04:56 Türkmenbaşy döwri -7: Jenaýatkär bolubilseñ hossaryñ köpelýär | |
7. JENAÝATKÄR BOLUBILSEÑ HOSSARYÑ KÖPELÝÄR
Publisistika
Şeýdip ýörkäm bir gün agşamaralar Sarhsdan, etrap düýpli gurluşyk bölüminiň başlygy bolup işleýän dostum Ýegenmyrat öýe jaň edip: «Ertir günortana çenli gel, Baýjan çopan çekenesini dargatjak diýýä, goýunlaryňy ondan al-da başga birine goş», diýdi. Goýun diýer ýaly dogrusy mende üýşüp ýatan goýun ýokdy. Bary-ýogy dört sanydy. Onam Aşgabatda bir toýda gabat gelişenimizde Baýjan çopana dört goýnuň puluny beripdim-de, özüň goşaý, diýipdim. Heniz garasynam görmedik dört sany goýnum üçin Baýjan çopanyň meni şundan şoňa çagyrmagy geňdi. Juda bolmanda şol dört goýny Ýegenmyradyň özem ýygnap bilýärdi. Şonuň üçinem, ol çakylygyň aňyrsynda başga-başga bahanalaryň ýatan bolaýmagynyň ahmaldygy barada iňkis döredi. Şeýle-de bolsa gitdim. Ir bilen awtobusa mündüm, süýr günortanlaram baryp Sarahsa düşdüm. Ýegenmyrat öýünde garaşyp otyr ekeni. Salam berip girenimden ol «zöwwe» ýerinden glady. – Ýör! «Gor-gorda» Ahmet garaşyp otyr. Hemme zat taýýar. «Gor-gor» etrap merkezinden ýedi-sekiz kilometr gündogarda ýerleşýän, ýigriminji asyryň ellinji ýyllarynyň ahyrlarynda etraby Tejen derýasyndan suwlylandyrmak üçin uly umyt bilen gurlup, soňam ynamy ödemedik suw howdany. Ol indi boş diýen ýaly. Ýöne, gapdalyndan akýan az mukdardaky suwly ýap we öň suw duran ýerde biten gür jeňňellik etrap adamlarynyň dynç alýan ýeri bolup hyzmat edýär. Ahmet bolsa Aýdogdyýewiň ýanynda ady agzalan dostum, etrabyň häkimi. Onuň: «Gürrüň häkimden çykdy» diýýänem şol. Şonuň üçinem, men şol gürrüň bilen baglanyşykly bir mesele ýüze çykan bolaýmasyn, diýip oýlandym. Oňaýsyz ýagdaýa salmazlyk üçin Ýegenmyrada bu hakda hiç-hili sorag bermedim. Barsak hakykatdan-da hemme zat taýýar ekeni. Ahmediň ýeke özi kölegede gabarylyp otyr. Ýap-ýaňy öldürilen goýnuň etem gazanda «bygyr-bygyr» gaýnap dur. Iki sany tanyş oglan bolsa biş-düş bilen başagaý. Ondan mundan gürrüň edip oturdyk. Könäni ýatladyk. Men Ahmediň haýsam bolsa bir möhüm mesele boýunça gürrüň gozgaryna garaşýardym. Çünki, Aşgabat ýaly ýerden bir lukma et iýmek üçin çagyrylmandygyma gözüm ýetýärdi. Dostlarym hernäçe sypaýysyraşsalaram, aňyrlarynda bir ünjiniň ýatandygy bildirýärdi. Häli-şindi sakynýardylar, böwürlerini diňleýärdiler, aljyraşyp biri-birleriniň ýüzüne serdişýärdiler. Şonuň üçinem men megerem şuň üçin bolsun gerek, diýdim-de, Prezidentiň suraty bilen bagly meseläni gozgap goýberdim. Nirelere çagyrlandygymy aýtdym. Şol töhmediň ýaş ýazyjylaryň Sarahsda geçen seminary bilen baglydygynam syzdyrdym we ahyrsoňunda Aýdogdyýewiň: «Gürrüň Sarahsyň häkiminden çykdy» diýendiginem aýtdym. Ahmet ör-gökden geldi. Öýkeni ýellendi. Gaba göwresi öňküsindenem beter howalandy. Gaharyna dem almasy kynlaşdy. «Haş-haş» edip gepledi: – O näme üçin beý diýýärkä? Men ony görmesem, hiç kimiň ýanynda olar ýaly gürrüň etmesem... Dogry, seminara gelenleri çyn, garşyladyk, hyzmat etdik, gidenlerinde-de hoş bolub-a gitdiler, ýöne, aralarynda Aýdogdyýew-ä ýokdy... Men Aýdogdyýewiň o sözüne öňem ynanmandygymy, häzirem ynanmaýandygymy aýtdym. Şondan soň Ahmet az-kem köşeşdi. Çym-gyzyl bolan, repide ýaly tes-tegelek ýüzüni aşak sallap oturşyna birhili günäkär halda ýylgyrdy. Çekinjiräp gürledi. – Biz-ä seni başga bir mesele boýunça çagyrypdyk welin, özüň bir gep tapdyň-da, serpmeden gaýdan ýaly etdiň oturyberdiň. Indi ony saňa nädip aýtjagymyzam bilemizok... Şeý diýenden soň ol: «Sen başlaý», diýýän terzde Ýegenmyradyň ýüzüne seretdi. O-da çal başyny sypalap, çat maňlaýymda leňňer atyp oturşyna esli wagtdan soň, kynlyk bilen ýuwduna-ýuwduna: – Aý, şol, Maksady pyçaklan oglanly mesele-laý..., – diýdi. Görüp otursam, Maksady pyçaklan oglanyň agasy Ahal welaýat häkiminiň kömekçimi orunbasarymy bolup işleýän ekeni-de, öz başlygynyň üsti bilen Ahmede çykypdyr. Meniň bilen gürleşmegini, günälerini geçmegimi, beýdip işi yzygiderli gozgap ýörmezligimi haýyş edipdir. Men kyn ýagdaýa düşdüm. Şeýle-de bolsa göwnümdäkini aýtman durup bilmedim. – Indi giç, Ahmet! Başda şeýdip adamkärçilikli hereket eden bolsalar bolardy. «Aý, bolýa çagam sag-aman gutuldy, şo-da maňa bes», diýerdim. Günälerini geçerdim. Emma olar meni äsgermezçilik etjek boldular, diýdimzorluk etjek boldular, meni ýeke gördüler, garyp saýdylar. Elinden gelen zat bolmaz öýtdüler. Menem onsoň olara özümiň üstüni basyp ötübermeli adam däldigimi bildirmeli boldum. Mundan buýana hem şeýtmeli bolaryn. Onsoňam bu ikortada pyçak bar. Urup-sögüp, o ýerini, bu ýerini döwüp-ýenjip goýberen bolsalaram hiç diýerdim, ýöne, şojagaz pyçagyň ujy ýene-de sähelçe aňyrrak giden bolsa, men çagamdan dynardym. Biz bolsak olary nägünlik bilen kemala getirýäs. Sählçe gyzgynlary galsa uzynly gijäni çirim etmän çykýas. Galyberse-de, il özüniň jenaýatçy ogluny şeýle yhlas bilen goraýan bolsa, biz nämüçin özümiziň ejir çeken çagamyzy goramaly däl? Arkasyny almaly däl? Meniň sözlerim Ahmede ýiti täsir etdi. Ol esli mahal sesini çykarman oturdy-da: – Hüm-m... – etdirdi. – Dogry aýdýaň. Sähelçe üsgürip-asgyrsalaram janymyza jaý tapamyzok. Ol bolsa oňa tyg çekipdir... Saňa meniň başga sözüm ýok. Pylan zat et, diýip biljek däl. Öz ýagdaýyňa özüň seret. Biz saňa çaga saklaşamyzok... Ýöne, gürleşip ber, diýip haýyş edensoňlar... Şondan soň hijimiziňem iýip-içip ugrumyz bolmady. Ýas ýerine gelen ýaly uludan demimizi alyp ýüzümizi sallaşdyk oturdyk. Dogrusy nädip turanymyzam bilemizok. Tä etrap merkezine gelýänçäk hiç birimizden ses çykmady. Düşenimizde-de, sowuk hoşlaşdyk. Şol gije men Ýegenmyratlarda ýatyp ertesi irden awtobusly yzyma gaýtdym. 1994-nji ýylyň 14-nji aprel güni bolsa Içeri işler ministri Kasymowyň ýanyna ikinji gezek girdim. Ýaňy ganat beklän guş ýaly, galkyjaklap, yzly-yzyna ardynjyrap oturan ministr öňki maddanyň üýtgedilendiginden habarlydygyny, galan zatlardan bihabardygyny, emma işiň hökman adalatly çözüljekdigini aýtdy, ýöne, bu gezek öňküsi ýaly ynamly däl-de, göwnüm üçin, basymrak başyndan sowmak üçin aýtdy. Hiç hili netije welin bolmady. Uprawleniýede birnäçe aý ýatyp mazaly ukusyny alansoň «iş» ýene-de şäher prokuraturasyna dolanyp geldi. Ine, işiň şeýdip, mäki ýaly iki ýana gatnap ýörşi hem soň seredip otursam Meňliýewiň aýdyşy ýaly şäher prokuraturasy bilen Içeri işler ministrliginiň şäher derňew uprawleniýesiniň bilelikde «işleşdikleri» ekeni. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |