09:00 Türkmenbaşy döwri -9: "Ekran" | |
9. «EKRAN»
Publisistika
Etrap merkezini ikä bölüp geçýän ene ýabyň çep gyrasynda, uly bazardan ýüz ädim ýaly ýokarrakda, bişen kerpiçden örülen diwarlary diýseň galyň, «G» görnüşli, pessejik, içinde bolaýsa bäş ýa alty hojalyk ýaşaýan gadymy uzyn jaý bar. Doly takyklap bilmedim welin, çakym çak bolsa ol jaý sowet hkümeti gelmezindenem kän öň, takmynan on dokuzynjy asyryň aýaklarynda, ýigriminji asyryň başlarynda, ors hökümedi tarapyndan ýa-ha Sarahs pristawlygyna degişli goşun üçin kazarma ýa-da bendihana hökmünde salnan bolmaly. Ofiserleriň jaýy bolmagam ahmal. Şol jaýyň orta bilindäki, ýagny «G»-nyň iki taýagynyň çatlyşýan ýerindäki sümelge boş ekeni-de, şony eýesinden sorap Ýegenmyrat maňa alyp berdi. Elbetde, wagtlaýynça. Öz jaýymy dikeltýänçäm. Sümelge ortasy däliz bilen bölünen iki otagdan ybarat. Otaglary giň däl. Gyşyna-ha ýaşap göremok, ýöne, diwarlary galyň bolansoň içi tomsuna salkyn. Gijesine welin çybyndyr-çirketden ýaňa güzeran üok. Çekip-çydar ýaly däl. Sözüň göni manysynda dik oturyp ýa çabalanyp çykmaly. Şol jaýyň içinde garsynyp geçiren gijelerimi men şu ömrümde-hň däl, o dünýede hem unudaryn öýdemok. «G»-nyň agzy ene ýaba tarap bolansoň onuň öň tarapynda raýyşdan başga görnüş ýok. Raýyşyň üstädi hyşalar epgekli ýele başlaryny ýaýkaşyp otyrlar. Ýandakdyr-şoranyň, selindir-syrkynyň ajymtyk-şor ysyndan ýaňa dem alara howa ýok. Esasanam Günüň gyzan çaglary. Tomsuna Tejen derýasynyň ýatmagy bilen ýabyňam suwy kesilýär we onuň içi etrabyň ýakasy gaýyşly «alkaşlaryndan» dolýar. Sebäbi ol ýeri salkyn. Ýaz aýlary bulançak sil suwunyň getiren ýumşajyk, ak gyrmançalary bolsa düşek küýsedenok. Raýyşdaky selçeňräk agaçlaram gollaryny ýabyň üstüne gerip duransoň çägäniň üsti buz ýaly. Şypaly. Tä gün gyzýança «meýlishalarlar» üçin şondan eşretli ýer etrapda ýok. Olar şol ýere ir bilen üýşýärler. Köplenjem çakyr içýärler. Içginiň bady beýnilerine urandanam ala-goh bolşup başlaýarlar. Olaryň sesleri edil gapdalyňda ýaly eşidilýär. Güýçli şemal tursa welin tolkun atyp käte bir gelýär-de, soňam allaowaralara ýitip gidýär. Gün ýokary galyp günortanyň yssysynyň düşmegi bilen galmagal az-kem sabaşýar. Çünki, käbir-ä serhoş bolup galýar, käbiri bolsa yssa çydaman öýüne tarap gyrmyldap ugraýar. Ýapdan çykmaga ýagdaýy bolmasa o-da şol ýerde ýanyny ýere beräýýär. Çäge gowruberse-hň eýläk-beýläk süýşýär, bolmasa-da ýatýa şo ýatyşyna tä, agşamyň salkyny düşýänçä. Iň soňkusynyň güzerden emedekläp çykyp barýanyny ikindiniň öň ýanlary görmek bolýar. Süreninden çykan şagal ýaly ol ilk-ä raýyşdan boýnuny süýndürýär-de, daş-töweregine ätiýaçly garanjaklaýar, soňam süýrenjiräp çykýar-da, yranjyrap durşuna üsti-başyny kakyşdyrýar. Ile-güne syr bildirmezlik üçin, çetden çet ýerleri peýläp, öýüne tarap mytdyldap ugraýar. Bu ýagdaý bilen «G»-nyň ýaşaýjylary öwrenişipdirler. Olar oňa kän bir ünsem berenoklar. Gaýtam «G»-nyň guýruk tarapynda ýaşaýan, asly ýerli nemeslerden bolan ölemen awçy Ženýa Handoryň-a özem käte bir şol güzere inip çyaýýar. «Ýörüň, donguz iýeliň» diýip, ýabyň içindäkileri yzyna tirkäp öýüne-de getiräýýär. Ýöne, bu seýrek, ýagny, ýa-ha onuň öz aýdyşy ýaly «kontroldan» çykan wagtlary, ýa-da awa gidip doňuz awlap gelen mahallary bolýan hadysa. Şolar ýalyda biz islesek-islemesek, onuň öz aýaly bilen bilelikde berýän «konsertine» tomaşa etmeli bolýarys. Çünki, Ženýanyň aýaly Katerina onuň myhmanlaryny halamaýar. Ýabyň içinde keýpini kökläp gelen, Ženýanyň bolsa öz öýüniň eýesidigini dostlaryna görkezesi gelýär. Şeýdibem bulaşýar. Oklawyň ýa-da içinde doňuz eti jyzyrdap duran saply sajyň ikinji urgusyndan soň birneme özüne gelen Ženýa zöwwe ýerinden galýar-da, ellerini daldaladyp durşuna, ýeriň giňinde türkmençe suwara gepleýändigine garamazdan: «Iz...Iz,,, Izwinite rebýata» diýip, eýýamhaçan götinjekleşip ugran dostlaryna tarap jynsssyz gygyrýar. Soň gaçyp ugraýar. Şol barşyna büdräp ýykylýar. Emedekläp diýen ýaly turup, öýüne girýär. Aýalam onuň ökjesini sydyrdyp girýär. Şondan soň içerden «gürp-tarp», «şakyr-şukur» eşidilýär. Ýöne, kimiň-kimi urýany, nämeleriň döwülýäni belli däl. Doňuz etinden dadyp ýetişmedik myhmanlaryň «konsertem» ol ikisiniňkiden kem däl. Ženýa taýak degip ugrandan olaram «patanaklaşyp» dumly-duşa gaçýarlar. Hatda ýabyň içine girmäge-de bogunlary ysman öýli-öýlerine tarap ýumlukýarlar. Şol baryşlaryna-da käte bir yzlaryna gaňrylşyp: «Häý, Jenýemän geçensiň, Jenýa diýsänim, öýüňe çagyran bolup, negözel günümizi bulady-ow» diýşip, öýünde taýak iýip oturan Handora gaýybanasyndan haýbat atýarlar. «Häý, heleýiň gursun! Heleý bormy ondanam, kow!» diýip barmaklaryny çommaldyşýarlar. Dagy-duwwara ony öz oturýan ýerlerine, ýabyň içine eltmejekdiklerini, doňuz däl, pil awlap gelse-de gaýdyp gapysyndan gelmejekdiklerini aýdyp hoňňuldaşýarlar. Stoluň üstündäki doly içilmedik çüýşelere tarap durup-durup öwsun atyşýardylar. Ýöne, hiç biriniňem ol ýere dolanyp barmaga bogny ysanok. Ümzükleri aňryk. Öýlerine tarap. Bir haýukdan soň «has-has» edip Ženýanyň aýaly daşaryk çykýar. Daş-töweregine garanjaklaýar. Hiç kimiň ýokdugyna gözüni ýetirenden soňam elindäki «ýaragyny» bir gyra oklap goýberýär. Bir zatlar diýip sögünjireýär. Kem-kemdenem köşeşýär we ýene-de öý işleri bilen hysyrdanyp başlaýar. Ženýa welin, şondan soň iki günläp daş-içdegörnenok. Üçünji gün diýlende gök-dalak bolan ýüzüni iki-baka sypajakladyp daş çykýar we işigindäki üzüm dalbarynyň aşagynda duran ullakan, ýasama stolunyň başyna geçip, awda boşadyp gelen peşeňlerine ok sürüp başlaýar. Mahal-mahalam edil pişigiňki ýaly ullakan, mawy gözlerini usullyk bilen daş-töweregine aýlaýar-da, bir zatlar diýip, özünden-özi hoňňuldaýar. Ýetginjek wagtlary onuň ýüzi gaýmak ýalydy. Tämiz terdi. Gözleri ýanyp durdy. Ýüpek ýaly ýumşak, mele saçlary bolsa maňlaýyna gytaklaýyn döküler durardy. Etrap merkezindäki ors ýa nemes gyzlarynyň ählisi bilen çekinmän gürleşip bilýärdi. Şonuň üçin biziň barymyzyň oňa gözümiz gidýärdi. Indi welin garrapdyr. Saçlary çalarypdyr. Ýüzi gasyn-gasyn. Keşdiň çekip sereder ýalam däl. Meniň bolýan jaýymyň penjireleri şäheriň iň bir hereketli köçesine tarap açylýar. Ol köçe göni baryp bazara direýär. Dükanlaryňam iň köp üýşen ýeri şol. Umuman merkez. Mellegimden ýadap gelen wagtlarym men däliziň penjiresini açýan-da, öňünde oturyp çaý içýän. Daşaryny, öteni-geçeni synlaýan. Öteniň, geçeniň welin yzy üzülenok. Mundan otuz-kyrk ýyl ozal, jahyl-juwan wagtlary gözümden uçan, ine indem mazaly gartaşan aýalu-erkek etrapdaşlaryma edil kino sereden ýaly uly gyzyklanma bilen seredýän. Şonuň üçinem, men şol penjirämi öz ýanymdan «ekran» diýip, atlandyrdym. «Ekrandakylar» meni görmeýärdiler. Asla ünsem bermeýärdiler. Iki baka «daz» ýasaýan ululy-kiçili maşynlardan, arlaşyp gelýän mähnet traktorlardan sowulmak üçin meniň «ekranymyň» üstüne gollaryny gerip duran baga, agajyň kölegesine tarap çekilýärdiler-de, biri-birleri bilen kä howul-hara, kä kere-mara salamlaşýardylar, hal-ahwal soraşýardylar, gümür-ýamyr edişýärdiler, soňam hersi öz ugruna bakan rowana bolýardylar. «Ekranyň» öňünden ýeke bir şäherçäniň öz ýaşaýjylary däl, eýsem şäherlemek, bazarlamak üçin obalardan gelýänler hem dynuwsyzlyk bilen o ýan, bu ýan geçýärdiler. Maşynlary kemçilik tapyp ýa başga bir sebäp bilen saklanaýmasalar, maşynlar «ekrana» düşenoklar. Düýäýenlerinde-de olaryň köpüsi ýaş-ýeleň bolup, meniň üçin nätanyş. Ýaşuly nesliň-ä şol bir pyýadalygy. Täze döwür, garaşsyzlyk olary äm-säm edipdir. Soňkularyňky dogrumy ýa öňküleriňki dogrumy şu wagtkylar aldaýalarmy ýa öňküler aldapdyrlarmy bilip bilmän kösenýärler. Sowet ykdysadyýetine öwrenişen adamlary bazar ykdysadyýetiniň aljyradýandygy ýüzlerindenem görnüp dur. Mahlasy, döwür olary öz çarhyna ildirip, gelejegiň nämälimligine tarap alyp barýar. ...Bir gün günortanyň öň ýanlary çaý içip otyrkam, «ekranyň» öňüne arkasy tüňňürli bazara tarap ýegşerilip barýan gartaňrak bir zenan geldi. Ýüküni düşürip uludan demini aldy. Şol wagt adaja şemal öwüsdi-de, bagyň ýapraklaryny pysyrdatdy. Şojagaz ýelgine-de ýüregi buz ýaly bolan zenan: «Wah, gurbany gitdigim, Haýdar baba, şeýdeweri» diýip, başyna atynan ýaglygynyň çowuna maňlaý derini süpürdi. Oturyp daş-töweregine garanjaklady. Ýüzüni her näçe tanyş görsem-de, men onuň kimdigini hakydama getirip bilmedim. Şol aralykda-da, bazaryň bäri burçunda ýerleşýän naharhananyň arka ýüzündäki ullakan gapysy alazenzele bolup açyldy. Içinden kölegede oturan daýza görä-de has oralrak görünýän dolmuş ýüzli, alkymlary sallanyp duran, agyr etliträge-de maýtyldap ýöreýän, egni keltejik ýaşyl halatly bir aýal çykdy. Üstüne galan-gaçan nahar guýulgy ullakan ak piti ýüklenen «jygyldawuk» demir galtagyny iteläp ýoluň o ýüzi bilen bize tarap gaýtdy. Ol käte bir hyýallaýar-da, elindäki ýarsy iýilen somsa agyz urýar. Soň ýene-de ýoluny dowam etdirýär. Tigirleriň «tykyrdysyna» goşulyp alkymam «titir-titir» edýär. «Ekranyň» öňüne geliberende ol ýene-de ýörüşini haýallaýdy. Somsasyndan bu gezek hasam ulurak dişledi-de hamala ogurlyk edýän ýaly daş-töweregine ýaltaklady. Birdenem gözi kölegede oturan tüňňürli aýala düşdi-de: – Wiý-ý... Oguldurdy-y... – diýip, uluili bilen gygyrdy. Galtagyny sürüp ýoluň bäri ýüzüne geçdi. Görüşdi. – Senmidiň asyl bi? Gurgunmysyň? Bu gün ýaman giçläpsiň-le?.. Ana, şondan soň men ol arkasy tüňňürli zenanyň birwagtlarky tutuş etrap boýunça iň owadan gyz hasaplanýan obadaşym Oguldurdydygyny bilip galdym. Ol bizden ýedi-sekiz ýaş dagy uludy. Özem obamyzyň ähli ýigitlerini armanda goýup etrap merkezine, «raýkomkomsomolyň» ikinji sekretary bolup işleýän Meretlä çykypdy. Etrap boýunça ilkini bolup komsomol toýuny tutanam şolar. Meretli haçan görseň tolkun atyp duran ýalpyldawuk, şar gara saçlaryny yhlas bilen yzyna darap ýören süýnmegräk ak ýüzli, ullakan ala gözleri içiňden geçip barýan, eginleri terezilenip duran, sag ýaňagy kiçijik peşehordaly, kiçijik papakly, kellesini biraz gyşardybrak gürleýän görmegeý ýigitdi. Komsomol toý etseň kän zat düşýärmişin, Meretlä şunça haly, şifoner, radio, birgiden pul, gap-çanak düşüpdir, diýip, ulularyň gürrüň edýändikleri ýadymda. Bu hakykatdanam şeýledi. Çünki, sowet guramalary şol wagt halky öz milli däp-dessurlaryndan daşlaşdyrmak, döwrebaplaşdyrmak syýasatyny alyp barýardylar. Komsomol toýuny tutýanlara ýerli guramalar, edaralar tarapyndan birgiden sowgatlar hakykatdan-da berilýärdi. Şojagaz sowgat-salamlara gyzybam soňabaka komsomol toýuny tutýan ýaşlaryň sany haýal-ýagalrak hem bolsa garaz, artyp başlasy. Ýöne, olaram barybir ýa-ha Meretli ýaly komsomol işinde işleýänlerdi, ýa-da ile görelde görkezmeli wezipeli adamlaryň çagalarydy. Ol toýuň esasy aýratynlygy myhmanlar öýde däl-de daşarda, hatara goýlan uzyn stollaryň başynda oturýardylar. Öýlenýän ýigit bilen durmuşa çykýan gyzam şol ýerde, köpçüligiň arasynda ýanaşyk oturýardylar. Gelniň başyna keşdeli kürte däl-de, ak ýaglyk atylýardy. Guşak çözdürilmeýärdi, süýjülik suwy paýlanmaýardy. O zatlar könäniň zyýanly galyndylary hasap edilýärdi. Şondan soň köpler toýy şo kysmy geçirip başladylar. Çünki, döwür öz hökmüni ýöretdi. Indi bolsa gelne tutuş, ýewropalaryňky ýaly ak «fata» geýdirilýär. Toýlar restronlarda, oba ýeri bolaýanda-da hatara goýlan stollaryň başynda geçirilýär. Bu zatlar indi halkyň durmuşyna girip gitdi. Ana, şol zatlaryň gözbaşynda duran, etrapda iň owadan gyz hasaplanan, iň görmegeý ýigide durmuşa çykan şo-ol Oguldurdam ine, meniň «ekranymyň öňünde ýygzylypjyk otyr. Suwsan bor-a çemeli, jaýryk-jaýryk bolan dodaklaryny dynuwsyzlyk bilen ýalaýar. – Wah, jan dogan, hemme zada özüň ýetişmeli, bar zady özüň etmeli, bu gün irden sygrymy özüm örä eltip gaýtdym. Agtyklaryma aýtsam etmediler. Şoň üçinem azajyk gijä galdym, – diýip, ol jorasynyň soragyna zeýrenç bilen jogap berdi. Oňa-da kölegeden orun bermek üçin «ekrana» tarap süýşdi. – Ýüzleri kesilsin-le bu ýer çekenleriň, - diýip, o-da öz çagalaryndan nalap başlady. – Döwrem birhili bolaýdy-da gyz. Biz-ä zähmet çekdik. Zähmediň mazasyny bilip ulaldyk, ýöne bularyň welin zähmet çekesi gelenok. Zähmet çekenden sakgyç satanlaryny gowy görýäler. Sebäbi bular ýeňil eklenjiň, işsizligiň mazasyny aldylar. Sen işsiz gezip ýörsüň diýýän bolsa ýok. Biziň-ä «trudowoýymyz» bir aý boş dursa jenaýatçy sen, diýip ýakamyzdan tutýardylar, – Näbileýin-dä, jan dogan, ata-babalarymyz-a munuň kolhozyny-sowhozyny gurjak bolup, ýabyny gazyp, çilini çekip görgülerini gördüler, bizem-ä şolaryň çeken çilleriniň üstünden ýöredik, bi, indikiler bolsa olaryň bar dikeldenjelerinem weýran edip ýörler. Ne kolhoz galdy, ne sowhoz, ne başlyk galdy, ne aýaklyk... erkek bary özüni neşä urdy, heleýler ýurt aşdy agyr söwda baş goşdy... Eý-ho-o... Oguldurdynyň soňky durmuşyndan men bihabar, ýöne, adamsynyň juda ir ýogalandygyny welin bilýän. Belki şonuň üçinem ol beýle zar-zelil görünýärdir. Ýeke özi tutuş maşgalanyň keşigini çekjek bolup janyna zor salýandyr? Belki edil beýle-de däldir-de, hojalygyň ody bilen girip, küli bilen çykyp ýören, jorasynyň aýdyşy ýaly zähmete werziş bolan bir maşgaladyr. Işsiz oturmaga karary ýetýän däldir? Şeýledir, ýogsam çak edişime görä Meretli diýilýän ýigitde dogan-garyndaşam, dost-ýaram, harajatam ýeterlik bolmaly. Her niçik hem bolsa men onuň bilen salamlaşyp, hal-ahwal soraşyp bilmedim. Sebäbi, owadan gyz hökmünde men ondan öňem çekinýärdim, şol çekinjeňligim maňa şol pursatam el-aýak bermedi. Edil birwagtky ýaly uýlugym titräp, injigim saňňyldady durdy. Onsoňam ol daşarda, penjiräniň aňyrsynda, men bolsam içerde... Aý, garaz, bolýa-da... Bir günem köçä seredip çaý içip otyrkam «ekranymyň» öňünden welosipetli bir ýaşuly geçip gitdi. Onuň ýüzi zeňňi gara. Hanasynyň içine çöküp duran gögümtil gözleri çalaja çyzylýar. Üstünem ösgün çal gaşlary örtüp dur. Ýaşyl reňkli köneje welosipediniň ruly sygryň şahy ýaly dik ýokary galdyrylan. Özem eýeriň üstünde egreýlibräge-de, welosipediniň öň tigrinden gözüni aýyrman ýeňsesini tüňňerdip otyr. Her gezek çep pedalyna basanda çarhynyň «jygyldysy» tutuş şäherçä ýaň salýar. Zynjyra çolaşmazy ýaly balagynyň sag gonjunyň agzy gysaç bilen gapjadylgy. Eýeriniň yzyndaky ýüklege ýarym goltuk ýaly gök ýorunja bökderilgi. Ýüzi-gözi gara der. Çal kitiliniň ýagyrnysy öl-myžžyk. Başynda stalin papak. Ruldan gara «korzina» asylgy. Içinden alýuminiň nasosyň bir ujy çykyp dur. Aýagynda syrdambütinräk goňur reňkli esgi köwüş. Men onam kynlyk bilen tanadym. Biz dokuzynjy, onunjy klaslarda okap ýörkäk ol goşun gullugyndan gelipdi we etrap boýunça geçirilýän spartakiadalarda, festiwallarda türkmen göreşi boýunça hemişe birinji ýeri eýeleýärdi. Ol ors göreşine-de ökdemişin, gullukda-da öňüne adam geçirmänmişin, diýip, gürrüň edýärdiler. Biz ýaşlar bolup oňa guwanýardyk, şonuň ýaly pälwan bolmagy arzuw edýärik, ýaryş geçirilýän wagtlary daşyndan aýrylmaýardyk. O-da bizi gowy görýärdi, ýaşynyň ep-esli uludygyna garamazdan özüni biz bilen deň-duş ýaly alyp barýardy. Biziň düşünjämiz boýunça şol wagt ony ýeňibiljek adam ýeke bir etrapda, welaýatda ýa Aşgabatda-ha däl, hatda sowet soýuzynda-da, ýeriň ýüzünde-de bolmaly däldi. Şonuň üçinem onuň Respublika boýunça geçirilýän ýaryşlara gidip, käte birinji-hä däl, hatda ikinji, üçünji ýeri hem alyp bilmän gelýän gezekleri biz gaty geň galýardyk, gynanýardyk, ýaryşda karamçylyk edilen bolmagynyň mümkindigi barada pikir ýöredýärdik. Özünden sorasak welin ol çalarak ýylgyrýardy-da: – Aý, göreşdir-dä, birde ýykarsyň, bir-de ýykylarsyň. Onsoňam: «Är gezen ýerinde är gezer» diýipdirler, hemme ýerde-de bardyr özüne göwni ýetýän ýigitler, - diýerdi. Şondan artyk sorag bermäge bolsa biz çekinerdik. Şol adamam indi ho-onha welosipediniň her pedalyna basjak bolanda aýaklaryna zor salyp eginlerini şo tarapa egreýdip, ömür ýolunyň iň soňky menzillerini kynlyk bilen külterläp barýar. Bir wagtlar daşyndan guwanyp, derejesini höwes eden oglanlaryň biriniň häzir öz yzyndan garap, özüniň şo-ol, sürgünli döwürlerini ýatlap durandygyndan welin habary ýok. Meniň «ekranymyň» hemişelik gahrymanlaram bardy. Olar her gün, şol bir wagtyň özünde ilk-ä eýläk soňam beýläk geçýärdiler. Ýagny, ir bilen-ä sessiz-üýnsiz bazara tarap geçip gidýärdiler, agaşmlaralaram öz-özleri «hümmürdenişip» yzlaryna gaüdýardylar. Olaryň bir-ä Gylyçnyýaz partizan, beýlekisem Şallak däli. Gylyçnyýaz aga lakamyndan belli bolşy ýaly Beýik Watançylyk urşy döwründe tutuş iki ýyla goýaý Ukrainanyň, Belorussiýanyň tokaýlyklarynda, meşhur Grabçagyň partizançylyk birleşmesindäki diwersion topara komandirlik eden adam. Biz oglan döwürlerimizem ol obada etrap merkezine geldigi bazardaky naharhana baryp, aýynyň gany ýaly gyrmyzy çakyrdan iki bulgury yzly-yzyna başyna çekerdi-de, gözüni süzüp yranjyrap oturşyna jübüsinden bir gap «pamir» çykarardy. Birini sogrup ujy gara ýanyk bolan gyzylymtyl müşdügine ötürerdi. Otlardy. Agzyndan-burnundan çykýan tüssä boguljyrap, birmeýdan gark urup üsgürerdi. Soňam ýanynda adam bolsa-bolmasa: – Häý, hegözel ýigitler ýok bolup gitdiler-ow... – diýi, söweşdeş ýoldaşlaryny, geçen ýollaryny ýatlap başlardy. Bozulardy. Gam-gussasyny egismek üçin ýene-de içerdi. Şeýdibem bulaşardy. Toýda-tomguda, oturşyklarda-da şonuň ýalydy. Onuň gürrüňleri gyzyklydy, ýöne, dynuwsyzlygy, äheňiniň birsydyrgynlygy, wakalaryň tukatlygy, arasynda göwün göteriji wäşi sözler tapyp gürrüňdeşiniň beýnisine dynç, ýazgynlyk bermäni başarmaýandygy üçin basym ýadadýardy. Köplenjem şol bir diýen sözlerini gaýtalaýardy. Üstesine-de iňňän dogruçyl, gönümel adamdy. Hemme zadyň kada-kanuna görä, ýerli-ýerinde bolmagyny isleýärdi. Oba, etrap ýolbaşçylarynyň kemçiliklerini ýygnaklarda ýüzüne aýdýardy. Şonuň üçinem köpler ony halamaýardylar. Eşidişimize görä onuň görkezen gahrymançylyklary hakykatdan-da köpmüşin, ýöne, köp içýänligi, köpçülikde köp gepleýänligi, etrap ýolbaşçylary, oba guramalary bilen oňuşmaýandygy üçin onuň adyny partizanlar barada ýazylýan kitaplara goşmaýarmyşyn. – Hatda meniň elimde «yrýadowoý» bolup gulluk edenler hakda-da ýazdylar, emma men hakda ýazmadylar, - diýip, tomsuň bir güni naharhananyň içinde gara der bolup oturşyna, gapdalyndakynyň gulagyna ulyili bilen gygyrýany şu günki ýaly ýadymda. Şol gezek men obadan şäherçä ors nan almaga gelipdim we agamyň: «Şähere barsaň stolowaýa girmän gaýtmagyn» diýip, jübüme salan üç manadyna içi kartoçkaly sup iýmek üçin naharhana sowulypdym... ...Gylyçnyýaz aga indi garrapdyr. Gyralary ýemşerilip duran köneje saman şlýapasyny ir bilen bazara tarap geçende-hä maňlaýyna, yzyna gaýdanda-da ýeňsesine taşlabrak, ýakasy ýygyrt-ýygyrt çal penjeginiň döşüni ordendir-medallardan dolduryp, öňe tarap egllibräk, «çygşyl-çygşyl» edip barýan, bütin ömrüni özüniň uruş baradaky pikir-duýgularyndan saplanyp bilmän, syryna-syrdaş, göwni bilen göwündeş tapylmansoň içgini özüne hemdem edinen bu goja kişini men özüm-ä sylaýardym. Ogly bilen deň-duş, üstesine-de Aşgabatda bile okandygym üçin kanikula gelen döwürlerimizde-de ýanyna köp barardym, gürrüňlerini diňlärdim, ýazybam alardym, Aşgabatda okap ýören döwürlerim hatda ol hakda makala ýazyp, ýeňiş baýramynyň öň ýanlarynda gazete-de beripdim. Ýöne, meniň entek öwrenjeligim zerarlymy ýa dogrudanam ony çykarmasyz edipdirlermi, ony men bilemok, ýöne, makala çykmandy. Gürrüňini berýän döwrümden on-on bäş ýyl öňem ol gujurlydy, gaýratlydy, kalbyny joşduryp hyjuwly gürlände ýüzünden-gözünden dogum syçrar durardy. Bir gezek naharhananyň agzyna çykyp, bazar doly mähelläniň üstaşayry alyslara garap durşuna batly ses bilen: – Men entegem telim batolýona komandirlik ederin, – diýip gygyryşy, yzyndanam: – Gerek bolsa diwiziýa-da ederin... – diýeninde öz sözlerine düwünip, uzak wagtlap üsgürip, gözlerinden ýaş akdyryp çym-gyzyl bolup durşy hiç haçan göz öňümden gitmez. Şol wagt onuň elinde ujy «pamirli» gyzylymtyl müşdügi barmydy ýa ýok, ine, şol welin ýadyma düşenok. ...Howwa, men ony «ekranymda» köp görýärdim, ýöne, dürli sebäplere görä salamlaşyp, duşuşyp bilmeýärdim. Bir gün welin ol «ekranda» peýda bolandan, «şakyr-şukur» penjiräni açdym-da, «haýkyryp» salam berdim. Şonda wagt irdi-de, partizanyň ýüzi bazara tarapdy. Şonuň üçinem, şlýapasynyň aglaba bölegi maňlaý tarapynda. Meniň sesimi eşidenden ol sakga saklandy-da, gaňrylyp «ekrana» seretdi. Soň yzyna öwrüldi. Şlýapasyny ýeňsesine süýşürdi. Birdenen maňa gözi düşdi-de: – I-i-i... – diýip, penjirä tarap gaýtdy. Has golaý gelende onuň ýarpy göwresi tutuş ekrany doldurdy. Ordendir-medallarynyň hatlaryna, galyň dodaklarynyň, süňklek, irimçek duluklarynyň, ýumry gabaklarynyň «tirpildisine» çenli aýyl-saýyl göründi. Ol ýene bir gezek: – I-i-i... diýdi-de, açyk penjireden damarlary oklaw ýaly bolup duran süňklek mähnet ellerini uzatdy. – Jyma jan bi senmidiň ýa?.. – Ol başyny ýaýkap: – Ýa, he-eý, – diýdi. Birdenem «hyrra» yzyna öwrüldi-de, «G»-nyň iç ýüzünden aýlanyp geldi. Ýabyň içinde oturyp içýänlere sögündi. – Kim bukulyp içýän bolsa bigaýratdyr, Jyma jan! Bilip goý, şuny. – Soň ol meniň ýagdaýlarymy soraşdyrdy. – Geleniňden habarym bar. Ýer alanyňam, jaý salyp ýöreniňem bilýän. Göresimem gelip ýördi. Ýöne, bu ýerdesiň öýdemokdym... – Gylyçnyýaz partizan esli wagtlap içini hümledip ýüzüme dikanlap durdy. – ...Dogry. hemmesi dogry. Bu döwür seňki däl. Munda saňa kyn bolar. Sebäbi senem men ýaly ýeke. Ýekä bolsa hemişe kyn bolýandyr. – Ol owsun atyp üstüme süründi. – Ýöne, ruhdan düşme! Ýekäniň ýary Alladyr!.. – Partizan «pamirine» ýapyşdy, ýöne nämüçindir ony ýene-de yzyna saldy. Gözlerini gypyrjykladyp gözlerimiň içine seretdi. – Biz-ä onuň üçin gan dökdük, bular bolsa muny bir demde dargatdylar oturyberdiler. Diýmek, barysy biderek-dä... biz nähak urşupdyrys-da?.. Uruşdan gaçanlaryňky dogry ekeni-dä?.. – Ýok, Gylyçnyýaz aga, beýle däl. Siz öz borjuňyzy berjaý etdiňiz. – Men oňa ýer görkezdim. – Hany, oturyň, gowusy men size çaý bereýin. Ýa dükana baryp geleýinmi? – Ýok, ýok. Çaýam goýma, dükana-da gitme. Sen bazaryň bakgaly ýa çaýhanaň çaýçysy däl. Sen döredijilik adamsy. Seň işiň ýetik. Seni güýmemek bolmyýa. Köçä seredip oturansyň welin, kelläň işläp durandyr. Işlediber! Sen alyp çykarsyň inşalla! Sebäbi sen men ýaly köp içeňok, köp gepläňok... – Partizan medallaryny şaňňyrdadyp gapa ýöneldi. Bosaga ýetiberende aýak çekdi. – Sen bu ýerde uzak durmarsyň. Barybir gidersiň. Sebäbi köňlüň karar tapmaz. Nämüçin tapmaz? Ony soň bilersiň... Gylyçnyýaz partizan käte işi çykyp ýa oglunyňka görme-görşe Aşgabada baranda-da ussahanama baryp şular ýaly aýak üstünden salamlaşyp geçerdi. Otur diýsemem oturmazdy. – Işle! Pursat bir guşdyr, uçansoň tutdurmaz. Sen ony jylawlamasaň, ol seni jylawlar. Her bir men ýaly lakgy ýanyňa gelende agzyna aňkarylyp oturjak bolsaň iş önmez. ...Ine, indi telim ýyldyr, ol adam bu dünýede ýok. Şallak däli diýýänimem frontçy. O-da içegen. Ýöne, Gylyçnyýaz partizan ýaly häli-şindi uruşdan söz açyp ýörenok. SSSR dargadymy, garaşsyzlyk geldimi, oň bilenem işi ýok. Kartoçka boýunça berilýän harytlary özüne binobat berseler, kän eglemeseler bolan. Içende-de geçen uruşdan ýa durmuşdan içi ýanyp däl-de, diliniň keýpini görmek üçin içýär. Özüne hakykatçyl diýdirmek, adalatyň goragçysy edip görkezmek üçin käte ownuk-uşak zatlar sebäplem islendik adam bilen salyşyberýär. Gapyşyberýär. Köplenjem söwda işgärleri bilen gidişýär. Üstlerinden arza ýazýar. Şikaýat edýä. Şonuň üçinem näme berilse-de «şuň» bir sesi çykmasyn» diýip, öňi bilen şoňa berýärler. Etrap ýolbaşçylarynyňam dükançylara sargydy şol. Muňa Şallak däli monça bolýar. Hemmeleriň özünden çekinýändikleri üçin begenýärdi. Keýp edýär. heşelle kakýar. Bir gün gurluşyk harytlary satylýan dükana şifere urar ýaly çüý almaga baranymda pete-pet gabat geldi-de, salamymy alar-almaz ýüzüni aktam edip tumşugyny dik ýokary tutdy. gaçyp guzlaýan towugyň syrty ýaly büzülip duran dodaklaryny bolşundanam beter çüreltdi asgyrjak bolýanyňky ýaly diň-gögüne bakyp seňregini ýygyrdy. – Aşgabatda «emwedäň» jaýy niredekän-aý? Göwün islegine görä men ondan: «Oň ýerleşýän ýer-ä pylan ýerde welin, Şallak aga sen ony näme etjek», diýip, soramalydym. O-da daş-töweregindäkilere eşitdirip kimiň üstünden arz etmäge gitjekdigini aýtmalydy. O gürrüňem şol pursatyň özünde ýetmeli ýerine ýetip, üstünden arz ediljegiň ýüregine dowul düşmelidi, gorkujyna aýagy tibirdäp başlamalydy. Şeýdip garşydaşyna gaýybanasyndan wehim salmaklyk Şallak däliniň iň gowy görýän usullarynyň biri. Emma bilgeşländen men onuň göwün islegine garşy gitdim. – Aý, men-ä bilmedim-ow şony, Şallak aga, hiç ýadyma düşenok-da şumat. O welin göwni bir ýaly golumdan tutup bir gyra çekdi-de, tekjedäki harytlary rejeläp ýören satyja tarap gözüni aýlap inçejik şaňňy sesine bat berdi – Yraýpoň başlygy Berdigulyň üstünden arz etjek. Ol sowet söwdasynyň düzgünini bozýa. Halkyň hakyny iýýä. Ganyny sorýa, ýurt eýesizdir öýdýä. Staliniň döwri bolan bolsa bilýäňmi ony näderdiler? Günübirin tama söýäp atardylar... – Meniň oňa: «Şallak aga indi sowedem ýok, sowet söwdasam ýok», diýesim geldi. Emma ýer ýüzüni sarsdyran şol öwrülşigi henizem duýmadyk adam bilen agzymy deňäsim gelmedi. Şonuň üçinem dymdym. Ol welin gitdigiçe beleň aldy – Şony bara-a... ed-dil, bir mysgal tirýek atan ýaly dilimiň aşagyna goýaga-da ýuwdup goýbermesem meňňem Şallak däli bolmadygym. Onuň hiç ýere gitmejekdigini, ýaman etse arza ýazyp poçta atjakdygyny ýa-da kabul etmeýän güni etrap häkiminiň kabulhanasyna göz üçin baryp birazajyk oturyp gaýtjakdygyny men gowy bilýärdim. Çünki, her näçe haýbat atsa-da, gyzzy-gyzza gelende ol Gylyçnyýaz partizan ýaly açykdan-açyk göreşe çykyp ýa batyrgaý hereketler edip bilmeýär. Onuň nähili adamdygyny Gylyçnyýaz partizanam gowy bilýär. Tilkiligi üçin ýigrenýär. Ýöne, oňa içmek üçin çüýşedeş, içen wagty gürrüňdeş, galyberse-de deň-duş gerek. Şonuň üçinem ol ikisi kä tirkeşip, kä aýratynlykda her gün ir bilen bazara tarap geçýärdiler, giçligem yraň-daraň edişip yzlaryna dolanýardylar. Her gezegem Gylyçnyýaz partizanyň: «Şallak! Sen göreşiji däl, sen ownukçyl, prontçylaryň adyna ysnat getirýän wreditil...» diýýän sözleri üzlem-saplamraga-da gulagyma gelýärdi. Meniň «ekranymyň» ýene bir gahrymany hemişe ýüzi çytylyp duran, şol döwür ýaşulylara ýoň bolan çal kiteli bilen çal reňkli «stalin papagyny», ýumşak ak ädigini gyşyn-ýazyn çykarman geýýän, daşyndan göreniňde ümsümjek, ýöne içi doly gürrüň, salamlaşan wagty iki eliňem gysyp, aşaklyk bilen ýüzüňe çiňerilip, örän haýal hem ýuwaşja gepleýän Annamyrat agady. Onuňam fronçydygyny ýa däldigini men takyk bilemok, ýöne, biz mekdepde okaýan döwürlerimiz ol etrabyň iň bir atly kolhozlarynyň birine ýolbaşçylyk edýärdi. Şol döwür ol gowaçasyna mal goýberendikleri üçin goňşy etrabyň «raýkomy» bilen darkaşa giripdi. Ýöne, ol «paýkom» Türkmenistanyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary bilen bir adamdy-da, ters dawa tutup Annamyrat agany hem-ä işinden aýyrtdy, hemem partiýadan çykartdy. Partiýadan çykarylmak bolsa ol döwür kommunistler üçin ölüme barabar zatdy. Şonuň üçinem, Annamyrat aga şonda göni Moskwa gitdi. Aýdyşlaryna görä, öz arzasyny hut öz eli bilen, Kremldäkileriň hut öz ellerine gowşurypdyr. Orsçany gowy bilmese-de ýagdaýlaryny düşündiripdir. Olaram: Bor, bararys, ýerinde barlarys, arkaýyn gaýdyberiň, diýipdirler. Aýdyşlary ýalam etdiler. Partkontroldan adam iberdiler. Arzada görkezilen zatlary ýerinde barlap Annamyrat aganyňkyny dogry tapdylar. Partiýa hataryna agzalygyny dikeltdiler. Şonda TKP MK-nyň Birinji sekretarynyň hut özi oňa: «Seňki bu gezek çüwdi, Annamyrat, aldyň, ýöne biziňem azabymyz gury gitmez ýaly saňa käýinçjagaz bir beren bolaly», diýipdir. Partiýa hataryna dikeldilse galan zatlara kaýyl bolup oturan Annamyrat aga-da: «Bor, bor, men razy» diýipdir. Şonda Moskwadan gelen: «Bar azabymy köýdürdiň-ow sen-ä meň», diýýän manyda Annamyrat aga tarap erbet bir alarylyp garapdyr. Soň söz alyp ýerinden turupdyr-da: «Näme günäsi bar munuň käýinç berer ýaly», diýipdir ýöne, Birinji sekretar barybir öz diýenini gögerdipdir. Içlerinde ahmyr galan partokratlar Annamyrat agany şondan soňam bir gezek erbet silkelediler. Näme bahana bilendigini takyk bilemok, ýöne, ony şol gezegem edil öňküleri ýaly işdenem aýyrdylar, partiýadanam çykardylar. Emma ol o gezegem ýeňiji bolup çykdy. Agzalygynam dikeltdi, işinem gaýdyp aldy. Ahyrsoňunda-da öz-özi ýadap, işinden öz islegi boýunça aýryldy. Şondan soň ýokarkylaram ellerini onuň ýakasyndan aýyrdylar. «Üýtgedip gurmak» döwrüniň beren aç-açanlygyndan peýdalanyp Annamyrat aga şol bolan işler barada ýatlama ýazdy. Kitap edip çykartdy. Ile-de ýaýratdy. Ony menem okap gördüm. Şol bolan iş barada Jaý salyp ýörkäm, bir gün ýanyma gelip, çatmamyň içinde çaý içip oturşyna Annamyrat aganyň özi agzy bilenem jikme-jik, howlukman, ýuwaşjadan gürrüň berdi. Daşyndan şeýle ümsüm, görünýän adamyň şol döwür, şolar ýaly ägirt, öz döwrüniň hökmürowan adamlary bilen döş direşip bilendigine men heniz-henizlerem haýran galyp ýörün. Her näme diýseňem, şol döwür Moskwa adamlaryň arkasynda durýan ekeni. Häzir o-da bu dünýäde ýok. Ýöne, tä ölýänçä partiýasyna wepalylygyna welin galdy. Birentekleri ýaly gyzyl biledini, ýaşyl bilede çalşyp, bir günde «kom»-dan, «dem»-e öwrülmedi. Sokjarylmady. Biledini hiç kime tabşyrmady. «Tabşyr» diýselerem ýüzlerine jüýjerilip usullyk bilen: «Bu bilidi maňa siz bereňzok size tabşyrar ýaly...» diýdi. Mert ýaşaýşy ýaly, ýolundan gyşarman mertlerçe ölmänem başardy. Agşamyň düşmegi bilen «ekran» garaňkyraýar. Şondan soň tä ertire çenli onda hiç-hili tomaşa ýok. Dogry, käte bir maşyn geçýär, ýöne, ol hasap däl. Onuň çyrasyndan başga ýeri maňa görnenok. Dogry, öwrüm eden wagtlary çyralarynyň ýagtysy «ekrandan» geçip, içki diwara düşýär. Ýöne, onda penjiräniň demir gözenekleriniň, penjiräniň agzynda ösüp oturan daragtyň şahajyklarynyň, ýapraklarynyň kölegesinden başga zat görnenok. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |