýle-şeýle, diýip, bar zady bolşy ýaly aýtdym. «Be-e... tapjag-ow sen şony! Yz çalşyň-a zor, ine, bäri gel, seret, görýäňmi yz nirä gidýä», diýip, meni ýene bir köçe dagy aňry geçirdi. Başda-ha dogrudanam şo tarapa bir yzjagaz gidýän ýalydy, ýöne, indiki köçä ýeter-ýetmez yzam ýom-ýok boldy, ýaşulynyň özem gürüm-jürüm boldy. Dolanyp baraga-da: «Wagonyňy aç barlap görjek», diýmäge bolsa, dogrumy aýtjak, bognum ysmady. Birden-kä içinden zatlarym çykmasa dagy ýüzügara borun, diýen pikir el-aýak bermedi. Asyl-ha niýetimi şoňa dikäýeniňde-de ol ýaşuly eýýäm ýokdy. Wagon-jaý bolsa gulply durdy. Göz üçin daşyndan eýläk-beýläk aýlanan boldum, görsem özümem ogra meňzäp barýan, şeýdibem yzyma gaýtdym. Agşam öýe gaýtjak bolup duralgada durkam, şol ýaşulynyň iki sany ýortmança oglanjyk bilen ýoluň o ýüzündäki duralgada awtobusdan düşenini, hersiniň elinde-de içi zatdan doly iki paketiň bardygyny görüp ýüregim jigläp gitdi. Olaryň welin keýpleri kökdi. Paketleriniň içi bolsa dürli reňkdäki çüýşelerden, ir-iýmişlerden doludy. Şondan soň wagony açdyraýanymda-da içinden zatlarymyň çykjak däl ekendigine gözüm ýetdi. Çünki, ogurlanan «bugdaý» şol agşamyň özünde «üwelip» goýlan bolmaly. Iş gurallarymy täzeden düzedişdirdim. Äpişge-gapylarymyň döwlen ýerjagazlaryny bejerişdirdim. Gulp urdum. Her gün agşam gaýdanymda iş gurallarymy merdiwan arkaly tamyň üstüne çykaryp, üçegiň iň bir gizlinräk çüňkünde bukup goýdum. Bir gije güýçli ýel turdy. Ertesi baryp görsem, apy-tupan men diýen ussalaryň negözel kaşaň jaýlara kakan şiferlerini goparyp-goparyp honda zyňypdyr. Käbirlerini dagy aşagynyň karkas tagtalary bilen bilelikde göterip ýere taşlapdyr. Tutuş üçek jaýdan ep-esli daşlykda ýanyny ýere berip ýatyr. Jaýyň üsti bolsa boş. Bir çüýem kakylmadyk ýaly. Jaýyň üstünde duran ýerinde durky mizemän ýüz segsen gradus beýlesine öwrülen üçeklerem bar. Käbirleri bolsa eşegiň palaňy ýaly jaýyň üstünden aşaklygyna tarap ýeketäk ýollarydy, agypdyr-da, sallanyp dur. Üsti gümmezekli, iki gatly, köşge meňzeş mähnet bir jaýyň üçegini bolsa duran ýerinde edil kak ýaly towlapdyr-da, eplem-büklem edip goýaýypdyr. Meniň şiferim welin mizemändirem. Sebäbi, birinjiden-ä men hakyna tutulan ussa däldim, işlän wagtym emel etmeýärdim, ikinjidenem hakyky ussa däldim, şonuň üçinem, gorkunjyma il şiferleriň hersiniň burçunan bir çüý, jemi dört çüý kakýan bolsa, men sekiz çüý kakýardym. Ondan soňam her burçunda ujy gaňyrçakly sim geçirip, içindäki agaç gapyrgalara saraýardym-da, burgy berýärdim. Başda şiferler üçin gurnan agaç karkaslarymam şeýdipdim. Jaýyň üstüne monolit guýanymyzda gyralaryna her ýerräkden bir, iki barmak inlilikdäki demir lentany çümrüp, iki ujunam çykaryp gidipdim. Soň olary aşaky, tagtalaryň daşyndan aýlap, berk çüýläpdim. Men ol zatlary elbetde, ýel geler, şiferleri goparar diýip, öňden görüjilik bilen-ä etmändim. Ussa däldigim, gorkaklygym üçin edipdim. Ýöne, hut şol zatlaram meniň şiferlerimi, tagtalarymy harasatdan goran bolmaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |