08:57 Türkmenbaşy döwri -8: "Çingaçgukyñ çatmasy" | |
8. «ÇINGAÇGUKYÑ ÇATMASY»
Publisistika
Döredijiligiň suwa çökmegi, kärhanalaryň ýatyp galmagy işsizlik, pulsuzlyk, radiodyr-telewideniýäniň, gazet-žurnallaryň irginsiz samahullamalary, üstesine-de hukuk goraýjy edaralar bilen birnäçe wagt bäri dowam edip gelýän tükeniksiz göreş meni halys surnukdyrdy. Ýadatdy. Şäher, ýasama garaşsyzlyk, emelsiz syýasat halys irizdi. Şol zatlardan gaçyp dördijilik işgärleriniň ençemes-ä özüni daşary ýurtlara atdy. Menem özümi bir ýere atmalydym. Ýöne nirä? Elbetde, men daşary ýurda gidip biljek däldim. Gideýin diýäýenimde-de nädip, nähili ýol bilen gidilýänini bilemok. Oňa ýagdaýymam ýok. Şonuň üçinem men giň ýere, öz dogduk diýaryma, köneje dost-ýarlarymyň, dogan-garyndaşlarymyň arasyna dolanmaklygy, şol ýerden ýer alyp, jaý salmaklygy, ekine, mal-gara ulaşyp, galan ömrümi şol ýerde geçirmekligi, hukuk goraýjy edaralar bilenem şol ýerden, gatnap gidişmekligi ýüregime düwdüm we 1994-nji ýylyň iýul aýynda «Ýa Alla», diýip ýola düşdüm. Ýer aldym. Ýerimiň bir gyrasynda çatmajyk gurdum. Daş gulakdan eşidişime görä, obadaşlarym meniň ýogyn , gargy gamyşdan ýasalan, ýokarsy çürüje, aşagy ýaýbaň şol çatmamy-ha «Çingaçgugyň çatmasy» özümi bolsa «sürgün» diýip atlandyrýan ekenler. Çatmam hakykatdanam amerikaly indeýleriň çatmasyna meňzeýärdi, özüme «sürgün» diýmekleriniň sebäbi bolsa, toýda-ýasda agzy boş aýaldyr-erkekleriň aýtmaklaryna görä hamala men ýurduň Prezidenti bilen oňuşman obama sürgün edilenmişim. Ýagny, emigrasiýa gaýdanmyşam. Ol ikimiziň aramyzda: «Aşgabatda ýa sen durarsyň, ýa mrn», diýen ýaly döş-döşe direlişen darkaş bolanmyşyn. Onuňam sebäbi, Prezident maňa: «Ýa-ha senem il ýaly meni öwersiň ýa-da paýtagty terk edip, gelen ýeriňe tarap ýeňsäňi el ýaly edersiň», diýenmişin. Menem: «Gitmeli bolsa gidäýerin, ýöne, seni öwjeg-ä däl», diýenmişim-de, «hüw» çykyp gaýdyberenmişim. Bu gürrüňlep essasyz hem bolsa käbir seresaply adamlaryň menden çekeräk durmaklaryna sebäp bolýardy. Üýtgedip gurmak döwri, günde-günaşa metbugatda, radioda, telewizorda çykyş edip ýören wagtlarym, iliň öňüne düşen adam hökmünde maňa golaýrak durmaklygy, baranymda-gaýdanymda oturyp-turuşmaklygy höwes edýän, özlerine dereje bilýän adamlar indi gabat gelen ýerlerinde kürtdürilişip durýardylar, sowuk-sala salamlaşýardylar, ýüzüme gorkuly garaýardylar we usullyk bilen sowlup geçýärdiler. Oturşyklarda, toýda-ýasda ýanaşyk düşseler ýa-ha bir bahana bilen turup başga biriniň ýanyna geçýärdiler, ýa-da assa-ýuwaş süýşenekläp, menden arany açýardylar. Netijede töweregimde ep-esli boşluk emele gelýärdi. Şolar ýalyda oba gaýtjak wagtym niýetimi unamadyk bir ýazyjy dostumyň aýdanlary ýadyma düşýärdi. Onuň bilen men telefonda gürleşipdim. Oba hemişelik gitmek niýetimiň bardygyny duýdurypdym. Ol şonda: «Gör-dä öňki gören obaň-a ýokdur. Baran badyňa daşyňa üýşerler-de birdenem jyn dagan ýaly dagarlar, köpräk duşuşyberseňem gözleri öwrenişer, arak içip agyzlaryny deňäp ugrarlar, sylamalaryny goýarlar, şeýdibem sähelçe salymyň içinde özleri bilen des-deň eder goýaýarlar» diýipdi. Men onuň bilen ylalaşmandym. Çünki, oba ýerine hemişe-de ylham çeşmesi hökmünde garaýardym. Döredijilik gorumyň gowzap başlanyny duýdugym şol tarapa ylgaýardym, her gezegem indiki etjek işlerim üçin birgiden maglumat toplap gelýärdim. «Üýtgedip gurmak» döwri bolsa etrabymyzyň kyrk ýyla çeken suw meselesiniň çözgüdini agtaryp birgiden makalalar ýazypdym, kitap çykardypdym, dokumental film döredipdim, bu meselä kem-kemden döredijilik işgärlerinden başga-da goşulanlar bolupdy. Sarahsyň suw meselesi döwlet möçberinde ör boýuna galypdy we Hanhowuz-Sarahs göterme kanal çekilip başlapdy. Kärhanamyň üsti bilen Sarahsyň 2500 ýyllygyna bagyşlap, etrap üçin wideofilm alyp berenimde ol kanalyň gurluşygyny men gözüm bilen görüpdim, surata düşüripdim. Begenipdim. Üstesine ol wagt Tejen-Sarahs-Maşat demir ýolam çekilip ýördi, Tejen derýasynyň aýaga baryp, guma siňip gidýän yrýa suwlaryny jylawlamak üçin Eýran bilen bilelikde, dag içinde, tebigy suw howdanyny gurmaklygyň sowet döwründe bir agzalyp, soňam Rza şanyň ýurt başyndan gitmegi bilen ýatyp galan taslamasyna hem täzeden seredilip ýördi we etrabyň gelejegi iňňän umytly görünýärdi. Önüp-ösen gadymy Sarahs topragyny men şolar ýaly rowaç halda göz öňüme getirýärdim. Şonuň üçinem, ol ýere gitmegimiň esasy sebäbi gybatkeşleriň aýdyşy ýaly özüme syýasy gaçybatalga gözlemek bilen däl-de, gahrymanlarymyň arasyna aralaşmak, ýyllarboýy arzuwlap gelen bol suwly suwumyň dogduk diýaryma gelendigini gözüm bilen görmek, şol suwa ekin ekip, hasyl almak höwesi bilen baglydy. Onsoňam näme, «il agzyny ýygyp bolmaz» diýenleri. Il «sürgün» hasaplasa-da, meniň oba näme üçin gelendigimi ýakyn dostlarym gowy bilýärdiler. Içimi gysdyrmazlyk üçin häli-şindi ýanyma-da gelýärdiler, çatmama girip çaýam içýärdiler, öýlerine-de çagyrýardylar. «Sürgündigim», Prezident bilen tersleşip gaýdandygym baradaky gürrüň gulagyna ýetdimi, ýetmedimi, ony bilemok, ýöne, etraba göçüp gelmek baradaky pikirimi häkim dostum Ahmet hem goldady. Begendi. «Näme kömek gerek bolsa aýt. Ýa gurluşyk edaralarynyň başlyklaryny ýygnap görkezme bereýinmi», diýdi. Men «ýok» diýdim. Çünki, birinjiden-ä mende uly gurluşyk ýokdy, kiçijik külbejik salsam boldugydy, ikinjidenem olar maňa onsuzam kömek edip durdylar. Gurluşyk üçin näme gerekdigini sorap durdylar. Şol wagt azygyň kartoçka boýunça berilýän döwrüdi. Kartoçka bolsa diňe etrabyň öz ýaşaýjylaryna berilýärdi. Oňa garamazdan söwda edaralarynyň ýolbaşçylary un, çaý, zawut ýagy ýaly gerek zatlarymy iki aýtdyrman öz bahasy bilen üstüme getirip berýärdiler.etrabyň düýpli gurluşyk bölüminiň başlygy Egenmyrat, «Remstroýyň» başlygy Orazmyrat ikisi bolsa gurluşyk meselesinde hasam ileri durdylar. Men olara köp minnetdar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |