06:50 Türkmenbaşy döwri -20: Iñ uly dälihana | |
20. IÑ ULY DÄLIHANA
Publisistika
Şeýdip, şol gyş Berzeňňidäki külbejigimem tas, boldum etdim. Indi onuň diňe daşyny suwamak, içini agartmak ýaly ýeňil-ýelpaý işleri galypdy. O zatlaram indiki ýaza goýdum-da, arly gyş öýde oturyp, döredijiligim bilen meşgullandym. Esasanam ýazdym. Umumanam döredijilik meniň esasy işim. Ony bir günem gijä goýmak, garaşdyrmak bolmaýar. Asla onuň özem garaşmany gowy görmeýär. Garaşdyrdygyň senden ýüz öwürýär-de, gidiberýär. Ol seni hatda öz aýalyňdanam, çagalaryňdanam, dost-ýarlaryňdanam gabanýar. Şonuň üçinem, ondan ýekeje pursatlygam bolsa daşlaşmak, taşlamak bolmaýar. Ýöne, biz ol wagt janserekdik. Özümizi hakyky döredijilerçe alyp baryp bilmeýärdik. Hiç zadyňy hiç ýerde çap etdirip bolmazlyk, çeken suratlaryň çelpek ýalyjagynam hiç kime, hiç ýere satyp bolmazlyk bizi her ädimde kürtdürdýärdi, hem ruhy, hem maddy taýdan ejizledýärdi. Hiç zat etmän oturybermäge bolsa takadymyz ýetmeýärdi. Beýtmekli bürä gahar edip ýorganyňy otlan ýaly bir zat boljakdy. Şonuň üçinem, «Aý, bu wagt çykmasa soň bir wagt çykarda, iň bolmanda indiki nesiller-ä okar-da, ajyndan bolsa ölen ýok...»diýen düşünjä eýeräýmekden başga alaç galmandy. Biz hut şeýle hem etdik. Bu babatda bize A. Nabokow, W. Boýnowiç, A. Platonow, A. Bulgakow, W. Nekrasow, W. Grossman ýaly sowet döwründe kyrk-elli ýyllap gadagançylykda ýatan, daşary ýurtlarda bosgunçylykda bolup, diňe M. Gorbaçewiň «üýtgedip gurmak» syýasatynyň ýüz bermegi we SSSR-iň dargamagy bilen gaýdyp gelen hem-de eserleri halk köpçüligine ýetirilen rus ýazyjylary tymsal bolup durýardylar. Bizde welin şol döwür A. Gowşudowyň «Perman» romanyndan başga tussaglykda ýatan eser tapylmady. Diýmek, türkmen döredijileriniň ählisi diýen ýaly gyzyl baýdagyň aşagynda durup, bolşewikleriň boş wada beriji kommunistik ideýalaryna gullyk edipdirler. Şonuň üçinem, haçanam bolsa bir wagt üýtgeşiklik bolaga-da, akylly-başly eserleriň, gereklenen güni iki elimizi burnumyza sokup durmazlygymyz üçin gije-gündiz işlemelidik. Işsizlige, pulsuzlyga çydamalydyk. Biz şeýle hem etdik, ýöne, gazançsyz wagty adam pahyryň öz öýünden çörek iýmäge-de çekinýändigini hem biz şol döwür öz gerdenimizde çekip gördük. Mahlasy, biz Mahatma Gandiniň «Garşylygam görkezmeli däl, boýunam bolmaly däl», diýen, taglymatyna eýerip, garaşylýan günüň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşmaly bolduk. Bu, «gara sanawa» düşen döredijilik işgärleriniň özleri üçin saýlap alan ýeketäk ýollarydy, ykballarydy. Kolhoz-sowhozlaryň ýapylmagy, edaralaryň, şol sanda medisina edaralarynyň hem hojalyk hasaplaşygyna geçmekleri, köpüsiniň bolsa çöküp ýanlaryny ýere bermekleri netijesinde surat, bezeg işlerine bolan islegem gaçdy. Üstesine kompýuter usulynda äpet uly fotoplakatlar çykarybilýän arkasynda uly wezipeli adamlar duran firmalar peýda boldy-da, öz söwdalaryny rowaçlandyrmak üçin olar hudožnikleriň öňlerini çolaýardylar, çeperçilik fondunyň üsti bilen edilmeli işleri özleri alýardylar. Netijede, şäheriň içi fotomontaž usulynda çykarylan sowuk, ýylmanak, jansyz bezeglerden, mahabatlardan doldy. Olaryň hiç birinde hudožnigiň eli, pikir many duýulmaýardy. Terbiýeçilik ähmiýetiniň ornuny peýdakeşlik bähbitleri eýeleýärdi. Üstesine bahalaram hudožnikleriňkä görä has gymmatdy. Baýlar bolsa müňläp-müňläp dollar harç edip salan jaýlarynyň törüne asmak üçin bir peýzaž ýa natýurtmortjagaz buýrup bilmeýärdiler. Iň bärkisi iki ýüz dollar çykaryp atalarynyň, eneleriniň suratlaryny çekdirmäge-de bogunlary ysmaýardy. Şol zatlara gezek gelende pullaram tükenýärdi, gaýratlaram gutarýardy. Olaryň arasynda oýunlyga salan bolup: «Özlerini direldip getirýänem bolsaňyz buýurjak däl, şonça pula şolaryň suratlaryny» diýýänlerem bardy. Prezidentiň we onuň atasydyr-enesiniň, türkmen milletiniň adyna Bitaraplygyň, Garaşsyzlygyň, Ruhnamanyň şanyna aýdylýan tükeniksiz öwgülerden, «men-menliklerden, parlaňküşliklerden başga islendik pikiriň gadagançylyga düşmegi, şol bir sözleriň günüň-gününe, aýyň-aýyna, ýylyň-ýylyna gaýtalanyp durmagy, öz pikirini aýdybilmän döredijileriň döredijilikden daşlaşdyrylmagy halkyň metbugatdan, radiodan, telewideniýeden bütinleý ýüz öwürmegine getirdi. Tutuş ýurduň daşyna sim aýlaga-da çat maňlaýyna: «Dälihana» diýip ýazaýmak galdy. Daşardan maglumat almasa ruhy syrkawlyga sezewar boljakdygyny aňan halk ýoguny bar edip kabelli hem-de «sanly» (sifrowoý) telewideniýä ýapyşdy. Ýöne, «sanlysyna» degibilmese-de, Prezident onuň «kabellisiniň» basym ýoguna ýandy. Gadagan etdi. «Maýak» radiostansiýasyny ýapdy. Başga bäsdeşi galmadyk ýerli telewideniýe welin ýeldirgän žurnalistleriň, öýkeni ýelli raýatlaryň agyzlaryndan çykmanka pytrap gidýän pak şänik ýaly pöwhe, maňyzsyz sözlerinden ýaňa ýarylaýjak bolýardy. Esasy gürrüňiň çägi gyrkylygy, gaňňanyň gürlügini nädip ýasamak, keçäni nädip basmak, çelpegi, byzmygy nädip bişirmek, düýe çalyny nädip tutmak, önümçilikde düýbünden ýok bolan sargany nädip gaýnatmak, gurdy nädip sermek, ony «kör gargadan» nädip goramak, üme, monjugatdy ýaly leji çykan, şol bir ownuk-uşak temalardan aňry geçmeýärdi. Çynlakaý pikir, göreldeli söz, akylly-başly başlangyçlar gadagandy. Diňe «how» çekmelidi, el çarpmalydy, «wirreý» diýip gygyrmalydy. Bu ýagdaý döwrüň iň uly ýaragy bolan ylmyň ojagy, Türkmenistan Ylymlar akademiýasy ýapylanda-da, Döredijilik soýuzlary dargadylanda-da, medisina işgärleriniň sanlary kemeldilip medisina edaralary ýapylanda-da, ýokary okuw jaýlarynyň maksatnamalary üýtgedilende-de, okuw möhletleri tas iki ýyla çenli gysgaldylanda-da, köp edaralar «harbylaşdyrylanda-da» halkyň öňüne düşen, uly-uly ýygnaklarda halkyň adyndan gürleýän «parlaňküşler» özlerini hut şol şekilde alyp bardylar. Özlerem hut özüniň talap edişi ýaly, «patyşanyň» öňünde ruhybelent, hoşwagt, hoşhal, dokgaryn, dokmäde görünmek üçin döşlerini gaýşardýardylar-da, zoraýakdan ýylgyryşyp, ýalandan gülümsireşip, boş kükreklerini ýelden dolduryşyp, öýkenlerini gabardyşyp dodaklaryny çommaldyşyp, seslerine-de bat beräkgetdinim ýasama joşgun bilen: «Şa şahyrymyzyň öz goşgularynda aýdyşy ýaly», «Sahawatly serdarymyzyň Mukaddes Ruhnamasynda öwredişi ýaly», «Serdarymyzyň parasatly paýhasy bilen...», «Mähriban atamyzyň taýsyz tagallasy netijesinde» diýen dek sözleri şeýle bir irginsizlik bilen, ýürgedüşgünç gaýtalaýardylar welin, hiç uwnup çydar ýaly däldi. Şolar ýaly gepläp oturanyň gapdalyndakylaram biri-birlerinden kem galyp barýan ýaly «howwa-da-howwa», «dogruda-dogry» bolşup, arkan-ýüzün gaýyşýardylar. Baş atyşýarlar. Çünki, şeýtmeseler, il gözüne Prezident barada aýdylýan öwgüli sözlere goşulmaýan, goldamaýan, tersçil adam bolup görünäýmekleri mümkinmişin. Dagy nätsinler, Prezident özüniň amanat goşgularynyň birinde: «Ruhuňyz tug deýin belentde bolsun» diýipdi ahyry. Telewizoryň ekranynda sähelçe sus göründigiň şol günüň ertesi sen işden boş. Bütin ýurt boýunça şol döwür hemmelerden edilýän ilkinji talaplarynyň biri şoldy. Külli raýatlaryň öz «Beýik Serdarlarynyň» öňündäki ilkinji parzlaram şoldy. Sen işiňi oňarsaň oňar, oňarmasaň oňarma, ýöne, ýalandan ýylgyryp pöwhe sözleri atalamany welin başar. Prezident welin öwgüden doýmaýardy. Metbugaty, radiodyr-telewideniýäni şolar ýaly gülkünç hem masgaraçylykly ýagdaýa salany bilenem çäklenmän, ol welaýatlara, etraplara sapara giden wagty ýa-da Aşgabatda aňry gitse şony salan prorabyň açyp gaýdybermeli haýsydyr bir desgasyny ýa binasyny açmaga baran wagty birgiden çagany seteran durzup, özem öňlerinde söm-saýak bolup durýardy-da, olaryň özi baradaky ýöntem hem suwjuk, has beterem ýalan patarrakylaryny hezil edip diňleýärdi. Lezzet alýardy. «Berekella, berekella çagajyklar, sag boluň, minnetdar» diýip, olaryň başlaryny sypalaýardy. Gözlerini onuň jübüsine dikişip bokurdaklaryna zor salyşyp, demlerini-demlerine ýetiribilmän hopugyşypduran çagalar bolsa ol elini goltugyna sokaryna mähetdel, çünki bilen gurçuk tutup gelen enelerine tarap owsun atýan etene guşjagazlar ýaly şoňa tarap boýunlaryny süýndürişip, biri-birinden has belent owazda, has owadan hörpde aýdýandyklaryny bildirjek bolşup bolubilenlerini bolýardylar. Elbetde, çaganyň hereketine gülseňem bolar. Olaryň deňinden geçip, sap-sap bolup duran etrap ýa welaýat höwesjeňleriniň öňüne baranda welin, şol gülküli görnüş telewizora tomaşa edip oturanlar üçin gynançly röwüşe eýe bolýar. Beýik serdarlaryna has mähriban, has yhlasly görünmek üçin, dik duran ýerlerinde ýylan ýaly towlanyşyp egreýşip, dograýşyp her hili görnüşe girýän elleri mikrofonly, saz gurally epeý-epeý adamlaryň biri-birlerini eginleri bilen itekleşip, omuzlary bilen kakyşyp barha we barha öňe omzaýyşlaryny göreniňde şolaryňam seniň bilen bir halkyň ogul-gyzlarydygyna namys etmekden ýaňa kelleçanagyň iç ýüzi çat açyp gidýär, süňkleriň syzlap, ganyň damarlaryňy ýaryp daşyna çykaýjak bolýar. Öwgä meýmiräp duran Prezidentiň eli jübüsine golaýlandanam, duran heýjanelekçi höwesjeňleriň «uwwuldylary» hasam batlanýar. Saz kaýda, söz kaýda, aýdym kaýda aýdymçy kaýda biler ýaly bolanok. Şonda orta ýaşlaryndaka atasy ölen ýeke ýigidiň iň soňky «waýyny» goýdurýan kethudasy ýaly, Prezident tagaşyksyz ädimleri bilen ýanlaryna barýar-da: «Goýuň, goýuň! Goýuň sesiňizi! Men ine, size on müň dollar berýän. Özüňizem sag boluň, gowy sözler aýtdyňyz, şeýdip watanyňyzy söýseňiz men sizi hor etmen» diýeninden soň-a olaryň: «Ur-r-e-eý!.. Wir-r-e-eý!..» diýşip ýer depip duranlary haýsy gamak, ýaly galgaşyp, ýelek ýaly howada gaýyşyp ýörenleri haýsy, Prezidentiň elini, aýagyny ogşap ýatany haýsy, düşer ýaly bolanok. Çünki, Prezidentiň «Watany söýüň!» diýdigi – meni söýüň diýdigi. Howwa, metbugat, radio, telewideniýe pesele-pesele barjak derejesine bardy. Içinde ýaşap gören bolaýmasaň şol döwrüň ýalan hem ýasama mahabatlarynyň halka beren hupbatyny bolşy ýaly beýan etmek asla mümkinem däl. Halkyň syýasy işjeňliginiň pesligi,kysmatakaýyllygy daşary demokratik döwletleriň türkmen durmuşyna täsir ediş derejeleriniň gowşaklygy bolsa Prezident Nyýazowa hem meçew berdi, hem medet. Kalbyny joşdurdy, özüniň hakykatdanam «beýikdigine» bolan ynamy artdyrdy. Çünki bir ýurduň başynda oturyp, edeniňi edip, goýanyňy goýup boljakdygyny, şonda-da hiç kimiň «towugyňa tok» diýmejekdigini ol birnäçe ýyl şondan ozal göz öňüne-de getirip bilmeýärdi. Ine, emele gelen şu eden etdilik elimiziň aýagymyzyň baglylygy, halktarapyndan hiç hili goldawyň bolmazlygy, onuň kysmatakaýyllygy hem gün-güzeranymyzy dolamak, gazanç etmek üçin döredijiligimiziň daşyndan nähili bolsa bir güýmenjejik gözlemäge mejbur etdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |